Türkmenistanyň Janly tebigatyň milli muzeýinde Sarja atly gaplaňyň we Akja atly ene ýolbarsyň üçem çagasy dünýä indi. Olaryň ýaş eneleri we kiçijik gaplaňjyklar özlerini gowy duýýarlar. Olaryň ählisiniň işdäsi edil ýolbarsyň diýleni ýaly, Akjanyň iýmitine goşmaça witaminler goşuldy. Gaplaňjyklar gününi sanap ösýärler, ýörejek bolup synanyşýarlar we eýýäm täze desga bolan gyzyklanmalary artýar. Bularyň ählisi iki aý töweregi bolar. Ondan soňra gaplaňjyklar bu ýere doly öwrenşerler, şonda bu ýere gelýän tomaşaçylar olara doly syn edip bilerler.
Gaplaňlar 2010-njy ýylda Türkmenistanyň Janly tebigatyň milli muzeýiniň ilkinji ýaşaýjylarynyň biri boldular. Bu ýerde 40 gektar meýdany eýeleýän çäklerde ýabany we öý haýwanlarynyň, guşlaryň, süýrenijileriň, balyklaryň we deňiz çuňlugynyň beýleki ýaşaýjylarynyň 250 görnüşinden gowragy saklanylýar. Olaryň köpüsi Tebigaty goramagyň halkara birleşiginiň we Türkmenistanyň Gyzyl kitaplaryna girizilendir. Bu tematiki haýwanat bagy dört topara: Afrika sawannasy we ýyrtyjylara eýe bolmak, toýnakly haýwanlaryň we guş bazarynyň çäkleri ýaly böleklere bölünýär. Zoologiki seýilgähiniň kontingentini Günorta Afrikanyň haýwanat dünýäsiniň wekilleri, elbetde türkmenistanyň ajaýyp faunasynyň ähli görnüşleri – ýurduň dag, sähralyklaryň, suw we tokaý ýerleriniň haýwanlary düzýär.
Ajaýyp dag howasy we gaýtalanmajak tebigy landşaft – açyk asmanyň astyndaky “janly” muzeý üçin örän gowy şertlerdir. Bu ýerde haýwanlar tebigy ýagdaýa ýakyn şertlerde saklanylýar. Haýwan saklanylýan gyşky gözenekli jaýlar göni açyk meýdança çykýar, suw howdanly belent çadyrlar ganatlylaryň gowy görýän ýerlerine öwrüldi, terrarium bar, athanaly aýlaw bar. Bu günki gün Janly tebigatyň milli muzeýi ýurtda iri ylmy, tebigaty goraýyş we medeni-bilim merkezine öwrüldi. Haýwanat bagynyň işgärleri we gözegçileri bu ýerde ýaşaýan haýwanlaryň bu ýere öwrenişmekleri, olara psihologiki taýdan oňaýlyklary döretmäge çalyşýarlar.