Ï 2014-nji ýylyň ýyl ýazgysy: bedew badyna eýe bolan beýik işler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

2014-nji ýylyň ýyl ýazgysy: bedew badyna eýe bolan beýik işler

view-icon 6903
6. Söwda toplumy we telekeçilik

Söwda türkmen döwletiniň içeri we daşary ykdysady syýasatynda esasy orny eýeleýär. Häzir ol ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň çalt depginler bilen ösýän, milli ykdysadyýetimizde ösüşlere beslenen özgerişlikleri, bazar gatnaşyklaryna geçmegiň şertlerinde onuň meýillerini aýdyň şöhlelendirýän pudaklaryň biri bolup durýar. Ýurdumyzyň bazarlarynda haryt dolanyşygynyň möçberleriniň artmagy ilatyň durmuş derejesiniň ýokarlanýandygyna şaýatlyk edýär. Daşary söwda dolanyşygyndaky importyň we eksportyň düzümi döwletara gatnaşyklarynyň ugurlaryny, ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň berkeýän işewür gatnaşyklarynyň ugurlaryny aýdyň görkezýär. Şonuň netijesinde türkmen önümleriniň iberilýän daşary ýurt bazarlarynyň çäkleri günsaýyn giňelýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belelýşi ýaly, bu işlerde aýratyn orun telekeçilik işjeňligine, şol sanda harytlyk teklipleriň hem-de daşary ýurtlardan getirilýän, önümler dünýäsinde bäsdeşlige ukyply harytlaryň täze görnüşlerini özleşdirmek babatda telekeçilik işjeňligine degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, döwlet tarapyndan telekeçilige hemmetaraplaýyn goldaw berilýär. Şu synymyzda söwda toplumyny we telekeçiligi birleşdirmegiňimiz tötänden däldir, sebäbi hut kiçi we orta telekeçilik Türkmenistanyň söwda ulgamyny ösdürmek, pudagyň maddy-enjamlaýyn binaýadyny, düzümini giňeltmek, iş orunlaryny döretmek, ýurdumyzyň sarp ediş bazaryny harytdan doldurmak, ýerli serişdeleriň hasabyna azyk bolçulygyny döretmek babatda itergi boldy.

2014-nji ýylda hem söwda pudagy, ozal bolşy ýaly, ösüşiň durnukly depginlerini saklap, esasy wezipäni ýerine ýetirdi – ilatyň harytlaryň we hyzmatlaryň giň görnüşlerine bolan islegini, ýurdumyzyň sarp ediş bazarynda azyk bolçulygyny üpjün etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow üýtgeýän islegi, sebit we global meýilleri nazara almak bilen Türkmenistanyň çeýe eksport syýasatyny döretmek üçin daşary ýurt bazarlarynyň isleglerine ulgamlaýyn seljermäni geçirmegiň möhümdigini görkezýär. Şu maksatlarda milli Liderimiziň başlangyjy bilen Türkmenistanyň Milli önümleriniň haryt dolanyşygyny öwreniş institut döredildi. Döwlet Baştutanymyzyň teklibi boýunça bu düzümiň üstüne ýurdumyzyň içerki sarp ediş bazarlarynda harytlaryň nyrhlaryny öwrenmek wezipesi hem ýüklenildi.

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň düzümleri, Döwlet haryt çig-mal biržasy, Söwda-senagat edarasy tarapyndan önümçiligiň, hyzmatlaryň we girdejileriň, şol sanda daşary ýurt pulundaky girdejileriň möçberleri boýunça geçen ýyldakydan ýokary oňat görkezijiler gazanyldy. Şonuň bilen birlikde, şol edaralaryň işlerini kämilleşdirmek, işiň täze usullaryny ornaşdyrmak, söwda-ykdysady ulgam üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça işler hem alnyp baryldy.

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň 2014-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlaryndaky üçin maglumatlaryna görä, içerki söwdanyň sazlaşykly ösüşi üpjün edildi. Şol döwürde bölek haryt dolanyşygy 30,69 million manatdan gowrak boldy. Munuň özi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde 17,3 göterim köpdür. Şunda ilata satylan harytlaryň möçberiniň ösüşi 10,8 göterime barabar boldy.

Söwdanyň döwlet bölek haryt dolanyşygynda Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi uly orun eýeleýär (44,3 göterim, ösüş 9,8 göterim).

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hem ýokary depginleri görkezip, ýylsaýyn senagat we oba hojalyk önümleriniň, gurluşyk-gurnama işleriniň, haryt dolanyşygynyň möçberlerinde uly ösüşi üpjün edýär. Ýanwar-noýabr aýlary üçin ýurdumyzyň bölek haryt dolanyşygynyň umumy möçberinde döwlete degişli däl pudagyň paýy 91,8 göterime deň boldy. 2013-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, bu möçber 17,5 göterim ýokarlandy, şonda döwlet ulgamynda bu görkeziji 14,9 göterim artdy. Hyzmatlar ulgamyny giňeltmekde hem telekeçiler uly orun eýeleýär.

Döwlet tarapyndan döredilýän şertler hem telekeçiligiň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmaga ýardam edýär. 2014-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanda kiçi we orta telekeçilige maliýe goldawyny bermek hakynda” karara gol çekdi. Oňa laýyklykda, hususy telekeçilige Durnuklaşdyryjy gaznadan 300 million manat ýa-da ABŞ-nyň 100 million dollary möçberinde karz serişdeleri goýberildi. Maldarçylygy, guşçulygy ösdürmek, oba hojalyk, azyk we senagat önümlerini öndürmek we gaýtadan işlemek boýunça taslamalary maliýeleşdirmek üçin “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankyna on ýyl möhlet bilen göterimsiz karz serişdeler berildi.

Ýurdumyzyň bazarynda paýynyň artmagy bilen bir hatarda, telekeçilik täze marketing çemeleşmelerini işjeň özleşdirýär, ýarmarka-sergi we kongres işlerine işjeň gatnaşýar, daşary söwda gatnaşyklaryny ösdürýär.

2014-nji ýylda hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparlaryň mejlislerini hasaba almanyňda, Türkmenistanyň söwda-ykdysady we maýa goýum kuwwaty, şol sanda milli ykdysadyýetimiziň döwlete degişli däl pudagy Hytaýda, Fransiýada, Türkiýede, Russiýada, Belarusda we beýleki ýurtlarda geçirilen dürli çärelerde giňden tanyşdyryldy.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary şu ýylyň 23-26-njy maýynda Hytaý Halk Respublikasynyň Sian şäherinde guralan Ýüpek ýoly halkara sergisine gatnaşdylar.

Ykdysadyýetiň söwda, maldarçylyk, mebel önümçiligi, gurluşyk serişdeleri, azyk önümleri, durmuş harytary, bilim, hukuk, neşirýat we bezeg işi, halk senetleri ýaly ugurlarynda işleýän türkmen telekeçileriniň hödürleýän harytlary we hyzmatlary sanardan köpdür. Ýüpek ýoly halkara sergisi üçin milli aýratynlyklara hem-de gadymy türkmen medeniýetiniň özboluşly öwüşgünine eýe bolan harytlar ýörite seçilip alyndy.

Türkmenistanyň ykdysady ösüşinde uly orun eýeleýän kiçi we orta telekeçiligiň durnukly ösmegi üçin zerur bolan ähli şertleri döretmekde döwletimiziň we hut hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň eýeleýän ornuna, bu ugurda gazanylan üstünliklere we giň gerimli meýilnamalara ýokary baha bermek bilen Hytaýyň Söwda edarasy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak hem-de uzakmöhletleýin söwda gatnaşyklaryny özara goldamak boýunça ýörite Ylalaşygy işläp taýýarlamak hakynda teklibi öňe sürdi.

Sergi Türkmenistanyň Prezidentiniň HHR-e döwlet saparynyň yzýany guraldy. Şonda Pekinde ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň barşynda ýakyn 5 ýylyň dowamynda ikitaraplaýyn söwda dolanyşygyny ABŞ-nyň 20 milliard dollaryna ýetirmek meýiiniň bardygy aýdyldy. Özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmak babatda bu işe hususy telekeçileri işjeň çekmegiň möhümdigi bellenildi.

Bu baradaky gürrüň ýurdumyzyň işewür toparlarynyň wekilleriniň dördünji Ýewraziýa daşary-söwda ykdysady sergisine—China-Eurasia Expo sergisine gatnaşmagynyň barşynda dowamyna eýe boldy. Bu sergi Urumçi şäherinde 1-6-njy sentýabrda geçirildi.

Birneme soňrak, 15-16-njy noýabrda Pekinde 4-nji Halkara maýa goýum-maliýe sergisi guraldy. Oňa ýurdumyzyň ministrlikleriniň, edaralarynyň, döwlet banklarynyň ýolbaşçylaryndan we esasy hünärmenlerinden, şeýle hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryndan ybarat bolan wekilçilikli türkmen wekiliýeti gatnaşdy. Sergide çalt depginler bilen ösýän milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň, şol sanda hususy önüm öndürijileriň mümkinçilikleri we önümleri bilen tanyşdyryldy. Bu ýerde şeýle hem döwletara hyzmatdaşlygyny, hususan-da, söwda-ykdysady ulgamda gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçiliklerine bagyşlanan türkmen-hytaý ykdysady forumy geçirldi.

Işewür we söwda hyzmatdaşlygyny giňeltmek meseleleri 3-nji iýunda Ankarada geçirilen türkmen-türk işewürler maslahatynyň mowzugy boldy. Oňa esasy türk kompaniýalarynyň birnäçesiniň we Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň döwlete degişli däl, pudagynyň wekilleri gatnaşdylar. Ýeri gelende aýtsak, bu maslahat hormatly Prezidentimiziň Türkiýe Respublikasyna bolan resmi saparynyň wagtyna gabat geldi. Ýokary derejedäki türkmen-türk gepleşikleriniň jemleri boýunça gol çekilen resminamalaryň hatarynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de Türkiýe Respublikasynyň kiçi we orta telekeçiligini goldamak baradaky guramasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamany aýratyn görkezmek bolar.

Türkmen telekeçileriniň 29-njy awgustdan 7-nji sentýabr aralygynda geçirilen 83-nji Halkara Izmir sergisine gatnaşmaga çagyrylmagy şonuň ilkinji netijesi boldy. Bu abraýly we giň gerimli köp pudaklaýyn söwda-sergi çäresinde türkmen milli ekspozisiýasy ozaly bilen özboluşly öwüşginleri bilen uly gyzyklanma döretdi. Ol iki pawilýona bölündi. Olaryň birinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary çeper senetleriniň däplerini dowam etdirýän häzirki ussatlaryň uly döredijilik we işewürlik mümkinçiliklerini görkezdiler.

Beýleki pawilýonda bolsa Türkmenistanyň hususy kärhanalarynyň öndürýän senagat önümleri (mebel, gurluşyk materiallary, durmuşda ulanylýan himiýa serişdeleri we beýlekiler) görkezildi. Serginiň geçirilen günleri duşuşyklar geçirildi hem-de işewür gatnaşyklaryny we kooperasia gatnaşyklaryny ýola goýmagyň mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşyldy. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri Izmirde kärhanalaryň birnäçesinde önümçiligiň guralyşy bilen tanyşdylar.

11-nji iýulda Parižde geçirilen Türkmenistanyň ykdysadyýet güni halkara söwda gatnaşyklaryny giňeltmäge gönükdirilen nobatdaky iri forum boldy. Onuň çäklerinde biziň ýurdumyzyň ykdysdy gazananlarynyň sergisi guraldy.

Bu çärä iki ýurduň döwlet toparlarynyň we pudak edaralarynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri, iri fransuz kompaniýalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Fransiýada ilkinji gezek guralan Türkmenistanyň ykdysadyýet gününiň üstünligi bu çäräniň özara söwdanyň möçberlerini artdyrmaga, dürli ugurlarda tejribe we tehnologiýalar alyşmaga, maýa goýum hyzmatdaşlygynda hem işewür gatnaşyklary ösdürmäge, geljegi uly taslamalary işläp taýýarlamaga täze itergi bermeginde boldy.

Türkmenistan bäsdeşlige ukyply fransuz harytlarynyň we tehnologiýalarynyň türkmen bazaryna çykmagyna ýardam etmäge taýýardygyny nobatdaky gezek tassyklady. Biziň ýurdumyzyň yzygiderli artýan eksport kuwwaty fransuz hyzmatdaşlaryň mynasyp baha bermegine eýe bolup, ol ähli ugurlarda seljerildi. Hemişe bolşy ýaly, biziň hususy önüm öndürijilerimiziň tanyşdyran türkmen halylary aýratyn täsir döretdi.

Şu ýerde bir zady bellemek gerek, ol hem şol wakadan bir aý öň, ýagny 2014-nji ýylyň 11-nji iýunynda Türkmenistanyň wekiliýeti Parižde guralan Halkara sergiler edarasynyň Baş Assambleýasynyň 155-nji mejlisine gatnaşdy.

Biziň ýurdumyz ilkinji gezek bu guramanyň ýolbaşçy edarasynyň mejlisine gatnaşdy. Ol EXPO Bütindünýä hereketine gözegçilik edýär, oňa Türkmenistan hem gatnaşýar. Ýurdumyzyň dürli öwüşginli pawilýonlary Şanhaýdaky (2010-njy ýyl) we Günorta Koreýanyň Ýosu şäherindäki (2012-nji ýyl) Bütindünýä sergilerde uly üstünlige eýe boldy. Häzir baý mazmunly milli sergimiz 2015-nji ýylda Milanda guraljak EXPO taýýarlyk görýär.

Şeýle gatnaşyklaryň taryhynyň öz gözbaşyny has öňräkden bäri alyp gaýdýandygy gyzyklydyr. 1900-nji ýylda Parižde guralan Bütindünýä sergisinde elde dokalan türkmen halylary täsin önümleriň muşdaklarynyň ünsüni özüne çekdi. Şondan birnäçe onýyllyklar geçenden soň—1937-nji ýylda biziň halylarymyz Parižde guralan EXPO-da altyn medala, 1958-nji ýylda bolsa Brýusselde guralan Bütindünýä sergisiniň nobatdaky sylagyna eýe boldy. Şoňa görä-de, umumadamzat gazananlarynyň şonuň ýaly bäsleşikleri netijesinde türkmen milli halyçylyk sungaty öz dünýä dolan şöhratyny artdyryp geldi.

Häzir Türkmenistan “EXPO-2015” Bütindünýä sergisine taýýarlyk görýär. Ol 2015-nji ýylyň 1-nji maýyndan 31-nji oktýabryna çenli aralykda “Dünýäni gurplandyralyň: durmuşyň bähbidine energiýa” diýen şygar astynda geçiriler. Adyndan belli bolşy ýaly, sergi ýokary hilli we sagdyn iýmitlenme, azyk önümleriniň howpsuzlygyna, azyk howpsuzlygyna, azyk senagatynda iň gowy däplere we innowasiýalara, şeýle hem oba hojalygynyň ösüşine, ekologiýa we Bütindünýä serginiň mowzugy bilen bagly bolan beýleki ugurlara bagyşlanar.

Bütindünýä serginiň gün tertibiniň köpugurlylygyny nazara almak bilen, biziň ýurdumyzyň toplumlaýyn milli ekspozisiýasyny guramak meýilleşdirilýär. Ol belli ugurda Türkmenistanyň toplan tejribesi we gazanan üstünlikleri, milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynyň gazananlary, taryhy-medeni mirasy, baý obasenagat we eksport kuwwaty, şeýle hem ekologiýa meselelerini çözmegiň tejribesi bilen hemmetaraplaýyn tanyşdyrýar. Bu bolsa çäräniň esasy mazmuny bilen berk baglydyr.

Häzirki wagtda Bütindünýä sergileri – bu medeni-maglumat alyş-çalşynyň has netijeli görnüşleriniň biri, dünýä ykdysady ulgamynyň özboluşly görkezijisidir. Oňa dünýä bazarynda barha has uly orna eýe bolýan häzirki Türkmenistanyň haýran galdyryjy kuwwaty barha işjeň goşulyşýar. Özi-de diňe uly gaz ýataklaryna eýe bolan iri döwlet hökmünde däl-de, eýsem, kuwwatly senagat mümkinçilikleri bolan ýurt hökmünde, Ýewraziýa yklymynda söwda gatnaşyklaryny ösdürmek üçin möhüm üstaşyr geçelgesi bolan ýurt hökmünde goşulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan “açyk gapylar” syýasaty hem-de ýurdumyzyň baý tebigy serişdeleri Türkmenistanyň mümkinçiliklerine bagyşlanyp, biziň ýurdumyzda we daşary ýurtlarda guralýan köp sanly tanyşdyryş çärelerini we sergilerini emele getirdi. Şunuň ýaly işjeň beýan ediş çäreleri diňe bir tanyşdyryş häsiýetli bolman, eýsem-de, göni işewür gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna, hyzmatdaşlyk ylalaşyklarynyň baglaşylmagyna hyzmat edýär. 2014-nji ýylyň 18-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Halkara sergiler edarasynyň Baş sekretary Wisente Gonsales Lossertales tarapyndan bu edaranyň altyn medalynyň gowşurylmagy Türkmenistanyň Bütindünýä sergi hereketinde artýan ornunyň ykrar edilýändigine şaýatlyk etdi.

Soňky ýyllarda daşary ýurtlardaky milli sergiler we ýurdumyzdaky halkara sergiler Türkmenistanyň önümçilik-ykdysady we maýa goýum mümkinçiligini görkezmegiň, ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň daşary bazarlarda öňe ilerlemeginiň we bähbitlerini goldamagyň möhüm gurallarynyň birine öwrüldi. Şu özara hereketde biziň ýurdumyz şeýle hem halk hojalygynyň ähli ulgamlaryna öňdebaryjy tehnologiýalary, innowasiýalary we nou-haulary çekmäge meýillidir.

Türkmenistanyň özünde bolsa yzygiderli esasda—her ýylda —ykdysadyýetiň we durmuş ulgamynyň esasy pudaklary boýunça 30 töweregi halkara forumlary geçirilýär. Olara dürli ýurtlardan özleriniň iň täze işläp taýýarlamalaryny hödürleýän meşhur kompaniýalaryň onlarçasy gatnaşýar. Döwlet düzümleri bilen bir hatarda özlerini hereketlendiriji ykdysady güýç hökmünde görkezen ýurdumyzyň kiçi we orta işewürliginiň wekilleri hem halkara gözden geçirilişleriniň yzygiderli gatnaşyjylaryna öwrülýärler.

Döwlete degişli däl ulgamyň gazananlary we ösüşiniň geljegi, hususan-da, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň däp bolan sergisinde görkezildi. Ol 17-18-nji martda geçirilip, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 6 ýyllygyna bagyşlandy. Paýtagtymyzyň Sergi köşgünde dürli pudaklarda: gurluşyk ulgamynda, dokma we hzaly önümçiliginde, oba hojalygynda, azyk senagatynda we köp sanly beýleki pudwaklarda ýöriteleşen esasy hususy kompaniýalaryň 200-den gowragynyň önümleri görkzildi.

Döwlet-hususyýetçilik hyzmatdaşlygy ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ulgamyny ösdürmekde we döwrebaplaşdyrmakda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup çykyş edýär. Muňa 1-nji noýabrda ýurdumyzyň azyk senagatynyň düzümine giren desgalar hem şaýatlyk etdi.

Ine, Ahal welaýatynyň Altyn asyr welaýatynda senagat desgalarynyň ikisi—mal semrediş firmasy hem-de balyk ösdürip ýetişdirýän kärhana ulanmaga tabşyryldy. Şol gün türkmen paýtagtynyň Ruhabat etrabynda “Balyk tagamlary” täze restorany açyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda öňde duran wezipeleriň toplumyny kesgitläp, 20-nji oktýabrda Türkmenabatda geçirilen Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynda eden öz çykyşynda şeýle diýdi: “Oba hojalyk önümlerini, şol sanda maldarçylyk önümlerini öndürmekde we gaýtadan işlemekde telekeçileriň mümkinçiliklerini giňden peýdalanmak möhümdir” .

Telekeçiler gurluşyk serişdeleri, metal önümleri, durmuş himiýasy, elektroenjamlar, mebeller, keramika we plastmas önümleri we beýlekiler ýaly ozal daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ýerini tutup biljek önümçilikleri döretmekde eýýäm täsirli üstünlikleri gazanýarlar. Şunda kiçi we orta işewürligi ýurduň eksportuny ösdürmek boýunça hem uly mümkinçilige eýedir. Bu babatda ekologiýa taýdan arassa oba hojalyk önümlerini, ýerli serişdeleriň esasynda giňden peýdalanylýan harytlaryň köp görnüşlerini, ýeňil senagatynyň köpdürli önümlerini, hyzmatlaryň dürli görnüşlerini agzap bolar.

Milli Liderimiz biziň ýurdumyzda kiçi we orta işewürligiň öz işlerinde hemişe innowasion tehnologiýalary we öňdebaryjy tehniki pikirleri ornaşdyrmaklaryna aýratyn ähmiýet berýär. Şu maksatlar bilen döwlet Baştutanymyz hususy telekeçiligiň wekillerini Tehnologiýalar merkeziniň, ýurdumyzyň beýleki ylmy-barlag merkezleriniň hünärmenleri bilen wajyp ugurlar boýunça özara gatnaşyk etmäge çagyrýar. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy häsiýetli mysal bolup durýar. Ol köpugurly häsiýete eýe bolup, hyzmatyň ýokary tehnologiýaly köp ugurlarynyň ösmegine itergi bermäge ukyplydyr. Bu bolsa Türkmenistanyň işewür düzümleri üçin maýa goýmagyň örän bähbitli ugrudyr.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan döwlet Baştutanymyzyň häzirki zaman tehnologiýalaryny, şol sanda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini peýdalanmak bilen döwrebap tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak boýunça beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek ugrunda işlenip taýýarlanan taslama munuň mysallarynyň biri boldy. Taslamada “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň gurluşygyny alyp barýan kottežler şäherçeisnde gün panellerini oturtmak göz öňünde tutulandyr.

Şäherçäni döretmäge 4,48 gektar ýer bölünip berlip, onda umumy 700 orunlyk amatly kottežleriň 54-si ýerleşer. Olaryň gurluşygyny 2015-nji ýylyň oktýabrynda tamamlamak meýilleşdirilýär. Bu kottežlerde Günüň ýagtylyk energiýasyny elektrik toguna öwürmek üçin Gün panellerini oturtmak teklip edilýär, Öndürilen elektrik energiýasynyň artykmaç bölegi bolsa kuwwatly akkumulýatorlarda toplanar hem-de gijelerine we bulutly howada peýdalanylar. Gün batareýalarynyň ýokary ygtybarlylygy, netijeliligi hem-de uzak döwre hyzmat edýändigi bilen tapawutlanýandygy wajypdyr.

Ekologik taýdan arassa energiýanyň alternatiw çeşmeleriniň peýdalanylmagy Awazanyň desgalarynyň we beýlekileriň elektroenergiýa bilen üpjün edilmegi üçin geljegi has uly we tygşytly görnüşleriň biri bolup durýar. Innowasion hereketde telekeçiligiň işjeň orun eýeleýändigi wajypdyr.

Çünki söwda pudagy restoran, myhmanhana we syýahatçylyk işewürligi bilen ýygjam arabaglanyşyklydyr. Şu babatda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda 8-10-njy aprelde bolup geçen “Aziada—2017-niň aşhanasy” atly halkara iş maslahatyny agzap geçmek ýerliklidir. Dynç alyş kenarýakasyna 20-den gowrak ýurtlardan şu ulgama degişli ökde bilermenler we hünärmenler ýygnandylar. Maslahatyň çäklerinde ökde aşpezler ussatlyk sapaklaryny geçirip, üýtgeşik naharlaryň, dürli görnüşli tagamlaryň we şuňa meňzeşleriň taýýarlanylyşynyň we bezelişiniň inçe tilsimlerini we syrlaryny paýlaşdylar. Şol nahardyr tagamlaryň köpüsi öňde boljak Aziadanyň myhmanlary we oňa gatnaşyjy türgenler üçin naharlaryň sanawyna girer.

Aşgabat 2014-nji ýylda sergilerden we dürli maslahatlardan başga-da, ikitaraplaýyn işewür maslahatlarynyň birnäçesini kabul etdi. Şeýle duşuşyklar Bolgariýanyň, Russiýanyň, Gazagystanyň, Ermenistanyň, Horwatiýanyň, Hytaýyň we beýleki ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleri bilen guraldy.

Şeýle maslahatlar köplenç döwlet Baştutanlarynyň saparlaryna gabatlandy. Olaryň gün tertibine ýokary derejelerde gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek boýunça anyk meseleler çykarylýar.

Biziň synymyza degişlilikde olaryň netijeleri boýunça kabul edilen resminamalary belläp geçmek gerek. Ine, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Ermenistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda söwda wekilhanalaryny özara döretmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi. Ermenistan Respublikasynyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi, şeýle hem Özbegistan Reňspublikasynyň Söwda-senagat edarasy bilen hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyklar Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi üçin işewür aragatnaşyklary ýola goýmagyň täze mümkinçiliklerini açýar.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň resmi hyzmatdaşlarynyň topary Sloweniýanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Gruziýanyň, Tatarystanyň /RF/ bu ugurdaky düzümleri bilen üsti ýetirildi. Hökümetara derejesinde Türkmenistanyň Hökümeti bilen Malaýziýanyň Hökümetiniň arasynda söwda boýunça Bilelikdäki türkmen-malaýziýa toparynyň ygtyýarlyklary berkidildi. 19-njy iýunda özüniň Wengriýa resmi saparynyň çäklerinde türkmen döwletiniň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýurduň esasy kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy. Türkmen-wenger işewür hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň geljegi barada aýdyp, milli Liderimiz özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ýerinde öwrenmek üçin wenger işewür jemgyýetçiliginiň wekillerini biziň ýurdumyza gelip görmäge çagyrmak bilen, iki ýurtlaryň hususy ulgamynyň uly kuwwatyna ünsi çekdi.

20-nji iýunda Aşgabatda “KIA-Hyundai” Söwda-hyzmat ediş merkeziniň açylmagy Koreýa Respublikasynyň Prezidetiniň Türkmenistana saparyna gabatlandy. Munuň özi iri koreý kompaniýalarynyň özleriniň türkmen bazarynda bolmaklaryny giňeltmäge gyzyklanmalarynyň artýandygyna şaýatlyk edýär.

2-nji oktýabrda ýurdumyzda indi dördünji gezek Germaniýanyň ykdysadyýetiniň Güni geçirildi. Noýabryň aýagynda Aşgabatda Sankt-Peterburgyň Türkmenistandaky Günleri we biziň ýurdumyz bilen Russiýa Federasiýasynyň Demirgazyk paýtagtynyň arasyndaky netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmaga we giňeltmäge bagyşlanan işewür maslahaty bolup geçdi.

Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň önümleriniň Sergi ýarmarkalarynyň guralmagy uly waka öwrüldi. Olaryň biri oktýabrda Minskide, beýlekisi bolsa 13-21-nji dekabr aralygynda Aşgabatda geçirildi. Awtomobil we traktor tehnikalarynyň türkmen bazary Belarus üçin strategik bolup durýar. Ine, biziň ýurdumyza Minskiniň traktor zawodynyň tehnikalary yzygiderli getirilýär, ulaglary, enjamlary, liftleri hem-de Belarus önümçiliginiň beýleki önümlerini getirmek babatda hyzmatdaşlyk etmegiň birnäçe beýleki mümkinçilikleri öwrenilýär. “Gomselmaş” ot-iýmýygyjy kombaýnlary we “MAZ” ýolagçy awtobuslary Türkmenistanyň howa şertlerinde synagdan geçirilýär. Belarus tehnikalaryna oňat hilli we öz wagtynda hyzmaty üpjün etmek maksady bilen, Aşgabatda “MAZ” hyzmat ediş merkezi gurulýar.

Belarusyň ýeňil we azyk senagatynyň önümleri hem türkmen sarp edijileriniň mynasyp ynamyndan peýdalanýar. Türkmenistanyň milli önümleriniň haryt dolanyşygyny öwreniş instituty Belarus Respublikasynyň DIM-niň Marketing we nyrhlaryň ýagdaýy baradaky Milli merkezi bilen bilelikde mundan beýläkki söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň serişdelerini kesgitlemek, bu ulgamda täze önümleri satyn almagy ýola goýmak we maglumat beriş ýollaryny giňeltmek bilen meşgullanar. Bu iki düzümleriň hyzmatdaşlyk etmegi hakyndaky Ylalaşyga ýokary derejede geçirilen türkmen-belarus gepleşikleriniň netijeleri boýunça beýleki resminamalaryň hatarynda 2014-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Minskide gol çekildi.

Şu ýylyň noýabrynda Moskwada geçirilen “Altyn güýz-2014” atly Bütinrussiýa oba senagat sergisinden ýurdumyzyň oba senagat toplumynyň hususy ulgamyna wekilçilik eden türkmen oba hojalyk önümlerini öndürijiler altyn medallaryň üçüsini getirdiler. Bu baýraklar ýokary hilli miwe we gök önümlerini ösdürmegiň tehnologiýalary hem-de ekologik taýdan arassa tebigy miwe suwlarynyň önümçiligi üçin gowşuryldy.

Türkmen öndürijileri bu wezipeleri bilen birlikde forumyň baý işewür maksatnamasyna hem işjeň gatnaşdylar. Oba senagat toplumynyň ugry boýunça Türkmenistan bilen özara hereketlere, mysal üçin, Serbiýanyň, Wengriýanyň, Italiýanyň işewür toparlary anyk gyzyklanma bildirdiler. Gök önümleriniň we beýlekileriň importy bilen meşgullanýan rus kompaniýalarynyň wekilleri bilen hem anyk we mazmunly geňeşmeler geçirildi.

Şeýle hem Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky Söwda öýleriniň işlerini kämilleşdirmek, olaryň toruny giňeltmek hem-de onuň haryt dolanyşygyny ýokarlandyrmak boýunça işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň daşary söwda aragatnaşygyny we eksport kuwwatyny ösdürmegiň strategiýasyna laýyklykda, olaryň wekilçilik edýän ýurtlarynyň bazarlarynda Söwda öýleriniň lomaý we bölek toruny döretmek babatda çäreler işlenip taýýarlanýar. Şol çärelerde dürli sebitlerde we iri şäherlerde söwda nokatlaryny açmaklyk göz öňünde tutulýar. Ýokarda sanalyp geçilenleriň hemesi, elbetde, doly syn däldir, eýsem, halkara gatnaşyklary babatda 2014-nji ýylyň wakalarynyň barşynda itergi alan söwda we telekeçilik ulgamyny ösdürmegiň käbir ugurlarynyň belgilenmesidir. Hakykatda bolsa bu mesele has giňdir we döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň durmuşynyň doly ýagdaýda ähli ugurlaryna aralaşýar. Sebäbi olaryň hiç biri hem häzirki wagtda halkara söwda harytlary, enjamlary, tehnologiýalary, hyzmatlary we başgalar bolmazdan oňup bilmeýär.

Türkmenistanda ykdysadyýetiň ösüşi, önümçiligiň möçberleriniň artyşy ilkinji nobatda ähli ugurlarda hil taýdan özgertmeleri üpjün edýän ylmy-tehniki ösüşiň möçberleri hem-de depginleri bilen häsiýetlendirilýär. Ýokary tehnologiýalara tarap alnan ugur ýurdumyzyň daşary söwda dolanyşygynyň düzüminde, imporda hem aýdyň beýan edilýär, şonda ähli pudaklarda we türkmenistanlylaryň gündelik durmuşynda, ýaşaýşynda giňden ýaýran “intellektual” önümiň paýy: öňdebaryjy tehnika, iň täze gurallar, abzal toplumlary we maksatnamalaýyn ulgamlar artýar. Eksportda bolsa harytlaryň, hat-da taýýar önümleri çykarmaga çenli gaýtadan işlenilişiniň derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagyň hasabyna goşulan bahasy bilen, harytlaryň peýdasyna çig maldan ybarat bolan önümler kem-kemden azalýar.

Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň derejesi içerki meýillerde hem, dünýäniň bazar bäsleşiginiň şertlerinde hem esaslanýan birnäçe möhüm şertleriň täsiri bilen kesgitlenýär. Eger energiýa serişdelerine dünýä nyrhlary, dünýä ykdysadyýetiniň ýagdaýy hem-de esasy söwda hyzmatdaşlar daşky şertlere degişli bolsa, içki şertlere telekeçilik işi üçin amatly şertleriň döredilmegi, ilatyň maddy hal-ýagdaýynyň, onuň satyn alyjylyk ukybynyň artmagy we başgalar degişlidir.

Mysal üçin, bu şertleriň ählisiniň utgaşan, bir şertleriň täsiriniň güýçlenen hem-de beýleki şertleriň ýakymsyz täsiriniň oýlanyşykly pese gaçan ýagdaýynda 2014-nji ýylda Türkmenistanda söwdanyň, onuň häzirki zaman görnüşleriniň okgunly ösüşi bellenildi.

Strategiýanyň multiformatlylygy söwdany ösdürmekde has äşgär alamat boldy. Söwda kärhanalary sarp edijiniň islegleriniň mümkin boldugyça has giň toparlaryny kanagatlandyrmaga çalyşýarlar, jemgyýetçilik iýmitiniň, durmuş taýdan hyzmat etmegiň, dynç alyş merkezleriniň ulgamlary bilen birleşýärler. Häzirki zaman satyn alyjysyny özüňe çekmek we saklamak üçin oňat bezelen witrinalar we bol tekjeler eýýäm azlyk edýär, satyn alyjynyň talaby bolsa artýar.

Hemme ýerde peýda bolýan azyk we senagat harytlaryny satmagyň täze nokatlarynyň ägirt uly sany babatda söwdada ösüş ugurlarynyň çalyşmagy bolup geçdi. Eýýäm bar bolan köneki dükanlaryň we dürli maksatly jaýlaryň durkuny täzelemegiň ýerine içerki hem-de daşarky bezeginiň ýokary derejesi, doly bahaly düzümler bolan, kafeleri we restoranlary, tomaşa zolaklaryny, dürli tehniki hyzmatlaryň, maşyn goýmagyň nokatlaryny we başgalary özünde jemleýän iri häzirki zaman söwda merkezlerini gurmak başlandy.

Milli syýahatçylyk zolagynda ýurdumyzyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň buýurmasy boýunça gurlan hem-de 12-nji iýulda milli Liderimiziň gatnaşmagynda açylan "Awaza" söwda merkezi hem muňa mysal bolup hyzmat edip biler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Doşoguzda 23-nji sentýabrda, Balkanabatda 7-nji oktýabrda, Maryda 17-nji oktýabrda we Türkmenabatda 18-nji oktýabrda açylan Gündogar bazarlary—köp ugurly bazarlar 2014-nji ýylda gozgalmaýan söwda emlägi babatda durmuşa geçirilen örän iri taslamalar boldy.

...Ençeme ýüzýyllyklar mundan öň bolşy ýaly, XXI asyryň täze hilde dikeldilen Beýik ýüpek ýoly Gündogary we Günbatary, Demirgazygy hem-de Günortany ýene-de birleşdirmek bilen biziň ýurdumyzyň çäklerinden geçýär. Şu nukdaýnazardan ýurdumyzda iri söwda toplumlarynyň ulgamynyň döredilmegi sebitleýin, halkara söwda-ykdysady aragatnaşyklaryň ulgamynda möhüm halka hökmünde ýurdumyzyň derejesini pugtalandyrmakda ýene-de bir ädimdir.

Türkmenistan hyzmatlar we söwda ulgamlaryny ösdürmäge iri möçberde maýa goýumlaryny goýmak bilen hakykatda ykdysadyýetiň täze döwrüň talaplaryna laýyk gelýän modelini döredýär, munuň özi türkmenistanlylaryň durmuşynyň täze hilini, maýa goýumlary we syýahatçylygy ösdürmek üçin ýurdumyzyň özüne çekijiligini üpjün edýär. Täze gündogar bazarlary bolsa Watanymyzyň abadançylygynyň, bolçulygynyň we rowaçlanmagynyň ýene-de bir äşgär beýany bolup hyzmat edýär, şol bazarlar paýtagtymyzdaky “Altyn asyr” bazaryndan soň bütin ýurdumyzda açyldy.

Welaýat merkezlerinde bu köpugurly söwda toplumlarynyň her biriniň 50 gektara barabar çägi bar, olaryň her birinde şol welaýata mahsus haly gölüniň suratynyň şekili bar. Ýewropa iri söwda merkezlerine häsiýetli bolan satyjylar hem-de satyn alyjylar üçin häzirki zaman amatlylygynyň we sahy gündogar bazarynyň haýran galmaly, gaýtalanmajak öwüşgininiň sazlaşykly utgaşmak ýörelgesi ähli bazarlar üçin umumy ýagdaý bolup durýar.

Bazarlaryň örän giň meýdanynyň bolmagyna garamazdan, satyn alyjy bu ýerden özüne zerur harydy aňsatlyk bilen tapyp bilýär, girelgede oturdylan türkmen, iňlis we rus dillerindäki elektron düşündirişiň kömegi bilen aňsat ýagdaýda ugur aýlar, şonuň kömegi bilen toplumyň ýerleşdirilişi, ýörite söwda zolaklarynyň ýerleşýän ýeri bilen jikme-jik tanyşmak mümkindir. Olar önümleriň aýry-aýry görnüşlerini: awtomobiller, oba hojalyk, azyk, hojalyk-durmuş we beýleki önümleri ýerlemek üçin niýetlenendir. Eger ýerli ýaşaýjylarda bu ýerde dünýä önüm öndürijilerinden kepillendirilen oňat hilli önümleri satyn almak mümkinçiligi özüne çekse, syýahatçylary köpdürli milli amaly-haşam sungatynyň önümlerini hem-de her dürli sowgatlşyk önümleri seçip almak gyzyklandyrýar.

Mundan başga hem dürli ussahanalar we tikinçilik sehleri, dellekhanalar, dermanhanalar hem-de süýji-köke önümlerini öndürmek boýunça kiçeňräk sehler, bank bölümleri, lukmançylyk nokady, çagalar üçin oýun oýnalýan meýdançalar, restoranlar we kafeler, kiçeňräk myhmanhana, şeýle hem uly göwrümli awtomobil duralgalary bilen durmuş hyzmaty öýi her bir topluma girdi. Bazarlary inžener-tehniki taýdan üpjün etmek, olaryň daşyny gurşap alýan seýilgäh zolaklaryny abadanlaşdyrmak häzirki zaman derejesinde ýerine ýetirildi.

Gündogar bazarlarynyň ähli taslamalarynyň hususy gurluşyk kompaniýalar tarapyndan durmuşa geçirilendigi guwançlydyr, olaryň milli maksatnamalary durmuşa geçirmäge, şäher gurluşyk toplumyna giňden çekilmegi ýurdumyzda telekeçiligi höweslendirmegiň döwlet syýasatynyň ugurlarynyň biridir. Hususy gurluşyk kompaniýalaryna ynanylan döwlet buýurmalarynyň möçberleri haýran galdyrýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan bütin ýurdumyzda ýaşaýyş-durmuş we medeni maksatly desgalaryň ýüzlerçesinde iş alnyp barylýar, hususy gurluşyk kärhanalary tarapyndan dürli welaýatlarda hemişe täze ýaşaýyş jaýlary, mekdepler, çagalar baglary, sport toplumlary hem-de beýleki durmuş ähmiýetli desgalar ulanylmaga tabşyrylýar. Mysal üçin, Aşgabady gurmagyň 13-njy nobatdakysynyň taslamasy durmuşa geçirmek hususy gurluşyk kärhanalaryna ynanyldy.

Söwda we telekeçilik ulgamynda 2014-njäi ýylda iri binagärlik açylyşlarynyň hataryna paýtagtymyzdaky desgalar hem goşuldy. Mysal üçin, 1-nji oktýabrda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Işewürlik merkezi hem-de “Telekeçi” söwda merkezi A.Nyýazow şaýolunda açylan desgalaryň hataryna girdi, şol şaýoluň ugrunda belent ýaşaýyş jaýlary, dolandyryş binalary, medeni-durmuş maksatly desgalar we häzirki zaman düzümler bilen bilelikde täze etrapça peýdy boldy.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi üçin ähmiýetli bolan “Berkarar” söwda merkeziniň açylmagy ýylyň has garaşylýan açyşlarynyň biridir. Ýurdumyzyň beýleki şäherlerinde we etraplarynda hem häzirki zaman söwda merkezleri açylýar. Olar ýaşaýjylara diňe bir şäher derejesindäki hyzmatlary däl, eýsem, iş orunlaryny hem hödürläp, täze şäherçeleriň düzümine gürrüňsiz suratda girýär.

Mundan başga hem söwda kärhanalarynyň ulgamy giňelýär we satyn alyjylara hyzmat elmegiň derejesi ýokarlanýar, ýurdumyzda bölek-satuw ulgamynda nagt pulsuz tölegleri höweslendirmek boýunça yzygiderli çäreleriň görülýändigi, sarp ediş bazarynda azyk önümleriniň, daşary ýurtlardan gelip gowuşýan senagat önümleriniň hiline we howpsuzlygyna gözegçilik etmek boýunça belli bir maksatly maksatnamanyň durmuşa geçirilýändigini, şeýle hem degişli güwälendirmegiň amala aşyrylýandygyny belläp geçmek zerur. Durmuş-ykdysdy syýasatynyň möhüm bölekleriniň biri hökmünde bu meselelere hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow uly üns berýär.

Sarp edijileriň hukuklaryny üpjün etmek we olara zerur hem-de ygtybarly maglumatlary bermek, ýurdumyzda önüdürilýän harytlaryň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen Türkmenistanda öndürilen önümleri ştrih arkaly kodlamak girizilýär.

“Türkmenistanda öndürilen önümlere ştrih-kodlary girizmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda kodlamak ulgamyny doly ýola goýmak 2017-nji ýyla çenli bellenildi, ol harytlaryň hereketini elektron görnüşinde hasaba almagy we gözegçilik taýdan seljermegi girizmäge ýardam eder.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň haryt öndürijileri eýýäm öz önümlerini markirlemek üçin ştrih-kodlary peýdalanýarlar. Birnäçe kärhanalara deňeşdirme ştrih-kodlaryny bermek we olary halkara sanawynda bellige almak babatda degişli çäreler görülýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe önümçiligiň artýan möçberlirini hem-de Türkmenistanyň ýokary hilli harytlaryna islegi nazara almak bilen, söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, bäsleşige ukyplylygyň, diýmek, biziň önümlerimize bolan islegiň ýokarlanmagynyň hasabyna eksport ibermelerini diwersifikasiýalaşdyrmak üçin täze mümkinçilikler açylýar. Ýurdumyzda öndürilýän harytlary awtomatiki deňeşdirmek hem-de ştrih arkaly kodlamak ulgamynyň girizilmegi muňa ýardam eder, ol şol harytlaryň hilini ýokarlandyrmak, önümleriň ähli degişli kadalara, şol sanda ekologiýa kadalaryna laýyk gelmegi üçin önüm öndürijileriň jogapkärçiligini ýokarlandyrmak üçin täze höweslendirmeleri döredýär.