Türkmenistanlylar döwletimiziň hemişelik bitaraplygynyň 20 ýyllygynyň alamaty astynda geçen 2015-nji ýyly iň oňat umyt-arzuwlar bilen ugradyp, Täze, 2016-njy ýyly ählihalk ruhubelentlik ýagdaýynda garşylýarlar. Şu ýyl biz ýene bir şanly senäni – milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen "Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly" diýlip yglan edilen 2016-njy ýylda Türkmenistanyň garaşsyzygynyň 25 ýyllygyny dabaraly ýagdaýda garşylarys.
Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň beýik maksatlaryndan, ýokary durmuş derejesini üpjün etmäge, adamlaryň ruhy we döredijilik başarnyklaryny açmak üçin zerur şertleri döretmek ýaly maksatlardan ugur alyp, binýatlaýyn milli taglymlaryň töweregenide jebisleşip, biz türkmen halkynyň taryhy tejribesinde emele gelen ähli gowy däp-dessurlary, ýörelgeleri, halk mirasy diýlip atlandyrylýan gymmatlyklary gorap saklaýarys.
Gadymy däp-dessurlaryň häzirki döwrüň täze ýörelgeleri bilen utgaşdyrylmagy, oňyn özgertmeleriň dowam etdirilmegi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen döwletliliginiň ösüşiniň häzirkizaman tapgyrynyň özboluşly aýratynlygydyr. Taryhy miras ýurdumyzy döwrebaplaşdyrmakda, onuň ähli ulgamlaryny özgertmekde, täze mümkinçilikleri we garaýyşlary, türkmen halkynyň pelsepewi - ahlak gymmatlyklaryny peýdalanmakda esasy binýat hökmünde çykyş edýär.
Geçen 2015-nji ýyl Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň şöhratly senenemasyna uly zähmet üstünilkleri, beýik işler we asylly başlangyçlar bilen girdi. Diplomatiýa ulgamynda, ykdysadyýetde, durmuş syýasatynda gazanylan üstünlikler geçen ýylyň möhüm alamatlarydyr. Ýurdumyzyň ähli pudaklary – ýangyç-energetika toplumyndan başlap şäher gurluşygyna çenli bu üstünilklere buýsanyp bilerler. Diňe dekabr aýynda taryhy wakalaryň birnäçesi, şol sanda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan halkara gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga bermek we “Galkynyş” känini özleşdirmegiň üçünji nobatdakysyna girişmek, “Gündogar-Günbatar” gaz geçirijisini ulanmaga bermek ýaly taryhy wakalaryň birnäçesi bolup geçdi.
Ýylyň ahyrynda, 22-nji dekabrda BMG-niň Baş Assambleýasy biziň ýurdumyzyň ulag – üstaşyr geçelgelerini döretmek baradaky başlangyjy boýunça Rezolýusiýany kabul etdi. Munuň özi halkara ulag meseleleri boýunça Türkmenistanyň öňe süren we BMG tarapyndan biragyzdan goldanylan ikinji resminama bolup, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan daşary syýasatynyň uly üstünligidir.
Mary şäheriniň 2015-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip gylan edilmeginiň çäklerinde geçirilen köpsanly halkara çäreleri ýurdumyzyň ruhy durmuşynyň möhüm wakalary boldy. Türkmenistanyň Preidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenstan!” watançylyk aýdymynyň “Türkmeniň ak öýi” binasynda birnäçe müň adamyň ýerine ýetirmeginde belentden ýaňlanmagy Mary şäherine berlen ýokary derejä bagyşlanan çäreleriň dabaraly jemlenmesi boldy. Bu waka Ginnesiň Rekordlar kitabynda täsin hadysa hökmünde hasaba alyndy.
Şol bir wagtyň özünde Türkmenstanyň beýleki bir şäheri – Daşoguz Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynň 2016-njy ýylda medeni paýtagty diýlip yglan edildi. GDA döwletleriniň baştutanlarynyň sammitinde kabul edilen bu çözgüt siwilisasiýalaryň asylaryň dowamynda özara mdeni gatnaşyklary ulgamynda Türkmenstanyň örän baý mirasynyň ähmiýetini görkezýän ýene bir subutnamadyr.
Däp boýunça şu gezekki Täze ýyl dabaralarynyň merkezi “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandy, bu ýerde 30-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşajyk türkmenistanlylary Täze ýyl baýramy bilen gutlady. Bu meýdançada sekiz burçly ýyldyzly “2016” öwüşgünli ýazgyly ýurdumyzyň Baş arçasy oturdyldy.
Baş arçanyň töwereginde köpsanly aşgabatlylar we şäheriň myhmanlary ýygnandylar. Paýtagtymyzyň mundan ozal hiç haçan Täze ýyl baýramçylygyna şunuň ýaly ajaýyp görnüşi girmändi. Onuň köçeleri, meýdançalary, seýilgähleri şu günler özüniň ajaýyp öwüşgini bilen haýran galdyrýar, bu görnüşler agşamlaryna Aşgabady dürli öwüşgüne besleýär.
Şu ýyl gyş pasly aşgabatlylara köp garaşdyran gary bermedigik hem bolsa, arassa asman we güneşli günler bilen begendirdi. Täze ýyl bezeginiň millionlarça öwüşgüni şäheriň üstüne emeli gar ýagdyryp, ähli seýilgähleri, baglary, köçeleri we şaýollary dürli öwüşgünler bilen bezedi.
“Älem” medeni-dynç alyş merkezi Täze ýyl ertekisi diýlip atlandyrylan ajaýyp barýamyň baş meýdançasy bolup, onuň bezegi aýratyn täsin galdyrýar. Bezegçiler we dabaralaryň guramaçylary baýramçylyk çäreleri üçin adatdan daşary täsin görnüşi döredipdirler.
Şu gün agşam bu ýerde aýdym-saz ýaňlanýar, uly baýramçylyk ýagdaýy höküm sürýär. Häzirkizaman aragatnaşyk serişdeleri arkaly, teleköpriniň kömegi bilen ýurdumyzyň ähli bäş welaýatynyň ýaşaýjylary hem bu dabara gatnaşmaga mümkinçilik aldylar.
... Medeni- dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada gurnalan sahnada baýramçylyk tomaşasy ýaýbaňlanýar. Dabarany alyp baryjylar ýurdumyzyň ähli ýaşaýjylarynyň adyndan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Täze ýyl gutlaglaryny aýdýarlar, berk jan saglyk, Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, halkymyzyň abadançylygynyň bähibdine durmuşa geçirilýän özgertmelerde uly üstünilkler arzuw edýärler.
Belli estrada aýdymçylarynyň ýerine ýetirmeginde Täze ýyla bagyşlanan çykyşlar ýaýbaňlanýar, şeýle hem bu ýerde folklar döredijiligi häzirkizaman görnünşinde ýerine etirilýär.
Teleköprüsi arkaly Aşgabatda geçirilýän Täze ýyl dabarasyna ýurdumyzyň sebitleri hem goşulýarlar. Şu gün welýatlaryň dolandyryş merkezlerindäki meýdançalarynda hem ýaş aýdymçylaryň we döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda Täze ýyl çykyşlary guraldy, olara köpsanly tomaşaçylar ýygnandylar. Tomaşaçylaryň hatarynda häkimlikleriň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular we ýaşlar, kümüş saçly eneler, oba ýaşaýjylary, çagalar bar.
Ilkinji bolup teleköprä Ahal welaýaty goşulýar: Täze ýyl gutlaglaryndan we labyzly okalan goşgulardan soň baýramçylyk konçerti görkezilýär – welaýatyň belli aýdymçylarynyň we döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmeginde aýdymlar ýaňlanýar, oňa iň gowy folklor we horeografiýa toparalary gatnaşdylar. Bu dabaralar Gökdepe etrabynyň Yzgant obasyndaky Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky Medeniýet köşgüniň öňündäki meýdançada guraldy.
Soňra teleköpri aragatnaşygyna Balkan welaýaty çykýar. Ähli ildeşlerimize gutlaglaryny beýan edip, günbatar welýatyň wekilleri özleriniň döredijilik ukyplaryny görkezdiler, welaýatyň sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde küştdepdi gadymy tansy çykyşyň esasyny düzdi. Balkan welaýat kitaphanasynyň öňündäki meýdança welaýat merkeziniň köpsanly ýaşaýjylary, şeýle hem oba ýaşaýjylary ýygnandylar, ýurdumyzda giňden tanalýan “Dehistan” we “Dagdan” folklor toparlary, welaýatyň ýöriteleşdirilen sungat mekdebiniň “Bagtyýarlyk” tans topary hem-de Serdar şäherinden artistler çykyş etdiler.
Soňra Daşoguz welaýaty teleköprä goşulýar, bu welaýatyň döredijilik işgärleri hem täsirli çykyşlary taýýarlapdyrlar. Welaýatyň Ruhyýet köşgüniň öňünde hormatly ýaşulularyň we mekdep okuwçylarynyň gutlaglaryndan başga-da, “Dessan” folklor - tans topary we welaýatyň belli aýdymçylary ýörite baýramçylyk çykyşlaryny taýýarladylar.
Teleköpri arkaly çykyşlar Lebap welýatynyň wekilleriniň – oba ýaşaýjylarynyň, ýaşularyň we çagalaryň gatnaşmagynda dowam etdi, olar türkmen halkyny we milli Liderimizi Täze ýyl bilen gutladylar, welaýatyň artistleri bolsa Täze ýyl mynasybetli aýdym-saz çykyşlaryny görkezdiler. Türkmenabat şäherindäki “Ruhyýet” köşgüniň öňündäki meýdançada ýygnanan köpsanly lebaplylar, teleköpri arkaly ýurdumyzyň müňlerçe tomaşaçylary olar bilen bilelikde aýdymçylaryň we “Lebap” hem-de “Çynar” döredijilik toparlarynyň çykyşlaryna el çarpdylar.
Dabara Mary welaýatynyň ýaşaýjylary goşulýarlar. Sebitiň ýaşulularynyň, tanymal ekerançylarynyň we beýleki zähmetkeşleriniň adyndan çagalar joşgunly goşgular bilen gutlaglaryny beýan edýärler, soňra estrada aýdymçylary çkyş edýär. Mary welýat kitaphanasynyň öňündäki meýdançada meşhur “Margiana” we “Altyn asyr” toparlarynyň çykyşlary ýaýbaňlanýar.
Täze ýyl teleköpri aragatnaşygyny “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňüne ýygnanan Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary jemleýärler, olar hormatly ýaşulularyň we mekdep okuwçylarynyň üsti bilen ähli watandaşlarymyza täze ýylda ähli arzuwlarynyň hasyl bolmagyny we uly üstünilkler arzuw edýärler. Goşgular we aýdymlar ýaňlanýar, meşhur tans toparlary, belli aýdymçylar çykyş edýärler.
“Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki sahnada aýdym-saz çykyşy dowam edýär, bu ýerde şatlykly ýagdaý höküm sürýär, ýerine ýetirilýän tanslara täze ýyl şäherjiginiň meýdançasyna ýygananlaryň ählisi goşulýar.
Tolgundryjy pursat ýetip gelýär – telemonitorlarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenstanyň halkyna Täze ýyl gutlagy bilen ýüzlenýär. Meýdançada ýagnananlar we telewizorlaryň öňünde millionlarça ildeşlerimiz milli Liderimiziň gutlagyny uly üns bilen diňleýärler. Şu tolgundyryjy we dabaraly pursatlarda ähli türkmenstanlylary garaşsyz Watanymyza, onuň häzirki gününe we röwşen geljegine belent buýsanç duýgusy birleşdirýär.
Döwlet Baştutanymyz ähli ildeşlerimizi ýetip gelen 2016-njy ýyl bilen tüýs ýürekden gutlap, bu ýylyň mähriban halkymyz üçin rowaçlyklar, bol-elinlik we şowly bolmagyny arzuw edýär hem-de öz çykyşynda bitaraplyk we parahatçlyk şygary astynda geçen 2015-nji ýylda gazanylan ägirt uly üstünlikleri barada aýratyn durup geçýär.
“Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň täze ýylynda biziň her birimiz janymyzdan eý görýän Türkmenistan Watanymyzy senagat taýdan dünýäniň ösen, öňdebaryjy döwletleriniň hataryna goşmagyň hatyrasyna öňküden-de yhlas bilen, tutanýerli zähmet çekmelidiris” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Milli Liderimiz öz gutlagyny Täze – 2016-njy ýylyň biziň Watanymyz üçin ösüşleriň ýyly boljakdygyna, mähriban halkymyz üçin täze ýeňişleriň we üstünilkleriň ýyly boljakdygyna berk ynamyny beýan etmek bilen tamamlady.
Tüýs ýürekden çykýan we çuňňur ynama ýugrulan bu umyt-arzuwlaryň hasyl boljakdygynyň alamaty hökmünde 2015-nji ýylyň iň soňky pursatlary ähli watandaşlarymyzy jebisleşdirýän kuwwatly ruhubelentlige beslendi. Sagat dilleri 12 sanyň üstünde saklanýar...
Türkmenistanyň Döwlet senasy belent we dabaraly ýaňlanýar.
Şu pursatda “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň asmanynda peýda bolan dürli öwüşgünli baýramçylyk feýerwerki Döwlet senasynyň dabaraly heňlerini alyp göterýär. Türkmen paýtagtynyň asuda we aýdyň asmanynda emele gelen dürli öwüşgünleriň simfoniýasy dabara gatnaşyjylaryň ählisi tarapyndan alnyp göterilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döreden “Öňe, diňe öňe, jan Watnym Türkmenstan!” aýdymynyň özboluşly äheňi bolup ýaňlanýar.
Ine, 2016-njy ýyl gelip ýetdi. Asmanda biri biriniň yzyndan dürli öwüşgünler peýda bolýar, olar şu pursatlarda arzuw edilen ähli arzuw-islegleriň hasyl bolmagynyň alamatlarydyr.
... 2015-nji ýyl taryhyň sahypalaryna girip, Watanymyzyň şöhratly ýylýazgysyna ýene bir aýdyň sahypany ýazdy. Türkmenstanlylar ýagşy umyt-arzuwlar bilen Täze ýyly garşyladylar, bu ajaýyp baýramçylyga aýratyn hyjuw bilen taýýarlanyp, öz ýakynlaryny begendirmäge çalyşdylar.
Goý, bu hyjuw tutuş ýylyň dowamynda biziň klplarymyzy gurşap alsyn!
Goý, biziň ähli umyt-arzuwlarymyz, ähli meýilnamalarymyz hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli baştutanlygy astynda hasyl bolsun!
Öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenstan!
* * *
Teatrlaşdyrylan çykyşlar, joşgunly aýdym-sazlar täze ýyl gijesi we onuň öňýanyndaky günde baýramçylyga gatnaşýan ähli türkmenstanlylar üçin ajaýyp sowgat boldy. Şu günky dabaralar belli estrada aýdymçylarynyň, döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda paýtagtymyzdaky “Watan”, “Türkmenistan” kinokonsert merkezlerinde, “Ylham” seýilgähinde we köpleriň söýgüli künjegine öwrülen “Arkadag” seýilgähinde hem-de Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň öňündäki meýdançada dürli öwüşginler bilen ýaýbaňlandyryldy.
Bu ýerde ýaýbaňlandyrylan ähli dabaralarda Aýazbaba bilen Garpamyga aýratyn orun degişli bolup durýar. Tamamlanyp barýan ýyly uly hoşallyk bilen ugradyp hem-de Täze 2016-njy ýyly mähir bilen garşylap, bu ýere ýygnananlar ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň, meşhur estrada aýdymçylaryň çykyşlaryna uly höwes bilen tomaşa edýärler.
Hemmeler üçin mähriban bolan bu nurana baýramçylyk ulularyň we çagalaryň kalplarynda ýatdan çykmajak hem-de gaýtalanmajak dabara, ýakymly pursatlar hökmünde saklanar. Çünki Täze ýyl şunuň ýaly hoşniýetli arzuw-umytlar bilen garşylanýar.