Ï Türkmenistanyň döredijilik kuwwaty – dünýä metbugatynyň sahypalarynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň döredijilik kuwwaty – dünýä metbugatynyň sahypalarynda

view-icon 1031
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýäde ynanyşmak we özara düşünişmek ýagdaýyny berkitmäge, dürli halklaryň we döwletleriň arasynda dostluk we özara gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlyk köprülerini gurmaga gönükdirilen parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty soňky ýyllarda dünýä bileleşiginiň üns merkezinde durýar.

Öz ylalaşdyryjylyk, ykdysady we serişdeler kuwwatyny parahatçylygyň, durnuklylygyň we ählumumy durmuş-ykdysady ösüşiň hyzmatyna ynamly gönükdirmek bilen uly halkara abraýyna eýe bolan Garaşsyz, bitarap Türkmenistan dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly gyzyklanma döredýär.

Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan 2015-nji ýylyň möhüm wakasynyň—Türkmen döwletiniň hemişelik oňyn bitaraplyga eýe bolmagynyň 20 ýyllygynyň hormatyna taýýarlanan “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygy” atly ýörite žurnalyň, şeýle hem “Diplomatiches Magazin” atly meşhur ýewropa žurnalynyň sahypalarynda birnäçe makalalaryň çap edilmegi munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Bu žurnal Germaniýa Federatiw Respublikasynda işleýän daşary ýurt diplomatik wekilhanalaryň wekilleri üçin özboluşly “münber” bolup durýar.

Oktýabr aýynda neşir edilen “Diplomatiches Magazin” atly ýewropa žurnalynda Türkmenistanyň şu güni, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanan üstünlikleri, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň amala aşyrýan parahatçylyk, ählumumy howpsuzlyk hem-de netijeli, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýaly mizemez ýörelgelere esaslanan köp ugurly daşary syýasy ugry barada gürrüň berilýär.


Žurnallaryň ikisi hem häzirki zaman halkara gatnaşyklaryň tejribesinde täzeçillik tejribesine öwrülen Bitaraplygyň hukuk derejesiniň sebit we dünýä syýasatynyň möhüm meselelerini çözmekde aýratyn ornuny kesgitleýär diýen birmeňzeş pikiri beýan edýärler.

Öz daşary syýasatynyň binýatlyk esasy hökmünde Bitaraplygy strategik taýdan seçip alan Türkmenistanyň alyp barýan ugry bu gün dünýä bileleşiginiň global ösüşiniň möhüm şerti hökmünde ykrar edilýär. Sebitde we dünýäde ähli goşulyşmak proseslerine işjeň gatnaşmak bilen biziň ýurdumyz özüni halkara işlerinde ygtybarly hyzmatdaş, dünýäniň ähli ýurtlary bilen sazlaşykly gatnaşyklary ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn esasda—abraýly halkara guramalaryň, ozaly bilen Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde ösdürýän döwlet hökmünde tanatdy.

Bitaraplygyň belent derejesine eýe bolmak bilen, Türkmenistan hemişe halkara gatnaşyklarynyň merkezinde durýar hem-de ynsanperwerligiň we durnukly ösüşiň umumadamzat taglymatyny amala aşyrmaga mynasyp goşandyny goşýar. Türkmen halkynyň milli däpleri, ýurdumyzyň geosyýasy ýerleşişi, onuň baý tebigy serişdeleri bilen şertlendirilen bu işiň gerimine 2007-nji ýylda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlary üçin öüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy, şeýle hem ýurdumyzyň BMG-niň, GDA-nyň, YHG-niň, beýleki birnäçe abraýly halkara düzümleriň işlerine işjeň gatnaşmagy sazlaşykly goşuldy.

Tebigy baýlyklaryň, ilkinji nobatda, nebitiň we gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistanyň energetika syýasaty hem iki neşiriň habarlar giňişliginde ara alnyp maslahatlaşylýan möhüm meseleleriň birine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtaýşy ýaly, biziň ýurdumyz öz baý serişdelerini diňe öz halkynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak üçin däl-de, eýsem, olary tutuş adamzadyň hyzmatyna gönükdirmegi maksat edinýär. Türkmen tebigy gazyny iri halkara bazarlaryna ibermek boýunça görülýän anyk çäreler munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar.


Garaşsyz bilermenler tarapyndan tassyklanan ýurdumyzyň ýataklarynyň ägirt uly gorlary, ilkinji nobatda dünýäde ululygy boýunça ikinji ýerde durýan Galkynyş gaz käniniň gorlary açyk, özara ynamly halkara hyzmatdaşlygy üçin uly mümkinçilikleri açýar. Dünýä belli halkara maslahatçy—“Gaffney Cline ,& Associates” britan kompaniýasy tarapyndan geçirilen we dünýä derejesinde uly seslenme döreden garaşsyz auditiň netijeleri boýunça onuň gorlary soňky maglumatlara görä tebigy gazyň 26 trillion 200 milliard kub metr möçberinde kesgitlendi.

Türkmen tarapynyň soňky ýyllarda başyny başlan anyk taslamalary, şol sanda Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijiniň gurulmagy, gurluşygyna badalga bermäge taýýar edilen Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisi, şeýle hem Ýewropa ugurda çekilmegi göz öňünde tutulýan, soňky döwürde Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Türkiýäniň we Ýewropa Bileleşiginiň arasynda işjeň ara alnyp maslahatlaşylýan Hazarüsti gaz geçirijini gurmagyň taslamasy Türkmenistanyň köptaraplaýyn energetika diplomatiýasyny yzygiderli amala aşyrmakda anyk ädimler bolup durýar.

Dünýäniň iri önüm öndürijileriniň we energiýa serişdelerini iberýän döwletleriň biri hökmünde ykrar edilen Türkmenistanyň ýokary derejede beýan eden başlangyçlary energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça halkara gatnaşyklaryny giňeltmäge itergi berip, hyzmatdaşlygyň çeýe we netijeli halkara-hukuk usulyny döretmegiň hem-de XXI asyrda global energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça öňüni alyş çärelerini amala aşyrmagyň başyny başlady.

Makalalarda bellenilişi ýaly, ýurtda amala aşyrýlan giň gerimli özgertmeler hem-de ähmiýetli düzüm taslamalary, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyna açyklyk we daşary ýurtly işewürler üçin şertleriň döredilmegi—bularyň hemmesi daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň geljegi uly, sazlaşykly ösýän türkmen bazarynda orunlaryny giňeltmäge hem-de bu ýerde amala aşyrylýan sebit we dünýä ähmiýetli taslamalara işjeň gatnaşmaga bolan islegini şertlendirýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda üstünlikli amala aşyrylýan durmuş ugurly içeri syýasatyň möhüm taraplary baradaky makalalaryň hem giň okyjylar köpçüliginde uly gyzyklanma döretjekdigi şübhesizdir. Türkmenistanlylaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmak, şeýle hem doly senagatlaşmaga tarap ynamly ugur alan Türkmenistanyň ýokary netijeli we bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti döretmek şol syýasatyň ileri tutulýan ugry bolup durýar.

Çap edilen makalalarda halkara ülňülerine laýyk getirilýän milli saglygy goraýyş we bilim ulgamlaryny özgertmegiň çäklerinde soňky ýyllarda Türkmenistanyň gazanan uly üstünlikleri we düýpli özgertmeler barada gürrüň berilýär.

Ermenistanda neşir edilen žurnal sazlaşykly ösýän beýleki pudaklaryň—dokma senagaty, oba hojalygy, ulag düzümi we sport ulgamlarynyň gazanan üstünliklerine hem üns beripdir. Türkmenistanyň paýtagty—ak mermerli Aşgabadyň taryhy, köp asyrlyk halyçylyk sungaty, türkmeniň behişde bedewleri, gadymy saz gurallary, däp-dessurlary baradaky habarlary hem özboluşly gyzyklanma döredýär.

Bellenilişi ýaly, biziň ýurdumyzyň ägirt uly syýahatçylyk mümkinçilikleri daşary ýurtly jahankeşdeleriň köp sanlysyny özüne çekýär. Olaryň aýratyn gyzyklanmasy, ilkinji nobatda, türkmen topragynyň gözel tebigatyna— gerimi boýunça deňi-taýy bolmadyk taslamanyň--"Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň gurulýan Hazar deňziniň ekologik taýdan arassa kenaryna bolan gyzyklanmasy makalalarda öz beýanyny tapýar. Dünýä belli alawly oý-Derwezäniň gaz ojagy ýerleşen Garagumuň çölüniň uç-gyraksyz gumlary, Köpetdag ulgamlary, Köýtendagyň zawlary we dinozawlaryň aýak yzlary galan belent tekizlik, ýerasty köller we beýleki syýahatçylyk ýerler wasp edilýär. Olaryň hatarynda türkmen halkynyň bäş müň ýyllyk baý medeni-mirasynyň, onuň dünýä siwilisiýasynyň ösmegine uly goşandynyň maddy subutnamasy bolan taryhy-binagärlik ýadygärlikleri bar.

Alymlaryň özleri hem Türkmenistany açyk asmanyň astynda ýerleşen, irki orta asyryň ilatly ýerleriniň ýadygärliklerini we iri dini toplumlary öz içine alýan özboluşly taryhy muzeý diýip, atlandyrýarlar. Taryhy-medeni ýadygärlikleriň—Gadymy Merwiň, Köneürgenjiň we Gadymy Nusaýyň UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi gaýtadan dikedilýän Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen ýadygärlikleriň ähmiýetini tassyklaýar.

Şonuň bilen birlikde, türkmen halkynyň taryhy beýleki halklaryň taryhy bilen özara bagly bolup durýar. Mysal üçin, Ermenistanyň çäginde ýerleşen, hususan-da, Ýerewanyň golaýyndaky Garagoýunly türkmen emirleriniň kümmeti türkmen we ermeni halklarynyň özara gatnaşyklarynyň ýakynlygyny tassyklaýar. Oňa žurnalda aýratyn makala bagyşlanypdyr. Makalada bellenilişi ýaly, ermeni ýyl ýyzgylaryny düzüjiler türkmen hökümdarlaryny hemişe parasatly we gujurly adamlar, sebitde durmuş-ykdysady, medeni we ylmy ösüşe ýardam eden dürli dinler bilen ylalaşyk syýasatyna ygrarly emirler hökmünde häsiýetlendirdiler. Ermenistanyň şäherlernde we obalarynda saklanyp galan türkmen nebereleriniň wekilleriniň atlary ýazylan köp sanly ýadygärlikler türkmen we ermeni halklarynyň umumy taryhynyň baý mirasyna aýawly garalmagynyň subutnamasy bolup durýar. Ol iki dostlukly ýurduň halklarynyň arasynda ynamly, hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ruhy beýanyny düzýär.

Mahlasy, täze žurnallarda ýerleşdirilen ähli makalalar Türkmenistanyň gözel ýerlerini—täsin ýadygärlikleri, türkmen paýtagtynyň we ýurduň welaýatlarynyň bezegine öwrülen häzirki zaman monumentleri we seýilgähleri, şeýle hem halkymyzyň buýsanjy bolup durýan gamyşgulak bedewleri şekillendirýän dürli reňkli suratlar we kollažlar bilen utgaşýar.

Ajaýyp bezelen täze neşirleriň çapdan çykmagy tutuş halkara bileleşiginiň uly mümkinçilikleriň ýurdy, diňe ägirt uly serişde we ykdysady kuwwatyna däl-de, eýsem, aýratyn üns berilmäge we öwrenilmäge mynasyp bolan baý taryhy –medeni mirasa eýe bolan Türkmenistana artýan gyzyklanmasynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.