Paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Oba hojalygy toplumynyň binasynda ussat bakjaçylaryň arasynda geçirilen umumymilli bäsleşiginiň jemleýji tapgyry boldy, ony ýurdumyzyň Azyk senagaty döwlet birleşigi we Oba hojalyk ministrligi guradylar.
Emin agzalary bäş ugur – “Altyn gawun”, “Iň uly garpyz”, “Iň uly kädi”, “Täsin bakja önümleri” we “Ussat seçgiçi” boýunça ýeňijileri yglan etdiler. Ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan 25 bakjaçy öz zähmetiniň netijesi bolan uly gawunlary, kädileri, garpyzlary görkezdiler. Ýeri gelende aýtsak, olaryň ululygy we agramy esasy görkeziji däldir. Esasy görkezijiler olaryň görnüş, tagam we beýleki aýratynlyklarydyr.
Bu ýerde bakja önümleriniň köp görnüşleri, şeýle hem olardan taýýarlanylan mürepbeler we şireler görkezildi. Goşa, biri birine sepleşen bakja önümleri bu ýere ýygnananlary haýran galdyrdy.
Düzüminde Oba hojalyk ministrliginiň, Ylymlar akademiýasynyň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň wekilleri bolan eminler topary agramlary çekilen, tagamlary barlanyp görlen önümlere baha berdiler.
Balkan welaýatynyň Bereket etrabyndan Tuwakmämmet Pullyýew Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabyndan Sähet Aşyrow, Lebap welaýatynyň Farap etrabyndan Alişir Joraýew, Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabyndan Seýitmyrat Annaýew we Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabyndan Begençmyrat Esenow esasan “altyn gawunyň” “ak maral” görnüşini görkezdiler. Netijede iň agyr agramly – 16 kilogramdan gowrak we iň tagamly gawuny ýetişdiren B.Rejepow ýeňiji boldy.
Ahal welaýatynyň Kaka etrabyndan Annadurdy Täşliýew, Balkan welaýatynyň Serdar etrabyndan Öwezberdi Şiriýew. Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabyndan Berdimyrat Naýytbaýew, Lebap welaýatynyň Farap etrabyndan Myrat Çakanmyradow, Şeýle hem Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabyndan Şöhrat Gelenow iň uly garpyzlaryň bäşisini görkezdiler. Bu ugur boýunça 31 kilogram garpyzy ýetişdiren Ş.Gelenow hem ýeňiji boldy.
Ahal welaýatynyň Sarahs etrabyndan Ogulgözel Akgaýewa, Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabyndan Beýjik Beýjikow, Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabyndan Bazar Töreşow, Lebap welaýatynyň Serdarabat etrabyndan Tyllagözel Baýnazarowa şeýle hem Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabyndan Maýa Berdygylyjowa özboluşly bakja önümlerini emin agzalaryna görkezdiler. Bu tapgyrda guradylan kädilerden owadan şekilleri taýýarlan M.Berdigylyjowa ýeňiji boldy.
Seçgiçileriň arasynda iň gowulary saýlamak emin agzalaryna aňsat düşmedi. Bu ugur boýunça ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan ýeňiji bolanlar öz döreden bakja önümlerini görkezdiler. Şunda gawunlaryň dürli ölçegdäki görnüşlerini, kädileriň gök zolakly sortlaryny görmek bolýar, olaryň gök, sary, goňur we ak reňkleri gözüňi gamaşdyrýar.
Bäsleşige gatnaşýanlaryň köpüsi özleriniň döreden täze görnüşlerini ilkinji gezek görkezýärler. Balkan welaýatynyň Serdar etrabyndan Şamyrat Ataýew bu ýyl täze tehnologiýa boýunça – ýapyk ýyladyşhanada gawun ýetişdirip, kiçi görnüşli tagamly gawunlary getirdi. Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabyndan Baýsähet Babagulyýew “ak zamça”, “uzyn zamça” gawunlary ýetişdirmek bilen meşgullanýar, ol bäsleşige gawunyň “gök pöwhe” täze görnüşini getirdi. Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabyndan Maral Orazbaýewa indi 20 ýylyň dowamynda bakja önümlerini ýetişdirýär, ýakynda bolsa ol gawunyň täze “alagürbek” görnüşini ýetişdirdi, ol örän süýjüligi bilen tapawutlanýar. Mary welaýatynyň Oguzhan etrabyndan Röwşen Kadyrowiki ýylyň dowamynda işlemeginiň netijesinde öz işleýän daýhan birleşiginiň hormatyna “daghan” adyny goýan gawunyň täze görnüşini emin agzalarynyň garamagyna hödürledi. Bu gawunyň hoşboý ysy, süýji tagamy bar.
Seçgiçileriň arasynda Türkmenistanyň iň tejribeli bakjaçylarynyň biri, 44 ýyl bäri bu ugurda zähmet çekýän Lebap welaýatynyň Saýat etrabyndan Ömürguly Ähmedow ýeňiji boldy. Ýaşuly ekerançy gawunyň we garpyzyň dürli täze görnüşlerini ösdürip ýetişdirýär, olaryň iň bellisi halkara sergilerinde iki gezek baýrakly orunlara mynasyp bolan “Jeýhun” garpyzydyr. Onuň täze ýetişdiren bakjalarynyň hatarynda giç we ir ýetişýän garpyzlar bar.
- Alymlar türkmen gawunlarynyň biziň howa şertlerimize meňzeş bolan beýleki ýurtlarda ýetişdirilen gawunlardan tagamy we süýjülik derejesi bilen aýratyn tapawutlanýandygyny tassyklaýarlar – diýip, Ömürguly Ahmedow gürrüň berýär. – Munuň sebäbi barada häzirki güne çenli pikir alyşmalar bolýar. Emma şeýle süýji we hoşboý ysly gawunlary türkmen ekerançylarynyň tehnologiýalarynyň nusgasyny içgin öwrenip hem başga ýurtlarda ýetişdirip bolmaýar. Mümkin munuň sebäbi nurly günüň ýa-da Amyderýa suwunyň bolmagy hem, biziň ekerançylarymyzyň köpýyllyk tejribesi we zehini ýa-da olaryň öz işine bolan söýgüsi hem bolmagy hem mümkin. Halk seçgiçi – bakjaçylarynyň işi barada oýlanyp, ýygy-ýygydan gawunlaryň seýrek ýetişdirilýän görnüşlerini ýatlaýaryn, sebäbi olaryň tohumlaryny tapmak aňsat däldir. Sebäbi olar biziň milli baýlygymyzdyr we sortlary giňden ýaýratmak üçin hünärmenleriň ygtyýaryna gaýtarylyp berilmelidir diýip, ýaşuly ekerançy aýdýar.
... Bakja önümleriniň “şasynyň” hormatyna geçirilýän bäsleşige gatnaşýanlaryň sany ýyl-ýyldan artýar, bu bolsa bakja önümlerini ýetişdirmäge gyzyklanýanlaryň has köpelmegine getirýär. Şu ýyl bu bäsleşik ýigrimi ikinji gezek geçirildi. Bu döwrüň içinde bakja önümleriniň ençeme täze görnüşleri tapyldy, nesilden nesle geçýän ekerançylaryň nesli kemala geldi, olar bu ugurda däp-dessurlary abraý bilen dowam etdirýärler.