Paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjiginde 5-nji awgustdan 21-nji awgusty aralygynda Braziliýanyň Rio-de Žaneýro şäherinde geçiriljek Olimpiada türkmen türgenleriniň wekiliýetiniň ugramagy mynasybetli dabara geçirildi.
Ýurdumyzyň türgenleriniň dünýäniň iň esasy sport ýaryşyna ugramagy mynasybetli dabara Sport baradaky döwlet komitetiniň, Milli olimpiýa komitetiniň, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetiniň, beýleki sport bölümleriniň wekilleri, tälimçiler we öňdebaryjy türgenler gatnaşdylar.
Dabara ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň XXXI Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan türkmen türgenlerine Ýüzlenmesini üns bilen diňlediler. Onda milli Liderimiz türgenlerimiziň ýokary derejede çykyş edip, baýrakly orunlary eýelemek bilen türkmen sportunyň abraýyny belende göterjekdiklerine ynam bildirýär.
Olimpiada türkmen türgenleri üçin möhüm synag bolup durýar. Onuň netijeleri öňde duran 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny ýokary derejede geçirmäge milli ýygyndymyzyň taýýarlygy babatynda örän wajypdyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, halkara olimpiýa hereketine işjeň gatnaşyjy döwlet bolan Türkmenistan sporty parahatçylygyň we ösüşiň bähbitlerine gönükdirmek ugrunda çykyş edýär. Olimpiýa hereketiniň beýik maksatlaryny goldamak, ýokary derejeli sporty hem-de köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmek we wagyz etmek, ýurdumyzda döwrebap sport düzümini döretmek beden taýdan berk ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmekde, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar etmekde esas bolup durýar.
Türkmenistan Olimpiýa hereketiniň belent ynsanperwer däplerine berk eýerýär. Biziň ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek döwlet Baştutanymyzyň amala aşyrýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Sporty ösdürmek boýunça kabul edilen döwlet maksatnamalarynyň birnäçesi munuň aýdyň subutnamasy bolup, olaryň hatarynda “Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň we ösdürmegiň 2011—2020-nji ýyllar üçin milli maksatnamasy”, “Türkmenistanda ussat türgenleri taýýarlamagyň we sporty ösdürmegiň 2012—2016-njy ýyllar üçin umumdöwlet maksatnamasy” bar.
Häzirki wagtda “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça 2012—2016-njy ýyllar üçin maksatnamasy”, obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin milli maksatnamanyň rejelenen görnüşi üstünlikli amala aşyrylýar. Olarda hem sport ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmäge uly ähmiýet berilýär. Bu maksatnamalar uly möçberde gönükdirilýän döwlet serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar.
Maksatnamalara laýyklykda, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde we paýtagtymyzda döwrebap stadionlar, sport toplumlary we mekdepleri, beýleki köp sanly sport desgalary gurulýar we ulanmaga berilýär.
“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda sport-sagaldyş toplumlary bolan döwrebap desgalar, tomusky çagalar sagaldyş we dync alyş merkezleri yzygiderli bina edilýär.
“Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” diýen şygar astynda her ýyl ýurdumyzda mekdep okuwçylarynyň, talyplaryň, edaralaryň we kärhanalaryň işgärleriniň arasynda sport ýaryşlary geçirilýär. Her ýylyň bahar paslynda “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport hem-de medeni-sagaldyş çäresiniň geçirilmegi bolsa asylly däbe öwrüldi.
Ýurdumyzda milli we halkara derejesinde dürli sport ýaryşlary, beýleki sport çäreleri yzygiderli geçirilýär. Ýaş türkmen sport ussatlary ýurdumyzyň ýygyndy toparlarynyň düzüminde abraýly, halkara ýaryşlaryna gatnaşýarlar. Olaryň köpüsi baýrakly orunlary eýeläp, Garaşsyz Watanymyzyň Döwlet baýdagyny belende galdyrýarlar.
Bu Olimpiada ýurdumyzyň sport söýüjileri üçin aýratyn ähmiýete eýedir. Halkara derejesinde guralan iri ýaryşlarda ildeşlerimiziň üstünlikli çykyş etmegi olaryň Rio-de-Žaneýroda üstünlikli çykyş etjekdiklerine umyt etmäge mümkinçilik berýär. Ýurdumyzyň ýokary netije görkezen birnäçe türgenleri baýraklara dalaşgär bolup durýar. Olaryň arasynda 2014—2015-nji ýyllarda Türkmenistanda ýylyň iň gowy türgeni diýen derejä iki gezek eýe bolan dzýudo boýunça halkara derejeli sport ussady Gülbadam Babamyradowa bar.
Arzyly Olimpiýa ýaryşlarynyň öňüsyrasynda Çemengül Geldibaýewanyň we Gapur Babakulyýewiň şägirdi Gran-pri ýaryşlarynyň dördüsinde tapawutlanyp, ýurdumyza iki altyn, kümüş we bürünç medallary getirdi. Şeýle hem ol ýazda geçirilen Aziýanyň çempionatynda hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy hem-de 2015-nji ýylda geçirilen dünýä çempionatynda bäşinji orny eýelemegi başardy. Bu üstünlikleri G.Babamyradowa dünýäniň hem-de olimpiýa sanawynyň iň güýçli dzýudoçylarynyň öňdäki onlugyna düşmäge mümkinçilik berdi. Şu günki dabarada Gülbadam hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa sport bilen meşgullanmaga döredilen ajaýyp mümkinçilikler üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdy. Sport bilen meşgullanmak üçin döredilen şeýle ajaýyp mümkinçilikler ýokary netijeleri gazanmaga borçly edýär. Şeýle hem ol Braziliýada geçiriljek Olimpiadada ýurdumyzyň sporty söýüjilerini sport düşekçesinde owadan hem-de netijeli tutluşyklar bilen begendirmek üçin gujur-gaýratyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy. Ol 52 kilogram agram derejesinde medallar ugrunda göreşer.
Türkmenistanyň Olimpiýa ýygyndy toparynyň düzüminde Arslanbek Açylowyň üstünlikli çykyş etjekdigine hem umyt bildirilýär. Ol iýun aýynda Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde geçirilen boks boýunça dünýä çempionatynda aýgytlaýjy duşuşyga çykmagy başardy. Bu duşuşyga çenli ildeşimiz Täjigistanyň, Taýpeýiň, Şweýsariýanyň, Italiýanyň we Hindistanyň türgenlerini ynamly ýeňmegi başardy. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Şöhrat Gurbanowyň şägirdiniň, sport synçylarynyň pikiri boýunça, dünýäniň çempiony bolmaga doly mümkinçiligi bardy, ýöne şikes almagy oňa aýgytly duşuşykda çykyş etmäge mümkinçilik bermedi.
Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan boksçymyzyň tälimçisiniň özüniň hem 2008-nji ýylda Pekindäki Olimpiýa oýunlaryna gatnaşandygyny bellemek gerek. 2012-nji ýylda Londonda, şeýle hem bu geçjek Rio-de Žaneýrodaky Olimpiýa oýunlarynda Ş.Gurbanow tälimçi hökmünde ýurdumyza wekilçilik edýär.
2013-nji ýylda Kazanda geçirilen Bütindünýä uniwersiadasynyň agyr atletika boýunça rekordsmeni Hojamuhammet Toýçyýew ýazda Özbegistanyň paýtagty Daşkentde bolan Aziýanyň çempionatynda iki görnüş boýunça kümüş medaly eýeläp, olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Ildeşimiz 105 kilogramdan ýokary agram derejesinde tapawutlanmagy başardy. Ol silkip götermekde 190 kilogramy, itekläp götermekde bolsa 237 kilogramy götermegi başardy. Bu netije H.Toýçyýewe diňe bir olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga hukuk bermän, onuň täze milli rekordymyzy goýmagyna hem getirdi.
Şeýle hem ýurdumyzyň olimpiýa ýygyndysynyň toparynda Gülnabat Kadyrowa (agyr atletika), Röwşen Nurjowow (dzýudo), Amanmyrat Hommadow we Ýelena Rýabowa (ýeňil atletika), Merdan Ataýew bilen Darýa Semýonowa (suwda ýüzmek) dagy dünýäniň iň güýçli türgenleri bilen bäsleşip, uly sport tejribesine eýe bolarlar.
Indi olar Bütindünýä olimpiýa oýunlarynda özleriniň maksada okgunlylygyny görkezmeli. Biz ildeşlerimizden ajaýyp ýeňişlere garaşýarys. Şeýle ýeňişlere türkmen sportunyň ösüşine hemme tarapdan uly goldaw berýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan hemişe ýokary baha berilýär. Türkmen sportunyň abraýyny tutuş dünýä ýüzünde ýokary göterýän ýurdumyzyň iň gowy türgenlerine gujur-gaýratlary, ussatlyklary üçin milli Liderimiziň ýokary hökümet derejesindäki sylaglary we baýraklary bermegi olary täze ýeňişlere we üstünliklere ruhlandyrýar.