Ï “Syýahat” žurnalynyň nobatdaky sany
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Syýahat” žurnalynyň nobatdaky sany

view-icon 1206
Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti tarapyndan türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilýän “Syýahat” žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Ýöriteleşdirilen neşir öz okyjylaryny, şol sanda daşary ýurtly okyjylaryny ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçilikleri, milli syýahatçylygy ösdürmekde ähmiýetli orna eýe bolan wakalar, bu ulgamda halkara gatnaşyklary, şeýle hem türkmen halkynyň özboluşly däp-dessurlary we täsin taryhy-medeni mirasy bilen tanyşdyrmagyny dowam edýär.

Žurnalyň nobatdaky sanynda habarlar we öwreniş ähmiýetli makalalaryň başy geçen 2013-nji ýylda Türkmenistanyň syýahatçylyk pudagynda bolup geçen wakalara we çärelere syn bermekden başlanýar. “Milli syýahatçylyk-özgertmeleriň rowaçlygy” atly makalada ýurdumyzyň syýahatçylyk pudagyny dünýä derejesine çykarmak we ony ösdürmegiň açylýan täze ugurlary boýunça bir ýylyň içinde alnyp barlan işleriň netijeleri umumylaşdyrylýar. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şahsy başlangyçlary bilen Türkmenistan geljegi uly hyzmatdaş hökmünde jahankeşdeligiň uly bazaryna ynamly ýakynlaşýar.


Ýurda geliş syýahatçylygy türkmen halkynyň taryhy - mederi mirasy bilen tanyşmak maksadynda, işewür saparlarynyň we jahankeşdeligiň artýan paýy bilen häsiýetlenýän wagtynda içerki syýahatçylyk sagaldyş, dynç alyş, zyýarat etmek we ekologik häsiýetli saparlar ýaly ugurlar boýunça barýar. Ýöne, Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçiligi taryhy we tebigy gözellikler bilen çäklenmeýär. Ýurdumyzyň özüne çekijilik abraýynyň kemala gelmeginde gadymy toprakda bolup geçýän döwrebap özgertmeler uly orun tutýar. Häzirki wagtda halkara jemgyýetçiliginiň uly ünsüni çekýän, düýpli özgertmeler bolup geçýän şeýle ugurlaryň biri sport ulgamydyr.

“Aşgabat-2017—Aziýanyň sport paýtagty” -- žurnalda ýerleşdirilen makalalaryň biri şeýle atlandyrylýar. Onda ýene birnäçe ýyldan türkmen paýtagtynda geçiriljek iri waka—ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek ugrunda Türkmenistanda alnyp barylýan işler barada gürrüň berilýär. Meşhur daşary ýurt hünärmenleri çekilip, ýaýbaňlandyrylan guramaçylyk-taýýarlyk işleri Türkmenistanyň Ýer ýüzüniň sport dünýäsinde abraýyny ýokarlandyrmakda bolşy ýaly, ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçiligini wagyz etmek nukdaýnazaryndan hem uly ähmiýete eýedir. Munuň özi milli syýahatçylygyň myhmanhana, sagaldyş, dikeldiş we sport binýadynyň ösüşinde uly mümkinçilikleri we umuman, ýurdumyzda sport ugurly syýahatçylykda ajaýyp ugurlary açýar. Aziada—2017-ä gatnaşyjylaryň we onuň myhmanlarynyň täsirleri, ilkinji nobatda, türkmen halkynyň myhman kabul edijilik ýagdaýy bilen kesgitlener. Şunda ýurdumyzyň syýahatçylyk senagatynyň hünärmenleriniň üstüne uly jogapkärçilik düşýär. Olar eýýäm daşary ýurtly wekiliýetleriniň agzalaryny ýurdumyzyň taryhy we medeni gymmatlyklary bilen tanşydyrmagy hem göz öňünde tutýan degişli maksatnamalary we çäreleri işläp taýýarlamaga girişdiler.

Paýtagtymyzyň myhmanlarynyň syýahat etmäge baryp görýän däp bolan şeýle ýerleriniň biri onuň töwereginde ýerleşen bütin dünýäden arheologlaryň we syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýän Köne Nusaý şäheri bolup durýar. “Köne Nusaýyň täze çäkleri: döwürleriň arabaglanyşygy” diýen makalada diňe bir gadymyýetiň bu ajaýyp ýadygärliginiň taryhy, Parfiýa döwleti, onuň medeniýeti we sungaty barada däl, eýsem-de, dünýäde iň meşhur bu syýahatçylyk ugrunyň mazmunyny baýlaşdyrmak üçin meýilleşdirilen işler barada hem gürrüň berilýär. Çünki bu ýerde boljak islendik adam döwürleriň, geçmişiň we geljegiň hakyky arabaglanyşygyny duýmalydyr, bu şöhratly künjegiň täsin taryhy we medeni giňişligini syzmalydyr.

“Köýtendagyň baş alamatlary” diýen makala bolsa okyjylary dinozawrlaryň yzlary boýunça täsin syýahata çagyrýar. Onda Türkmenistanyň iň gündogaryndaky meşhur tebigy goraghana barada gürrüň berilýär. Bu täsin künjekde syýahatçylygyň ösdürilmegi onuň gözelliklerini wagyz etmegi, ekologiýa ugry boýunça syýahat etmegi halaýanlaryň, gaýtalanmajak täsirleri gözleýänleriň ünsüni çekmegi hem-de bu ýerde degişli düzümleriň döredilmegini göz öňünde tutýar. Makalada bu ýerde syýahatçylaryň gelip, gidip bilmekleri üçin ýerleri abadanlaşdyrmak boýunça meýilnamalar barada gürrüň berilýär. Olar üçin amatlyklar bolar ýaly, kempingleri, uly bolmadyk myhmanhanalary we beýleki degişli desgalary bina etmeklik meýilleşdirilýär. Dinozawrlaryň yzlary, gözelligi boýunça gaýtalanmajak karst gowaklary, şaglawuklar we kanýonlar ülkäniň täsin haýwanat dünýäsi--bularyň bary Köýtendagy UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek üçin mynasyp derejä çykarýar.

2014-nji ýyl gündogar senenamasy boýunça bedew ýyly. Şöhratly “behişdi” bedewleriň watany hökmünde Türkmenistan üçin munuň aýratyn manysy bardyr, çünki ýurdumyzda tutuş bir eýýam bedew nyşany astynda geçýär. Atçylyk sport ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagynyň görlüp-edidilmedik ösüşinden başga-da, bu döwür ussat türkmen çapyksuwarlarynyň giň halkara derejelerine—gadymy milli at üstündäki oýunlarynyň galkyndyrylmagy arkaly sirk we sport jemgyýetçiligine çykmagy bilen bellendi.

Bu baradaky gürrüňlere “Bedew bady bilen ýa-da “Gaýduwsyz we asylly adamlaryň oýny” diýen medeni mazmunly oçerk bagyşlanýar. Onuň üsti bilen türkmenleriň atly ýaryşlarynyň däp bolan görnüşleri barada we orta asyrlarda toparlaýyn at üstünde oýnalýan “çowgan” oýny barada jikme-jik bilmek bolýar. Muňa çeper edebiýat çeşmeleri we alymlaryň işleri şaýatlyk edýär. Makalada gündogaryň meşhur alymlarynyň we işgärleriniň bu oýnuň peýdasy we terbiýeçilik ähmiýeti barada aýdan sözleri getirilýär. Onuň düzgünleri bilen tanşyp, okyjylar iňlisleriň nusgawy at üstündäki ýaryşynyň keşbini kynçylyksyz tanap bilýärler.

Žurnalyň her sanynyda neşir edilýän “Dünýäniň ýedi sany täze gudraty” baradaky gürrüň dünýäniň tebigy gözellikleri barada tanyşdyrmak bilen Amazonkanyň jeňňelligine gysga syýahat bilen dowam edilýär. Bu jeňňellikde Ýer ýüzünde galan tropiki tokaýlyklaryň ýarysyndan gowragy jemlenendir. Zeminiň kislorodynyň 20 göterim töweregi şu ýerde önýär. Ol planetamyzyň uly “howa çalşyjysydyr”. Şoňa görä-de, bu tokaýlaryň geljegi onuň mundan beýläk-de bolmagy üçin örän wajypdyr.

Şeýlelikde, žurnalyň täze sanyna girizilen makalalar medeniýet, taryh we etnografiýa, sport we ekologiýa ýaly ugurlary öz içine alyp, dürli nukdaýnazarlardan syýahatçylyk mowzugyna has giň garamaga mümkinçilik berýär.