Paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjiginiň söweş sungatlary sport toplumynda türkmen göreşi we guşakly göreş boýunça erkekleriň we zenanlaryň arasynda Aziýanyň çempionaty badalga aldy. Ýaryşyň öňüsyrasynda bolsa bu ýerde Aziýanyň guşakly göreş federasiýasynyň kongresi boldy. Onuň barşynda göreş bu sport guramasyna kabul edildi.
Bu ýaryşa 16 ýurtdan 300 türgen gatnaşýar. Olaryň arasynda Hytaý, Malaýziýa, Singapur, Bahreýn, Yrak, Eýran, Gazagystan we beýleki ýurtlaryň türgenleri bar. Çempionatyň ilkinji güni pälwanlar erkin usulda çykyş etdiler. Bu görnüş boýunça türkmenistanly türgenler jemi 25 medal — 12 altyn, 10 kümüş we 3 bürünç medala eýe bolup, garaşylyşy ýaly, örän ýokary netije görkezdiler. Bu görkeziji Türkmenistanyň ýygyndy toparyny umumy toparlaýyn hasapda birinji orna çykardy.
Ähli agram derejelerinde diýen ýaly pälwanlarymyzyň doly artykmaçlygy ýüze çykdy. Final tutluşyklarynda diňe türkmenistanly türgenler bäsleşdiler. Zenanlaryň arasynda agramlary 52 kilograma çenli tutluşykda, göreş boýunça 2015-nji ýylda geçen dünýä çempionatynda bürünç medaly eýelän halkara derejeli sport ussady Laçyn Badaglyýewa bilen Gülfiýa Jumaýewa duşuşdylar. Arassa ýeňiş hasap edilýän emel bilen garşydaşyny ýagyrnysynyň üstüne zyňyp, Aziýa çempionatynyň altyn medalyna Laçyn Badaglyýewa mynasyp boldy. G.Jumaýewa bolsa kümüş medal bilen kanagatlanmaly boldy.
100 kilogramdan ýokary agramda türkmen pälwanlaryň arasynda final tutluşygy tomaşaçylarda uly gyzyklanma döretdi. Bu agramda ýaryşyň baş baýragy ugrunda dünýäniň iki gezek çempiony, halkara derejeli sport ussady Rejepaly Orazalyýew bilen Annamyrat Myradow bäsleşdiler. Çekeleşikli geçen tutluşykda R.Orazalyýew kynlyk bilen, ýöne owadan ýeňiş gazandy. Şeýle hem şu gün hormat münberiniň degişlilikde birinji we ikinji basgançaklaryna — Ýakupnazar Ýakubow we Allanur Goçow (57 kg çenli), Arslan Hojamberdiýew we Ysmaýyl Orazow (62 kg çenli), Hangeldi Allakow we Döwletgeldi Berdiýew (68 kg çenli), Jangeldi Medow we Bekmyrat Baýdurdyýew (75 kg çenli), Öwezgeldi Berdiýew we Kerim Rejebow (100 kg çenli), Zöhre Mädreýimowa we Zarina Abdyrahmanowa (58 kg çenli), 2012-nji ýylda Londonda geçen Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjy Gülnar Haýytbaýewa we Dinara Hallyýewa (63 kg çenli) çykdylar.
Bulardan başga-da, ýygyndy toparymyzyň düzüminde Toýlymyrat Aýazow (82 kg çenli), Rano Uzakowa (70 kg çenli) hem-de Maksuda Egenberdiýewa (70 kg-dan ýokary) altyn medala mynasyp boldular. 18 ýaşly Hanmuhammet Patdyýew (90 kg çenli) kümüş medala mynasyp boldy. Bäşim Aýazow (90 kg çenli), Nasiba Surkiýewa (70 kg çenli) we Jahan Muhammedowa (70 kg-dan ýokary) bolsa bürünç medaly eýelediler. Daşary ýurtly türgenlerden diňe gyrgyzystanly türgen N.Kojobekow (90 kg çenli) ýeňiş gazandy.
...Ýokarda agzalan Kongresiň mejlisine guşakly göreş boýunça Halkara federasiýasynyň wekilleri, Malaýziýa, Indoneziýa, Pakistan, Eýran we beýleki döwletleriň sportuň bu görnüşi boýunça milli guramalarynyň, şeýle hem Bütindünýä göreş federasiýasynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Olar barha uly meşhurlyga eýe bolup barýan bu iki görnüşi birleşdirmäge biragyzdan ses berdiler. Türkmen göreşi bölüminiň wise-prezidentligine milli ýygyndymyzyň tälimçisi Abdylla Berdiliýew saýlandy.
Bilermenleriň pikirine görä, biri-birine doly kybapdaş bu iki usulyň birikdirilmegi sportuň bu görnüşleriniň Aziýa yklymynda ösmegine güýçli itergi berer. Türkmen göreşiniň ýene bir özüne çekiji tarapy, onuň, beýleki göreş görnüşlerine görä, şikes almak babatynda howpsuzlygydyr.
Gadym zamanlardan bäri sportuň bu görnüşi boýunça ýaryşlar ähli milli toý-baýramçylyklaryň esasy bezegi bolupdyr. Toýlarda geçirilýän ýaryşlar uly meşhurlyga eýe bolupdyr. Ol ýaryşlara diňe bir golaý-goltumdaky obadyr şäherleriň pälwanlary däl-de, has uzakdaky ýerleriň pälwanlary hem gatnaşypdyr. Ýaryşyň ýeňijisi gymmat baha baýraga mynasyp bolupdyr hem-de il-ulus içinde uly hormatdan peýdalanypdyr. Şonuň üçin hem türkmen maşgalalarynda oglanjyklar heniz kiçijik çagalygynda göreş bilen meşgullanmaga başlaýarlar.
Umuman aýdanymyzda, guşakly göreş — sportuň iň gadymy görnüşleriniň biri bolup, ol köp halklaryň milli baýlygy hasaplanýar. Dünýäniň dürli künjeklerinden — Aziýadan, Afrikadan, Ýewropadan we Merkezi Amerikadan tapylan gadymy golýazmalar, gaýanyň ýüzüne çekilen suratlar, sungat ýadygärlikleri we beýleki tapyndylar başa-baş göreşiň bu görnüşiniň müňýyllyk taryhy ösüşine güwä geçýär. Mysal üçin, Bagdatda tapylan guşakly göreş tutýan pälwanlaryň heýkeliniň, takmynan, alty müň ýyl ýaşy bar diýlip hasap edilýär. Her halkda, şol sanda türkmen halkynda hem bu göreşiň häsiýetli aýratynlyklary bolýar. Ýöne bir düzgün welin ähli halklaryň göreşinde üýtgewsizdir. Tutluşyk mahalynda türgenler guşakdan elini sypdyrmaly däldirler.
Guşakly göreş sport görnüşi hökmünde şu müňýyllykda uly ösüşlere eýe boldy. 2002-nji ýylda ilkinji dünýä çempionaty geçirilip, oňa dünýäniň ýigrimiden gowrak ýurtlarynyň ýygyndy toparlary gatnaşdylar. 2011-nji ýylda Guşakly göreşiň halkara federasiýasy döredildi.
Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetiniň mejlisleriniň birinde türkmen türgenleriniň Aziada—2017 ýaryşlarynda çykyş etmeklerinden garaşylýan netijeler barada aýdyldy. Hünärmenleriň pikirine görä, iň köp medallar — medallaryň 90 göterimine golaýy — toplumlaýyn ýaryşda ýer eýeleri tarapyndan göreş hem-de guşakly göreş boýunça ýaryşlarda gazanylar. Bu geçýän synag ýaryşynyň, Aziýa çempionatynyň ilkinji güni muňa aýdyň güwä geçýär.
2014-nji ýylda Aşgabatda geçen göreş boýunça birinji dünýä çempionatynda türkmen pälwanlary jemi on alty medala mynasyp boldular. Olaryň sekizisi altyn (aňrybaş netije), ýedisi kümüş we bir bürünç medallardyr. 2015-nji ýylda Russiýada geçen göreş boýunça ikinji dünýä çempionaty hem-de guşakly göreş boýunça Dünýäniň kubogy ugrundaky ýaryş hem Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň ajaýyp üstünligi bilen tamamlandy. Türgenlerimiz bu ýaryşlaryň iki görnüşinde hem umumy toparlaýyn hasapda ynamly birinji orny eýelemegi başardylar.
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň paýtagty Kazan şäherinde geçen XXVII Bütindünýä Uniwersiadany muňa mysal hökmünde getirmek mümkin. Bu talyplar ýaryşynyň guramaçylarynda, şeýle hem köp sanly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerinde türkmen pälwan gyzy, halkara derejeli sport ussady Gülbadam Babamyradowanyň ýeňşi örän uly täsir galdyrdy. Guşakly göreş boýunça ýaryşda onuň göreş tutuş tilsimini hünärmenler «kämil tilsim» diýip bellediler. Ýeri gelende aýtsak, Gülbadam Babamyradowa şu ýylyň awgust aýynda Braziliýada geçjek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşar.
Şeýlelikde, Aziýa çempionatynyň ilkinji güni tamamlandy. 27-nji iýunda türkmen göreşi boýunça ýaryşlar nusgawy görnüş boýunça dowam eder.