“Demokratiýa we hukuk” ylmy-amaly žurnalynyň nobatdaky sanynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda geçirilýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlary beýan edilýär.
Neşir milli Liderimiziň Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna iberen Gutlagy bilen açylýar. Bu sene döwürleriň hem-de nesilleriň arabaglanyşygyny, beýik ynsanperwer maksatlara, parahatçylyk we döredijilik ýörelgelerine ygrarlylygymyzy beýan edýär.
Žurnalyň sahypalarynda döwlet Baştutanymyzyň şu ýylyň 28-nji maýynda geçiren Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça Konstitusion toparyň mejlisinde eden çykyşy hem ýerleşdirildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlaryň öňünde çykyş edip, degişli ugurda hereketleriň anyk we giňişleýin maksatnamasyny kesgitledi.
Milli Liderimiz konstitusion özgertmäniň ähmiýeti barada aýtmak bilen, “Teklip edilýän täze maddalaryň, şeýle hem üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň ýurdumyzyň Konstitusiýasyna girizilmegi Türkmenistanda demokratik, hukuk we dünýewi döwleti gurmakda uly öňegidişlik gazanmaga mümkinçilik berer. Adam hukuklary we azatlyklary babatda oňyn halkara tejribesini we umumylykda ykrar edilen ýörelgeleri milli kanunçylyga ornaşdyrmak işine hem-de demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň uzak möhlete gönükdirilen maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmäge ýardam eder” diýip belledi. Nygtalyşy ýaly, konstitusion kanunçykaryjylygyň nazary we amaly tejribesini—ýurdumyzyň hem-de daşary döwletleriň tejribesini, seljermesini, gelip gowuşýan möhüm teklipleri umumylaşdyrmak we Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmegiň taslamasyny işläp taýýarlamak boýunça öňde ägirt uly işler durýar.
Okyjylara hödürlenilýän mowzuklaýyn makalalaryň hatarynda milli hukuk ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek meseleleri hakyndaky makalany bellemek gerek. Onuň awtory Adalat ministrliginiň we onuň düzümine girýän edaralaryň Türkmenistanyň Esasy Kanunyny we milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça wezipelerine aýratyn üns berýär.
Mälim bolşy ýaly, daşary ýurtlar bilen dostlukly gatnaşyklary hem-de halklaryň arasyndaky özara düşünişmegi berkitmäge ýardam edýän medeniýet ulgamyndaky özara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi Türkmen döwletiniň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar. Şu meselä bagyşlanan makalada hemişelik Bitaraplygymyzyň hukuk derejesiniň dünýä bileleşigi tarapyndani ykrar edilmeginiň 20 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanda Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilen ýylda geçirilýän iri medeni çärelere gysgaça syn berilýär.
Eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi we türkmen halkynyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy maksady bilen milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän parahatçylyk söýüjilikli hem-de döredijilikli syýasatyny giňden wagyz etmek ýurdumyzda we daşary döwletlerde geçirilýän çäreleriň möhüm wezipesi bolup durýar. TÜRKSOÝ halkara guramasy tarapyndan Mary şäheriniň 2015-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi hem şu ýylyň ähmiýetli wakalarynyň birine öwrüldi. Bu waka dünýä bileleşiginiň degişli ugurda Türkmenistanyň işjeň halkara işlerini geçirmegini giňden ykrar etmeginiň aýdyň subutnamasydyr.
Täze taryhy döwürde amala aşyrylýan, döwrebap hukuk binýadyny döretmäge gönükdirilen konstitusion özgertmäniň möhümdigi we ähmiýeti barada “Konstitusiýa we milli gymmatlyklar” hem-de “Türkmenistanyň kanunçylygynda raýatyň we adamyň hukuklarynyň hem-de azatlyklarynyň kazyýet tarapyndan goralyşy” atly makalalarda gürrüň berilýär. Olarda bellenilişi ýaly, netijeli kanunçylyk binýady, kazyýet we hukuk goraýjy edaralar ulgamy, degişli jemgyýetçilik guramalarynyň hereket etmegi şahsyýetiň kanuny bähbitlerini hemmetaraplaýyn goramak maksatlaryny ýerine ýetirmäge ýardam edýär.
Şeýle hem okyjylara ylmy-tehniki ulgamda netijeli halkara hyzmatdaşlygy barada gürrüň berýän makala hödürlenýär. Onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlaryna öňdebaryjy tehnologiýalary, täzeçillikleri, ylmyň gazananlaryny ornaşdyrmak boýunça geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň diňe syýasy, ykdysady halkara gatnaşyklaryň giňelmegi bilen däl-de, eýsem, daşary döwletler, öňdebaryjy senagat we ylmy merkezleri bilen ylmy-tehniki hyzmatdaşlygyň geriminiň giňeldilmegi bilen utgaşýandygyny nygtalýar. Şeýle hem makalada degişli ugurda Türkmenistanyň dürli döwletler bilen özara gatnaşyklarynyň ugurlary we maksatnama-hukuk binýady jikme-jik beýan edilýär.
Neşirde ýurdumyzyň strategiki hyzmatdaşlarynyň biri--Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň ekologiýa ugruna bagyşlanan makala hem bar. Onda daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri çözmek boýunça sebitara merkezini döretmek babatda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň netijeli usullaryny işläp taýýarlamak boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlarynyň ähmiýetine esasy orun berildi. Awtor ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhümdigi barada aýdyp, degişli ugurda gazanylan üstünlikleriň ekologiýa ulgamynda Türkmenistanyň BMG bilen netijeli hyzmatdaşlygynyň, türkmen Lideriniň ýöredýän döredijilikli we öňdengörüjilikli ekologiýa syýasatynyň netijesidigini belleýär.
Çagalar we ýaşlar hakynda alada hem döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugularynyň biridir. Ýurdumyzda ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek, onuň beden we ruhy taýdan kämilleşmegi, bilim almaga, hünär edinmäge kepillendirilen hukugyny amala aşyrmak meselelerine uly üns berilýär. “Çagalaryň we ýaşlaryň hukuklaryny goramak boýunça kanunçylygyň kämilleşdirilişi” atly makala şu meselä bagyşlandy.
Ozal bellenilişi ýaly, şu ýyl Türkmenistan üçin möhüm waka—ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň hukuk derejesine eýe bolmagynyň 20 ýyllygyna beslenýär. Şunuň bilen baglylykda “Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň taryhy ähmiýeti we kanunçylyk esaslary” diýen makala uly gyzyklanma döredýär. Sebitde hem-de dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge hemmetaraplaýyn ýardam etmek Türkmen döwletiniň Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanan daşary syýasatynyň esasy ugrudyr. Makalada bellenilişi ýaly, şu ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Bas Assambleýasy tarapyndan “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly kararnamanyň gaýtadan kabul edilmegi hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan goldanylýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.
Neşiriň nobatdaky sanynda çap edilen makalalaryň hatarynda “Türkmenistanyň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmagyň ugurlary: kanunçylyk we iş tejribesi” atly makalany hem görkezmek gerek. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek maksady bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler barada aýdylýar. Makalanyň awtory Türkmen döwletini ösdürmek we türkmenistanlylaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmak işinde makroykdysady taýdan kadalaşdyrmagyň täsirli usullaryny ornaşdyrmak, bazar gatnaşyklaryny has-da çuňlaşdyrmak, ägirt uly taslamalary amala aşyrmak, olary maliýeleşdirmegiň döwrebap usullaryny peýdalanmak boýunça görülýän toplumlaýyn çäreleriň ähmiýetini belleýär.
Žurnalyň şu sany “Senenama” bölümi bilen jemlenýär. Onda abraýly halkara guramalarynyň ýolbaşçylarynyň we bilermenleriniň gatnaşmagynda Aşgabatda geçirilen duşuşyklar, maslahatlar barada gürrüň berilýär, şeýle hem türkmen hünärmenleriniň hukuk ulgamynda öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenmek maksady bilen dünýäniň dürli ýurtlaryna amala aşyran iş saparlaryna gysgaça syn berilýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli instituty tarapyndan çap etmäge taýýarlanan žurnal Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Metbugat merkezinde ýokary çap usulynda neşir edildi hem-de suratlar bilen bezeldi.