Ï Türkmenistanda Aziýada-2017-niň başlanmagyna – atly ýörişe işjeň taýýarlyk görmek alnyp barylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda Aziýada-2017-niň başlanmagyna – atly ýörişe işjeň taýýarlyk görmek alnyp barylýar

view-icon 1461
Garagumyň eteginde günorta tarapda Baharlydan Artyga çenli Köpetdagyň dag gerişleri uzalyp gidýär. Onuň eteginde – tohum atlarynyň arasynda iň bir ajaýyp we gadymy görnüşi bolan ahalteke bedewleriniň mekany – Ahal sebiti ýerleşýär. Onuň nesili gadymy orta aziýa sebitlerine, Nusaýyň öňki şöhratyna aralaşaýar. Hut şu ýerden hem 5-nji maýda Aşgabatda 2017-nji ýylda geçiriljek ýapyk binalarda we söweşjeň sungat boýunça V Aziýa oýunlaryna başlanmagyna badalga berjek iň uly we ajaýyp çäresine badalga berler. Ol 500 günläp dowam eder we şu döwrüň içinde özleriniň arassa ganly ahalteke bedewleri bilen çapyksuwarlaryň 17-si arheologiki, tebigy ýadygärliklere we häzirki zaman Türkmenistanyň binagärlik taýdan ajaýyp ýerlerine baryp görmek bilen, ýurduň ähli ýerlerine aýlanarlar. Atly ýöriş her bir welaýatda ýüz gün dowam eder. Aziýadanyň geçirilýän ýylyny alamatlandyrýan 17 atly Ahal welaýatyndan Balkan welaýatyna ugrarlar. Ondan soňra ýurduň demirgazyk sebine Daşoguza ugrarlar. Soňra – Lebaba, Murgap sebitine bararlar. Bu ýerde örän uly gaz ýatagy bolan “Galkynyş” käninde olimpiýa alawy ýakylar. Atlylar ony Oýunlaryň başlanýan wagty Aşgabada getirerler.


Bu iri göwrümli çäre Ýapyk binalarda we söweşjeň sungat boýunça V Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetiniň 25-nji fewralda bolup geçen nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidentiniň öňe süren başlangyjy boýunça geçirilýär. Şondan bäri oňa taýýarlyk görmek işlerine birnäçe edaralar – “Türkmenatlary” döwlet birleşigi, Türkmenistanyň Sport bardaky döwlet komiteti, Türkmenistanyň Oba we suw hojalygy ministrliginiň ýanyndaky weterinariýa gullygy, ýurduň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi hem-de türkmen paýtagtynyň we welaýat merkezleriniň häkimlikleri goşulyşdylar.


Häzirki wagtda atly ýörişe taýýarlyk görmek işleri aýgytlaýjy tapgyra gadam basdy. Her bir edara öz öňünde goýlan wezipäni yzygiderlilikde çözýär. Şunlukda ýüz gün dolandan soňra estafetany indiki welaýatyň wekillerine gowşurmak bilen, atly ýörüşi her bir welaýatyň ýerli çapyksuwarlary amala aşyrmaly diýlip çözüldi. Atly wekiliýet sebitleriň administratiw serhedinden geçenlerinde üýtgäp durar. Şeýlelik bilen, her bir welaýat ýerlerde ugurdaş çäreleriň geçirilmegini gurar. Atly ýörişiň jigitleri türkmen milli geýiminiň ýerli däp-dessuryny hem-de aýratynlyklaryny görkezýän we alamatlandyrýan don we telpek geýerler.


“Türkmenatlary” Döwlet birleşiginiň wezipesi welaýatlarda ahalteke tohumdan bolan atlary saýlamak bolup durdy. Bu welaýatlaryň özünde administrasiýalaryň we atçylaryň özleri bilen bilelikde geçirildi. “Türkmenatlary” Döwlet birleşiginiň tohum atlar, ylym we seçgi bölüminiň baş hünärmeni, atlary saýlap almaga gatnaşyjy Parahat Hydyrowyň aýdyşy ýaly, şular ýaly işi ýokary hilli ýerine ýetirmek we atlaryň iň çydamlylaryny saýlap almak üçin Döwlet birleşiginiň atçylyk boýunça hünärmenleri ýerlerde boldular we olaryň hut özleri atlary gözden geçirdiler. Atlara bar bolan ölçeglere laýyklykda – 3 ýaşdan 8 ýaş aralygyndaky atlaryň saglyk ýagdaýyna görä baha berildi we saýlanyp alyndy. Esasy üns ýaryşmak tejribesi bolan atlara berildi. Daşky görnüşine we beden gurluşyna hem üns berildi. Häzirki wagtda döwlet athanalaryndan we hususy at eýeleriniň hödürlän atlaryndan 85 sany at saýlanyp alyndy. Bu atlar Aziada-2017-ä bagyşlanyp geçirilýän türkmen atçylygynyň iň möhüm we uzak möhletli atly ýörüşini amala aşyrmak üçin saklamagyň we tälim bermegiň aýratyn ýagdaýyna geçirildi.


Şeýle hem Döwlet birleşiginiň hünärmeni atlaryň bu tohumynyň mümkinçilikleri ýokary – bu babatda Absent, Arap we beýleki atlaryň görkezen netijelerini ýatlamak hem ýeterlikdir diýip, belledi. Ahalteke bedewlerine arassa ganly tohum atlarynyň hatarynda birinji orun degişlidir. Şonuň üçin hem bu tohumyň genefondy özüni ödemedik jynslary çakyşdyrmakdan aýawly goraldy. Bu günki gün alymlar – ippologlar arassa ganly ahalteke atlaryny ösdürip ýetişdirmek boýunça işleri dowam etdirýärler. Onuň netijesinde bolsa atlaryň bu tohumly görnüşlerine bolan isleg bütin dünýä ýüzünde has hem artdy.


Ahakteke bedewleri özleriniň daşky görnüşleri bilen haýran galdyrýar: olaryň inçeden asylly görnüşleri müň ýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirilipdir. Ahalteke atlary örän ýyndam we tohum atlaryň arasynda diňe arassa ganly münülýän atlardan pes gelýär, özi hem olaryň sprinter çaltlygy tohum mallara garanyňda örän ösendir. Şol bir wagtyň özünde hem daşky görnüşi boýunça näzik görünýän ahalteke atlary uzak aralyklara guralýan ýörüşlerde adatdan daşary çydamlylygy görkezýär, suwsuzlygy ýeňil geçirýär. Geçmişde 150-200 kilometr we ondan hem uzak aralyklar 7-12 günde yzygiderlilikde geçirilipdir, bu türkmen üçin adaty ýagdaýdyr: olar çölüň bir guýusyndan beýleki bir guýy aralygyna syýahat edipdirler. Ady rowaýata öwrülen 1935-nji ýyldaky atly ýörüşde türkmen atlylary Aşgabat-Moskwa aralygyny 84 günde geçipdirler, olar suwsuz Garagum çölüni üç günde geçipdirler. Şonuň üçin hem biz bu atly ýörüşe sabyrsyzlyk bilen garaşýarys diýip, - P.Hydyrow nygtaýar.


Çapyksuwarlar barada aýdylanda bolsa, onda özüni sportda görkezmegi başaran – ýurduň çempionlaryna, halkara ýaryşlarynyň baýrakçylary bu örän baý medeni maksatnamaly taryhy atly ýörüşine gatnaşmak nesip eder. Olaryň ýaşlary 25-den ýokary däldir. Lukmanlar we mal lukmanlary, weterinariýa gullugy, üpjünçilik gulluklary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we medeniýet ulgamynyň wekilleri atlylaryň ýany bilen ýörärler.

Ýöne bularyň ählisi golaý geljekde. Häzir bolsa atly ýörişiň tehniki we guramaçylyk taýýarlygy boýunça köp ugurly işlär işjeň alnyp barylýar. Atlylar ýüz günlik ýolda bedewleri bilen sazlaşykly ýöremek üçin atlary bilen meşgullanýarlar. Türgenleşiklerde adaty gezim we ýüwürtme işleri, olara ideg etmek işleri geçirilýär. Atlylar öz wagtlarynyň köpüsini eýeriň üstünde geçirmäge çalyşýarlar we atlary çeýelik bilen dolandyrmak boýunça çyn ýürekden türgenleşýärler. Özi hem olar bu tälimleri diňe bir atçylyk sport toplumlarynda geçirmän, eýsem ýolsuz ýerlerde hem geçirýärler.

Türkmen ahalteke bedewleriniň atly ýörüşiniň ýüz ýyldan hem gowrak taryhy bar. Soňky ýyllarda deňi-taýy bolmadyk çäreler bilen bir hatarda ahalteke atçylygyny gaýtadan dikeltmek üçin ýurtda Türkmen bedewiniň baýramçylygyna bagyşlanyp, atçylyk sport çäreleri, şol sanda dürli aralyklara atly ýörüşler hem, geçirilýär. Şu ýyllaryň dowamynda şular ýaly ýaryşlary guramak, geçirmek we gatnaşmak boýunça örän uly tejribe toplandy. Döwlet birleşiginden habar berişleri ýaly, ahalteke bedewlerini söýýänlere bu ýyl hem däp boýunça örän gyzykly atçylyk sport çäreleridir ýaryşlary garaşýar.