Ï Syýaýahatçylyk diplomatiýasy Türkmenistanyň “açyk gapylar” syýasatynyň möhüm ugrydyr
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Syýaýahatçylyk diplomatiýasy Türkmenistanyň “açyk gapylar” syýasatynyň möhüm ugrydyr

view-icon 1236
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygynyň baýramyna bagyşlanyp çap edilen köp sanly neşirleriň arasynda “Syýahat” žurnalynyň nobatdaky sany hem-de köp sanly daşary ýurtly myhmanlary ýurdumyzda jemlän şanly senä bagyşlanyp neşir edilen bu žurnalyň ýörüte sany bar.

Žurnalyň üç dilde çap edilmegi ony diňe bir türkmen okyjylaryna däl-de, iňlis we rus dilinde okaýan köp sanly okyjylara hem elýeterli edýär. Bu bolsa Türkmenistanyň gözellikleri, onuň taryhy we medenýeti, tebigat aýratynlyklary, şeýle hem biziň günlerimizde täze mazmuna eýe bolan däp-dessurlary bilen içgin tanyşmaga olarda ajaýyp mümkinçilikler döredýär.

Žurnalyň nobatdaky sany “Ýaşulular maslahaty: däp-dessurlaryň parasatlylygy-täzeçillikleriň energiýasy” atly makala bilen açylýar. Türkmenlerde gadym döwürlerden bäri möhüm meseleleri baý durmuş tejribesi bolan, köpi gören ýaşulular bilen bilelikde çözmek däp bolup galypdyr. Ýaşuly nesliň wekilleriniň pikirine, olaryň halk arasyndaky abraýyna çuňňur hormat goýmaga esaslanýan bu däp Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistanyň jemgyýet—döwlet gurluşynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi.

Ýaşulular maslahaty- abraýly we köpi gören halk wekilleriniň forumy hökmünde ýurdumyzyň syýasy durmuşyna ruhy itergi berip, Watanymyzyň ösüşine raýatlarymyzyň işjeň gatnaşýanlygyny şöhlelendirýär.

Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan halk häkimýetliliginiň demokratik ýörelgeleri ýurdumyzda bolup geçýän syýasy—jemgyýetçilik ilerine milli özboluşlylyk berip, köp babatda döwlet gurluşygynyň ugurlaryny kesgitleýär. Bu işlerde türkmen milletiniň ata—babalarynyň tejribelerini özünde jemleýän ruhy ýörelgeleri baglanyşdyryjy esas bolup durýar.

Başga sözler bilen aýdylanda, taryhy miras ýurdy döwrebaplaşdyrmak üçin ajaýyp serişde bolup durýar. Täze mümkinçilikleri, başlangyçlary durmuşa geçirmek halkyň taryhy tejribesine, onuň gadymdan gelýän ýokary ruhy gymmatlyklaryna eýermek arkaly amala aşyrylýar.

Görşümiz ýaly, biziň günlerimizde hem köpçilik bilen agzybirlikde maslahat etmek, ykbal kesgitleýji çözgütleri kabul etmäge we halkyň syýasy islegini ýüze çykarmaga esas bolup hyzmat edýär. Bu bolsa jemgyýetiň syýasy we durmuş taýdan durnuklulugyny üpjin edýär. Türkmen demokratiýasyny, beýleki milli nusgalardan tapawutlandyrýan häsiýetli aýratynlyk hem şundan ybaratdyr.

Ýurdumyzda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary barada gürrüň bermek bilen, “Syýahat” žurnaly okyjylary pudagyň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak we infrastrukturasyny ösdürmek, dynç almagy, myhmanlary kabul etmegi guramagyň görnüşleri we usullary, şeýle hem hyzmatlaryň ýokary hil derejesini üpjin etmek boýunça alnyp barylýan işler hakyndaky täzelikler bilen tanyşdyrmagy dowam edýär.

Žurnalyň nobatdaky sany Türkmenistanyň syýahatçylyk pudagyny ösdürmek mümkinçiligi we myhmansöýerligi bilen daşary ýurtlylary giňden tanyşdyran, ýurdumyzda we onuň çäklerinden daşynda guralan syýahatçylyk forumlary baradaky reportažlara okyjylaryň ünsini çekýär. Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň wekiliýetiniň Özbegistanyň paýtagty Daşkentde we Ýaponiýanyň paýtagty Tokioda bolan halkara sergi ýarmarkalaryna gatnaşmagy baradaky maglumatlar muňa degişlidir.

Sergileriň işiniň gidişinde, ýurdumyzyň syýahatçylyk pudagynyň wekilleri özleriniň daşary ýurtly kärdeşleri bilen işjeň gatnaşyklary pugtalandyrmak we giňeltmek meseleleri boýunça işewür duşuşyklaryň tapgyryny geçirdiler.

Şeýle hem, türkmen hünärmenleri beýleki ýurtlaryň ekispozisiýalary bilen alyp barýan işleriniň nukdaýnazaryndan tanyş boldular. Syýahatçylyk agentlikleriniň işi bilen tanyşdyrmak we mahabat etmek boýunça täze tapyndylar we çözgütler olaryň hasam ünsüni çekdi. Bu pudagyň döwlet we hususy bölümlerine wekilçilik edýän milli syýahatçylyk operatorlarymyz üçin, özleriniň daşary ýurtly kärdeşleri bilen ýüzbe-ýüz duşuşyklary geçirmek, olara garaşylýan netijeleri we iş mümkinçiliklerini has takyk kesgitlemäge ýardam berdi.

Žurnalyň nobatdaky sanynyň makalalarynyň arasynda “Daşoguz—GDA-nyň 2016-njy ýylda medeni paýtagtydyr” bar. “Arkalaşygyň medeni paýtagytlary” atly döwletara maksatnama, her ýyl paýtagt däl ýurtlarda döredijilik çeşmeleriniň ýygnanmagyna we emele gelen berk taryhy medeni gatnaşyklara esaslanýan, täsirli we köp öwüşginli medeni we gumanitar çäreleri döretmegi üpjün edýär. Hut şu sebäpli hem, häzirki döwürde Arkalaşyga girýän Garaşsyz döwletleriň özboluşly medeni gatnaşyklary işjeň dowam etdirilýär.

Gadymy türkmen şäherleriniň birine, 2016-njy ýylda Arkalaşygyň medeni paýtagty derejesiniň berilmegi—Türkmenistanyň müňýyllyklara uzap gidýän şohratly taryhynyň, asyrlaryň dowamynda adamzadyň taryhy ösüşlerindäki özara arabaglanşygynda ähmiýetini görkezýän, hakyky, ajaýyp ýagdaýdyr.

Türkmenistanyň iri halkara medeni-gumanitar çäreleri geçirmek boýunça ýeterlik tejribesi bardyr. Mysal üçin, ýurdumyzyň Mary şäheri 2012-nji we 2015-nji ýyllarda Garaşsyz döwletleriň Arkalaşygynyň hem-de türki dünýäsiniň medeni paýtagty wezipesini uly üstünlik bilen ýerine ýetirdi. Hut şunuň üçin hem geljek ýyl Daşoguz şäheriniň hem bu hormatly wezipäniň abraý bilen hötdesinden geljekdigine hiç hili şek-şübhe ýokdur.

Şeýle hem žurnalyň täze sanynda mundan 20 ýyl ozal esaslandyrlan, ýurdumyzyň ilkinji hususy syýahatçylyk firmalarynyň biri bolan “Haryt-syýahat” syýahatçylyk kompaniýasynyň işi hakynda gürrüň berilýär. Makalada bu kärhana tarapyndan Türkmenistanyň ähli künjeklerinde daşary ýurtly syýahatçylar üçin döredilýän hyzmatlaryň giň toplumy barada gürrüň berilýär.


“Gyzyljaryň gum öwrümleri” atly makala ýurdumyzdaky iň gyzykly syýahatçylyk ýollary barada gürrüňi dowam edýär.

Türkmenistanda geçmişiň täsin ýadygärlikleri örän kändir. Olar köp wagtlardan bäri barlagçylaryň ünsüni özüne çekmek bilen, gadymyýeti söýýän we töwekgelçilikli syýahatyň muşdaklarynyň baryp görmegi höwes edýän ýerleriniň biri bolup durýar. Olaryň hatarynda, bu ýeriň ýaşaýjylarynyň gadym döwürde gaty toprak gatlagynyň astynda guran emeli gowaklaryny görkezmek bolar. El bilen döredilen şeýle gowaklar ýurdumyzyň ençeme etraplarynda bar. Okyjy bu gezek Bathyzdaky täsin ýerasty gowaklar hem-de Gyzyljar zawunyň dik gaýalarynda ýerleşen gowaklar bilen tanyş bolar. Hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, bu gowaklar mundan 8-9 müň ýyl ozal döredilipdir.

“Syýahat” žurnalynyň ýörüte goýberilişi tutuşlugyna "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyna bgyşlanypdyr. “20015-nji ýyl—Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly. Syýahatçylyk diplomatiýasy Türkmenistanyň “açyk gapylar” syýasatynyň möhüm ugrudyr” atly baş makalada Hazar deňziniň kenar ýakasynda döredilen halkara derejesindäki ýaş deňiz şypahanasynyň ähli desgalary we täze binalary, onuň myndan beýläk hem ösdürilmeginiň geljegi barada giňişleýin syn berlipdir.