Hazar Döwlet tebigy goraghanasy Türkmenbaşy şäheriniň deňiz kenarynda ýerleşýär. Onuň binasy guşlaryň dürli şekilleri bilen bezelipdir we ol döredijilik merkezine çalym edýär. Hakykatdan-da muzeýiň içki ýagdaýy, onda saklanylýan gymmatlyklar döredijilik eserlerini ýada salýar, olar mähriban ülkämiziň gözelligine bagyşlanypdyr hem-de olara köp zähmet we zehin siňdirilipdir.
Muzeý gymmatlyklary deňizýaka sebitiniň ösümlik we haýwanat dünýäsini görkezýär. Muzeýiň direktory Arzygül Baýramgulyýewa Hazar goraghanasy hakynda gürrüň berdi. Ol 1932-nji ýylda ornitologiýa – guşlary öwreniş merkezi hökmünde döredilip, häzirki döwürde goraghananyň çäkleri we wezipeleri giňeldi. Goraghananyň işgärleri bu sebitlere gyşlamaga gelýän hem-de bu töwereklerde höwürtgeleýän suw we batlykda ýaşaýyn guşlaryň gözegçiligini üpjün edýärler, şeýle hem bu goraghananyň çäklerindäki keýikleriň we tulenleriň, beýleki süýt emdirijileriň, Hazaryň baý balyk dünýäsi ygtybarly goralýar.
Goraghanyň çäkleriniň bioköpdürlüligi balyklaryň 48, süýrenjileriň 26, süýt emdirijileriň 42, oňurgaly jandarlaryň 429, ösümlikleriň 660 hem-de goraghananyň esasy baýlygy bolan guşlaryň 311 görnüşinden ybaratdyr. Haýwanlaryň we ösümlikleriň käbir görnüşleri Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir hem-de olar diňe şu töwereklerde ösýän we ýaşaýan ösümlik we haýwanlardyr.
Muzeýiň bezeg işlerini goraghananyň ylmy işgärleri ýerine ýetirdiler. Moskwanyň ýadygärlik – bezeg sungaty kärhanasynyň suratçylary hem bu işe öz goşandyny goşdular. Muzeýiň uly zalynda “guş bazarynyň” iri göwrümli görnüşleri ünsüňi özüne çekýär. Ol guşlaryň sanynyň köplügi we dürli görnüşi bilen haýran galdyrýar. Keranda ýaýnap gezýän çarlaklar, ördek-gazlar, gyzyl aýaklar, uçup barýan guwlar, ak guýrukly, öz oljasyna garaşýan, kert gaýadan synlap oturan bürgütler aýratyn täsin galdyrýar...
Kiçijek çarlajyklaryň toparynyň şekilleri hem muzeýiň aýratyn bezegidir. Bu guşlar deňziň kenarynda biri-irlerine golaý ýerde höwürtge ýasaýarlar. Mundan başga-da muzeýde guşlaryň suwda gonuşyny, suwasty dünýäni, tebigy landşaftlary we olarda ýaşaýan jandarlary şekillendirýän görnüşler ýerleşdirilipdir.
Biz muzeý boýunça “syýahatymyzy” dowam etdirip, bir zaldan beýleki zala geçýäris. Tekjelerden bu ýere gelýänleri pişikler maşgalasyna degişli gamyş pişikleri ünsli synlaýarlar, olar tiz wagtda gyrymsy ösümliklerde gizlenjeklere meňzeýärler. Ak guýsrukly bürgütler bolsa pessejik beýiklikde ganatyny ýaýýar. Ýere gonan bürgüt ýiti dyrnaklary bilen oljasyny garbap alypdyr we onuň biz bilen işi ýok. Baýguş bolsa uçup barşyna bize – çagarylmadyk myhmanlara gazaply seredýär.
Muzeýde guşlaryň we beýleki jandarlaryň, süýrenjileriň hem-de balyklaryň şekilleri,daşa öwrülen minerallaryň toplumlary, depesinde guşlar pelpelläp uçýan goraghana landşaftlarynyň fotosuratlary ýerleşdirilipdir.
Tebigatyň adaty görnüşleri şäher ýaşaýjylaryny haýran galdyrýar we oňat täsirleri döredýär. Bularyň ählisi geň, täsin duýgulary oýarýar, mähriban ülkämiziň tebigat barada gürrüň berip, Hazar döwlet goraghanasynyň işgärleriniň asylly işlerini beýan edýär.