>"Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda “Syýahatçylyk we gezelenç” atly halkara sergisiniň hem-de maslahatynyň ikinji güni boldy. Deňizýaka şäherinde geçirilen bu çärä dünýäniň 25 ýurdunyň wekilleri gatnaşdylar.
“Seýrana” myhmanhanasynda guralan sergi Türkmenistanyň syýahatçylyk toplumynyň gazanýan üstünliklerine we mümkinçiliklerine bagyşlandy. Onda ýurdumyzda syýahatçylygyň dürli görnüşleriniň, şol sanda sport syýahatçylygynyň ösdürilmegini şertlendirýän döwlet we hususy, beýleki edaralaryň, guramalaryň syýahatçylyk kärhanalarynyň işleri görkezildi. Bu bölümde Türkmenistana gelýän syýahatçylaryň sanynyň artmagyna, welaýatlaryň syýahatçylyk mümkinçilikleriniň açylmagyna, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagy ýaly ugurlaryň giňden wagyz edilmegine, myhmanhana, syýahatçylyk we gezelenç hem-de dynç alyş senagatynyň şüweleň düzüminiň giňeldilmegine gönükdirlen bilelikde gurmuşa geçirilen we geljekki taslamalar görkezildi.
Serginiň işi maslahatyň çäklerinde geçirilen bölüm mejlisleri bilen ugurdaş dowam etdi. Olarda hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary kesgitlenildi. Özüniň tekliplerini we meýillerini mejlise gatnaşyjylaryň garamagyna hödürlän daşary ýurtly hyzmatdaşlar gatnaşyklary ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirdiler.
Türkmenistan syýahatçylygyň ösdürilmegine ägirt uly maliýe serişdelerini gönükdirilýär we daşary ýurtly maýadarlar üçin amatly şertleri üpjün edýär hem-de bu pudakda telekeçilik işi üçin ýeňillikleri döredýär. Şunuň ýaly ygtybarly hukuk binýadynyň bolmagy hem-de ulgama döwlet tarapyndan goldaw berilmegi netijesinde özara gatnaşyklaryň işi kämilleşdirilýär, täze işläp taýýarlamalar höweslendirilýär we halkara gtanaşyklary çuňlaşdyrylýar.
"Awaza" milli syýahatçylyk zolagy –syýahatçylygyň merjeni” atly bölüm “Seýrana” myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda geçirildi. Bu ýerde Malaýziýadlan, Tailanddan, Ukrainadan, Gruziýadan gelen türkmen tarapynyň wekilleri çykyş etdiler. Olarda myhmansöýerligiň däpleri we täzeçil ýörelgeler, syýahatçylygy ösdürmegiň geografiki, ykdysady we durmuş şertleri, syýahatçylyk işewürligi açylyp görkezildi. Şeýle hem Awazanyň binýadynda işewür, medeni we bejeriş-sagaldyş syýahatçylygynyň ugurlaryna, Hazaryň bioserişdelerini goramagyň wezipelerine, milli syýahatçylyk zolagynda daşary ýurtly işewürler üçin ýeňillikli tertipnamalara aýratyn häsiýet berildi. Türkmenbaşynyň Halkara deňiz menzili we beýlekiler ýaly syýahatçylygyň ösdürilmeginde ägirt uly ähmiýeti bolan iri düzümleýin desgalar giňden beýan edildi.
“Syýahatçylygy ösdürmekde Türkmenistanyň medeni-taryhy mirasynyň we tebigy ýadygärlikleriniň ähmiýeti” ady bilen geçirilen bölüme gatnaşyjylar “Daşoguz” myhmanhanasynyň maslahatlar zalyna ýygnandylar. Onda Germaniýanyň, Awstriýanyň, Ispaniýanyň, Bolgariýanyň, Pakistanyň, Täjigistanyň wekilleri öz ýurtlarynyň tejribeleri we hyzmatdaşlyk boýunça hödürlenýän taslamalar barada gürrüň berdiler.
Türkmenistanyň wekilleri medeniýetiň gadymy ojaklaryna, arheologiýa hem-de binagärlik ýadygärliklerine, ýurdumyzyň tebigy ajaýyplyklaryna we goraghana zolaklaryna, orta asyr syýahatçylygynyň ýol ýazgylaryna, ylmy-ekspedisiýanyň ösüşine, zyýarat, etnografiýa, ekologiýa, atly we awçylyk syýahatynyň ösüşine bagyşlanan çykyşlarynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada gürrüň berdiler.
“Deňiz” myhmanhanasynda geçirilen bölüm “Syýahatçylyk we ykdysady täzeçil usullar” diýlip atlandyryldy. Bu ýerde Germaniýadan, Türkiýeden, Çehiýadan, Ýaponiýadan, Indoneziýadan, Özbegistandan gelen hünärmenler çykyş edip, pudak üçin zerur bolan hünärmenleri taýýarlamak meselesi barada durup geçdiler. Türkmenistanyň wekilleri Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlary ýaly iri sport ýaryşlaryny geçirmekde halkara syýahatçylygynyň ösüşinde katalizatorlaryň ähmiýeti, hususylaşdyrmak maksatnamasy we işiň täzeçil usuly, syýahatçylyk hyzmatynda marketing tehnologiýasy barada gürrüň berdiler. Türkmenistanyň tebigy syýahatçylyk serişdelerine, dynç alyş we gezelenç pudagyna ylmy-tehniki ösüşiň gazananlarynyň ornaşdyrylyşyna ykdysady taýdan baha berildi.
Şeýle hem ugurdaş bilimiň geljegi, hünärmenleriň dil taýýarlygy, ýurdumyzda hususy myhmanhana işewürliginiň ösüşi, dünýä bazarynda milli syýahatçylygy ilerletmekde aragatnaşyk ulgamynyň we Internetiň peýdalanylmagy bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mahabat, maglumat we neşirýat işine aýratyn ähmiýet berildi. Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti tarapyndan neşir edilýän “Syýahat” žurnaly mysal hökmünde getirildi we maslahata gatnaşyjylara sowgat hökmünde paýlandy.
Bu ýerde edilen çykyşlary jemläp, syýahatçylyk ulgamyna maýa goýumlary çekmegiň häzirkizaman tehnologiýasy, dünýä bazarynda bu ugurda öňde barýan ýurtlaryň oňyn tejribesi, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň täzeçil ösüşi, tebigy we medeni taryhy mirasyň, täze ykdysady usullary ornaşdyrmagyň hem-de hünärmenleri taýýarlamagyň esasynda ýurdumyzyň sebitleriniň syýahatçylyk mümkinçilikleriniň oýlanyşykly durmuşa geçirilişi ýaly möhüm ugurlaryň öňe çykarylandygyny bellemeli.
Syýahatçylyk pudagynyň oňyn meýilnamalaşdyrylylyşy we rejeli guralyşy, döwletiň hemmetaraplaýyn goldawy hem-de pudakdaky işewürlik başlangyçlarynyň höweslendirilmegi milli ykdysadyýetimiziň ösüşinde täze binýadyň kemala gelmegi üçin oňyn şertleri üpjün edýär. Onuň maddy we tebigy baýlyklary daşyna çykarmazdan eksport mümkinçiliginiň ösdürilmegine gönükdirilmegi bu çäräniň artykmaçlygydyr.
Syýahatçylyk pudagy beýleki pudaklar ýaly bolman, tebigatyň, özboluşly medeniýetiň, taryhy ýerleriň, amatly ekologiýa ýagdaýynyň, häzirkizaman binagärlik ajaýyplyklarynyň saklanmagyny, ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň gözellik derejesiniň ýokarlanmagyny nazarlaýar. Bu bolsa jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ugurlaryny öz içine alýan we ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna uzakmöhletleýin hem-de netijeli täsiri bolan syýahatçylyk işiniň höweslendirilmeginden ybaratdyr.
Forumyň ahyrynda oňa gatnaşyjylara ýörite diplomler gowşuryldy. “Syýahatçlyyk we gezelenç” atly halkara sergisine hem-de maslahatyna gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler. Olar syýahatçylyk ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine hemmetarpalaýyn goldaw berýändigi, forumyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Bu çäräniň barşynda Türkmenistanyň yklymyň ykrar edilen syýahatçylyk merkezine öwrülmegi boýunça bar bolan meýilleriň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegini nazarlaýan gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine degişli ileri tutulýan ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy.