Türkmenbaşy şäherinde lebaply sagdyn durmuş ýörelgesini we tigir sportuny wagyz edijileriň başlangyçlary bilen geçirilen tigirli ýörüşleri tamamlandy. Tigir sürüjileriň köp günlük syýahatlary Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän çagalar we ulular üçin niýetlenen “Daýanç” sagaldyş merkezinde tamamlandy.
Tigir sportunyň muşdaklarynyň uly sport taslamasy beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň dogalan gününiň 290 ýyllyk baýramynyň çäklerinde jemgyýetçilik başlangyçlarynda amala aşyryldy. Onuň ugry Amyderýänyň kenarlaryndan başlap, Magtymgulynyň dogduk mekany bolan Balkan welaýatynyň Grkez obasynyň üstünden geçip, mukkades ýerlere baryp görmek bilen Hazar deňzinde tamamlandy.
Tigirli ýörüş Gündogaryň beýik şahyry we akyldary, filosofy we gumanisti Magtymguly Pyragynyň ýaşlyk ýyllarynda bilim alan ýeri bolan Gyzylaýak obasynyň Idis Baba medresinden başlandy. Syýahatçylara ýolda garaşylmadyk duşuşyklar boldy, ýol olary gaýduwsyzlykda synady, olara rowaçlyklara duşar etdi. Şeýlelikde olar Býaramalynyň golaýynda Merkezi Aziýa boýunça tigirli sapar edýän iňlis Kýosa gabat geldiler. Biziň tigir sürüjilerimiz türkmen myhmansöýerligi bilen öz daşary ýurtly kärdeşlerini ýolugra ýerleşýän garbanyşhana çagyrdylar. Olar saçak başyna geçip ýetişmänkäler hem Türkmenistan, Özbegistan, Gazagystan we Uzak Gündogara boýunça syýahat edýän Awstriýaly tigir sürüji Andreas gapydan girdi.
Dürli ýurtlaryň tigirli ýörüşiň muşdaklarynyň türkmen topragynda tötänleýin duşuşygy – örän ýakymly sowgat boldy. Tigirçiler hoşlaşmak bilen, biri-birlerine saglyk we ak ýol arzuw etdiler. Derýaguly Aşyrowyň topary günbatar tarapa ugur aldy, dosalaşan Kýos we Andreas bolsa bilelikde Beýik Ýüpek ýolunyň günorta bölegi boýunça ýollaryny dowam etdirdiler.
Biziň türgenlerimiz Magtymguly etrabyna barýan ýolda özboluşly rekord goýdular. Olar wagtlaryny tygşytlamak üçin Ahal welaýatyny Baharly etrabynyň Bamy obasynyň golaýynda ýerleşýän dag geçitinden geçdiler. Muňa çenli tigirçileriň hiç biri hem munuň ýaly ýoldan geçmändiler. Bu ýoluň ýokary ýarmaşýan ýerinde maşyn sürüjüleriň hät-da gyş aýlarynda hem maşyn ulaglarynyň radiatorlarynyň suwy gaýnaýardy. Ýöne biziň tigir sürüjilerimiz bu ýoly sekiz sagatda geçip, Bendesen obasynyň golaýyndaky ýerli çopan goşunda gysga wagtlaýyn düşlediler. Çopan goşundan birnäçe kilometrlikde Çukur obasynyň golaýynda olar köne mazaryň üstünden bardylar. Bu ýerde ýollary goraýan keramatly Meşrep diwana jaýlanan eken. Ol mukaddes ýer hasaplanýar. Meşrep diwanadan Gerkeze barýan göni ýol ýaýylyp ýatyr. Oňa çenli sanlyja kilometr ýol galypdy. Tigirçiler topary 18-nji maýda ir bilen Magtymguly Pyragynyň dogduk mekany Gerkez obasyna geldiler. Elbetde bu ýerde olar baýramçylyk çärelerine gatnaşdylar.
Deňiz ýakasynyň paýtagty bolan Balkabatdan geçip, tigir sürüjiler Jebel şäherçesiniň golaýyndan demirgaziga sowuldylar. Uly Balhanyň Oglanly dag geçidinden geçip, olar türkmenleriň zyýarat edýän ýeri bolan Ärsary baba we Gözli ata guburlaryna alyp barýan Türkmenbaşy etrabynyň daş düşelmedik ýoly bilen hereket etdiler.
Bu çölüň, belentlikleriň we peslikleriň üstünden geçen kynçylykly ýol boldy. Bir günde kyrk kilometr ýol geçilen günler hem boldy. Ýöne tebigat bilen jana şypa beriji gatnaşyk argynlykdyr ýadawlygyň öwezini doldy. Maý aýynda çölüň derýa tolkunlary ýaly altynsow öwüsýän alaňlary, belentliklerden inýän dag çeşmeleri, gülläp oturan sazak tokaýlygy, ýaz ýagmyrynyň akan ýaplarynyňdyr jarlarynyň we gadymy derýalaryň kenarlarynda ösüp oturan ösümlikler keýpiňi çaglap, göwnüňi göterýär. Bu ýerleriniň ýaşaýjylaryň myhmansöýerligi göwnüňi has hem göterýär.
Mukaddes ýerlerden gaýdýan ýol eňaşak bolup, ol tigir sürüjileriň tizligini artdyrmaga mümiknçilik brdi. Olar iki günüň içinde 250 kilometr ýoly geçdiler hem-de dünç almak üçin Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabyndaky awiatorlaryň şäherçesinde düşlediler.
- Iň kiçimiziň ýaşynyň 53-digine garamazdan toparyň agzalarynyň ählisiniň ýürek urşy we gan basyşy edil ýaş oglanlaryňky ýaly örän gowy. Biz dňe bir şunuň ýaly çäräni gaýtalaman, eýsem bizden öň hiç kimiň bolmadyk ýerleri boýunça geçmegi arzuw edýäris diýip, Derýäguly Aşyrow lukman hökmünde aýdýar.
Tigir sürüjiler 31-nji maýda 2 müň 300 kilometr aralygy geçip, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda öz ýollaryny tamamladylar. Kötendagdan ugran Batyr Abdyllaýewiň geçen ýoly 2 müň 580 kilometr boldy.