Ï Türkmenistanda Milli goşunyň söweşjeň taýýarlygyny duýdansyz barlamak çäresi dowam edýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda Milli goşunyň söweşjeň taýýarlygyny duýdansyz barlamak çäresi dowam edýär

view-icon 843
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň miili goşunymyzyň harby bölümlerini söweşjeň taýýarlyk derejesine getirip, görkezme söweş-taktiki tälim beriş türgenleşigini geçirmek barada beren buýrugyna laýyklykda, harby-türgenleşik çäresi dowam edýär.

Tälimiň 4-nji gününde Ýaragly Güýçlerimiziň Daşoguz, Türkmenabat, Atamyrat, Serhetabat, Mary, Kelete, Bereket, Türkmenbaşy okuw merkezlerinde hem-de beýleki harby bölümlerde okuw-söweşjeň türgenleşikleri geçirilip, tälimiň jemleýji tapgyryna taýýarlyk görmek boýunça wezipeler ýerine ýetirildi.


Milli goşunymyzyň söweşjeň taýýarlygyny gözden geçirmek maksady bilen guralan tälimleriň 4-nji tapgyry Ýaragly Güýçlerimiziň goşunlarynyň çäklerindäki okuw-türgenleşik merkezlerinde dowam etdi, şunda goşunlaryň söweşjeň hereketleri sazlaşykly utgaşdyryldy.

Guryýer goşunlarynyň bölümleri türgenleşikleriň barşynda beýleki goşunlar bilen sazlaşykly hereketleri ýola goýdular. Motoatyjy, tankçy, artilleriýa, inžener, asmana atyjy bölümleriň döwrebap enjamlar bilen üpjün edilmegi aralyklary görüşiň çäkli şertlerinde öňde goýlan okuw-türgenleşik wezipelerini ýerine ýetirmäge ýardam berýär.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň söweşjeň uçarlary hem-de dikuçarlary gije-gündiziň dürli howa hem-de görüş şertlerinde asmandan bellenilen nyşanalara hüjüm edip, dürs urmak endiklerini kämilleşdirdiler. Bu örän çylşyrymly wezipäni ýerine ýetirmek üçin ýokary derejeli harby hünär ussatlygy, yzygiderli taýýarlyk we şahsy düzümiň söweşjeň kämilligi zerurdyr . Mundan başga-da, söweşjeň uçarlar şertli garşydaş bilen howa söweşini alyp bardy. Awiasiýanyň harby-taktiki tälimleriniň ýokary ussatlygy talap edýän görnüşi bolan, howa söweşi ýakyn aralykdan garşydaşy ýüze çykarmak, hüjüm etmek hem-de söweşden aman çykmak ýaly tapgyrlary ýerine ýetirmekden ybaratdyr.


Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň mukaddes araçäklerini ygtybarly goraýan serhet goşunlarynyň şahsy düzümi ýurdumyzyň çäklerine bikanun aralaşan ýaragly toparlary ýok etmek boýunça söweş atyşyklaryny ýokary derejede geçirdiler. Edermen serhetçilerimiz Döwlet serhedini bozup, Türkmenistanyň çägine aralaşan ýaragly toparlaryň hüjümini yzyna serpikdirip, olary Türkmenistanyň çäklerinden çykarmak endiklerine türgenleşdiler.

Ýörite wezipeleri çözmäge niýetlenen bölümler okuw-türgenleşikleriniň barşynda öňde goýlan dessin-taktiki wezipeleri goşunlaryň beýleki kysymlary bilen bilelikde sazlaşykly hereket etmek arkaly üstünlikli ýerine ýetirdiler. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň ýörite maksatly toparlary we goşunlaryň beýleki kysymlary hakyky söweş ýagdaýyna mümkin boldugyça ýakynlaşdyrylan aýratyn çylşyrymly şertlerde, çöllük, daglyk ýerlerde we tokaý zolaklarynda, şeýle hem ilatly ýerlerde tälimiň meýilnamasynda bellenilen wezipeleri bilelikde sazlaşykly berjaý etdiler.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, dünýäde terrorçylyk howpunyň güýçlenmegi döwletleriň milli howpsuzlygyna, çäk bitewüligine, raýatlaryň konstitusion hukuklaryna we azatlyklaryna aýratyn howp salýar.


Şunuň bilen baglylykda, dünýäde emele gelen ýagdaýlar göz öňünde tutulyp, bu mesele aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistan terrorçylygyň islendik ýüze çykmalaryny aýgytly ýazgarýar, bu wehime garşy göreşmek hem-de düýp-teýkary bilen ýok etmek ugrunda ähli tagallalary edýär. Şundan ugur alnyp, ýörite maksatly bölümler häzirki zaman howplaryna we wehimlerine garşy durmakda terrorçylyga garşy ýörite taktiki türgenleşikleri geçirdiler, bu bolsa şol wezipeleriň möhüm bölegi bolup durýar. Tälimiň barşynda esgerleriň okgunly hereket edip, taktiki ot açyş endiklerini kämilleşdirmek, biri-biriňi penalamak we söweş hereketlerini dolandyrmak wezipeleri ýerine ýetirildi.

Hormatly Prezidentimiz, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli tagallalary bilen ilatymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmekde zerur bolan täze gulluklaryň biri raýat goranyş we halas ediş bölümleri şu gezekki okuw-türgenleşik tälimlerinde tehnogen we tebigy häsiýetli heläkçiliklerde ilaty halas ediş işlerini geçirmegi kämilleşdirmek boýunça türgenleşdiler.

Duýdansyz ýagdaýda geçirilýän bu gezekki türgenleşikler ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň önümçilik zolaklarynda ýerleşýän edara-kärhanalaryň binýadynda guraldy. Şunda türgenleşikler halas ediş bölümleri şertli heläkçiligiň dörän ýerine çekmekden hem-de özara ylalaşykly hereketleri guramakdan başlandy.

Türgenleşikleriň barşynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Adatdan daşary ýagdaýlary dolandyryş merkeziniň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň ýanynda döredilen şeýle merkezleriň işlerini ýola goýmak hereketleri hem özleşdirildi.


Ýurdumyzyň ministrliklerinde we pudak edaralarynda döredilen raýat goranyşynyň we adatdan daşary ýagdaýlaryň düzümleri hem-de serişdeleri doly taýýarlyk ýagdaýyna geçirildi. Adatdan daşary ýagdaýlaryň ýer titreme, ýangyny söndürmek, senagat kärhanalarynda heläkçilikleriň, ýol-ulag hadysalarynyň howply netijelerini aradan aýyrmak boýunça halas edijileriň ýörite awtoulaglaryny hem-de inženerçilik tehnikasyny, dürli halas ediş enjamlaryny we dikuçarlary peýdalanmak arkaly okuw-türgenleşikleri ýaýbaňlandyryldy.

Okuw-türgenleşik täliminiň dowamynda raýat goranyş we halas ediş gulluklary tarapyndan ýer titreme heläkçiligi ýüze çykan ýagdaýynda ejir çekenleri gözläp tapmak boýunça ýörite gulluk itleri ulanyldy. Mundan başga-da, gulluk dikuçarynda ornaşdyrylan göterijiligi 5 tonna suwa deň bolan ýörite ýangyn söndüriji enjamyň kömegi bilen ýangynlary öçürmek endigi hem özleşdirildi. Bu ýangyn söndüriji ulgam iri möçberdäki ýangynlary öçürmekde has peýdalydyr. Bu işlere Içeri işler ministrliginiň ýangyn söndüriji bölümleri hem gatnaşyp, ele alan tälim ussatlyklaryny görkezip, sazlaşykly hereket etmek bilen öňde goýlan wezipäni üstünlikli ýerine ýetirdiler.

Şeýle hem okuw-türgenleşikleriniň dowamynda Ýaragly Güýçleriň radiasiýa, himiki we biologiki goranyş bölümleri ýörite howany arassalaýyş çärelerini, himiýa desgalarynda hatardan çykma netijesinde emele gelen zyýanly galyndylardan howany, suwy, topragy barlagdan geçirmek hem-de olary zyýansyzlandyrmak endiklerini özleşdirdiler.


Şahsy düzüm we harby tehnikalar bölümleriniň sazlaşykly hereketini we söweşjeň ussatlygyny has-da kämilleşdirmek maksady bilen, tälimiň jemleýji tapgyryny geçirmäge öz wagtynda taýýarlyk görüldi. Ähli şahsy düzüm söweşjeň wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça anyk hereketler barada habardar edildi, goşunlar doly taýýarlyk ýagdaýyna getirildi.

Şeýlelikde, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň harby gullukçylary harby taýýarlygyň ýokary ussatlyk derejesini görkezip, öňde goýlan wezipeleri üstünlikli berjaý etdiler. Olar söweş hereketlerini sazlaşykly hem-de ýokary ussatlyk ýagdaýynda anyk we dürs ýerine ýetirirdiler, muňa okuw-türgenleşik merkezlerinde yzygiderli ýagdaýda geçirilýän türgenleşikler netijeli ýardam berdi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan döwleti harby syýasatyny özbaşdak kesgitleýär, döwlet çäkleriniň bitewiligini hem-de ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny gorap saklamagy üpjün edýär, öz ýaragly düzümlerini döredýär. Biz öz çäklerimizi ýadro, himiki, bakteriologiki ýaraglardan we beýleki köpçülikleýin gyryş ýaraglardan azat diýip yglan etdik. Biziň döwletimiz parahatçylyk döredijiligiň sebit merkezi hökmünde howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmak ugrunda ähli tagallalary edýär.


Belent Serkerdebaşymyzyň buýrugyna laýyklykda, Milli goşunymyzyň söweşjeň taýýarlygyny gözden geçirmek boýunça tälimde Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleri hem-de beýleki goşun kysymlaryny harby-taktiki türgenleşikleriň jemleýji tapgyrynda ýokary söweşjeň ussatlygyny görkezip, ata Watanymyzyň parahatçylygynyň hem-de mähriban halkymyzyň asuda we bagtyýar durmuşynyň ygtybarly goralýandygyny doly subut etmegi maksat edinýärler.