Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti tarapyndan neşir edilýän “Syýahat” žurnalynyňy täze sany Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça geçiriljek halkara syýahatçylyk kongresiniň öňüsyrasynda çapdan çykdy. Bu kongres şu hepdede "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda açylýar. Forumyň maksady Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň özara gtanaşyklaryny işjeňleşdirmäge, pudagyň hünärmenleriniň tejribe alyşmagyna, dünýä syýahatçylyk pudagynyň bilermenleriniň we maýadarlaryň ünsüni çekmäge ýardam etmekden ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, giň okyjylar köpçüligine, syýahat etmegi halaýanlara gönükdirilen ýöriteleşdirilen neşir syýahatçylyk pudagynyň hünärmenler üçin hem aýratyn gyzyklanma döredýär.
Onuň her bir sany milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösýän pudaklarynyň biriniň özboluşly aýdyň şöhlelenmesi bolup durýar. Türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilýän žurnal özüniň okyjylaryny diňe bir ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçilikleri, onuň ajaýyp ýerleri we täsin ýadygärlikleri bilen däl, eýsem, onda bolup geçýän özgerişlikler bilen tanyşdyrýar, syýahatçylyk ulgamy boýunça halkara hyzmatdaşlygy barada gürrüň berýär.
Ýurdumyzda neşir edilýän köpsanly pudaklaýyn neşirleriň arasynda “Syýahat” žurnaly özüniň döwrebap bezeg derejesi, maglumatlaryň baýlygy we many-mazmunynyň çuňlugy bilen tapawutlanýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinden hem şuny talap edýär. Ýurdumyzyň syýahatçylyk babatda özüne çekijiligini üpjün etmäge, onuň dünýäniň syýahatlar kartasynda geljegi uly ugry hökmünde berkarar bolmagyna ýardam etmegi maksat edinýän bu ýaş pudaklaýyn neşiriň şol hereketiň öň hatarynda barýandygyny, beýleki pudaklaýyn neşirlere görelde bolýandygyny bellemek ýakymlydyr. Çünki, bu neşirleriň wezipesi diňe bir pudakda bolup geçýän giň möçberli özgertmelere laýyk gelmek bilen çäklenmän, eýsem okyjylar köpçüliginiň bähbidine laýyk gelmelidir, şeýle hem halkara giňişliginde ýurdumyza mynasyp wekilçilik etmelidir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu meseläniň wajypdygyna ençeme gezek ünsi çekip, häzirki wagtda diňe bir ýokary hilli önümleri öndürmek ýa-da uly isleg bildirilýän hyzmatlary hödürlemek bilen çäklenmän, eýsem, marketing usullaryny, mahabatyň mümkinçiliklerini giňden ulanyp, olary bazarda netijeli ilerletmegi başarmagyň hem wajypdygyny nygtaýar. Bularyň ählisi syýahatçylyk ulgamyna hem degişlidir.
Şeýlelikde, žurnalyň täze sany halkara bölümi bilen açylýar. Onda Türkmenistanyň beýleki döwletler bilen syýahatçylyk ulgamyndaky gatnaşyklarynyň ösdürilişi bilen baglanyşykly wakalaryň syny getirilipdir. Bu ýerde okyjylar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň ýurdumyzyň döwlet we hususy syýahatçylyk kärhanalarynyň şu ýylyň iýul aýynda Ýaponiýanyň paýtagtyna bolan iş sapary baradaky giňişleýin hasabaty bilen tanşyp bilerler. Bu sapar türkmen wekiliýetiniň Tokioda geçirilen “JATA-2013” atly halkara syýahatçylyk sergi-ýarmarkasyna ilkinji gezek gatnaşmagynyň barşynda ýola goýlan gatnaşyklaryň dowamy boldy.
Hususan-da, bu gezek Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasy we Ýaponiýanyň syýahatçylyk agentlikleriniň assosiasiýasy (JATA) tarapyndan Türkmenistanyň syýahatçylyk kuwwatynyň tanyşdyryş-maslahaty guraldy. Oňa Ýaponiýanyň 40-dan gowrak kompaniýasynyň top-menejerleri gatnaşdylar.
Forumyň barşynda biziň wekiliýetimiziň agzalary Türkmenistanda syýahatçylygyň düzümini ösdürmek, daşary ýurtly myhmanlar üçin oňaýly şertleri döretmek boýunça görülýän çäreler barada çykyş etdiler. Ýaponiýaly işewürler hem syýahatçylyk ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşdylar. Ýaponiýanyň syýahatçylyk firmalarynyň wekilleri ýurdumyza syýahatlary guramaga uly gyzyklanma bildirýändiklerini beýan edip, ýaponiýaly syýahatçylaryň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Merw, Köneürgenç, Nusaý ýaly taryhy şäherlerine baryp görmegi we elbetde, özüniň ajaýyp binagärlik gymmatlyklary bilen meşhur bolan döwrebap ak mermerli Aşgabady görmegi maksat edinýändiklerini bellediler.
Mundan başga-da, türkmen wekiliýetiniň agzalary Ýaponiýanyň ýörite düzümleriniň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi. Olarda döwlet syýahatçylyk operatorlarynyň we gulluklarynyň derejesinde, şeýle hem syýahatçylyk ulgamynda iki ýurduň arasynda yzygiderli maglumatlary alyşmagy ýola goýmak, dostlukly ýurtlarda geçirilýän pudaklaýyn sergilere we forumlara gatnaşmak babatda özara gatnaşyklaryň ugurlary kesgitlenildi.
Türkmenistanyň syýahatçylyk kuwwatyny wagyz etmek maksadynda Ýaponiýada giňişleýin mahabat çäresini guramak, biziň syýahatçylyk önümlerimizi ýapon bazarynda ilerletmek baradaky meseleler hem içgin ara alnyp maslahatlaşyldy. Şu ýylyň oktýabr aýynda Ýaponiýanyň syýahatçylyk kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň Türkmenistana jogap saparynyň meýilleşdirilmegi bolsa bu ugurdaky nobatdaky ädim bolar.
“Işewür Pariž özi üçin syýahatçylygyň täze ugurlaryny açýar” atly makala halkara gatnaşyklary meselesiniň dowamy boldy. Onda şu ýylyň iýul aýynda geçirilen Türkmenistanyň Fransiýadaky Ykdysadyýet gününiň barşynda ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçilikleriniň tanyşdyrylyşy barada gürrüň berilýär. Bu ýerde, Parižiň Bronýar Köşgünde guralan Türkmenistanyň ykdysady gazanananlaryň sergisinde türkmen bölümi hem görkezildi. Onuň ekspozisiýasy bu ýere gelenlerde aýratyn gyzyklanma döretdi.
Sergi bilen birlikde, Bronýar köşgünde işewürler forumy hem guraldy. Ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamyna maýa goýumlaryny goýmak onuň esasy mowzuklaýyn bölümleriniň biri boldy. Fransiýaly maýadarlar we işewürler Türkmenistan bilen syýahatçylyk ulgamynda gatnaşyk etmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyna ýokary baha berdiler. Öz nobatynda, ýurdumyz dünýäde iň köp syýahat edilýän ýurtlaryň biri hökmünde Fransiýa bilen bu pudakda hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gyzyklanma bildirýär.
Fransiýalylar türkmen sungatyna, onuň däp-dessurlaryna we mirasyna uly gyzyklanma bildirdiler. Bu zatlaryň ählisi işewür çäräniň çäklerinde giňden hödürlenildi. Myhmanlar döwrebap haly önümlerini, milli amaly-haşam sungatynyň iň gowy nusgalaryny, türkmen ussat zenanlarynyň täsin tikinçilik önümlerini we beýleki köp zatlary görmäge mümkinçilik aldylar. Munuň özi olara ýurdumyzyň özboluşly medeniýeti bilen ýakyndan tanyşmaga ýardam etdi. Türkmen artistleriniň – türkmen saz sungatynyň meşhur wekilleriniň çykyşlary çäräniň bezegine öwrüldi.
Medeniýet biziň gatnaşyklarymyzyň ähli ugurlaryna mahsusdyr, şeýle bolansoň, hyzmatdaşlygymyz diňe ösüşe eýe bolýar diýip, Fransiýanyň döwlet we işewür toparlarynyň wekilleri nygtadylar hem-de biziň halklarymyzyň medeni gymmatlyklarymyza özara gyzyklanma bildirmeginiň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam edýändigini bellediler.
Žurnalda şeýle hem okyjylara Türkmenistanyň şu ýylyň 1-nji maýy –31-nji oktýabry aralygynda Milanda geçiriljek “EKSPO-2015” Bütindünýä köpugurly sergisine gatnaşmagyna görülýän taýýarlyk barada gürrüň berilýär. Dünýä derejesindäki şeýle çäreler hyzmatdaşlyk üçin ýurdumyzyň hyzmatdaşlyk üçin geljegi uly bolan ykdysady pudaklarynyň gazananlaryny görkezmäge mümkinçilik berýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär we syýahatçylyk ulgamynyň özara bähbitli hyzmatdaşylygy üçin ileri tutulýan ugurlaryň biridini nygtaýar. Türkmenistanyň syýahatçylyk babatda özüne çekijiligi baradaky mowzuk Milandaky sergi şäherçesiniň çäginde guruljak milli pawilonyň bezeg-taslamasynda öz beýanyny tapdy. Pawilon türkmen amaly-haşam sungatynyň däpleri esasynda bezeler. Mundan başga-da, bu ýerde milli aşhananyň tagamlary hödürlener, artistler çykyş eder, milli lybaslaryň toplumlary görkeziler we beýleki çäreler guralar. Munuň özi baý taryhy-medeni mirasy, täsin etnikasy bolan ýurt hökmünde Türkmenistan bilen ýakyndan tanyşdyrmaga ýardam eder.
Žurnalyň nobatdaky bölüminiň makalalarynda anyk mysallaryň, ýakynda bolup geçen wakalaryň, şeýle hem pudagy işgärler bilen üpjün etmek babatda alnyp barylýan syýasatyň esasynda ýurdumyzyň syýahatçylyk bazarynyň esasy ugurlary açylyp görkezilýär.
Ýolbelet – terjimeçileri taýýarlamaga bagyşlanan makala aýratyn gyzyklanma döredýär, çünki, bu täsin hünäre bolan isleg barha artýar. Ýolbelet – terjimeçileri okatmak ýerli bazarda täze bilim önümidir. Bu taslama Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetine degişli Aşgabadyň syýahatçylyk orta –hünärment mekdebinde durmuşa geçirildi. Şu ýyl bu mekdepde hünärli ýolbelet-terjimeçileriň ilkinji goýberilişi boldy. Okuwyň barşynda talyplar diňe bir usulyýet bilimlerini almak bilen çäklenmän, eýsem, amaly bilimlere hem eýe boldular. Ýaş hünärmenleri ýurdumyzyň “Aşgabatsyýahat”, “Saada”, “Dagsyýahat”, “Durdynyýaz” ýaly iri syýahatçylyk opreatorlary we beýlekiler işe çekdiler.
Ýolbelet-terjimeçileri taýýarlamagyň maksatnamasyna 16 okuw dersi – daşary ýurt dilleri (iňlis, nemes, fransuz, arap dilleri) , syýahatçylyk hyzmatyny guramak, syýahatçylygy öwrenmek, hünär etikasynyň we etiketiniň esaslary, maglumatlar tehnologiýalary we beýlekiler, şol sanda ilkinji lukmançylyk kömegini bermek ýaly dersler girýär. Bu ýerde şu ulgamda onlarça ýyl işlän tejribeli hünärmenler okadýarlar. Talyplar diňe bir okuw otaglarynda däl, eýsem, myhmanhanalarda, syýahatçylyk kompaniýalarynda, taryhy-medeni we tebigy goraghanalarda hem okuw geçýärler. Tejribeli mugallymlaryň kömegi bilen talyplar diňe bir gezelençleri guramagyň usullaryny özleşdirmek bilen çäklenmän, eýsem, psihologiýanyň käbir meselelerini, suhangöýlük sungatyny we sözleýiş medenietini öwrenýärler. Söhbetdeşligiň barşynda Aşgabadyň syýahatçylyk orta-hünärment mekdebiniň işgärleri okuwa girmäge isleg bildýänleriň nätanyş adamlar bilen gürrüňdeşligi ýola goýmak, islenidk sowala gyzykly jogap bermek ukybyna, ýurdumyzyň taryhy we häzirki döwri bilen baglanyşykly gyzykly maglumatlary bilşine baha berýärler.
Türkmenistanda syýahatçylyk ulgamynyň okgunly ösdürilmegi bu ugurdaky hünärmenlere islegleriň artmagyny şertlendirdi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzda yzly-yzyna döredilýän täze syýahatçylyk merkezleri oňat taýýarlykly işgärler bilen üpjün edilmelidir. Syýahatçylyk mekdebindäki okuw hem zähmet ýolunyň üstünlikli başlanmagyny upjün eder, milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösýän pudaklarynyň birinde gyzykly we geljegi uly işe eýe bolmaga ýardam eder.
2017-nji ýylda paýtagtymyzda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty bounça V Aziýa oýunlaryny guramak boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler babatda hem Aşgabadyň syýahatçylyk orta-hünärment mekdebinde ýolbelet – terjimeçileri taýýarlamak işi möhüm ähmiete eýedir. Dünýäniň onlarça ýurdundan türgenleriň we syýahatçylaryň müňlerçesi Aşgabada geler. Şeýlelikde, syýahatçylyk mekdebiniň uçurymlary üçin iş ýeterlik bolar. Olar myhmanlar üçin tanyşlyk gezelençlerini we beýleki çäreleri gurarlar.
Şu ýylyň tomsunda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda bolup geçen wakalaryň syny hem okyjylary biparh goýmasa gerek. Aýratyn hem çagalaryň dynç alşyna uly üns berildi. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinden hem-de daşary ýurtlardan gelen çagalaryň müňlerçesi şu tomusda Awazanyň sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde dynç aldylar. “Daýanç” çagalar dynç alyş merkezinde iň “köpmilletli” möwsümler boldy. Tomsuň gyzgalaňly möwsüminde bu dynç alyş merkezi daşary ýurtly mekdep okuwçylaryny kabul etdi.
Däp bolşy ýaly, awgust aýynda deňziň kenaryndaky şypahana zolagy zehinli çagalaryň “Awaza-dostluk mekany” atly V halkara festiwalyna, şonuň yzysüre bolsa halkara aýdym-saz folklor festiwalyna gatnaşyjylary garşylady. Şeýle döredijilik çäreleri köpden bäri türkmen şypahana zolagyny giňden wagyz etmegiň ajaýyp usulyna öwrüldi, çünki olara gatnaşyjylar özleriniň watanynda Awaza kenarynyň myhmansöýerligi we gözelligi barada gürrüň berip, özboluşly ilçilere öwrülýärler.
Bu bölümde "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň ilkinji desgalarynyň biri bolan “Hazyna” myhmanhanasyna aýratyn makala bagyşlandy. Şol myhmanhana 2009-njy ýylyň tomsunda ulanmaga berildi. Şu geçen döwrüň dowamynda deňiz şypahanasy barha ösdi we giňeldi, bu ýerde täze myhmanhanalaryň, dynç alyş merkezleriniň köpsanlysy açyldy. Suwa düşülýän möwsümde olarda raýatlarymyzyň hem-de daşary ýurtly myhmanlaryň müňlerçesi dynç aldy.
Şu geçen bäş ýylyň içinde bu myhmanhana beýleki dynç alyş merkezleriniň arasynda özüniň eýeleýän ornuny has-da berkitdi. Çünki, onda dynç alýanlara ýokary derejede hyzmat edilýär. Myhmanhananyň suwa düşülýän ýeri hem Awazada dynç alýanlaryň ünsüni özüne çekýär. “Hazyna” myhmanhanasy bassyr bäş ýyl Awazanyň myhmanlarynyň reýtinginde öňdäki olrunlaryň birini eýeläp, hyzmat ediş ulgamyny yzygiderli kämilleşdirýär we bu ýere gelýänleriň söýgüsine mynasyp bolýar.
Žurnal şeýle hem ýurdumyzyň esasy hususy syýahatçylyk operatorlary bilen tanyşdyrmagyny dowam edýär. Bu gezek “Dag syýahat” syýahatçylyk kompaniýasy makalanyň “gahrymany” boldy. Onuň syýahatçylyk ulgamynyň bazarynda 16 ýyllyk iş tejribesi bardyr.
Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ajaýyp ýerlerine bagyşlanan bölümde Sumbar jülgesiniň golaýynda ýerleşen “aý” daglary baradaky gyzykly makala hem-de “Jahan täsinlikleri” atly rubrikanyň astynda ýerleşdirilen “Ýer ýüzündäki täsin erleriň 10-sy” atly habarlar toplumy çap edildi.
Bu rubrikanyň astyndaky makalalar dünýäniň syýahatçywlyk ulgamynyň tejribesini özleşdirmek, özleriniň tebigy özboluşlylygynyň we medeni mirasynyň esasynda dürli ýurtlar tarapyndan işlenip taýýarlanan täsin taslamalary durmuşa geçirmek nukdaý nazaryndan hem möhüm ähmiete eýedir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pudagyň ýolbaşçylaryny we hünärmenlerini hut şuňa ugrukdyryp, ählumumy bazaryň bu ugrunyň ýagdaýlaryny öwrenmek babatda görkezmeleri berýär. Türkmenistan bolsa häzirki wagtda bu bazary işjeň özleşdirip, dünýäniň ähli künjeklerinden syýahatçylary köpçülikleýin çekýär.