Ï Türkmenistanyň kiçi derýaly jülgeleri syýahatçylygy we dynç almagy guramak üçin uly mümkinçilige eýedir
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň kiçi derýaly jülgeleri syýahatçylygy we dynç almagy guramak üçin uly mümkinçilige eýedir

view-icon 8376
Özüniň taryhynda aýdyň we şöhratly wakalaryndan doly Ahal topragyny demirgazykdan aňyrsyna göz ýetmeýän cägeligi bilen Garagum sährasy günortasyndan bolsa özüni köp sanly derýalary bilen Köpetdag gurşap alandyr. Bu köp sanly derýalar we çeşmeler özleriniň süýji suwlary bilen bu sebiti suwlandyrypdyr. Garagum sähralygy bilen Köpetdagyň aralygynda ýerleşýän bu sebit gülläp ösüpdir. Köpetdagdan belentliklerinden we kertlerinden gaýdýan salkyn howa çölüň epgini ýumşadupdyr. Bu şöhratly bagy-bossanlygy we mes topragy bilen gadymdan bäri adamlaryň ünsüni özüne çekipdir. Bu ýerleriň ilkinji obalarynyň taryhy köp ýüz ýyllyklara uzap gidýär.

Muňa bütindünýä belli Nusaýda geçirilen arheologiki gözlegler hem şaýatlyk edýär. Onuň golaýynda özüniň süýji tagamly suwy bilen Ýanbaş çeşmesi, Paryzdepe, Akdepe ýadigärlikler toplumy, özüniň taryhy ýadygärlikleri bilen Änew we beýleki ajaýyp ýerler ýerleşýär. Bu ýeriniň mes topragy barada gadymy we orta asyr köp sanly maglumatlary we taryhy gürrüň berýär. Bu ýerde XIX asyrda bolan gözleg-agtaryş işlerini geçirenler özüniň gözbaşyny dag gerişlerinden alyp gaýdýan derýalar we çeşmeler bu ýerleriniň baýlygy bolup durýandygyny aýratyn belläp geçipdirler. Olardan Sekizýaby, Altyýaby (häzir Gökdere), Yzgant suwy (häzir Arçabil) we beýlekileri görkezip bolar.


Köpetdagyň her bir derýasy özboluşly häsiýete eýedir. Sekizýabyň beýik jülgesine el degilmedik tebigaty aýratyn görk berýär, Arwaz derýasynyň töwereklerinde Ipaýgalada hoz agaçlarynyň kiçiräk tokaýlygy bilen geň galdyrýar, uzak bolmadyk ýerde bolsa 30 metrlik Hürhüri Nohur şaglawugyny görmek bolýar, dag gerşiniň eteklerinde kükürt suwly çeşmeler bar. Gökdere paýtagtyň ykrar edilen dynç alyş we saglygy dikeldiş ýerine öwrüldi. Bu ýerde aňrybaş sagaldyş merkezleri ýaýbaňlandyryldy. Onda derýa tokaýlygynyň, sosna we dub agaçlarynyň we owadan dag eňňitleriniň gurşap almagynda iň häzirki zaman sagaldyş merkezleri guruldy. Köpetdag goraghanasynyň Guryhowdan çäkli goraghanasynyň çäklerinde ýerleşýän Demri we Garagaç köp suwly çeşmelerinden gözbaş alýan Kelteçynar derýasynyň jülgesi hem öz täsinligi bilen haýran galdyrýar. Dag çeşmeleriniň ýurduň tebigatyny näderejede baýlaşdyrýandygyna ýerli suw howdanlaryndaky balyklaryň onlarça görnüşini göreniňde göz ýetirýärsiň.

Umuman Köpetdagda dag derýalarynyň otuzdan gowragy bar. Goý olar o diýen bir uly bolmasa-da, olaryň köpüsiniň suwunyň çykymlylygy on kubmetrden hem geçmeýär, ýöne olaryň bu ýerleriň durmuşyna edýän täsirine baha bermek örän kyn. Şeýle derýalaryň her biri Ahal welaýatynyň günbatarsynda ýerleşýän Börmeden gündogarsyndaky Mäneçäçe çenli aralykdaky giňişlikde özboluşly owadan ýerler bolup durýar.

XX asyrda Köpetdagyň eteklerine Garagum derýasynyň gelmegi bilen, bu ýerlerini has hem bol suwly gözbaşly çeşmeler bilen doldurdy. Kärizleriň ornuna suw guýulary geldi. Garaşsyzlygyň alynmagy bilen Köpetdagyň derýalary tebigatyň ajaýyp dür-dänesi hökmünde özleriniň ajaýyp mümkinçiliklerini açyp görkezmek üçin uly mümkinçiliklere eýe boldular.


Türkmen gidrologlary köp ýyllardan bäri Köpetdagyň kiçi derýalaryny toplumlaýyn öwrenilmegini üpjün edýärler, olaryň suwlarynyň netijeliligini goramak boýunça teklipnamalary berýärler. Bu derýalaryň, topragyň düzüminiň gidrologiýasy we gidrografiýasy boýunça giňişleýin materiallar toplandy. Olar rekrasion mümkinçiligi özleşdirmäge toplumlaýyn çemeleşmäge mümkinçilik berýärler

Hakykatdan hem, Türkmenistanyň kiçi derýaly jülgeleri syýahatçylygy we dynç almagy guramak üçin uly mümkinçilige eýedir. Bu ýerde güýç toplap, saglygyňy bejerdip bolar. Sebäbi arassa dag howasy, çeşmeleriň dury suwy, belent çynarlar – iň gowy dermanlardyr.

Aşgabadyň çäkleri we onuň töwerekleri muňa aýdyň mysaldyr. Bu ýerde özi akýan suwlary tebigatyň döreden bu ajaýyp künjeklerinde aýyrmak üçin kämil ulgamlaryň döredilmegine uly üns berlipdir, çeşme hanalaryny arassalamak we desgalaryň töwereginden göçürmek ýola goýlupdyr. Çeşmeleri özleşdirmegiň çäklerinde sil akymlaryna garşy durmaga aýratyn orun berlipdir. Bu bolsa tokaýlary dikeltmek we suw serişdelerini tygşytly peýdalanylmagyna özüniň oňaýly täsirini ýetirýär. Şunlukda, suwarymly düzlüklerde has köp jemlenen agroönümçiligi daglarda syýahatçylyk zolagyna çalyşmaga mümkinçilik berýär. Bu bolsa biziň daglarymyzyň gözelliklerini myhmanlarymyzyň has köpüsine tanyşdyrmaga mümkinçilik berer, tebigy ekoulgamynda antropogen ýükleri azaltmagy gazanyp bolar.


Aşgabatdaky Gökdere jülgesiniň derýasy ýaly ýerlerde döredilen şular ýaly dynç alyş ýerlerini döretmek boýunça rekreasion gurluşyň ösdürilmegi we Köpetdagyň beýleki derýalarynyň rekreasion mümkinçiligi üçin peýdalanmak, gürrüňsiz golaý gelejegiň işidir. Ýeri gelende aýtsak, Gökdere suwunyň jülgeden çykýan ýerinde Ahal welaýatynyň topragynda, ajaýyp howaly dag eteginiň we el bilen döredilen gök tokaýlyklaryň arasynda atçylyk sport toplumy seleňläp görünýär. Onuň bu ýerde gurulmagy simwoliki häsiýete eýedir. Sebäbi, Köpetdagyň suwlary bilen suwarylýan ýerlerde öz häsiýetleri boýunça behişdi bedewler – Ahalteke atlary ösdürilip ýetişdirilipdir.

Şu günler Ahal welaýatynyň topragynda atly ýörüş dowam edýär. Atly ýörüşiň wekilleri nirede saklansalar-da, bu ýerler we obalar, taryhy ýadygärlikler we tebigatyň ajaýyp künjekleri bu mes toprakly ýerleri döreden we ony ýaşaýyş suwy bilen gandyran Köpetdagyň derýalaryna we çeşmelerine buýsanmagy ýatdan çykarmaly däldirler.