Baharyň häzirki ilkinji günlerinde Türkmenistanda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan ählihalk ýowaryna işjeň taýýarlyk görmek ýaýbaňlandyryldy. Ol “Türkmenistan – bagy-bossan, ata Watan – gül-gülüstan” şygary astynda 15-nji martda geçiriler. Bu ýowar her ýyl geçirilýän umumymilli çäre bolup, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda toplumlaýyn bag ekiş maksatnamasynyň çäklerinde guralýar.
Ýakynda kabul edilen Karar bu giň gerimli köpýyllyk işde täze tapgyry alamatlandyryp, oňa laýyklykda ministrliklere, pudak edaralaryna we häkimliklere 2014-nji ýylda paýtagtymyzda, onuň töwereklerinde we welaýatlarda saýaly, purli we miweli baglaryň, şeýle hem üzümiň 3 million nahalyny oturtmak tabşyryldy.
Türkmenistanyň Minstrler Kabinetiniň 21-nji fewralda geçirilen mejlisinde şol resminama gol çekmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ähli künjeklerini gurşap alan bag ekmek maksatnamasynyň eziz Watanymyzy gülläp ösýän mekana öwürmäge, daşky gurşawy goramak babatda wezipeleri çözmäge, türkmenistanlylar üçin amatly durmuş şertlerini döretmäge gönükdirilendigini ýatlatdy.
Bu meselä 3-nji martda geçirilen wideoşekilli iş maslahatynda hem aýratyn üns berlip, şonda döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna, ministrilkleriň we pudak edaralaryň ýolbaşçylaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlerine degişli tabşyryklary berip, ählihalk ýowaryna taýýarlyk görmegiň we geçirmegiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi talap etdi. Ýurdumyzyň “gök guşagyny” giňeltmek işlerine düýpli, toplumlaýyn çemeleşmegiň möhümdigini belläp, milli Liderimiz sebitleriň toprak-howa şertlerine gabat gelýän bezeg we miweli baglaryň görnüşlerini seçip almagyň, şeýle hem olara ideg etmegiň möhümdigini aýtdy. Olar ýurdumyz boýunça ýaýbaňlanan nobatdaky bag ekmek möwsüminiň barşynda oturdylar.
Şeýlelikde, täze baglary we seýilgähleri döretmek boýunça geçiriljek nobatdaky bag ekmek möwsümi ýurdumyzyň ekologiýa ýagdaýyny berkitmäge, türkmen topragynyň özgerýän ähli künjeklerini ýaşyl begrese öwürmäge gönükdirilendir. Häzirki bag ekmek möwsüminiň tapawutly aýratynlygy onuň çäklerinde seýilgäh zolaklarynda gülleriň hem-de dermanlyk ösümlikleriniň ekiljekdigi bolup durýar.
Täze taryhy döwürde - Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe daşky gurşawy goramak, türkmen tebigatynyň baýlyklaryny aýawly saklamak we artdyrmak meseleleri hemişe döwletiň üns merkezinde bolup, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän ekologiýa syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugry bolup durýar.
Bu syýasat daşky gurşawyň hemmetaraplaýyn goralmagyna, adamlaryň durmuşy üçin has amatly şertleriň üpjün edilmegine gönükdirilendir. Türkmenistanyň öňe sürýän möhüm halkara başlangyçlary hem hut şu maksada gulluk edýär. Şol başlangyçlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan dünýä forumlarynyň, şol sanda BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisleriniň we 2012-nji ýylyň tomsunda Braziliýada geçirilen durnukly ösüş boýunça “RIO+20” halkara maslahatynyň belent münberlerinden beýan edildi. Bu gün bilelikdäki halkara taslamalarynda we maksatnamalarynda öz beýanyny tapýan şol başlangyçlar halkara bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolup, üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Bu gün tutuş dünýä örboýuna galan, ähli adamzat üçin ägirt uly ähmiýete eýe bolan ekologiýa meselelerini çözmäge we daşky gurşawy goramaga Türkmenistanyň uly goşant goşýandygyny ykrar edýär. Bu, ilkinji nobatda, howanyň üýtgemegi, ýer-suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, çölleşmäge garşy göreşmek, ýerleriň ýaramazlaşmagynyň öňüni almak, deňiz gurşawyny hem-de Hazaryň bioköpdürlüligini goramak we beýleki ençeme ugurlar bilen baglydyr.
Şunuň bilen baglylykda, Garagumuň merkezinde “Altyn asyr” Türkmen kölüni gurmagyň taslamasy aýratyn ähmiýete eýe bolýar. BMG-niň “Rio+20” maslahatynyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmen kölüni döretmek boýunça başlangyjynyň halkara guramalary, şol sanda BMG tarapyndan goldaw tapandygyny bellemek gerek. Onuň ähmiýeti sebitiň ekologiýa howpsuzlygyny we sebitiň ýurtlarynyň hyzmatdaşlygyny ösdürmekde jemlenýär. Köli gurmagyň birinji tapgyrynyň amala aşyrylmagy Amyderýanyň çep kenaryndan oňa zeý suwlaryny guýdurylmagynyň öňüni almaga, geljekde bolsa Türkmenistanyň suwarymly ýerlerinden çykýan zeý suwlaryny Amyderýa guýdurylmagyny bütinleýin aradan aýyrmaga, Amyderýanyň aşak akymynda ýaşaýan ilatyň durmuş hojalyk hajatlary üçin suw üpjünçiligini, arassaçylyk şertlerini gowulandyrmaga, Daşoguz welaýatynda Köl we Derýalyk şor suw akabalarynyň suwunyň derejesiniň peselmegine we suwarymly ýerleriň melioratiw ýagdaýynyň gowulanmagyna, Garagumda öri meýdanlaryň suwa basdyrylmagynyň öňüni almaga we çöl öri meýdanlaryny dolanyşyga girizmäge mümkinçilik berýär.
Şeýlelikde, ýurdumyzda suwuň ätiýaçlyk gory döredilýär, onuň geljekde tebigy taýdan arassalanmagy we häzirki zaman tehnologiýalarynyň ulanylmagy netijesinde oba hojalyk toplumynyň zerurlyklary – suw gorlaryny netijeli peýdalanmak, zeý suwlaryny sowmak we ýerleriň şorlaşmak, täze ýerleri özleşdirmek, öri meýdanlary giňeltmek, şeýle hem gök zolaklary suwarmak, tehniki hajatlar üçin meseleleri çözmäge mümkinçilik berer. “Altyn asyr” kölüniň mundan beýläk-de döredilmegi balyk hojalygyny ösdürmek üçin emele gelen howdanlary hem-de zeý suwlaryny sowujy şor suw akabalaryny peýdalanmaga mümkinçilik berer, ýurdumyzyň howuz hojalyklarynda senagat balykçylygynyň işini gowulandyrmaga ýardam eder.
Milli bagy-bossanlyga öwürmek maksatnamasynyň çäklerinde soňky ýyllarda ýurdumyzyň şäherlerinde we ilatly ýerleriniň töwereginde millionlarça bag-nahallary oturdyldy. Bu bolsa mikroklimatyň üýtgemegine, ýaşaýyş we umumy ekologiýa ýagdaýy üçin şertleriň gowulanmagyna amatly täsirini ýetirdi.
Şu meseläniň möhümdigine düşünilmegi netijesinde ýurdumyzda tebigy serişdeleri aýawly ulanmak, tebigylygy gorap saklamak, howanyň hapalanmagynyň peselmegi babatda maksada gönükdirilen çäreler görülýär, bioköpdürlülik boýunça maksatnama, howanyň üýtgemegi boýunça milli strategiýa we beýlekiler tapgyrma-tapgyr durmuşa geçirilýär. Tebigaty goraýyş ulgamynda tebigaty goramaga degişli täze resminamalaryň uly toplumy, şol sanda Tokaý kodeksi hem-de ösümlik dünýäsi we haýwanat dünýäsi hakyndaky, “Aýratyn goralýan tebigy çäkler hakyndaky” Kanunlar we beýleki kanunçylyk namalary öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine gönükdirilendir.
Şunuň bilen birlikde, ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmeginiň bähbidine kabul edilen we üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň uzakmöhletleýin Milli tokaý maksatnamasyna aýratyn orun berilýär. Bu resminama senagat düzümleri okgunly ösýän, ulag-aragatnaşyklarynyň giň ulgamynyň, tiz ösýän şäherleriň we täze ilatly ýerleriň keşbinde ýaşyl zolaklaryň we tokaýlyklaryň döredilmegini göz öňünde tutýar. Türkmenistanyň ähli ilatynyň işjeň gatnaşýan bu ägirt uly maksatnamanyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde ýyl-ýyldan ýurdumyzy gülläp ösýän baglyga öwürýän giňişleýin bagy-bosanlyga büremek işleri alnyp barylýar. Şunda suwarmagyň suw tygşytlaýjy tehnologiýalarynyň (damjalaýyn, toprakasty we beýlekiler) giňden peýdalanylmagyna aýratyn üns berilýär.
Türkmenler tebigata hemişe-de aýawly garapdyr. Özüniň adaty bolmadyk gözelligi we ajaýyplygy bilen häzire çenli hem haýran galdyrýan türkmen tebigatyny beýik Magtymguly hem goşgularynda wasp edipdir. Halkymyz asyrma-asyr daş-töweregimizi gurşap alan dünýä bilen jebislikde we sazlaşykda ýaşapdyr. Dünýä ösüşiniň gadymy ojaklarynyň biri bolup durýan Türkmenistanyň tebigy şertleri, hususan-da, dag çeşmeleri, bereketli toprak, amatly howa ýerli ösümlik dünýäsiniň baýlaşmagyna we ekerançylygyň kemala gelmegine ýardam edipdir. Geçirilen arheologiýa gazuw-agtaryşlary netijeleri ýurdumyzyň çäklerinde baryp alys gadymyýetde gülläp ösen baglyklaryň bolandygyny, ata-babalarymyzyň bolsa medeni ekerançylyk bilen meşgullanandyklaryny, miweli baglary ösdürip ýetişdirendiklerini subut etdi.
Häzirki wagtda Türkmenistan el bilen döredilen ýaş tokaýlyklary, gök öwüsýän baglyklary, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, hatda iň alys ýerlerde hem onlarça müň gektar meýdana ýaýylyp gidýän hoşboý ysly seýilgähleri we bagy-bossanlyklary bilen myhmanlary haýran edýär. Şeýle hem derýalaryň we kanallaryň boýlary-da, Hazaryň ekologiýa taýdan arassa kenarlary-da bagy-bossanlyga bürelýär. Hazaryň kenarynda bolsa türkmen Lideriniň tagallalary netijesinde dünýä derejesindäki dynç alyş – “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy kemala getirilýär. Ol bolsa eýýäm täsin tebigy künjekleri we saýaly seýilgähleri bilen meşhurdyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen başlanan gerimi boýunça örän ägirt bolan bagy-bossanlyga büremek maksatnamasynyň howanyň üýtgemeginiň ýaramaz netijelerine garşy umumydünýä göreşine ýurdumyzyň saldamly goşandy bolup durýandygyny tassyklamak bolar. Her bir şäheriň, her bir obanyň töwereginde tokaý zolaklary peýda bolup, tomsuna yssydan, gyşyna bolsa aýazly şemallardan goramak bilen amatly mikroklimaty döredýär. Şäherleriň we obalaryň gülleýän baglyklara öwrülmegi, howadaky zyýanly gazlaryň peselmegine getirýär, howanyň kislorod bilen baýlaşmagyna ýardam edýän miweli we bezeg baglarynyň bahasyna ýetip bolmajak häsiýetleri ilatyň saglygyny goramak işinde ägirt uly ähmiýete eýedir.
Şu günler ýazky ýowara taýýarlyk görmegiň çäklerinde hemme ýerlerde ýaş nahallary ekmäge niýetlenen ýerleri öz wagtynda arassalamagy we tekizlemegi, dürli görnüşli nahallar üçin hatarlary çekmegi, ýeterlik möçberde suw we topragy dökünler bilen üpjün etmegi goşmak bilen deslapky uly işler alnyp barylýar. Elbetde, ýaprakly, saýaly we miweli agaçlardan ýurdumyzyň dürli sebitleriniň toprak-howa şertleriniň aýratynlyklaryna has durnukly tohumlary saýlanyp alynýar. Çünki şol nahallar ýakyn on ýyllyklarda “Türkmenistan – bagy-bossan, ata Watan – gül-gülüstan” diýen galkyndyryjy şygar astynda öz geljegini toý görkli ýaşyl begresde—umytlaryň we özgerişleriň bossanlygynda garşylajak ýurdumyzyň bezegi bolmalydyr.