Paýtagtyň dabaralar geçirilýän zallarynyň iň gowylarynyň biri bolan «Gülzaman» bäsleşige gatnaşyjylary dabaraly ýagdaýda garşy aldy. Dizaýnerler-floraçylar haly sungatynyň ýokary çeperçilik nusgalaryny görkezýän köp dürli reňkleriniň we stilistiki köp dürliliginiň üstüni ýetirýän žiwopis gülli kompozisiýany düzüdüler.
Her bir welaýat we Aşgabat şäheri bäsleşigiň sebitleýin bäsleşikleriniň ýeňijilerini görkezdi. Olar oz zehinleri we döredijilik energiýalary bilen türkmen halyçylyk sungatyny baýlaşdyrýan ykrar edilen ussatlardyr.
Bäsleşigiň maksatnamasynyň çäklerinde halyçylara diňe bir öz hünär ussatlygyny görkezmek garaşman, eýsem türkmen halkynyň ruhy-taryhy tejribesinden gelip çykýan polotnolary döretmegiň usullary barada gürrüň bermek garaşýardy. Çykyşlary her bir bäsleşige gatnaşýanyň öz sebiti üçin mahsus bolan dokalan halylaryň sapagyny kesmek däbi bilen tamamlandy.
Bäsleşigiň ideýasy Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň: “bu döredijilik eseri halkyň toparlaýyn zehininiň miwesi bolmak bilen, olaryň ajaýyp özboluşlylygyny kesgitlemek bilen, milli medeniýetiň ählisiniň – sazynyň, poeziýasynyň, binagärlik sungatynyň, amaly-haşam, şekillendiriş sungatynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär” diýip, obrazly-filisofiki kesgitlemesi bäsleşigiň ideýasyny has takyk beýan edýär.
Bäsleşigi aýdym-sazly-şahyrana sany tamamlady. Ussatlaryň ýerine ýetirmeklerinde gazallar, läleler we häzirki zaman şahyrlaryň sözlerine aýdymlar ýaňlandy. Bäsleşige gatnaşyjylar Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň zehininden dörän täze “Arşyň nepisligi” kitabyndan bölekleri aýratyn duýgy bilen çeper okadylar. Hormatly Prezidentimiziň bu täze kitaby bu baýramçylyga gatnaşyjylar we bu özboluşly hem-de deňi-taýy bolmadyk sungatyň gadyr-gymmatyny bilýänleriň hemmesi üçin ajaýyp sowgat boldy
Emin agzalary bäsleşigiň jemini jemlemek bilen, oňa gatnaşyjylaryň ählisiniň ýokary ussatlyk derejelerine, olaryň ruhy galkynyşyna, türkmen halysynyň ewolýusiýasyna özboluşly garaýyşlaryna ýokary baha berdiler. Bu häsiýetler olara taryhy-ruhy, obrazly-filosofiki we nagyş-kompozision usullary ýokary çeperçilik taýdan beýan edýän ajaýyp halylary döretmäge mümkinçilik berdi.
Birinji orna Balkan welaýatynyň, ikinji orna bäsleşige gatnaşan aşgabatly halyçylar, üçünji oruna Daşoguz welaýatynyň wekilleri mynasyp boldular.
Ýeňijiler we baýrakçylar, şeýle hem bäsleşige gatnaşyjylaryň ählisi gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandylar.