Gündelik durmuşda emele gelýän gaty zir- zibilleri , galyndylary gaýtadan işlemek meselesi ekologiýa meseleleriň esasy aktual jähti bolup durýar. Türkmenistanda zir-zibilleri gaýtadan işlemek pudagy ýaňy ösüp başlady. Ýöne günbatar ýurtlarda bu pudak boýunça bu meseleleri çözmekde netijeli ugurlar tapyldy, ýagny gündelik durmuşda emele gelýän gaty zir- zibilleri ýurduň ykdysadyýetiniň zerurlyklary üçin gaýtadan işlemek.
Türkmenistanda “Galyndylar hakynda” Kanun kabul edildi. Ol galyndylaryň emele gelmegi, olaryň ýygnalmagy, daşalmagy, saklanmagy we gaýtadan işlenmegi bilen baglanyşykly çäreleri kadalaşdyrýar. Hususan-da, bu kanunçylyk namasynyň senagat we oba hojalyk önümçiliginde emele gelýän galyndylary, serişdeleriň, materiallaryň we beýleki önümleriň hem-de harytlaryň azaldylmagyna, olaryň netijeli peýdalanylmagyna, şeýle hem ilatyň saglygyna we daşky gurşawa ýaramaz täsiriň öňüniň alynmagyny üpjün etmäge gönükdirilen.
ABŞ-yň alymlarynyň hasabyna görä galyndylary gaýtadan işläp, 7% çenli ýurda gerek bolan demiri, 8% alýuminiý we 19% galaýyny alyp bolýar.
Zir zibilleri gaýtadan işlemegiň aýratynlygy has aýdyň görünýär. Ilki bilen zir zibil üçin meýdany köpeltmek zerurlygy aýrylýar. Ikinjiden ýerlere bolan ekologiki agram azalýar. Üçünjiden täze iş ýerler döreýär. Bu bolsa käbir ýagdaýda ilaty iş ýerleri bilen üpjün etmek meselesini çözmäge ýardam berýär.
Günbatar ýurtlar kanun bilen käbir aýratyn galyndylary hökmany ýygnamaklygy borç edýärler. Fransiýada 2002-nji ýyldan bäri zir zibilleriň görnüşine garamazdan aýralanmadygyny gadagan edýän kanun hereket edýär. Niderlandlar organiki galyndylary gömmeklik gadagan edilen. Milli meýilnamalarda galyndylaryň komponentleriniň görkezijileriniň resiklingi kesgitlenýär.
Bu meseläniň wajyp ugry- galyndylar bazaryny döretmek we galyndylardan taýýarlanýan bazarlary döretmekden ybaratdyr. 55 mln halky bolan Fransiýanyň 50 müňe golaý adam ikinji çig maly gaýtadan işlemek pudagynda zähmet çekýärler. Bu infrastrukturanyň döredilmegine täze iş ýerleriň döremegi we sosial meseleleri durnuklaşdyrýan faktor hökmünde garap bolar.
Hukuk we ykdysady gurallaryň netijeliligi jemgyýetiň ýörelgeleri bilen bilelikde netijeliligini berer. Galyndylary gaýtadan işlemek meselesinde ilaty çekmeklik esasy netijesine täsir edýän çäre bolup durýar.
Ykdysady ösen ýurtlaryň tejribesine seredeniňde , galyndylary gaýtadan işlemek boýunça meseleler toplumlaýyn çemeleşmeleri talap edýändigini, galyndynyň başyndan soňuna çenli daşalyş, saklanyş we gömmek boýunça tertibiniň bolmalydygyny görkezýär. Ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça döwlet maksatnamasynda galyndylary aýratyn ýygnamak we daşamak boýunça hususy maýa goýumlaryny çekmek göz öňünde tutulan.
Bu öňde goýlan wezipeleriň netijeli çözülmegi geljekki türkmenistanlylar üçin tebigaty saklamak we ekologiki howpsuzlygy üpjün etmek meselesi bilen göniden göni baglanyşykly bolup durýar.