Ï Halkara syýahatçylygy – Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň geljegi uly ugry
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Halkara syýahatçylygy – Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň geljegi uly ugry

view-icon 1774
Türkmenistanyň halkara gatnaşyklary dürli görnüşdäki wakalara, meýilnamalara, ýurdumyzda we onuň daşynda geçirilýän köpsanly çärelere beslenýär. Munuň özi dünýä bileleşiginiň biziň ýurdumyza bolan gyzyklanmalarynyň artmagyny şertlendirýär. Şeýlelikde Türkmenistan barada köp gürrüň edilýär, makalalar ýazylýar, iň esasy bolsa biziň ýurdumyz barada köp zatlary bilmek islegini döredýär.

Dünýäniň bilermenleri ýaş türkmen döwletiniň syýasy-ykdysady taýdan gazanýan üstünliklerine göz ýetirmek maksady bilen diňe bir maglumatlara ýüzlenmän, eýsem milletiň däp-dessurlary, ruhy gymmatlyklary we mililigi bilen baglanyşykly gadymy maglumatlary agtarýarlar we taryhy – durmuşy hem-de medeniýeti öwreniş ylmyna ýüzlenýärler. Munuň özi kanunlaýyk ýagdaýdyr, çünki türkmen haklynyň häzirki döwürde gazanýan üstünlikleri döwürleriň, nesilleriň, taryhy tejribäniň gatnaşygy bilen baglanyşyklydyr. Şunuň ýaly asylly ýörelgeleriň nesilden-nesle geçmegi kanunalaýykdyr. Mundan başgada, önümçilik-ykdysady we aýan ediş ulgamynda syýahatçylyk öňdäki orna çykýar.

Bu pudakda düýpli we binýatlaýyn özgeritmeleriň başyny başlamak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ulgamyň öňünde giňmöçberli wezipeleri goýdy. Şeýlelikde olary çözmegiň ýollary we maksatlary kesgitlendi. Olar Türkmenistanda syýahatçylygy giň halkara derejesine çykarmakdan, ony häzirkizaman düzümini we hyzmatlar ulgamyny ösdürmek esasynda jahankeşdeligiň dünýä gatnaşyklaryna utgaşdyrmakdan, tutuş adamzadyň gazananlaryny döwrüň talabyna laýyk derejede igşjeň wagyz etmekden ybaratdyr.

Döwlet Baştutanymyz ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda ýurdumyzyň özboluşly we özüne çekiji mahabatyny döretmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Ol ýatda galyjy görnüşde, ajaýyp şekilde bolmalydyr, şeýle hem onuň möhüm ugry bu ulgamda işleýänleri höweslendirmegi, dünýäniň ähli künjeklerinden syýahatçylaryň gyzyklanmalarynyň artdyrylmagyny ugur edinýär. Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti tarapyndan neşir edilýän “Syýahat” žurnalyň esasy maksady şu wezipeleri ýerine etirmek bolup durýar.

Bu neşir dörän gününden bäri diňe bir ýurdumyzyň ajaýyp ýerlerini wagyz etmek bilen çäklenmän, eýsem ol ýurdumyzyň we daşary ýurt syýaatçylyk düzümleriniň ygtybarly kömekçisine, milli gymmatlyklary wagyz ediji neşire öwrüldi. Şeýle hem adam bilen tebigatyň, däp-dessurlar bilen häzirkizamanyň, ruhy dünýä bilen döredijiligiň ugurlary baradaky dostana sözbetdeşe öwrülmek bilen bir hatarda bu žurnal halkymyzyň özboluşly medeniýetiniň üsti bilen şol ýörelgeleri açyp görkezýär.

Üç dilde neşir edilýän bu žurnalyň nobatdaky sany ýakynda çapdan çykdy. Ol diňe bir türkmen okyjylary üçin däl, eýsem iňlis we rus dilindäki okyjylar üçin hem elýeterlidir.


Ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamynyň esasy ugurlarynyň ösüşini beýan etmek bilen, žurnal okyjylary bu ulgamdaky täzelikler, pudagyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak we onuň düzümini, görnüşlerini hem-de dynç alşy guramagyň usullaryny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler, myhmanlary kabul etmegiň medenieti, hödürlenýän hyzmatlar bilen okyjylary tanyşdyryp durýar. Žurnalyň täze sany “Sebitleriň syýahatçylyk düzümi: teklipler köp bolsa, hyzmatlaryň hili ýokary bolýar” atly makala bilen açylýar.

Milli bazarymyzda syýahatçylyk ulgamynyň özgeren düşünjesini we mazmunyny öňe sürmek, ýurdumyzyň syýahatçylyk pudagynyň esasy ugurlarynyň biri bolan myhmanhana hyzmatyny öňe çyýardy. Birnäçe kaşaň hem-de ekonom-klas derejedäki myhmanhanalary bolan Aşgabatdan başga-da, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda dürli derejedäki myhmanlary kabul etmegiň zerurlyklary doly derejede ýerine etirilýär. Täze myhmanhana toplumlarynyň, kottej şäherçeleriniň we baglyk zolagy bolan ýaşaýyş jaýlarynyň sany diňe bir Awazada däl, eýsem ýurdumyzyň beýleki künjeklerinde hem yzygiderli artýar. Munuň özi sebitleriň syýahatçylyk mümkinçilikleriniň, biziň ýurdumyza gelýänleriň we içerki syýahatçylygyň işjeň artmagy, ykdysady durmuşyň yzygiderli ösmegi we dürli pudaklarda halkara gatnaşyklarynyň giňelmegi bilen baglanyşykly ýurdumyz boýunça işewür saparlaryň ýokarlanmagy bilen şertlenendir.

Şu ýylyň güýzünde Daşoguzda we Maryda gurlan täze myhmanhanalar Türkmenistanyň myhmanhana toplumynyň üstüni etirdi. Olaryň açylyş dabarasyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Munuň özi şanly wakalara has-da ýokary dereje berdi.

Mary gadymy Merwiň mirasdüşeri bolmak bilen, ýurudmyzyň we daşary ýurtly myhmanlaryň köpsanlysyny özüne çekýär. Şeýle hem bu ýere dünýäniň dürli künjeklerinden türkmen halkynyň gadymy taryhy hem-de ruhy-medeni dessurlary bilen tanyşmaga isleg bildirýän alym-barlagçylar, jahankeşdeler gelýärler.

Mälim bolşy ýaly, Goňurdepe we onuň binägärlik ýadygärlikleri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Badhyz tebigy goraghanasy şemalyň we pisse tokaýlygynyň hem-de başga-da köpsanly täsinlikleriň mekany hökmünde meşhurdyr. Daşoguz welaýatynyň ajaýyplyklary hem syýahatçylaryň arasynda uly gyzyklanma döredýär. Ol ýerde Orta asyr binagärligine degişli “Könürgenç” taryhy-medeni goraghanasy has-da täsirdir. Ýurdumyzyň her bir sebiti taryhy ýadygärliklerden başga-da jahankeşdeler üçin özüne çekiji ajaýyp tebigy aýratynlyklara, medeni-etnografik, çeper-senetkärçilik gözelliklerine eýedir.

Hut şonuň üçin hem her bir welaýatda myhmanhana toplumynyň döredilmegi türkmen medenietiniň köp görnüşli gymmatlyklarynyň elýeterli bolmagyna, umumymili mirasyň aýrylmaz bölegi bolan taryhy mirasyň we özboluşly medenietiň wagyz edilmegine gönükdirilendir. Mundan başga-da, Daşoguzda we Maryda täze myhmanhalar bilen bir hatarda welaýat kitaphanalary, iri bazarlar guruldy. Munuň özi “Gündogar bazary” hökmünde dünýä söwdasynyň taryhynda şanly wakany alamatlandyrdy.

Beýik ýüpek ýoly döwründe häzirkizaman Türkmenistanyň çäginden geçen ýoluň ugrunda gadymy döwürde şeýle bazarlar bolupdyr. Azianyň şeýle söwda ýollarynda häzirki döwürdäki myhmanhanalaryň başlangyjy emele gelipdir. Şol döwürde olar kerwensaraýlar diýlip atlandyrylypdyr, hem-de ägirt uly meýdany eýelemek bilen, türkmen myhmansöýerligini äşgär edipdirler.

Dünýäniň haýsydyr bir ýurduna syýahat edeniňde şol halkyň medenietini we durmuşyny biljek bolsaň, bu babatda bazarlar size kömek eder. Onda ýerli durmuşyň ajaýyplyklary äşgär duýulýar. Hususan-da, bazar diňe bir söwdany amala aşyrmak üçin ýörite çäk bolan, eýsem ol gadymy däpleri we medenietiň ajaýyp aýratynlyklaryny özünde jemleýän künjekdir...

Şeýle hem žurnal öüniň sahypalarynda şu ýylyň sentýabrynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Halkara syýahatçylyk forumy hakynda giňişleýin makala berýär. Bellenilişi ýaly, forum Türkmenistanda syýahatçylyk toplumlarynyň mümkinçilikleriniň esasynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmegiň ägirt uly geljeginiň bardygyny äşgär etdi. Şeýle hem şol halkara çäresinde anyk taslamalar, işewürçilik teklipler we maýa goýum başlangyçlary ara alnyp maslahatlaşyldy. "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny ösdürmek ýurdumyzyň sebitleriniň syýahatçylyk mümkinçiliklerini tebigy we taryhy-medeni mirasyň esasynda deňeçer derejede ösdürmek, pudak üçin hünär bilimini bermek we işläp taýýarlamak garalan meseleleriň esasyny düzdi.

Türkmen wekiliýetiniň şu ýylyň oktýabrynda Awstriýanyň paýtagty Wena şäherinde atlara we atçylyk sportuna bagyşlanyp gpeçirilen “Apropos Pferd – 2014” atly Halkara sergisine gatnaşandygy baradaky makala žurnalyň sahypalarynda möhüm orun eýeleýär. Munuň özi Awstriýadaky iň uly atçylyk sporty boýunça pudaklaýyn sergidir. Oňa 30 müňe golaý adam gatnaşýar.

Häzirki döwürde dünýäniň dürli künjeklerinde atçylyk kärhanalarynyň dikeldilmegine, pudagyň ylmy we okuw binýadynyň, çapywksuwarlar klublarynyň ösdürilmegine uly gyzyklanma bildirilýär. Şunlukda, ahalteke atçylygynyň däpleri, atlary seýislemegiň milli mekdebi dünýäniň blermenleriniň gyzyklanmalaryna eýe bolýar.

Türkmenistanyň sergisinde bu ýere gelenlere türkmenleriň atlara tüýs ýürekden çykýan mähili söýgisi, milletiň baý ruhy mirasy, ahalteke bedewleriniň iň oňat tohumlary, şeýle hem ýurdumyzda atçylygy ösdürmegiň geljekki ýagdaýlary bilen tanyşmaga mümkinçilik döredildi.

Şeýle hem sergi önüm öndürijiler, söwda edýänler hem-de dürli enjamlary, sporta degişli we atlar üçin niýetlenen esbaplary ibermek bilen ýörite meşgullanýan kompaniýalaryň distribýutorlary üçin halkara forumyna öwrüldi. Şu babatda Türkmenistanyň bazary işewürleriň ünsüni çekýär. Olar bu ýerde atçylyk sporty, şeýle hem ahalteke bedewlerine aýratyn ähmiýet berýän syýahatçylyga degişli hyzmatlar boýunça gatnaşyklary ýola goýmak üçin oňaýly mümkinçilikleriň bardygyna göz ýetirdiler.

Şeýle hem neşiriň täze sanynyda ýurdumyzyň günbatar sebitindäki esasy milli turoperator diýlip hasaplanýan “Balkansyýahat” döwlet syýahatçylyk kärhanasynyň işi barada gürrüň berilýär. Hut şu ýerden – deňziň ýakasyndaky ülkeden Türkmenistandaky giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmelere badalga berildi, şunda syýahatçylyk pudagy öňdäki hatarda durýar.

Hazaryň kenaryny halkara syýahatçylygynyň merkezine öwürmek boýunça üstünlikli amala aşyrylýan başlangyç birgiden zatlara borçly edýär: çünki dynç alyş we syýahatlar boýunça döwrebap senagaty döretmek bilen bagly bolan täze çemeleşmeler hut şu ýerde synagdan geçirilip, beýleki sebitler üçin nusga edinmäge mynasyp görnüşdäki tejribä öwrüldi.

Makalada kärhananyň tutuş Türkmenistanyň çäginde ýerli we daşary ýurtly syýahatçylara hödürlenýän hyzmatlar, şol sanda taryh-bilim, bejeriş-sagaldyş, tanyşdyrmak bilen bagly özboluşly syýahatlar barada gürrüň berilýär. Meselem, çöldäki täsinlik diýlip atlandyrylýan süýji suwly Ýashan köli Türkmenistanyň täsin tebigaty bilen tanşyp, özboluşly täsir almaga synanyşýanlaryň ünsüni çekse gerek.

Gadymy döwürlerde zyýarat etmek babatda emele gelen ýörelgeler barada gürrüň berýän “Mukaddeslige tagzym” atly kiçeňräk makala “Balkansyýahatyň” syýahat etmek boýunça hödürleýän örän gyzykly ugurlary baradaky makalanyň dowamyna öwrüldi. Häzirki wagtda syýahatlaryň bu özboluşly görnüşi beýleki şäherleri we ýurtlary görmek bilen çäklenmän, bulardaky mukaddes saýylýan miras bilen tanyşmaga, galyberse-de adamzadyň taryhyndaky ajaýyp ýadygärlikleri ýanynda durup synlamaga mümkinçilik berýär...

Ýurdumyzyň günorta-günbatarsyndaky goraghana -- Dehistan Türkmenistanda zyýarat edilýän ýerleriň biri bolup durýar, şondaky uly ýadygärlik – Misrian bolsa çeperçilik taýdan gymmatly diýlip hasaplanýar, ondaky binalaryň galyndylary bu ýerde binagjrligiň ösendigine şaýatlyk edýär. Şolaryň arasyndan Maşat ata bagyşlanan ýadygärlik Türkmenistanyň çäginde saklanyp, biziň günlerimize gelip ýeten gadymy metjitleriň biri diýlip hasaplanýar. Birnäçe ýyl mundan ozal Maşat ata metjidiniň durkunyň täzelenilmegi bu ýadygärligi mundan beýläk-de aýawly saklamak baradaky meseläni çözmäge mümkinçilik berdi. Şol ýadygärlik Dehistandaky beýleki taryhy binalar bilen birlikde “Beýik ýüpek” ýoly boýunça toplumlaýyn halkara nominasiýasyna goşulýan ýadygärlikleriň biri hökmünde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä miras boýunça komitetine görkezildi.

Maşat ata ilatly ýerlerden birneme daşrakda ýerleşýär, munuň özi şol täsin galdyrýan ýadygärligi görmek isleýän syýahatçylaryň, şeýle hem türkmen halkynyň milli mukaddesligini görmäge çalyşýan zyýaratçylaryň bu ýere gelmegini kynlaşdyrýardy. Ýöne indi Maşat ata bilen bagly mesele çözüldi, bu ýerde infrastrukturanyň ösdürilmegi ýadygärligi synlamaga gelýänleriň sanynyň artmagyna ýardam berdi. Ýadygärlikden bir kilometre golaý daşlykda “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesiniň Bereket-Etrek demir ýolunyň şahasy çekildi, şu aýyň başynda bu şaha Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açyldy.

”Ekologiýa täsinligi: Garaguma syýahat” atly makalada dünýädäki uly çölleriň arasynda has ýaş diýlip hasaplanýan Garagum, onuň emele gelşi, täsin galdyrýan tebigy aýratynlyklary, ösümlik we haýwanat dünýäsi, Repetegiň döwlet biosfera goraghanasy, gumlularyň däp-dessurlary, şeýle hem häzirki wagtda bu ýerde bolup geçýän özgertmeler barada gyzykly maglumatlar berilýär.

Garagumuň ekologik ulgamlary tebigaty landşaftlaryň, haýwanat we ösümlik dünýjsiniň tebigy özboluşlylygyny saklap galan etalon görnüşli ýer bölegi hökmünde bütin dünýäde uly ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda Garagumda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasynyň Sanawyna goşulmaga mynasyp bolup biljek täze tebigy goraghanany döretmegiň mümkinçilikleri öwrenilýär.

“Syýahat” žurnalynyň täsirli çykmagy bilen, onuň okyjylarynyň, şol sanda daşary ýurtlarda okaýanlaryň, awtorlaryň sany artýar. Şeýle hem bu neşir dürli ugurlar boýunça hünärmenleriň ünsüni çekýär. Munuň özi ýöriteleşdirilen neşiriň has täsirli, gyzykly we meşhur bolmagyna getirip, syýahatçylyga dürli nukdaý nazarlara görä garalyp, medeniýet, taryh, etnografiýa, ekologiýa ýaly birgiden ugurlar bilen baglanyşdyrylýar. Žurnal döredijilik işine ýaňy girişen ýaş, awtorlar bilen hem işleşýär. Žurnalyň nobatdaky sanynda Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň talyp gyzlary tutuş dünýä boýunça syýahatçylyga degişli täzeliklerden ybarat bolan syn bilen ilkinji gezek çykyş etdiler.

Žurnalyň “Jahan täsinlikleri” atly bölümi aýratyn-da türkmen okyjylary tarapyndan gyzyklanma bildirilip okalýar. Bu gezek olar Türkiýedäki Pamukkale atly tebigy künjek—mineral çeşmeleriň täsin galdyrýan toplumy bilen tanyşyp biler. Şu bölüm, şeýle hem “Dürli ýurtlardan habarlar” beýleki ýurtlaryň syýahatçylyk pudaklarynyň toplan tejribesiniň öwrenilmegine gönükdirilendir. Munuň özi innowasion çemeleşmeleriň we işläp taýýarlamalaryň ýurdumyzdaky tejribä üstünlikli ornaşdyrylmagyna, Türkmenistanyň halkara syýahatçylygyna degişli kartada geljegine uly umyt baglanýan täze merkez hökmünde görkezilmegine ýardam berer.