Biz, türkmenistanlylar, öz paýtagtymyzy söýýäris – bu Garagum çöli bilen Köpetdagyň aralygynda gülläp oturan ak mermerli gül. Bize öz söýgüli şäherimiz barada myhmanlarymyzyň - syýasatçylaryň, telekeçileriň, medeniýet işgärleriniň Aşgabadyň özüne çekiji owadanlygy, onda çalt depginler bilen bolup geçýän özgertmeler, onuň myhmansöýer we dostlukly ýaşaýjylary barada haýran galyp aýdýan sözlerini eşitmek we okamak örän ýakymly. Türkmen paýtagtynyň myhmanlaryna söz bereliň.
Türkmen topragynda doglan russiýaly lýotçik-kosmonawt Oleg Kononenko: “Türkmen şäherleriniň bu günki güni – bu ösüşiň we tehnologiýalylygyň nyşany. Ýurduň paýtagtynyň keşbinde – ak mermerli owadan Aşgabat bolsa maňa kosmiki äheňli bolup örünýär. Binalaryň asmana uzaýan görnüşleri paýtagta gaýtalanmajak geljegi uly bolan şäheriň keşbini bermek bilen, badalga berilýän meýdançadaky raketa göterijisini ýadyňa salýar.”
Malaýziýanyň syýahatçylygy öňe sürmek boýunça Milli gullugynyň Merkezi Aziýa wekilliginiň ýolbaşçysy Norliza Zain: “Wekiliýetiň ählisi bilen Aşgabat – Kuala-Lampur aralygyna ilkinji uçuşy bilen Türkmenistanda ilkinji sapar bolmak bilen, siziň paýtagtyňyzyň owadanlygy meni haýran galdyrdy. Aşgabat – özboluşly ajaýyp, onuň ajaýyp ak mermerli binagärligi gadymyýetiň ýadygärliklerinden pesde durmaýndygy bilen haýran galdyrýar. Bu ýokary durmuş derejeli örän arassa häzirki zaman şäheri. Şunlukda hemme babatda onuň geçmiş bilen şu gününiň arabaglanyşygy duýulýar. Bularyň ählisinde milli lider Gurbanguly Berdimuhamedowyň örän uly hyzmaty bardyr”.
Meşhur italýan kompozitory we aýdymçysy Toto Kutunýo: “Dogrymy aýdaýyn, men öň bu ýurt we onuň paýtagty barada az bilýärdim, ýöne häzir, men Aşgabada aýlanyp görenimden soňra, bu şäheriň jadyly şäherdigini çyn ýürekden aýdyp bilerin... Şäherdäki ak güller meni haýran galdyrdy. Gijelerine ol has hem owadan, - örän ýagtylyk, ertekilerdäki ýaly köşkler, binalar. Men dünýäniň köp şäherlerini gördüm, Pariž, Moskwa we köp sanly şäherler, ýöne Aşgabat örän aýratyn şäher. Iki günüň içinde men özümi şeýle bagtly duýdum we siziň halkyňyz hem örän ruhubelent”.
Nowruz-2016 baýramçylygyna daşary ýurtdan gatnaşyjy, Latwiýanyň “Balta tour” syýahatçylyk kompaniýasynyň direktory Inita Şweýde: “Biz türkmen paýtagtyna gelen badymyza, Aşgabadyň ak şugla saçyp duranyna haýran galdym. Ol şeýle bir baýramçylyk keşpde, arassa, aýdyň, aýratyn hem gijelerine, isleseň-islemeseň sen ony ertekilerdäki şähere meňzedýärsiň... Nowruz sähralygynyň ýaşyl öwsüp duran baýyrlyklarynda biziň gören zatlarymyzy türkmen halkynyň gadymdan bäri şu günlerki günlerine çenli durmuş pursatlary ýazylan owadan bezelen taryhy ýyl ýazgysy bilen deňeşdirip bolar.”
Russiýanyň atly režissýory we aktýory, Oskar amerikan kinobaýragynyň eýesi Wladimir Menşow: “Biz birnäçe gün bäri bu ýerde bolýarys, men gören zatlaryma “doňup” galdym. Bu meniň çagalyk döwrümde okan fantastiki romanlarymyň şäheri. Aşgabatda bolmak bilen, men onuň hakykatdygyny görýärin. Ol haýsydyr bir fantastiki blokbasteri surata düşürmek üçin iň görnüş bolup biler, men muňa çuňňur ynanýaryn. Agşamlaryna köçelerde aýlanmak bilen, “awtodykynşygyň” ýokdugyna haýran galýaryn, aýratyn hem bu Moskwanyň köçelerinden soň mese-mälim duýulýar. Hemme ulaglar arkaýyn ýagdaýda hereket edýärler, baky feýerwerk baýramçylygynda ýaşaýan ýaly şäher ýanyp dur, illýuminasiýalar şugla saçýar. Megerem, siziň şäheriňiz mebde iň uly täsiri galdyran bolsa gerek. Belki Hudaý, ol uzak ýyllaryň dowamynda saklanyp galjak özüniň gaýtalanmajak görnüşini we täsirini saklamagy başarsyn. Biz Aşgabatda bolandygymyza we köp milletli dostlukly döwletde höküm sürýän dostluga we söýgä örän begenýäris”.
Tokio Uniwersitetiniň Professory Terue Okada: “Aşgabat edil gözümiziň alnynda ýylba-ýyldan has owadanlaşýar. Ýöne meniň bu şähere bolan gatnaşygym üýtgänok. Men oňa haýran galmakdan ýadamaýaryn, özi hem, siziň bütin ýurduňyza, siziň halkyňyzyň adatdan daşary myhmansöýerligi we dostlukly bolşy ýaly”.
Belli rus aýdymçysy, “Ýewrowideniýe-2008-ň ýeňijisi”, MTV, “Muz-ТВ”, World Music Awards we “Altyn grammofon” baýraklarynyň we köp sanly aýdym-saz sylaglarynyň eýesi Dima Bilan: “Maňa siziň ajaýyp Aşgabat şäheriňizde ilkinji sapar bolmak miýesser etdi, ýöne menden öň bu ajaýyp şäher barada örän gowy zatlary eşitdim. Meniň Aşgabatly dostlarym türkmen paýtagtynda bolup geçýän örän uly özgertmeler, täze gurluşyklar, täze ýollaryň gurulýandygy barada maňa köp gürrüň berdiler. Bu günki gün maňa bu ak mermerli şäherde bolmak bagty miýesser etdi. Ol mende özüniň giň köçeleri we administratiw binalarynyň, köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň, suw çüwdrümleriniň we seýilbaglarynyň owadanlygy bilen ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy”
Russiýa Federasiýasynyň hökümetiniň ýanyndaky Maliýe uniwersitetiniň dosenti Iosif Zaýa: “Beýlekilerde bolşy ýaly, meniň üçin Aşgabatda bolmak haýran galdyryjy waka boldy. Men dünýäniň köp ýurtlarynda boldum we dürli owadan we täsin şäherleri görsem-de, ol dünýäniň beýleki şäherleriniň hiç birine hem meňzänok. Siziň şäheriňiz edil ertekilerdäki ýaly. Şonuň üçin hem bu ýerde bolmak örän ýakymly”.