Ï Garabogaz kölüniň kenarlarynyň sebitleri halkara ekologiki syýahatçylygynyň ösdürilmegi üçin örän uly mümkinçiliklere eýedir
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Garabogaz kölüniň kenarlarynyň sebitleri halkara ekologiki syýahatçylygynyň ösdürilmegi üçin örän uly mümkinçiliklere eýedir

view-icon 3136
Garabogaz sebiti – Türkmenistanyň demirgazyk-günbatarsynda Garabogaz aýlagyna ýakyn ýerleşýän giň sebit. Ol Turanyň üýtgewsiz çöl bölegini öz içine alýar. Syýahatçylar üçin bu ýerde bolmak uly şowlylyk. Ajaýyp landşafta eýe bolan bu sebit heniz doly öwrenilmändir, ol öz goýnunda köp sanly näbelli we mälim bolmadyk zatlary gizleýär. Biziň toparymyz, esasan hem “Agama” alpinistler klubynyň agzalaryndan ybarat bolan toparymyz, ekologiki syýahatçylygyny söýýänleriň giň köpçüligi üçin Garabogaz sebitiniň ajaýyp ýerleri bilen tanyşdyrmak üçin Uly Balkan daglarynyň eteginden aýlaga tarap ugur aldylar.


Biz özümize ýeňil bolmadyk ýoluň garaşmaýandygyny bilýärdik. Teklip edilýän ulag ugry fizika-geografiki babatda örän özboluşlydy – çalt üýtgeýän-kontinental howaly we çyglylygy örän az ýoldan geçýärdi. Gündogar kenar landşaftyna Hazar deňziniň täsiri örän azdy – bu ýerler gurydy, ýowuzdy we çöllükdi. Toprak suwlaryna çykýan tebigy oazisler seýrekdi we ähmiýetsizdi. Çäkleriň köp bölegi 50-200 metr belentlikde ýerleşýärdi. Diňe birnäçe oýlar görkezilen derejeden pesde ýerleşýärdi, Krasnowodskiniň ýapgyt bölekleri bolsa – beýikde.

Demirgazykda Uly Balkanyň dag etek zolaklary Çalmämmetgum çöllügi we çägeligiň arasyndaky ýarym ýapyk çukurlar bilen sepleşýär. Sil suwlary bu çukurlara dolmak bilen, az wagtlyk kölleri emele getirýär. Ösümlikler bilen gowşak berkän uly bolmadyk çäge üýşmekleri gabat gelýär. Çölüň yzy ähli sebiti gurşap alypdyr.


Uly Balkanyň günorta eňňidinde Daşarwat jülgesinde çeşme bolup, bu ýerden uzak ýola geçip gidýänleriň ählisi hökmany suratda ätiýaçlyk içim suwlaryny alyp geçýärler. Uly Balkanyň demirgazyk ganatyny, Oglanlynyň darajyk, göni gidýän ulgamyny kesip geçýäris we köp bölegini adybir eňňitlik eýeleýän Krasnowodskiý ýarym aýlagynyň düzlüginiň giňişligine çykýarys. Bu göni manyda alanyňda tekizlik däl. Reňk baýlygy bilen: ak, gülgüne, gök, gyzyl reňkler bilen haýran galdyrýan žiwopis oýluklar has uly gyzyklanma döredýär. Çuňlugy 50-70 metre ýetýän bu oýlar – bu ýere gelýänlerde uly gyzyklanma döredýän tebigatyň landşaft-geologiki ýadygärlikleri bolup durýar.


Demirgazyk tarapa hereket etmek bilen, Oglanly, Akguýy şäherçeleriniň, Goşaoba obasynyň üstünden geçip, gündogara tarap - bu ýerlerde keramatly saýylýan meşhur Kelamata tarap ugur alýarys. Onuň örän golaýynda – tebigatyň ajaýyp landşaft-geologiki ýadygärligi – Kemal jülgesi bar. Onuň düýbünden ceşme akyp geçýär, onuň kenarlarynda bolsa – iri diametri bir metr we ondan hem uly bolan şar şekilli kremnili-hek konkresiýalar ýerleşipdir. Olaryň sany bu ýerde müňlerçe. Täsin ýagdaýda saklanyp galan bu daş emele gelmeleri ýokarky-hek döwrüne degişlidir. Tebigy taýdan dörän Kemal diýlen ýerde olar dag jynslarynyň täsiri esasynda döräp biler. Olaryň golaýynda faunistik galyndylar, özbaşdak balykgulaklar, okislenen demir nyşanly, daşa öwrülen agaç bölekleri bolandyr. Olaryň hek-toýun garyşan jynslary millionlarça ýyllaryň dowamynda ýumurlypdyr, has berk kremnili konkresiýalar bolsa – ýokarky gatlakda saklanyp galypdyr. Indi Kemal jülgesi – konkresiýalaryň ajaýyp “ýatagy” bolup durýar. Olaryň bu ýerdäki sanlary we şeýle ýagdaýda saklanyp galanlary başga hiç ýerde ýok.


Tebigy taýdan dörän Kemal diýlen ýer – tebigatyň döreden landşaft-geologiki ýadygärligi – hakyky unudylan dünýä, häzirki güne çenli esasan hem diňe zyýaratçylaryň – ýerli ýaşaýjylaryň bu keramatly ýere zyýarat edýän ýeri hökmünde meşhurdyr. Ony syýahatçylar topary üçin baryp görmek üçin tebigatyň ýadygärlikler sanawyna goşup bolar. Oňa barýan ýol gowy, suw bar.


Sagda Akgyr belentligini goýup, meýilleşdirilen ugur boýunça – Garabogaz aýlagynyň günorta kenaryna ýakyn ýerindäki ýeke-täk çeşmä tarap ugur alýarys. Bu ýerde, oýlaryň birinde, ajaýyp hananyň ýakynynda, gijämizi geçirýäris. Hana giň tekizlige ulaşyp gidýär, ondan çykýan ýeriňde toprak suwlary görünýär. Çeşmäniň suwy şor, içmek üçin ýaramsyz diýen ýaly, ýöne hojalyk maksatlary ücin ulanyp boljak.

Ahyryn-da biz, Garabogazyň günorta kenaryna – syýahatymyzyň ahyrky nokadyna ýetýäris. Garabogazyň günorta kenaryna barýan ýol kyn boldy. Bu ýerleriniň aýratynlygy ulaglaryň berkligini synagdan geçirýän gapyrgaly ýol bolup durýar. Ýolda çäge süýüşmeleri, otlukdan ýaňa bildirmeýän tekiz däl ýerler, oýlar, çarkandak ýerler gabat gelýär. Hatda bu ýerde salgy berýän abzallar bolanda-da, azaşmak mümkin. Şonuň üçin hem ynamly ulag, ýolbelet bolmasa, ýu ýere ýekelikde gitmezlikden gowsy ýok. Ýöne, ýolda gören haýran galdyryjy zatlarymyz ýol näsazlyklaryndan rüstem gelýär. Yzda – Krasnowodsk ýarym adasynyň örän uly giňişligi – çarkandaklar, çukurlar, hanalar, gaýalar, çeşmeleriň akabasy, dagly oýluklar – “galyndylar”, karnizleri, “telpekleri”, tagçalary, kert gaýalar, uçutlar... yzda galdy.


Şeýlelik bilen, biz Garabogaz kölüniň günorta kenarynda! Ol bizi mähirsiz garşy aldy. Çal tümlük, ýykyp barýan güýçli ýel, aýlawly kenarlaryň ýowuz ýaşaýşy bolmadyk peýzažy. Bu ýerde aýlagy öwrenijileriň iň ilkinjileriniň biri G.S.Kareliniň (1847 ýyl) Hazar deňzinde Garabogaz kölüniň kenary ýaly “şeýle aýgytly we köp babatda ýaramsyz kenar ýok” diýip, aýdan sözleri ýadyňa düşýär. Muňa garamazdan, möwç urýan tolkunlardan ýaňa açylýan peýzaž, tolkunlaryň gulagyňy gapyp barýan güwwüldisi, aýlagyň owadan aýlawly kenarlary syýahatçylary geň galdyrýar. Şular ýaly täsinlikleri ýygy-ýygydan görüp bolanok!

Garabogazköl aýlagy 18 müň inedördül kilometrden gowrak giň duzly basseýn-howdan bolup durýar. Aýlagyň duz baýlygy ýurduň himiýa senagatynyň örän uly çig mal serişdesidir. Onuň üstki gatlagynda dürli duzlary, şol sanda natriý, magniý, kalsiý ýaly duzlaryň we beýleki elementleriň milliardlarça tonnasy ýerleşendir.


Garabogaz kölüniň sebiti halkara ekologiki syýahatçylygy ösdürmek üçin örän uly mümkinçiliklere eýedir, şeýle hem täzelerini ýüze çykarmak we öň açylan peýdaly gazylyp alynýan gaty magdanlary iş ýüzünde ulanmak üçin geljegi ulydyr.