Ï “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda kottež toplumynyň düýbüni tutmak dabarasy boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda kottež toplumynyň düýbüni tutmak dabarasy boldy

view-icon 1094
Şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda 700 orunlyk kottež toplumynyň düýbüni tutmak dabarasy boldy. Ol Hazaryň kenarynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan gurlar.

Şanly waka mynasybetli ir säher bilen täze guruljak desganyň daş-töwereginde baýramçylyk ýagdaýy äşgär duýulýär. Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda etrap häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, il sylagly ýaşulular, talyp ýaşlar bar.

Täze guruljak kottež toplumynyň öňündäki meýdançada aýdym-saz çykyşlary ýaýbaňlanýar: Balkan welaýatynyň döredijilik toparlary öz ussatlygyny görkezip, dürli öwüşginli döredijilik we aýdym-tansly çykyşlaryny ýerine ýetirýär.

Şu günki dabara gatnaşyjylaryň çykyşlarynda bellenilişi ýaly, ösüşiň we döredijiligiň ýoly bilen ynamly öňe barýan Garşsyz, Bitarap Türkmenistanyň taryhyndaky her gün beýik ýeňişlere we ajaýyp zähmet üstünliklerine beslenýär. Ine, bu gün hem Hazar deňziniň ekologik taýdan arassa türkmen kenarynda syýahatçylyk düzüminiň täze desgasynyň düýbi tutular, ol tebigatyň bu ajaýyp künjeginiň nobatdaky bezegine öwrüler. Bu ýere ýygnananlar ähli türkmenistanlylaryň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa halkymyzyň bagtly geljegi we abadançylygy, işlemek we dynç almak üçin amatly şertleriň döredilmegi hakynda edýän yzygiderli aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy munuň aýdyň mysaly bolup hyzmat edýär.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň telekeçiligini hemmetaraplaýyn goldamak, hususy kärhanalaryň ýurdumyzyň jemi içerki önümçiligindäki paýyny artdyrmak, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge itergi berjek ykdysadyýete öňdebaryjy bazar usullaryny giňden ornaşdyrmak Türkmenistanyň durmuş-ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şu maksat bilen ýurdumyzda amatly hukuk, ykdysady, maliýe we durmuş şertleri döredildi, şol sanda salgyt we karzlaşdyrmak ulgamlary kämilleşdirildi. “Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamagyň 2011-2015-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasy” we “Döwlet eýeçiligindäki kärhanalary we desgalary hususylaşdyrmagyň 2013-2016-njy ýyllar üçin döwlet maksatnamasynda” telekeçiler üçin köpsanly ýeňillikler göz öňünde tutuldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen 2008-nji ýylda döredilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi iri jemgyýetçilik guramasy bolmak bilen, ol öz hatarynda hususy telekeçiligiň wekilleriniň dört ýarym müňden gowragyny birleşdirýär we ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmelere işjeň gatnaşýar.

Gurluşyk pudagy ýurdumyzyň telekeçileriniň alyp barýan işleriniň sanawynda esasy orunlaryň birini eýeläp, bu ugurda häzir hususy kompaniýalaryň we firmalaryň 300-den gowragy işleýär. Şunda türkmen hususy gurluşyk kompaniýalary daşary ýurtly potratçylar bilen üstünlikli bäsleşip, uly ähmiýetli önümçilik we durmuş medeni desgalary gurmak baradaky bäsleşiklerde ýeňiş gazanýar. Paýtagtymyz Aşgabady gurmagyň 13-nji nobatdakysynyň taslamalary, demir-beton önümlerini öndürýän zawodlaryň durkuny täzelemek, welaýatlarda kitaphanalary gurmak we beýlekiler munuň aýdyň mysaly bolup durýar. 2014-nji ýylda Türkmenistanda gurluşyk pudagyna milli we daşary ýurt maýalarynyň goýulmagynyň hasabyna ABŞ-nyň 41 milliard dollaryna golaý serişdäni özleşdirmek bellenildi. Şol görkezijiniň 16 milliard dollary ýurdumyzyň gurluşyk kärhanalarynyň paýy bolup durýar.

Ýeri gelende ýatlasak, geçen ýyl “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan “Täjir” dynç alyş merkezi ulanmaga berildi. Ol 12 gatly kaşaň myhmanhanadan başga otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan iki gatly kottežleriň toplumyny öz içine alýar. Şol kottežleriň sekizisi bir maşgala, 27-si bolsa iki maşgala üçin niýetlenendir. Merkeziň ýanynda suw attraksionlary bolan üsti ýapyk we açyk howuzlar, kafe we restoran bar. Onuň çägini özboluşly telärler bezäp, olarda daşky gurşawy synlap, arassa howada dynç almak örän ýakymlydyr. Dynç alýan körpeleriň ygtyýarynda dürli oýunlar we güýmenjeler üçin enjamlaşdyrylan çagalar meýdançasy bar.

Täze guruljak kottežler şäherjigi hem oňaýly dynç almak üçin ähli şertlere eýe bolar. Ony “Ussat”, “Çeper gurluşyk”, “Döwlet gurluşyk”, “Çyzgy”, “Myradym”, “Halys”, “Agagurluşyk” hususy kärhanalary we hojalyk jemgyýetleri bina eder. Bu taslama deňihz şypahanasynyň arzan bahalar boýunça myhmanhana hyzmatlarynyň “ekonom-klass” ýaly ugruny ösdürmäge gönükdirilendir, bu tejribe häzir bütin dünýäde giňden ulanylýar. Munuň özi orta derejedäki girdejili adamlar üçin şypahana dynç alşyna elýeterliligi ýokarlandyrmaga gönükdirilendir, mysal üçin, ol uly maşgalalar üçin ykdysady taýdan amatlydyr.

Toplumy gurmak üçin 4,5 gektar ýer bölünip berildi, binalaryň we desgalaryň eýelejek umumy meýdany 10 800 inedördül metre barabar bolar. Bu ýerde ýeňilleşdirilen gurluşly kottežleriň 50-si /8160 inedördül metr/, goşa /jübüt/ kottežleriň 4-si /1440 inedördül metr/ hem-de dolandyryş we tehniki gulluklar üçin niýetlenen iki gatly binalaryň ikisi gurlar.

Jaýlaryň her birinde ýatylýan otagy, degişli elektrik enjamlar bilen üpjün edilen zaly we aşhanasy bolan öýler ýerleşdiriler. Toplumyň ýanaşyk ýerleri bagy-bossanlyga bürelip, bu ýerde dürli agaçlar oturdylar, gül aýmançalary dörediler. Elbetde, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin zerur bolan ähli zatlar, şol sanda kiçi futbol we basketbol oýnamak üçin meýdançalar, suwa düşmek üçin howuz göz öňünde tutuldy.

“Awazanyň” taryhy – bu dürli öwüşginli binagärlik açylyşlarynyň, täsirli tanyşdyrmalaryň, ykdysady we tehnologik täzelikleriň yzygiderliligi bolsa-da, ilkinji nobatda, milli Liderimiziň başyny başlan düýpli we giň gerimli özgertmeleriniň durmuş ugurlylygynyň subutnamasy bolup durýar. Soňky ýyllarda bu ýerde dürli ministrlikleriň we edaralaryň, Mejlisiň, şeýle hem paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimlikleriniň buýurmasy boýunça ajaýyp myhmanhanalaryň, çagalar sagaldyşhanalarynyň we kottežleriň onlarçasy bina edildi. Şu günler gojaman Hazaryň kenarynda şadyýan çaga sesleri ýaň salýar. Mekdep dynç alyş günleriniň we zähmet rugsatlarynyň başlanmagy bilen türkmenistanlylar deňize tarap rowana boldular. Bu ýere olary durnanyň gözi ýaly arassa suw, jana şypaly howa we ajaýyp çägeli kenar özüne çekýär. Olar uzak wagtlap ruhubelentlik we joşgunlylyk ýagdaýyny kepillendirýär.

Myhmanhana toplumlarynyň her biri daşky bezelişinde düýpli tapawutlanýar. Bu ýerde oňaýly dynç almak üçin örän amatly şertler döredildi. Myhmanhanalaryň interýerleri sylag–hormat derejesi bilen birlikde amatlylyk duýgularyny döredip, nusgawy we döwrebap meýilleri utgaşdyrýar. “Lýuks” we standart derejeli otaglarda oýlanyşykly ýerleşdirme, amatly mebel göz öňünde tutulypdyr. Myhmanlaryň hyzmatynda milli we ýewropa tagamlaryny öz içine alýan restoranlar we kafeler, işewür duşuşyklaryny, maslahatlary, tanyşdyryş dabaralaryny geçirmek üçin maslahatlar zallary, türgenleşik enjamlary, howuzlary, saunalary, owkalaýyş salonlary bolan fitnes merkezler bar. Öňdebaryjy ýewropa önüm öndürijileriniň täze lukmançylyk enjamlary, fizioterapiýa abzallary bilen üpjün edilen bejeriş bölümlerinde ýokary derejeli hünärmenleriň maslahatlaryny alyp, bejeriş-öňüni alyş kadalarynyň tapgyryny, şol sanda melhem palçygyny, ýod-bromly suwy ulanmak bilen bejeriş tapgyryny geçmek bolýar.

Şypahanalaryň abadanlaşdyrylan çäklerinde tomusky howuzlar, şol sanda körpeler üçin niýetlenen howuzlar, amfiteatrlar, çagalar üçin oýun meýdançalary we sport meýdançalary, tennis kortlary, şeýle hem awtoduralga ýerleşdirildi. Syýahatçylyk merkezleriniň her biriniň ýanynda diýen ýaly ponton port desgasy enjamlaşdyrylyp, olarda deňiz gezelenjiniň muşdaklary üçin motorly gaýyklar we suw welosipedleri göz öňünde tutuldy. Deňiz duralgalarynda tolkunyň täsirine yranýan gaýyklar kenara golaý ýerde deňiz gezelenjini amala aşyrmak isleýänlere garaşyp dur. Bu ýerde dünýäniň täze syýahatçylyk merkeziniň – “Awazanyň” keşbi açylýar.

Ýerli tebigat bilen sazlaşykly utgaşýan 7 kilometrlik gämi gatnawly derýa “Awazanyň” ajaýyp ýerleriniň biri bolup durýar. Onuň awtomobil we pyýada köprüleri bilen birleşen kenarlarynda kafeleri we restoranlary, gezelenç gaýyklary üçin duralgalary bolan dynç alyş zolaklary ýerleşýär. “Awazanyň” çägi bilen uzalyp gidýän derýa boýunça gyzykly gezelençler bu ýere dynç almaga gelýänleriň arasynda uly meşhurlyga eýedir. Geljekde bolsa bu ýerde baýdarkalarda we kanoede küreklemek, ýelkenli gaýyklarda ýaryşmak boýunça sport bäsleşikleri geçiriler.

Tebigy gözelligiň döwrebap meýillerini nazara almak bilen bezelen seýilgäh toplumy dynç alyş zolagyň hakyky bezegi bolup durýar. Dürli reňkli çyralar bilen bezelen çüwdürimler toplumlary onuň özeni bolup durýar. Deňze tarap uzalyp gidýän seýilgähiň baş seýilbagyny suw kaskadlary gurşap alýar. Ol kenardan gözbaş alyp, deňziň içi bilen uzalyp gidýän, tolkunlaryň arasynda ýerleşen syn ediş meýdançalaryna alyp barýar. Bu ýerden seýilgäh toplumynyň esasy gözelliginiň ajaýyp görnüşi: deňiz çüwdüriminiň görnüşi açylýar.

Bu ägirt uly deňiz “arfasynyň” aýna ýaly çüwdürimleri ägirt uly ölçegdäki ekrany döredip, onda agşamlaryna golografik şekiller we yşyklar peýda bolýar. Olar jadylaýjy owazyň astynda ertekilerdäki sahnalary janlandyrýar. Kenardaky “tans oýnaýan” çüwdürimler hem bu gözellikler bilen utgaşyp, agşamlaryna we gijelerine daş-töwerege dürli öwüşgin saçýar. Mahlasy, dürli reňkleriň we yşklaryň bu hakyky tomaşasyny kenarda gurlan 2400 orunlyk amfiteatrdan synlamak bolýar. Bu “Awazanyň” esasy sahna meýdançasy bolmak bilen, bu ýerde halkara festiwallar, daşary ýurt estradasynyň ýyldyzlarynyň gatnaşmagynda konsertler we beýleki iri çäreler geçirilýär.

Syýahatçylyk ulgamynyň doly derejede hereket etmegi üçin Hazar sebitinde zerur bolan ulag, energetika, inženerçilik-kommunikasiýa, hyzmatlar düzümi döredilýär. Türkmenbaşy şäherinde gurlan halkara howa menzili deňizýaka ülkäniň tuwagyna öwrüldi. Ol täze tehnikalar we enjamlar, döwrebap tehnologik ulgamlar bilen üpjün edilip, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň “howa derwezesi” bolmak bilen çäklenmän, eýsem, Ýewraziýa yklymy boýunça geçýän halkara howa, deňiz, demir ýol we awtomobil ýollarynyň strategik çatrygynda ýerleşen Türkmenistanyň ulag-aragatnaşyk ulgamynda möhüm halka bolup durýar.

Türkmenbaşy şäheriniň halkara howa menzili bilen “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny baglanyşdyrýan täze ýokary tizlikli ulag ýolunyň ugrunda gurlan awtomobil estakadalaynyň ikisi hem ulag-aragatnaşyk ulgamynda ähmiýetli desgalar bolup durýar. “Türkmenbaşynyň halkara deňiz portuny we Türkmen deňiz söwda flotuny ösdürmegiň 2020-nji ýyla çenli döwür üçin baş meýilnamasy” işlenip taýýarlanylanda syýahatçylyk ulgamy göz öňünde tutuldy. Bu resminama laýyklykda, Hazaryň kenarynda köpugurly gämi duralgalary, ýolagçy deňiz wokzaly we beýleki desgalary bolan täze deňiz terminallary bina ediler. Ýakyn geljekde Türkmenistanyň deňiz we derýa ulaglarynyň döwlet gullugynyň ygtyýaryna Horwatiýanyň gämi gurluşyk zawodlarynda gurlan “Ro-Pah” görnüşli awtomobil-ýolagçy paromlarynyň ikisi, şeýle hem beýleki gämiler gelip gowşar.

“Awazany” mundan beýläk-de ösdürmegiň konsepsiýasy taslamalaryň köpdürlüligi we binagärlik bezegleri—Ýewropa moderninden başlap, nusgawy we hatda ertekilerdäki Gündogar nusgasyndaky bezegler aklyňy haýran edýär. Häzir bu ýerde desgalaryň 20-den gowragy—myhmanhanalar, Kongresler köşgi, köpsanly sport desgalary, akwaparklar, oýun attraksionlary bolan medeni dynç alyş toplumlary gurulýar. Ýene birnäçe wagtdan pürli we saýaly agaçlaryň –sosnanyň, tuýanyň, serwiniň, tudyň, deregiň nahallary oturdylan dynç alyş zolagy bagy-bossanlyga bürener. Mysal üçin, Baş meýilnama laýyklykda, syýahatçylyk zolagy üçin 5 müň gektar meýdan bölünip berildi. Onuň 2 müň gektaryny tebigy gözellikleri özünde jemleýän Milli seýilgäh eýelär. Mundan başga-da, gök bagly seýilgähler, seýilbaglar we gül bakjalary üçin ýene-de 1300 gektar ýer bölünip berildi. Giňligi 300 metre barabar bolan gök zolak Hazaryň kenary boýunça 12 kilometr aralyga uzalyp gidýär.

“Awaza” öz çäklerini okgunly giňeldip, biziň ýurdumyzda ägirt uly meşhurlyga eýe boldy we daşary ýurtlarda uly gyzyklanma döredip, hormatly Prezidentimiziň başyny başlan ägirt uly taslamasynyň geljeginiň uludygyny tassyklaýar. Türkmen deňiz ýakasynyň amatly howa şertleri we dynç alyş mümkinçilikleri, döwrebap tehnologiýalara we innowasiýalara, öňdebaryjy binagärlik we inženerçilik-tehniki pikire tarap alnan ugur, öňde goýlan maksatlara ýetmek üçin düýpli çemeleşme “Awazanyň” halkara syýahatçylyk we dynç alyş merkezine öwrülmegi üçin ähli şertleri döredýär.

Gojaman Hazaryň gözel kenarynda emele gelýän hem-de gözüň alnynyda türkmen topragynyň hakyky merjenine öwrülýän deňiz şypahanasynyň giň gerimli görnüşi aklyňy haýran edýär. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan deňi-taýy bolmadyk özgertmeleriň, halkymyzyň buýsanjynyň, hoşniýetli goňşuçylygyň, dostlugyň we myhmansöýerligiň gadymdan gelýän milli däpleriniň aýdyň nyşany bolup durýar. Ýakyn geljekde Hazaryň kenarynda gerimi boýunça uly täsir döredýän binagärlik açylyşlary bolup, olar parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan hem-de bu ýolda täze belentlikleri eýeleýän eziz Watanymyzyň taryhy ýylýazgysyna nobatdaky sahypany ýazar.