Ï Aşgabatda “tegelek stoluň” başynda temmäkä garşy göreşmek boýunça maslahat geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda “tegelek stoluň” başynda temmäkä garşy göreşmek boýunça maslahat geçirildi

view-icon 947
Aşgabat deklarasiýasyny amala aşyrmagyň çäklerinde Ýewropa sebitini temmäkinden halas etmegiň meselelerini milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň we Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň we onuň edaralarynyň wekilleri ara alyp maslahatlaşdylar. “Tegelek stoluň” başynda bolup geçen maslahat paýtagtymyzyň 11-nji saglyk öýüniň maslahatlar zalynda geçirilip, ol Türkmenistanyň SGwe DSM habarlar merkezi tarapyndan guraldy.

Bu çäre Türkmenistanyň ýurtda temmäkiniň sarp edilşini azaltmak boýunça soňky ýyllarda geçiren işleri baradaky hasabatynyň tanyşdyrylmagy mynasibetli geçirildi. Mälim bolşy ýaly, temmäkä garşy göreşmek boýunça BSGG Çarçuwaly konwensiýasy (TGG BSGGS ÇK) Bütindünýä saglygy goraýyş assambleýasynda 2003-nji ýylyň 21-nji maýynda kabul edildi we 2005-nji ýylyň 27-nji fewralynda güýje girdi. Türkmenistan bu halkara resminamasyny 2011-nji 13-nji maýynda tassyklady we 2011-nji ýylyň 11-nji awgustynda güýje girdi. TGG BSGGS ÇK laýyklykda her bir ýurt onuň konwensiýasynyň amala aşyrylyşy barada döwürleýin hasabat berýär. Bu bolsa ýurtlara biri-biriniň tejribesini öwrenmäge mümkinçilik berýär.

Duşuşykda çykyş edenler çilim çekmäge garşy göreş ýokanç däl keselleriň (ÝDK) öňüni almaga ep esli goşant goşýar. Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we göreşmek boýunça meseleler ÝDK öňüni almak we göreşmek boýunça Ýewropa ministrler maslahatynyň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat jarnamasynda beýan edilýär. Ol Türkmenistanyň hökümetiniň goldaw bermeginde 2013-nji ýylyň 3-4-nji dekabrynda bolup geçdi. BSGG Ýewropa sebit komitetiniň 64-nji mejlisi ýokanç däl keselleriň öňüni almak we göreşmek boýunça Aşgabat deklarasiýasyny tassyklady.

Biziň ýurdumyz gönüden-göni aýgytly herekete girdi. Şeýlelikde, 2014-nji ýylyň maý aýynda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we göreşmek boýunça 2014-2020-nji ýyllar üçin milli maksatnama kabul edildi. Ondan azrak öň – 2012-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň karary bilen temmäkä garşy göreşmek boýunça 2012-2016-njy ýyllar üçin hereketleriň milli meýilnamasy kabul edildi. Ol esasy alty ugry: temmäkä garşy göreşmek boýunça degişli milli kanunçylygy işläp taýýarlamak, çilim çekmekligi bes etmek boýunça teklipleri bermek boýunça saglygy goraýyş hünärmenlerini taýýarlamak we çilim çekmekligi bes etmek boýunça gullugy berkitmek, temmäki boýunça ilaty maglumatlar bilen üpjün etmegi ýokarlandyrmak, kämillik ýaşyna ýetmediklere temmäki önümleriniň söwdasyny sazlaşdyrýan çilim çekmekden azat etmek we kadalar boýunça kanunçylygy berkitmek, çilim çekmek ulgamynda ylmy gözlegleri geçirmek, ylmy we tehniki meseleler boýunça halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça esasy ugurlary öz içine alýar.

Şeýle hem Milli edaralara utgaşdyryjy komitet döredildi. Onuň düzümine ministrlikleriň, edaralaryň, milli jemgyýetçilik we halkara guramalarynyň 18-si girýär. Zyýanly endikden daşda durmaga maksat edinenlere kömek bermek üçin Ynam merkezi döredildi, telefon aragatnaşygy işleýär. Mundan hem başga “Raýatlaryň saglygyny temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini sarp etmegiň netijelerinden goramak hakynda” Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi.

Bu tagallalaryň ählisi Türkmenistanyň öz öňünde goýan örän uly – 2025-nji ýylda temmäkiden azat ýurt derejesine ýetmek üçin maksatlaryny amala aşyrmak üçin kabul edilýär.

Şunlukda “tegelek stoluň” başynda geçirilen maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň möhümdigini bellediler. Hususan-da, BSGG bilermenleri bilen bilelikde temmäkä garşy göreşmek boýunça hereket etmegiň Milli meýilnamasy işlenilip taýýarlanyldy. BSGG bilermenleri Türkmenistanda temmäkiniň sarp edilişi boýunça gözleg işlerini geçirdiler. “Ýewropa sebitini temmäkiden azat etmek boýunça Aşgabat jarnamasyny amala aşyrmak boýunça” taslamanyň çäklerinde BSGG Ýewropa sebiti edarasynyň we Türkmenistanyň hökümetiniň hyzmatdaşlygynyň ugurlary kesgitlendi.

BSGG edaralarynyň wekilleriniň belleýişleri ýaly, bu günki gün Türkmenistan temmäki çekmäge garşy göreşmekde öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. Ýurtda BSGG Ýewropa sebitiniň iň pes derejesi – ilatyň 8,3% hasaba alyndy. Ýurtda bu ugurda alynyp barylýan işlere Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň iki sapar sylaglanmagy (2014-2015-nji ýyllarda) - temmäkä garşy göreşmäge goşan ägirt uly şahsy goşandy üçin ýörite sylagyň gowşurylmagy Hormatly Prezidentimiziň halkara ykrarnamasyna eýe bolandygyna şaýatlyk edýär.