Bu baýramçylyk Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Aşgabada ýurtda amala aşyrylýan iri göwrümli özgertmeleri, onuň halkara derejesinde ösýändigini, syýasy merkez hökmünde, bu ýerde hökümetiň iň ýokary guramalary we dolandyryş merkezler ýerleşýändigi, konseptual çözgütler kabul edilýändigi, durmuş-ykdysady, ylym-bilim we medeni ulgamlarda ýokary ösüşler gazanylýan şäher hökmünde Aşgabadyň derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, 2013-nji ýylda döredildi.
Aşgabadyň güni – bu döwletiň durmuşynda uly jemgyýetçilik-syýasy we medeni waka. Biziň Watanymyzyň paýtagty bütin dünýä biziň mümkinçiliklerimizi görkezýär, Türkmenistanyň ösüş nyşany, durnuklylygy we gülläp ösüşi hökmünde çykyş edýär.
Garaşsyzlygyň yglan edilmegi bilen, Aşgabada örän möhüm we jogapkärli wezipe – bütin dünýä türkmenleriniň paýtagty, olary birleşdirýän we milli döwletliligiň daýanjy wezipesi düşdi. Özbaşdak döwletiň paýtagty derejesine eýe bolmak bilen, Aşgabat Döwlet baýdagy, Gerbi we senasy ýaly ýurduň aýrylmaz nyşany öwrüldi. Aşgabadyň esasy derejesini “Türkmenistanyň paýtagtynyň derejesi hakynda” Kanun berkitdi. “Meniň ak şäherim Aşgabat” Monumenti binagärlik nyşanyna öwrüldi.
Ýüz ýyldan hem gowrak taryhy bolan Aşgabat, bu günki gün – çalt depginler bilen ösýän şäher, täze ösüşlere tarap bedew nady bilen öňe barýan döredijilik energiýasyny öznde jemleýändir. Prezidentiň Aşgabady ösdürmek baradaky baş ýörelgesi Türkmenistanyň ak mermerli paýtagtyny dünýäniň iň bir owadan, ähli amatlyklary bolan we köp adamlaryň gelýän şäherine öwürmäge gönükdirilendir.
Paýtagtyň ykdysadyýetini ýokary tehnologiýalar we kommunikasiýalar, ulag pudagy we gurluşyk emele getirýär. Şu ýylyň 17-nji maýynda 2015-2016-njy ýyllarda paýtagty ösdürmegiň meýilnamasyna laýyklykda, bolup geçen nobatdaky maslahatda aýdylşy ýaly, diňe şu ýylyň özünde iri senagat we durmuş ähmiýetli desgalaryň 383-si ulanmaga berildi. Ýylyň ahyryna çenli ýene-de dürli ähmiýetli desgalaryň 276-ny gurmak meýilleşdirilýär. Guwandyryjy ösüşler täze inženerçilik kommunikasiýalar ulgamyny döretmäge, ýaşaýyş jaýlaryny abadanlaşdyrmaga, energetika kärhanalarynyň maddy-tehniki binýadyny berkitmäge mümkinçilik berýär.
Ýol-ulag gurluşyny kämilleşdirmäge aýratyn üns berilýär. Şäheriň häzirki zaman awtoýollary – bu Türkmen döwletiniň döredijilikli kuwwatynyň aýdyň beýanydyr. Paýtagtyň etraplaryny awtomobil köprülerini, estakadalary, razwýazkalary, radial we halkalaýyn şaýollaryny öz içine alýan anyk meýilleşdirilen ulag-kommunikasion ulgamy birleşdirýär. Aşgabadyň aýdyň nyşanlarynyň biri hökmünde dünýä derejeçi Arçabil şaýoly iri sebitleýin merkeze öwrüldi. «CETE APAVE Cudeurope» abraýly hil şahadatnamasy bilen bellenen Çandybil şaýoly öňdebaryjy ýol gurluşygynyň nusgasy bolup durýar.
Bu günki gün Aşgabat – bu tehnologiki öňegidişlikleriň we innowasiýalaryň milli merkezi. Bu ýerde ylmy we ýokary bilim edaralary jemlenendir. Paýtagtda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň açylmagy ýurdyň çalt depginler bilen ösýän innowasion ösüşiniň kuwwatly faktory boldy. Lukmançylyk klasteriniň, işewür syýahatçylygyň, köp taraplaýyn gatnaşyklary we ykdysady gatnaşyklary ýola goýmak maksady bilen, halkara duşuşyklaryny guramaga aýratyn üns berilýär.
Sebitleýin we halkara ähmiýetli syýasy merkez hökmünde Aşgabadyň abraýy berkidilýär. Täze işewür merkez hökmünde Türkmenistanyň paýtagtynyň derejesi barha ýokarlanýar. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň döredijilikli ideýalary we taslamalary bu ýerden gözbaş alýar. Muňa Milletler Bileleşigi durnukly ösüş maksatlaryny gazanmakda möhüm halkara goşant hökmünde baha berýär.
Aşgabat ýene-de bir abraýly ada – sportuň sebitleýin merkezi diýen ada mynasyp boldy. Türkmenistanyň paýtagtynda 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary geçiriler. Munuň üçin gurlan Olimpiýa şäherçesiniň Merkezi Aziýada deňi-taýy ýokdur we ol Türkmenistany dünýäniň sport ýurdy derejesini tassyklamak bilen, biziň ýurdumyzyň täze belentliklere we dünýäniň gazananlaryna ymtylýandygyny beýan edýär.
Aşgabady biziň daşary ýurtly myhmanlarymyz paýtagtyň arhitektura taýdan bezelişini gündogar äheňleri bilen häzirki zaman tehnologiýalarynyň sazlaşýandygyny belläp, “Gündogary merjeni” diýip atlandyrýarlar. Özgertmeleriň we halkyň medeni-taryhyny däp-dessurlaryny alamatlandyrýan Aşgabadyň ajaýyp gözle künjekleri Ginnesiň Rekordlar kitabyna girizildi. Olardan “Älem” Medeni-dynç alyş merkeziniň syn ediş hiňňilligini, “Türkmenistan” Teleradioýaýlymlar merkeziniň Oguzhan ýyldyzyny görkezmek bolar. Aşgabat iň uly toplum hökümde ykrar edilen “Oguzhan” atly heýkelleriň we suw çüwdürimleriniň toplumy ýerleşýän şäher hökmünde hem bellenildi. Türkmen paýtagty ilkinji sapar şol döwürde iň beýik flagştogy bolan şäher hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabynyň sahypasynda bellendi. 2013-nji ýylda Aşgabat dünýäde iň köp ak mermerli şäher hökmünde Dünýä rekordlar kitabyna girizildi.
Türkmenistanyň paýtagty diňe bir arhitektura ulgamynyň ösüşi bilen çäklenmän, eýsem adamlaryň oňaýly ýaşamaklary üçin hem ajaýyp şäherdir. Paýtagtda ähli amatlyklary bolan ösen infrastukturaly ýaşaýyş jaý toplumlary, iň häzirki zaman, ýokary tehnologiýaly saglyk öýleri, mekdepler, çagalar baglary, teatrlaryň, muzeýleriň, kitaphanalaryň binalary guruldy. Oňaýly daşky gurşawa megopolisde tokaý-seýilbag zolaklary, paýtagty gurşap alýan şäher baglyklary we saýaly alleýalar, suw çüwdürim toplumlary we emeli derýa oňaýly täsirini ýetirýär.
Häzirki zaman ak mermerli owadan şäher – bu adamlaryň müňlerçesiniň zähmetiniň netijesidigi gürrüňsizdir, ýöne beýik amala aşyrmalaryň ruhlandyryjysy we başyny başlaýjysy, türkmen paýtagtynyň çalt depginler bilen gülläp ösmeginiň «baş arhitektory», onuň halkara derejesiniň berkidilmeginiň başynda – Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow dur. Türkmen döwletiniň paýtagty – öňe hereket etmegiň nusgasyny beýan edýän şäher. Özüniň ajaýyp keşbi we uly göwrümli amala aşyrmalary bilen Aşgabat türkmen halkynyň ýokary ruhubelentligini, däp-dessurlaryny, baý medeni dessurlaryny, zähmetsöýerligini, zehinini, parahat söýüjiligini we ýokary ösüşlere hem-de gülläp ösüşe ymtylmagy dowam etdiriji täze müň ýyllyklaryň paýtagty hökmünde özüni görkezýär.