Ï Ahalteke bedewleri – uzak aralyga ýöriş bäsleşiginiň ýeňijileri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ahalteke bedewleri – uzak aralyga ýöriş bäsleşiginiň ýeňijileri

view-icon 929
Şu gün türkmen paýtagtynda Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli dabaralar dowam etdi, hususan-da, 60 kilometre barabar bolan uzak aralyga atly ýöriş bäsleşigi guraldy. Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiziň ýakyndan alada etmegi netijesinde Türkmenistanda atçylyk sportunyň dürli görnüşlerini ösdürmäge uly üns berilýär. Sportuň şol görnüşleriniň biri-de uzak aralyga atly ýöriş bäsleşigidir. Bu bäsleşik gadym döwürlerde hem uzak aralygy geçmekde atlaryň çydamlylygyny kesgitlemek üçin geçirilipdir.

Köp günlük ýörişler hem-de sport ýaryşlary ahalteke bedewiniň ýyndamlygyny we çydamlylygyny ençeme gezek tassyklady. Uzak aralyga atly ýöriş bäsleşigi çapyksuwarlarymyz üçin atçylyk sportunyň geljegi uly ugurlarynyň biridir. Milli toparymyzyň halkara ýaryşlaryna yzygiderli gatnaşmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Şeýlelikde, 1999-njy ýylda Moskwa şäheriniň meriniň Kubogy ugrunda 120 kilomter aralyga atly ýöriş bäsleşiginde çapyksuwarlarymyz ýeňiş gazandylar. 2006-njy ýylda olar Bahreýnde üstünlikli çykyş edip, 60 kilometr aralykda şahsy kuboga eýe boldular. 2008-nji ýylda türkmen jigitleri Daşkentde “Türküstanyň ýyldyzy” atly açyk birinjilikde hem-de sergi – baş öwretmede ýeňiş gazandylar.


Türkmen bedewiniň baýramyna gabatlanan şu uzak aralyga atly ýöriş bäsleşigi ganatly bedewleriň muşdaklarynyň örän köpsanlysyny jemledi. Olaryň hatarynda daşary ýurtly myhmanlar, hususan-da, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň IV mejlisine, “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly VI halkara ylmy maslahata hem-de ýöriteleşdirilen sergi-ýarmarka gatnyşyjylar hem bar.

Irden türkmen paýtagtynyň günorta-günbatar bölegindäki Halkara atçylyk –sport toplumyndan uzak bolmadyk ýerde, bäsleşigiň badalga alýan meýdançasynda hakyky baýramçylyk we ruhubelentlik ýagdaýy dowam edýär. Döwlet baýdaklary parlaýar, dag eteginiň ajaýyp ýerinde oňat bezelen ak öýler gurnalypdyr. Estrada aýdymçylarynyň, bagşylaryň, tans we folklor toparlarynyň çykyşlary dabaranyň baýramçylyk öwüşginini has-da artdyrýar. Bäsleşigiň başlanmagyna ähli zatlar taýýar edilipdir.


Alypbaryjy ýygnananlaryň ählisini Türkmenistanda giňden bellenilýän bedew baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýar, soňra bolsa emin agzalary bilen tanyşdyrýar. Onuň düzümine türkmen atçylary bilen birlikde, daşary ýurtly hünärmenler hem girýär. Soňra alypbaryjy bäsleşigiň başlanýandygyny habar berýär.

Iki tapgyrdan ybarat bolan we Köpetdag şaýolunyň ugry bilen uzalyp gidýän uzak aralyga atly ýöriş bäsleşigine 4 ýaşardan 12 ýaşara çenli bolan ahalteke bedewleriniň 30-a golaýy gatnaşdy. Olaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň, Milli atçylyk sport merkeziniň, “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň welaýatlardaky athanalarynyň, şeýle hem Içeri işler ministrliginiň, Goranmak ministrliginiň, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň we hususy adamlaryň bedewleri bar.


Bäsleşik türkmen halkynyň ganaty hasaplanýan “behişdi” bedewleriň oňat beden taýýarlygyny we çydamlylygyny görkezdi.

Uzak aralyga atly ýöriş bäsleşiginiň ýeňijilerini hormatly Prezidentimiziň adyndan sylaglamak dabarasy Türkmen bedewiniň baýramynyň hormatyna guraljak çäreleriň barşynda bolar.