Ï Türkmen baýdagy ýurduň iň beýik nokady bolan Aýrybaba belentligine galdyryldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen baýdagy ýurduň iň beýik nokady bolan Aýrybaba belentligine galdyryldy

view-icon 2798
Döwlet baýdagynyň gününiň öňisyrasynda türkmen alpinistleri Köýtendagyň ajaýyp ýeri bolan Aýrybaba belentliginde (3139 m) milli baýdagy dikdiler. Bu Watançylyk çäresi Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň we Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky Döwlet komitetiniň ýardam bermeklerinde Aşgabadyň “Agama” alpinistler kluby tarapynda guraldy.

Bu däbe öwrülen çärä onlarça türgenler - Aşgabadyň “Agama” alpinistler klubynyň, Balkanabadyň “Mert” alpinistler klubynyň, şeýle hem Türkmenabatdan dag belentliklerine çykyjylar gatnaşdylar. Çärä - Aşgabadyň “Agama” alpinistler klubynyň ýolbaşçysy Waleriý Kotwin ýolbaşçylyk etdi.

Bu gezek aşgabat topary täze, tehniki taýdan çylşyrymly belentlige – trawersi, ýagny belentlikleri we peslikleri dürli ugur boýunça geçmegi talap edýän ýoly geçmeli boldy. Aýrybaba belentliginiň trawersi ilkinji sapar amala aşyrylýar. Bu ugra taýýarlyk görmekde öňde duran belentlige çykmagyň ähli çylşyrymlylyklaryny göz öňüne getirmek kynrak boldy. Alp ugry boýunça ýöreldi, ýagny binýat düşelgesi ýok diýen ýalydy, çylşyrymly gaýa we garlyk bölekleri geçmek bilen, düşelge, tehniki we şahsy goş-golamlarymyzy ýanymyz bilen götermeli boldy.


Toparyň düzümi iň tejrimeli türgenlerden ybaratdyr. Meselem, olardan Han-Teňri we Lenin belentligine çykan Dmitriý Winokurowy, Han-Teňri we Ararat daglaryna çykan Wadim Sobolýowy, güýz paslynda Elbrusa çykan Ýewgeniý Ýarygini, bu topara goşulyşan,zenanlaryň arasynda ýokary dyrmaşmak boýunça Türkmenistanyň çempiony Darýa Çikaidzäni hem görkezmek bolar.

Beýikligi 3139 metr bolan esasy belentlige ýol Aýrybaba belentliginiň Demirgazyk tarapyndan inçejik garly geriş arkaly barýardy. Çuň jülgeler türgenlere bellenen ugurdan gitmän, esasy gerişden iki kilometrräk demirgazykdan ýöremäge borçly etdi.

Haçan-da 2850 metr belentlikde düşelge gurnalanda gün ýaşyp barýardy. Howa ýokaryk çykman üçin amatlydy, Gijesine howanyň sowuklygy 12 derejeden aşak düşmedi. Aýrybaba belentliginiň töwereginde gar oktýabr aýyndan maý aýyna çenli ýatýar. Onuň aşagynda tomus ýagmyry ýagýança seýrek duş gelýän dag ösümlikleriniň tohumy ýatýar.

Säher bilen topat ýoly saýlap almak we ýoluň geçmesi kyn bolan böleginiň daşyndan aýlanyp geçmek bilen ikinji belentlige tarap ýola düşdi.

Ýol galyň gar basan dag daşlarynyň üstünden geçýärdi, ýodany gezek-gezegine böwüsmeli bolýardy. Gar basan gaýalar alpinistleri ýurduň iň beýik jülgelerini birine – Daraýydere jülgesiniň başlanýan ýeriniň hanasyna düşmäge borçly etdi.


Oňa çenli howa düýpli üýtgedi, dag gerişlerini goýy ümür eýeledi, volu[ çylşyrymly böleklerinde edil ýykyp barýan syrgyn başlandy, ýüzümizi çapgyn gar çawlap gidýärdi.

Ýowuz howa şertlerine döz gelmäge iň aňzakly howada hem oňaýlygy döredýän ýel geçirmeýän eşikler kömek etdi. Gün şöhlesinden goraýan äýnekler we ýüzi örtýän enjam gözlerimizi beýik dag ultra melewşe reňkden goraýardy.

Ahyryn-da jülgäniň düýbinden Aýribabanyň Demirgazyk belentliginden günbatar gapyrgasyna çykyldy. Onuň iki tarapy hem gaýady, goýy ümür jülgäniň düýbüne seretmäge päsgel berýardi. Ýöremesi kyn bolan galyň gar basan böleklerde buz çapýan gural bilen basgançak ýasamaly bolýardy.

Ýoluň çylşyrymlylygy hiç birimiziň ruhuny gaçyrmady, Aýrybaba belentligine barýan ýol tapyldy, hemmeleriň üstünlige bolan ynamy ulydy. Finişiň öň ýanyndaky belentlikde 2900 metr beýiklikde ikinji düşelge guraldy.


Ir säher aýazlydy we güneşlidi, goýy bulutlar aşak düşüp, aşakda ýerleşen Köýtendagyň ajaýyplyklaryny örtüpdi. Onuň üstünden Aýrybabanyň gar örten belentligi görünýärdi. Topar ýarym sagatlap belentlige çykandan soň belentligiň Günorta bölegine çykdy. Ol ýerden Baş belentlige tarap üç kilometr töweregi ýol ýatyrdy

Ahyryn-da, gündiz sagat üçlerde Türkmenistanyň Döwlet baýdagy 3139 metr beýiklikdäki Aýrybaba belentliginiň üstünde parlady.

Aýrybaba belenligine çykmak üstünlikli tamamlandy! Geljekde bu belentlikdäki dag gerşininiň ýoly türkmen alpinistleri üçin planetanyň iň beýik belentliklerine çykmakda möhüm basgançak bolar.


Pamir, Týan-Şan we Kawkaz dag ulgamlaryna çykmakda baý tejribeleri bolan hem-de bu ugur bilen ýaňy türgenleşip başlan türkmen alpinistleri üçin bu ýygnanşyk örän gowy türgenleşik boldy we olaryň belentlige çykmagyň barşynda toplan tejribeleriniň belli bahasy ýokdur.