Ï Sagdyn jemgyýet – bagtyýar durmuşyň kepili
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Sagdyn jemgyýet – bagtyýar durmuşyň kepili

view-icon 1429
Mejlise Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasaarlary, ýurdumyzyň Mejlisiniň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň, halkara guramalaryň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, ähli welaýatlaryň jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, medeniýet we sport ulgamynyň işgärleri hormatly ýaşulular, talyp ýaşlar gatnaşdylar.

2016-njy ýylyň başynda geçirilen bu çäräniň esasy maksady Türkmenistanyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe belent maksatlara tarap ýolunda häzirki zaman jemgyýetiniň ösüşinde ruhy we beden taýdan sagdyn, sazlaşykly nesli kemala getirmegiň esaslaryny goýmakda gazanan uly üstünliklerini beýan etmekdir.

Ýurdumyzda milletiň saglygyny berkitmek, her bir aýratyn maşgalanyň howpsuzlygyny we abadançylygyny üpjün etmek boýunça geçirilýän iri möçberli işler barada gürrüň berýän ýörite guralan sergi bu ýolda gazanylan ýokary netijeleri aýdyň görkezýär.

Maslahatyň başynda ýurdumyzda neşe serişdelerini getirmegiň öňüni almak, hususan-da, bu iş bilen meşgullanýan jenaýatçy toparlary saklamak, gadagan edilen harytlary getirmek arkaly ýeňil eklenji maksat edinenleri ýüze çykarmak boýunça durmuşa geçirilýän çynlakaý çäreler barada gürrüň berýän wideofilm görkezildi.

Soňra duşuşyga gatnaşyjylara söz berildi. Çykyşlaryň arasynda ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlary, belli artistleri aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirdiler. Olarda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni, mähriban Watanymyzy wasp edýän watansöýüjilikli mazmundaky aýdymlara aýratyn orun berildi.

Ilki bilen Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goramak baradaky döwlet gullugynyň başlygy A.Osmanow çykyş etdi. Ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygynyň we ony ulanmagyň öňüni almak, ilat arasynda, ilkinji nobatda ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat işlerini geçirmek maksady bilen döredilen düzümiň alyp barýan işi barada giňişleýin maglumat berdi.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, heniz garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda yglan edilen “Halkyň saglygy – ýurduň baýlygy” şygary türkmenistanlylaryň gündelik durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Halkyň saglygy we abadançylygy, onuň mynasyp hem-de bagtyýar durmuşy baradaky alada, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän oňyn, döredijilikli, durmuş ugurly, aýratyn bir ýurduň çäklerinden çykyp, ählumumy howpsuzlyk bähbitlere gönüden-göni täsirini ýetirýän häzirki döwrüň iň möhüm meselelerini çözmäge gönükdirilen syýasatynyň esasy ugry bolup durýar.

Türkmen Lideriniň häzirki we geljekki nesiller üçin ägirt uly ähmiýeti bolan meselelere öňdengörüjilikli, hemmetaraplaýyn çemeleşmegi, döwlet Baştutanymyzyň häzirki döwrüň umumy howplaryna we wehimlerine garşy dünýä bileleşiginiň tagallalarynyň birleşdirilmeginiň zerurdygy baradaky işjeň başlangyçlary biziň ýurdumyzyň halkara derejesinde belent abraýyny we ykrar edilmegini şertlendirdi.

Häzirki wagtda Türkmenistan diňe bir döwrüň talap edýän örän möhüm, ähli ýurtlaryň we halklaryň düýpli bähbitlerine laýyk gelýän giň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlary öňe sürmek bilen çäklenmän, olary durmuşa geçirmek boýunça yzygiderli çäreleri geçirýär.

Muňa Türkmenistanyň hukuk goraýjy we harby edaralarynyň bilelikde üstünlikli geçiren birnäçe çäreleriniň netijesinde ele salnan neşe serişdelerini ýakyp, ýok etmek boýunça geçirilen nobatdaky çäre hem şaýatlyk edýär. Bu çäre şu gün Ahal welaýatynyň Akbugdaý etrabynyň Bagabat şäherçesiniň golaýynda guraldy.

Türkmenistanyň Hökümeti, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Neşekeşlige garşy göreş boýunça döwlet utgaşdyryjy topary we Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugy tarapyndan guralan iri möçberli çärä ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryndan başga-da, iri halkara guramalarynyň, şol sanda BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de missiýalaryň ýolbaşçylary, şeýle hem ähli welaýatlaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýaşulular, ak gyňaçly eneler we talyp ýaşlar çagyryldy.

Çärä gatnaşyäylara dürli ölçegdäki ýörite haltalara gaplanan neşe serişdeleri görkezildi, isleg bildirýänleriň her biri öz elleri bilen neşe serişdeli gaplary, haltalary 800 – 1000 derejä çenli gyzdyrylan ýörite peçlere okladylar. Ýeri gelende aýtsak, neşe serişdelerini ýakmak boýunça geçirilen nobatdaky çärede ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň bilelikde gatnaşmagynda ele salnan ýurdumyza bikanun getirilen temmäki önümleriniň örän köp mukdarynyň bardygyny bellemeli.

Bu çäre bellenilen kadalara doly laýyklykda geçirildi – oňa başdan-aýak hukuk goraýjy düzümleriň işgärleri, ýörite ygtyýarly bilermenler gözegçilik etdiler.

Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goramak baradaky Döwlet gullugynyň başlygy A.Osmanowyň öz çykyşynda belleýşi ýaly, Türkmenistan dünýä bileleşiginiň köp sanly asylly başlangyçlaryna işjeň gatnaşmak bilen, häzirki döwürde tutuş adamzadyň howpsuzlygyna wehim salýan neşe serişdeleriniň ýaýradylmagyna garşy göreşmekde pugta orun eýeleýär. Şu günki geçirilen çäre munuň aýdyň subutnamasydyr.


Neşe serişdesini ýakmak çäresine gatnaşyjylar, hususan-da, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik wekiliniň orunbasary Witaliýe Wremis onuň uly ähmiýetini nygtap, dünýä bileleşiginiň Türkmenistanyň neşe serişdeleriniň bikanun ýaýradylmagyna garşy ygtybarly böwet goýmaga hem-de bu örän möhüm ugurda oňyn halkara hyzmatdaşlygyna taýýardygyny goldaýandygyny bellediler.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan şunuň ýaly çäreleri yzygiderli ýagdaýda geçirmek bilen, öz üstüne alan halkara borçnamalaryny ýerine ýetirýändigini tassyklaýar. Mälim bolşy ýaly, biziň ýurdumyz BMG-niň neşe serişdeleriniň we psihotrop maddalarynyň bikanun dolanyşygyna garşy göreş boýunça 1961-nji, 1971-nji we 1988-nji ýyllarda kabul edilen esasy halkara Konwensiýalarynyň üçüsiniň, şeýle hem neşeleriň bikanun dolanyşygyna garşy, düzüminde neşe maddalary bolan serişdeleri ýüze çykarmak maksady bilen, serhet gözegçiligini güýçlendirmäge, hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerine tehniki kömek bermäge we olary okatmaga gönükdirilen birnäçe sebit we halkara taslamalarynyň hem-de maksatnamalarynyň agzasy bolup durýar.

Türkmenistanyň neşekeşligi ýok etmek boýunça alyp barýan yzygiderli çäreleri, ýurdumyzyň bu ugurda özara gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlygy giňeltmäge üýtgewsiz taýýardygy onuň parahatçylygy, asudalygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmak işine ygrarlydygynyň, Türkmenistanyň umumyadamzat howplaryna garşy durmak boýunça tagallalara anyk goşandynyň iň gowy subutnamalary bolup durýar. Munuň özi sebitde we tutuş dünýäde howpsuzlygy hem-de durnuklylygy üpjün etmekde uly ähmiýete eýedir.

“Mekan” köşgünde geçirilen dabaraly maslahata gatnaşyjylar hem bu pikiri doly goldaýarlar. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, özygtyýarly Türkmenistan neşe serişdeleriniň ýaýradylmagyna garşy barlyşyksyz we aýgytly göreşi döwlet syýasatynyň örän möhüm ugry hökmünde kesgitlemek bilen, häzirki wagtda köp ýurtlar üçin görelde bolýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary netijesinde neşe serişdeleriniň we prekursorlaryň bikanun ýaýradylmagyna garşy göreş çärelerine ilkinji derejeli üns berilýär. Soňy ýyllarda ýurdumyzda dünýä jemgyýetçiliginiň ýokary bahasyna eýe bolan çynlakaý we möhüm çäreleriň ençemesi geçirildi. 2008-nji ýylyň ýanwar aýynda Neşelere garşy göreş boýunça döwlet gullugynyň döredilmegi bu ugurda möhüm ädimleriň biri boldy. Bu edara soňra Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugy diýlip atlandyryldy. Neşe serişdeleriniň bikanun ýaýradylmagynyň öňüni almak, olaryň serhetlerden geçirilmegine garşy göreş çäreleri, netijeli serhetüsti hyzmatdaşlygy ýola goýmak, şeýle hem bu ugurda Türkmenistanyň öz üstüne alan halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek bu Gullugyň öňünde goýlan esasy wezipelerdir.

Soňky ýyllarda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan “2011—2015-nji ýyllarda neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek, neşe serişdelerine we psihotrop maddalara garaşly adamlara kömek bermek boýunça Milli maksatnamasynyň çäklerinde neşekeşlige garşy göreş we onuň öňüni almak, neşe serişdelerine garaşly adamlary ýüze çykarmak we olary bejermek boýunça iri möçberli işler geçirilýär. Bu maksatnama birnäçe möhüm çäreleriň geçirilmegine itergi berdi we “Neşe serişdelerine, psihotrop maddalara, prekursorlara we olaryň bikanun dolanyşygyna garşy göreş boýunça çäreler hakynda” Türkmenistanyň ozal kabul edilen Kanunyny berkitdi.

Neşe maddalaryny özünde jemleýän, ekilmegi we ýaýradylmagy kanun tarapyndan gadagan edilen ekin meýdanlaryny gözlemek we ýok etmek, neşeleri ýakmak, ýörite çäreler we dessin –agtaryş hereketleriniň netijesinde neşe serişdeleriniň ele alnyp, olaryň ýok edilmegi biziň ýurdumyzyň adamy geljeginden, hünärinden, maşgalasyndan mahrum edýän, diňe bir neşekeşiň öz durmuşyny däl-de, onuň ýakynlarynyň hem ýaşaýşyny çykgynsyz ýagdaýa salýan neşekeşlige garşy mümkin bolan ähli çäreleri geçirmäge taýýardygyny görkezýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemişe nygtaýşy ýaly, neşekeşlik ýer ýüzüniň ilatynyň saglygyna, dünýä ykdysady ulgamyna, döwletleriň milli howpsuzlygyna we hukuk düzgünine ählumumy wehim salýan meseledir. Şoňa görä hem biz ähli tagallalary birikdirip, bu örän howply hadysanyň garşysyna berk böwet goýup, öz maşgalalarymyzyň abadançylygyny, dünýäniň çagalarynyň we Watanymyzyň bagtyýar geljegini goramalydyrys.

Milli Liderimiziň ençeme gezek nygtaýşy ýaly, türkmen döwleti geljekde hem, hakykatdan-da tutuş adamzat üçin ýowuz bela bolan hem-de türkmen halkynyň ýörelgelerine çuňňur garşy gelýän neşekeşligiň islendik ýüze çykmalaryna garşy iň aýgytly göreş alyp barar. Ýurdumyzda bu ugurda alnyp barylýan işler toplumlaýyn häsiýete eýe bolup, töwekgelçilikli toparlar diýlip atlandyrylýan adamlar bilen gönüden-göni işleşýän ähli düzümler – hukuk goraýjy we harby edaralar, bilim we saglygy goraýyş edaralary, jemgyýetçilik guramalary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, din işgärleri hem-de ýerli häkimiýet edaralary bilen ýakyn aragatnaşykda alnyp barylýar. Mälim bolşy ýaly, tutuş ýurdumyz boýunça yzygiderli ýagdaýda geçirilýän köp sanly maslahatlar, bäsleşikler, sport-sagaldyş, aň-bilim çäreleri neşekeşlige garşy göreşe bagyşlanandyr.

Şeýlelikde, kanunçylygyň berk berjaý edilmegi we neşekeşligiň öňüni almak boýunça geçirilýän netijeli çäreler neşekeşlik esasynda amala aşyrylýan jenaýatçylyga garşy işleriň üstünlikli bolmagynyň şertidir, türkmen Lideri tarapyndan bu wehime garşy glan edilen barlyşyksyz göreş her bir raýatyň azat, bagtyýar hem-de ýokary derejeli durmuşyny, her bir maşgalanyň abadançylygyny we özygtyýarly Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini üpjün etmäge gönükdirilendir.

Häzirki zamanyň wehimlerinden goramak, neşekeşligiň ýarmaz täsirini azaltmak, şol sanda çilimkeşlige, alkogolly içgileri we humarly maddalary ulanmak ýaly saglyk üçin örän zyýanly ýaramaz endiklere garşy göreşde sportuň we köpçülikleýin bedenterbiýe hereketiniň ösdürilmegi hem örän uly ähmiýete eýedir, milli Liderimiziň başlangyjy boýunça sagdyn durmuş ýörelgesi işjeň wagyz edilýär we ýola goýulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan geçirilýän syýasatyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde adamyň bagtyýarlygy we abadançylygy, milletiň saglygy, onuň beden we ruhy taýdan kämilleşmegi hakyndaky alada bolup durýar we ýurdumyzda häzirki zaman bedenterbiýe-sagaldyş toplumlarynyň, sport mekdepleriniň, stadionlaryň we beýleki desgalaryň gurluşygy giň gerimde alnyp barylýar. Şunda döwlet Baştutanymyzyň hut özüniň sagdyn durmuş ýörelgesine we sport bilen meşgullanmaga aýratyn üns berýändigi jemgyýetimiz üçin, ilkinji nobatda bolsa, ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlar üçin iň gowy görelde bolup hyzmat edýär.

Ýörite maksatnamalaryň, şol sanda “Saglyk” we Türkmenistanda “2012 – 2016-njy ýyllarda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmegiň döwlet maksatnamasynyň” çäklerinde alnyp barylýan işlerde howply ýokanç keselleriň öňüni almak we olary ýok etmek boýunça oňyn özgertmeler bellenilýär. Hususan-da, drakunkulýoz, mama we gyzamyk keselleriniň, çagalaryň poliomelit keseliniň we beýlekileriň doly aradan aýrylmagy ýurdumyzyň lukmançylygynyň gazanan uly üstünlikleridir. Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda strategiki hyzmatdaşy bolan Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň işiniň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biri ýokanç däl keselleriň öňüni almak boýunça hem üstünlikli işler geçirilýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzda çilimkeşlige garşy hereket, geçirilýän döwlet syýasaty netijesinde, görlüp-eşidilmedik derejede giňden ýaýbaňlandyryldy. 2008-nji ýylda gündogar halklary üçin mahsus bolan we adam saglygyna ýaramaz täsir edýän nasyň önümçiligini, ony ýerlemegi, peýdalanylmagyny hem-de ýurdumyza getirilmegini gadagan etmek hakynda Perman çykaryldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Türkmenistanyň Mejlisi BSGG –niň temmäkä gözegçilik etmek boýunça halkara standartlaryny we gözükdiriji kadalaryny bellän, temmäkä gözegçilik etmek boýunça Çarçuwaly konwensiýasyny tassyklady, soňra bolsa “Raýatlaryň saglygyny temmäki tüssesinden we temmäki önümleriniň ulanylmagynyň täsirlerinden goramak hakyndaky” Kanuny kabul etdi, ol 2013-nji ýylda güýje girizildi. Mundan soňra temmäki önümlerine nyrhlaryň ýokarlanmagy, iri möçberli temmäkä garşy göreş çäreleriniň çäklrinde çilimkeşlige garşy gözegçilik işleriniň yzygiderli amala aşyrylmagy, ýürek-damar keselleriniň azalmagyna oňyn täsirini ýetirdi.

Häzirki wagtda BSGG-niň Ýewropa sebitleýin býurosy bilen bilelikde işlenip taýýarlanylan “2012 –2016-njy ýyllarda temmäkä garşy göreş çäreleriniň Milli meýilnamasynyň” çäklerinde ýurdumyzda çilimkeşligiň öňüni almak boýunça işler ilatyň sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmäge gönükdirilen beýleki çäreler bilen toplumlaýyn ýagdaýda geçirilýär.

Uzak ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyna ýolbaşçylyk eden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýewropa sebitini temmäkiden azat etmäge goşan uly goşandy üçin BSGG-niň ýokary derejeli sylaglaryna mynasyp bolmagy Türkmenistanyň çilimkeşligiň ýaýradylmagyna garşy göreşde gazanan uly üstünlikleriniň ykrarnamasydyr.

Sagdyn iýmitlenmek jemgyýet durmuşyny sagdynlaşdyrmagyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. “Türkmenistanyň ilatyny 2013-2017-nji ýyllarda sagdyn iýmitlendirmek Milli maksatnamasynyň” kabul edilmegi sagdyn iýmitiň möçberlerini we kadalaryny ornaşdyrmaga, adamyň çendenaşa agyr agram toplamagyna we semremegiň öňüni almaga gönükdirilendir.

Iýmitlenmek bilen bagly ýokanç däl keselleriň öňüni almak boýunça azyk önümleriniň ýokumly düzümler bilen baýlaşdyrylmagy möhüm şert hökmünde çykyş etdi, onuň netijesinde ýurdumyzda duzy ýodlaşdyrmak, uny demir we foliý kislotasy bilen baýlaşdyrmak ýaly iri möçberli döwlet öňüni alyş çäreleri üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Köp sanly halkara sertifikatlary ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň üstünliklerine şaýatlyk edýär, olar dünýä bileleşigi tarapyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň saglygy goraýyş ulgamynyň milli nusgasyny düýpli özgertmek we ony iň gowy daşary ýurt tejribesini peýdalanmak arkaly mundan beýläk-de ösdürmek boýunça amala aşyrýan işleriniň netijeli häsiýete eýedigini ykrar edýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Milli Liderimiziň amala aşyrýan durmuş syýasaty netijesinde ýurdumyzda işjeň häsiýete eýe bolan sagdyn-durmuş ýörelgesi, bedenterbiýe we sport bilen köpçülikleýin meşgullanmak hakynda gürrüň berýän wideofilm dabaraly maslahatyň jemlemesine öwrüldi. Temmäki ulanmagyň öňüni almak, neşe serişdelerini ýok etmek boýunça çäreleriň yzygiderli häsiýete eýe bolmagy ýurdumyzda sagdyn-durmuş ýörelgesini berkitmek boýunça amala aşyrylýan giň möçberli işleriň alnyp barylýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr. Wideofilmde adam saglygyna howp salýan, diýmek milletiň geljegine zyýan berýän neşe serişdeleriniň, temmäki önümleriniň ýakylmagy, jenaýatçylykly ýol bilen baýamagy küý edinen adamlaryň jenaýatçylygynyň tutuş jemgyýet tarapyndan näletlenýändigini alamatlandyrýar.

Ilatyň iýmitlenmek, çilimkeşligiň we naskeşligiň ýetirýän zyýany meseleleri boýunça habardarlygyny ýokarlandyrmak, sporty we çagdyn-dürmuş ýörelgesini işjeň wagyz etmek babatda işleriň mundan beýläk-de dowam etdirilmeginiň möhümdigini nygtap, maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler, onda döwlet Baştutanymyza aladalary üçin çuňňur hoşallyk sözlerini beýan edip, özleriniň Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň esaslaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, halkymyzyň parahat , asuda, abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek üçin ähli güýçlerini, bilimlerini we ukyplaryny aýamajakdyklaryna ynandyrdylar.