Ï Aşgabatda dünýä türkmenleriniň ХVIII maslahaty geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda dünýä türkmenleriniň ХVIII maslahaty geçirildi

view-icon 866
Şu gün Aşgabat şäher häkimliginiň “Mekan Köşgünde” Türkmenistanyň Prezidenti, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda çagyrylýan Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň ХVIII maslahaty geçirildi.

Döwlet Baştutanymyzyň maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk, giň halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna daýanýan we ählumumy parahatçylyk, howpsuzlyk we abadançylyk maksatlaryna laýyk gelýän halkara syýasaty netijesinde daşary ýurtly watandaşlarymyz bilen medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigini belleýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurtlara guraýan saparlarynda watandaşlarymyz bilen duşuşmak, olara üns, goldaw bermek üçin hemişe mümkinçilik tapýar. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň şu ýylyň awgust aýynda Owganystana bolan resmi saparynyň barşynda ol ýerde kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri bilen duşuşandygyny görkezmek bolar. Munuň özi watandaşlarymyzyň öz dilini we medeni däplerini saklamaga, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurulmagyna yzygiderli kömek, goldaw berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Asylly däbe görä, bu maslahat ýurdumyzyň baş baýramy bolan Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda geçirilýär. Bu bolsa özygtyýarly bitarap döwletimiziň amala aşyrýan ynsanperwer syýasatynyň düýp özenini äşgär edýär. Ählihalk baýramçylyk günlerinde Aşgabada gelip görmek bilen millionlarça daşary ýurtly watandaşlarymyzyň wekilleri halkymyzyň mähriban Watanyna bolan özboluşly buýsanjyna, ýurdumyzyň häzirki döwürde ýeten derejesine we kuwwatyna, taryhy Watanymyzyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe durmuşa geçirýän ägirt uly işlerine has dolulygy bilen göz ýetirýärler.

Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň ХVIII maslahatynyň başlamagynyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar Garaşsyzlyk Binasyna gül desselerini goýdular.

Soňra “Mekan” köşgüniň maslahat zalynda bu çäräniň açylyş dabarasy boldy. Oňa ýurdumyzyň hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, Türkmenistanyň daşary ýurtlarda işleýän ilçileri, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ylym we medeniýet işgärleri, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň toparlaýyn agzalary bolup durýan ýurdumyzyň Ylymlar Akademiýasynyň birnäçe ylmy institutlarynyň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, paýtagtymyzdaky ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Şeýle hem bu giň möçberli maslahata dünýäniň 16 döwletiniň, şol sanda Owganystanyň, Belarusuň, Beýik Britaniýanyň, Germaniýnyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Pakistanyň, Russiýanyň, Saud Arabystanynyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, Ukrainanyň, Şwesiýanyň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Milli Liderimiz maslahata gatnaşyjylary, ähli watandaşlarymyzy, türkmenleriň taryhy Watany bolan Türkmenistan bilen ýygjam gatnaşyk saklaýan daşary ýurtly dostlarymyzy, dünýäniň dürli künjeklerinde ýaşaýan doganlarymyzy mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 24 ýyllygy we şu sanly baýramçylyk mynasybetli geçirilýän maslahatyň başlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlady.

“Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýetilen belent sepgitler Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň täze taryhyna ýazylýan altyn sahypalar bolup, türkmen halky üçin hem, dünýäniň dürli döwletlerinde ýaşaýan doganlarymyz üçin hem uly buýsançdyr. Häzirki döwürde Türkmenistan bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik ýörelgelerini durmuşa geçirip, bü düşünjeleri bütin dünýä bilen gatnaşyklarynda giňden ulanýar” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.

Milli Liderimiziň “Türkmenistanda ýaşaýan her bir adam üçin hem, dürli sebäplere görä, bu toprakdan aýra düşüp, alyslardaky ýurtlarda ýaşaýan türkmenler üçin hem Watan şirin jandan ezizdir. Ata-babalarymyzyň aruwlary siňen bu mähriban toprak, Watanymyzyň berkararlygy biziň hemmämiz üçin iň eziz, iň gymmatly mukaddeslikdir” diýip aýdan sözleri dabara gatnaşyjylaryň her biriniň kalbynda buýsanç dugusyny döretdi.

Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagy maslahata gatnaşyjylar tarapyndan mähirli kabul edildi we ol el çarpyşmalar bilen garşylandy.

Maslahatyň barşynda abraýly halkara guramasy bolup durýan we ýurdumyzyň çäginden daşarda giň meşhurlyga eýe bolan Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň işi hakyndaky çykyş diňlenildi. Häzirki döwürde dünýäniň 14 ýurdunda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň 27 bölümi hereket edýär. Onuň düzüminde 300-den gowrak toparlaýyn we ýüzlerçe şahsy agzalar, şol sanda daşary döwletlerden 400-e golaý agzalar bar.

Soňky ýyllarda bu birleşik daşary ýurtly watandaşlarymyz bilen alyp barýan işiniň mazmunyny has-da baýlaşdyrdy. Watandaşlarymyzyň işiniň utgaşdyrylmagyny ýola goýmak, türkmen halkynyň medeniýetini, däp-dessuryny dünýä ýüzünde giňden wagyz etmek, halkymyzyň taryhyny we dilini öwrenmek ýaly çäreler birleşigiň işiniň möhüm ugurlary bolup durýar.

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli we oňyn syýasatyny,onuň täze taryhy eýýamda gazanan üstünliklerini wagyz etmek ugrunda Türkmenistanyň daşary döwletler bilen alyp barýan hyzmatdaşlygyny ösdümekde bu Birleşige möhüm orun degişlidir.

Ýurdumyzyň ylym we bilim, medeniýet we sungat, telekeçilik ýaly ugurlardaky halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirildi. Häzirki döwürde watandaşlarymyzyň işini utgaşdyrmak, milletiň ruhy bitewüligini emele getirmek, türkmen halkynyň özboluşly däp-dessurlaryny saklamak, milli medeniýetimizi wagyz etmek boýunça daşary ýurtlarda dürli çäreler durmuşa geçirilýär.

Şu ýylda geçirilen çäreleriň köpüsi türkmen döwletiniň hemişelik bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 20 ýyllygyna bagyşlandy. Bu şanly waka mynasybetli Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň daşary ýurtlardaky bölümlerinde, türkmenleriň kowçum blup ýaşaýan ýurtlarynda, sergiler, konsertler, döredijilik duşuşyklary we ýurdumyzyň täze taryhy, özygtyýarly türkmen döwletiniň daşary syýasatynyň, türkmen bitaraplygynyň taryhy, syýasy, hukuk esaslary bilen giň jemgyýetçiligi tanyşdyrmaga gönükdirilen beýleki çäreler geçirilýär.

Maslahatyň barşynda daşary ýurtly watandaşlarymyz ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän we türkmen halkynyň abadançylygynyň, onuň halkara derejesindäki abraýynyň ýokarlanmagyna gönükdirillen giň möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalar bilen tanyşdyryldy.

Owganystanda, Russiýada, Özbegistanda, Täjigistanda, Birleşen Arap Emirliklerinde kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriniň alyp barýan işlerine aýry-aýry çykyşlar bagyşlanyldy.

Çykyş edenler pursatdan peýdalanyp, daşary ýurtly watandaşlarymyz hakynda atalyk alada edýän we olara yzygiderli üns berýän milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar. Maslahata gatnaşyjylar Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan galkynmagyna, aýratyn-da, serhetýaka etraplarynyň elektrikleşdirilmegine, Hyrat welaýatynyň Turgundy obasynda çaga dogrulýan öýüň gurulmagyna, şeýle hem biziň ýurdumyzyň serişdeleriniň hasabyna Täjigsitanyň Hatlon oblastynyň Jyllykkul raýoynynda, Astrahan oblastynyň Funtowo obasynda, Moldowa Respublikasynyň Gagauz awtonom oblastynyň Wulkaneşt raýonynyň Çişmikioý obasynda täze döwrebap mekdepleriniň, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň gurulmagyna, türkmen medeniýetini we onuň belli wekillerini wagyz etmäge gönükdirilen çäreleriň gurulmagyna yzygiderli kömek-goldawynyň berilmeginiň Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli we ynsanperwerlik syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi alamatlandyrýandygyny bellediler.

Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn başlangyçlarynyň, tutuş adamzadyň durnukly ösüşiniň, türkmen halkynyň abadançylygynyň, mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegine gönükdirilen parahatçylyk söýüjilik oňyn syýasatynyň döwletleriň we halklaryň arasyndaky dostluk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de berkidilmegini we ösdürilmegini ugur edinýär.

Maslahata gatnaşyjylar milli Liderimiziň durmuşa geçirýän daşary we içeri syýasatynyň ynsanperwer ýörelgelerine laýyklykda dünýä türkmenleriniň medeni-gumanitar hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň wezipelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Maslahatyň gün tertibine guramaçylyk meseleleri hem girizildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Maslahatyň gün tertibine şeýle hem G.Nepesowy Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidentiniň orunbasary wezipesine saýlamak we M.Abilowy başga işe geçenligi sebäpli bu wezipeden boşatmak hakyndaky mesele girizildi. Bu mesele boýunça biragyzdan Karar kabul edildi.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnayşyjlar Türkmenistanyň Prezidenti, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Şeýle hem olar milli Liderimizi şanly Garaşsyzlygymyzyň 24 ýyllygy bilen gutlap, döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň berkidilmeginiň, onuň daşary syýasat babatdaky abraýnyňy ýokary galmagynyň, milletiň ruhy taýdan galkynmagynyň bähbidine ägirt uly iş alyp barýandygyny bellediler. Şeýle hem olar daşary ýurtlardaky kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň işine, watandaşlarymyzyň agzybirligine aýratyn ähmiýet berýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa berk jan saglyk, egsilmez güýç-kuwwat, uzak ömür, Watanymyza gulluk etmek ýaly asylly işlerinde uly üstünlik arzuw etdiler.

“Mekan” köşgüniň eýwanynda paýtagtymyzyň muzeýleriniň gymmatlyklaryndan, şeýle hem Türkmenistanyň Çeperçilik akademiýasynyň mugallymlarynyň we talyplarynyň işlerinden düzülen sergi ýaýbaňlanldyryldy. Onda türkmen halkynyň taryhy, däp-dessurlary we özboluşly ajaýyp sungaty barada gürrüň berilýär.

Şeýle hem köşkde gadymy we juwan türkmen topragyny, zähmetsöýer we zehinli halkymyzy wasp edýän milli aýdym-sazlar belentden ýaňlandy.

* * *

Ýakyn günlerde daşary ýurtly watandaşlarymyz Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 24 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk çärelerine, paýtagtymyzyň ýaşlary, jemgyýetçilik guramalary bilen meýilleşdirilen duşuşyklara gatnaşarlar. Şeýle hem sergilere, muzeýlere, täze senagat we medeni-durmuşa maksatly binalara, söwda merkezlerine baryp görerler, sahna oýunlaryna tomaşa ederler we Türkmenistanda telekeçiligiň ösdürilişi bilen tanşarlar.