Ï Aşgabatda «Saglyk - 2016» atly Halkara sergisi we ylmy maslahat öz işine başlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda «Saglyk - 2016» atly Halkara sergisi we ylmy maslahat öz işine başlady

view-icon 1619
Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde ýurdumyzda giňden bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanyp geçirilýän “Saglyk-2016” atly Halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň açylyş dabarasy boldy. Her ýyl geçirilýän bu forum iň iri we abraýly çäreleriň biri bolup, lukmançylyk ylmynyň hem-de ony iş ýüzünde peýdalanmakda häzirki zaman gazanylanlary äşgär etmäge hem-de ornaşdyrmaga ýardam berýär.

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde guran ýöriteleşdirilen gözden geçirilişiň açylyş dabarasyna hökümet agzalary, Mejlisiň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, lukmançylyk ylmy –kliniki merkezleriniň, Ylymlar akademiýasynyň, şeýle hem ministrlikleriň we pudak edaralarynyň birnäçesiniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň köp sanly işgärleri gatnaşdylar. Serginiň açylyşynyň öň ýanynda döredijilik toparlarynyň çykyşlary boldy, onda mähriban Watanymyza bagyşlanan tanslar we aýdym-sazlar ýerine ýetirildi.


Ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Saglyk-2016” atly Halkara sergisi we ylmy maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagy uly üns bilen diňlenildi, onda milli Liderimiz Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda geçirilýän wekilçilikli çäräniň saglygy goraýyş ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmekde we pugtalandyrmakda ähmiýetini belleýär.

Döwlet Baştutanymyz milli saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň gurluşyny hem-de işini kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işlerde innowasiýa işläp taýýarlamalaryň we ýokary tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň, netijeliligini, elýeterliligini hem-de lukmançylyk hyzmatlarynyň hiliniň ýokarlandyrylmagynyň ähmiýetini aýratyn belledi.

Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny innowasiýa ýoly bilen ösdürmekde gazanan üstünliklerine halkymyzyň saglygyny hem-de dürmüş derejesini düýpli gowulandyrmagyň esasy görkezijisi hökmünde garalýar, bu “Saglyk-2016” atly Halkara sergisinde aýdyň görkezilýär, iri möçberli gözden geçiriliş Türkmenistanyň lukmançylyk ylmynda we senagatynda, ilatyň saglygyny goramakda gazananlaryny hem-de ägirt uly mümkinçiliklerini, şeýle hem daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň bu ugurda işjeň gatnaşyklary ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändiklerini äşgär edýär.

Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ýeten belent sepgitlerini iň täze lukmançylyk abzallary bilen enjamlaşdyrylan hem-de ýurdumyzyň paýtagtynda we welaýatlarynda bina edilen häzirki zaman lukmançylyk merkezleri hem tassyklaýar. Onuň hatarynda Aşgabatdaky Gaýragoýulmasyz tiz kömek merkezi hem-de Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlaryndaky şunuň ýaly merkezler, Ylmy- kliniki kardiologiýa merkezli hassahana hem-de lukmançylyk awtoulag serişdeleri kärhanasy bar.


Geçen ýyl lukmançylyk işgärleriniň hünär gününe gabatlanyp, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara okuw -ylmy merkeziniň, Halkara kardiologiýa merkeziniň, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň, Baş dermanhanalar birleşiginiň häzirki zaman ammarynyň binalarynyň açylyş dabaralary geçirildi. Häzirki wagtda Aşgabatda Halkara hirurgiýa we endokrinologiýa merkeziniň, Lebap welaýatynyň merkezinde köpugurly hassahananyň, Mary şäherinde çagalar hassahanasynyň gurluşygy alnyp barylýar.

Şu ýylky geçirilýän hünär baýramçylygyna gabatlanyp, Halkara newrologiýa merkeziniň, Morfologiýa merkeziniň, Jemgyýetçilik saglygy we iýmiti merkeziniň hem-de Aýratyn howply ýokanç keselleriniň öňüni alyş merkeziniň açylyş dabaralary bolar.

Häzirki zaman lukmançylyk edaralary ýurdumyzyň innowasiýa ulgamynyň binýatlaýyn düzümlerine öwrülýärler. Ilaty halkara ölçegleriniň derejesinde lukmançylyk hyzmaty bilen üpjün etmek maksady bilen, lukmançylyk edaralaryny enjamlaşdyrmagyň täze kadalary işlenip taýýarlanyldy we işe ornaşdyrylýar. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmelerine laýyklykda, diňe bir merkezi we welaýat merkezlerindäki hassahanalar däl-de, eýsem etrap hassahanalary hem kompýuter tamografiýasy, ultra sesli anyklaýjy we kardioölçeýji enjamlar, köpugurly sanly rentgen abzallary, öýkeni emeli kadalaşdyryjy enjamlar, barlaghana enjamlary bilen üpjün edilýär.

Ýurdumyz bilen yzygiderli hyzmatdaşlyk edýän dünýjniň belli öndürijileriniň hatarynda “Siemens Medical Systems AG”, “Fresenius Medikal Care GmbH”, “Draeger Medical”, “Kodak, Pentah”, “Toshiba”, “Olympus”, “Aloka”, “Fujinon”, “B.Braun Aescular”, “Leisa Microsystems”, “Samsung, “Mediaprogress”, “BTL”, “Karl Stroz”, “Human GBBH”, “Otto Bokk” we beýleki kompaniýalar bar. Olaryň köpüsi lukmançylyk sergilerine gatnaşmagyň netijesinde türkmen bazaryna çykdylar hem-de häzirki wagtda işläp taýýarlan täzeliklerini görkezýärler.

Şu ýylky sergä dünýäniň 42 ýurdundan lukmançylyk ulgamynyň dürli ugurlarynda işleýän kompaniýalar gatnaşýarlar. Ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şypahanalaryň diwarlyklary bilen bir hatarda derman önümlerini, lukmançylyk enjamlaryny hem-de sarp ediş serişdelerini öndürýän, saglygy goraýyş ulgamynyň dürli görnüşli hyzmatlaryny amala aşyrýan kompaniýalaryň 240-sy sergi bölümlerini görkezýärler. Ýewropa ýurtlaryndan gatnaşýanlaryň sany has köpdür, olar 126 kompaniýanyň hem diwarlyklarydyr. 22 kompaniýa sergä ilkinji gezek gatnaşýar.

Sergini ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň bölümi açýar. Soňky ýyllarda bu ugurda hil taýdan täze derejä çykaryldy: saglygy goraýyş edaralarynyň giň gerimli ulgamy döredildi, olaryň hatarynda bejeriş-öňüni alyş, anyklaýyş we ylmy-kliniki lukmançylyk merkezleri bar. Lukmançylyk işgärleriniň hünär derejesi yzygiderli ýokarlandyrylýar, innowasiý işläp taýýarlamalary hem-de ýokary tehnologiýalar ornaşdyrylýar, ilata ýokary derejeli lukmançylyk kömegini bermegiň elýeterliligi üpjün edildi, lukmançylyk hyzmatlarynyň netijeliligi ýokarlandy hem-de ilatyň islegleri kanagatlandyrylýar, şunda ylmyň öňdebaryjy gazanylanlary peýdalanylýar.

Diwarlyklarada Türkmenistanyň ýokanç keselleriň birnäçesini ýok etmekde gazanan üstünlikleriniň ykrarnamasyna şaýatlyk edýän halkara şahadatnamalarynyň nusgalary goýlupdyr. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň lukmanlarynyň bu ugurdaky tejribesini Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebiti döwletlerinde ýaýratmak maslahat berildi.

Ministrligiň diwarlygynda döwlet Baştutanymyzyň ylmy işleri, şol sanda “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” köp jiltli düýli işi görkezilýär.


Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk we ykdysady ylymlaryň doktory, professor, lukmançylyk ulgamynda düýpli ylmy işleriň awtory, uzak ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyna baştutanlyk eden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň lukmançylygyny ösdürmegiň milli nusgasyny işläp taýýarlady, ol ata-babalarymyzyň pähim-paýhasyny hem-de köpasyrlyk tejribesini we dünýä saglygy goraýşynyň häzirki zaman meýillerini bitewi ulgama birleşdirýär.

Täze neşirleriň hatarynda döwlet Baştutanymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” düýpli ylmy işiniň 8-nji jilti hem bar, ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň öň ýanynda paýtagtymyzda onuň tanyşdyryş dabarasy geçirildi.

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň sergi bölümi bilen ýanaşyk Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetiniň iri möçberli diwarlygy ýerleşdirilipdir, ol jemgyýetçilik guramasy bolup, Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara federasiýasynyň agzasydyr hem-de döwlet edaralaryna ynsanperwerlik işlerini amala aşyrmaga ýardam berýär.

Sergide bu guramanyň köp ugurly işi , şol sanda adamlaryň durmuşyny we saglygyny goramak, lukmançylyk durmuş gullugyny bermek, adatdan daşary ýagdaýlarda ejir çekenlere kömek bermek, şeýle hem ilat arasynda saglygy goraýyş boýunça wagyz etmek ýaly ugurlarda alnyp barylýan işler görkezilýär. Bu bölümde ilkinji lukmançylyk kömegi berlende ulanylýan enjamlar, lybaslar we beýlekiler görkezilýär, mümkinçiligi çäkli adamlaryň hem-de ilatyň beýleki böleginiň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça guralýan okuwlar barada, şeýle hem öýde nähoşa ideg etmek, donorçylygy guramak we beýlekiler barada maglumatlar berilýär.

Baýramaly, Berzeňňi, Mollagara, Arçman, Ýyly suw, Farap we Daşoguz ýaly şypahana – sagaldyş ugurly lukmançylyk edaralarynyň diwarlyklary aýratyn sergi bölümi bolup durýar. Häzirki wagtda olaryň her biri saglygy dikeltmek boýunça häzirki zaman merkezleri bolup, enjamlaşdyrylyşy we hyzmatlaryň ýerine ýetirilişi boýunça dünýä ölçeglerine laýyk gelýär. Ýurdumyzyň şypahanalarynda orunlaryň sany geçen ýyl 3,5 müňe golaý boldy. Dürli görnüşli tebigy şertler, mineral çeşmeler, türkmen topragynda ösüp ýetişýän dermanlyk ösümlikler – bularyň ählisi şypahana-dynç alyş, ekologiýa syýahatçylygyny ösdürmek üçin gaýtalanmajak mümkinçiliklerdir.

Bejerişi we saglygy berkitmegi guramak boýunça häzirki wagtda türkmen şypahanalary dünýä derejesine çykdy, şeýle hem ýurdumyzyň lukmançylyk hyzmatlary, bejeriş serişdeleri daşary ýurtlularda hem uly gyzyklanma döredýär.


"Awaza" milli syýahatçylyk zolagy geljekki hyzmatdaşlar üçin çäksiz mümkinçiliklere eýedir, bu taslama Türkmenistany strategiki taýdan ösdürmek meýilnamalary bilen gönüden-göni baglanyşykly bolup, giň halkara hyzmatdaşlygy üçin hil taýdan täze mümkinçilikleri açýar. Häzirki wagtda Hazaryň türkmen kenarynda saglygy bejermegiň hem-de dynç alşyň iri möçberli düzümi kemala geldi. Şu ýylyň maý aýynyň ahyrynda bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagy bilen täze lukmançylyk-durmuş desgalarynyň häzirki zaman “Awaza” şypahanasynyň hem-de Türkmenbaşy şäherinde köpugurly hassahananyň düýbüni tutmak dabarasy boldy.

Şypahanalaryň sergi bölümleri bir topluma birleşdirilipdir, bu gelip görýänler, şypahanalaryň mümkinçilikleri we edilýän hyzmatlar bilen içgin tanyşmak isleýänler üçin amatlydyr.

“Türkmendermansenagat” birleşiginiň kärhanalary ýerli ösümlik çig malynyň esasynda bejeriş serişdeleriniň önümçiliginiň gazananlaryny görkezilýär. Geçen ýyl olar 125 million manatlyk önüm öndürdiler, munuň özi öňki ýyllardaky görkezijilerden iki esse köpdür, derman senagaty önümleriniň ösüş depgini bolsa 138 göterime deň boldy.


Soňky ýyllaryň dowamynda döwle maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde türkmen tebigatynyň bejeriş häsiýetli üstünliklerinden taýýarlanylan dermanlaryň önümçiligi boýunça kärhanalar açyldy. 2014-nji ýylda Jebelde bejeriş palçygyny hem-de deňiz duzuny gaplamak boýunça kärhana, şeýle hem Bereketde ýod önümçiligi boýunça zawod, Daşoguzda zyýansyzlandyrylan sargy serişdelerini öndürýän kärhana, “Berzeňňi” mineral bejeriş suwuny öndürmek boýunça kärhana hem-de Abadanda garyndylary zyýansyzlandyrýan önümçilik boýunça zawod ulanmaga berldi.

Türkmenistanlylar “Buýan” obasenagat toplumynyň önümlerine ýokary baha berýärler. “Lukmançylyk enjamlary” birleşiginiň kislorod zawody ýurdumyzyň bejeriş-öňüni alyş edaralaryny polat ballonlara gaplanan lukmançylyk kislorody bilen üpjün edýär. Aşgabatda, Balkanabatda, Daşoguzda, Maryda we Tejende ýerleşýän gipohlorid natrisiniň önümçiligi boýunça bölümler bejeriş –öňüni alyş edaralarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, ýurdumyzyň söwda we senagat ulgamynyň kärhanalarynyň gündelik zerurlyklaryny doly üpjün edýärler.

Saglygy goraýşyň – bütindünýä işiniň möhüm ulgamydygyny bellemek gerek, şunda hyzmatdaşlar özboluşly söwda zynjyry boýunça harytlary we maglumatlary alyşýarlar, bu hereketler haryt iberijiler üçin ählumumy ölçegler üstünlikli döwrebaplaşdyrmagyň esasy şerti bolup durýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň derman öndüriji kärhanalarynyň dokuzysy Türkmenistanyň çyzgy-kodlar boýunça Milli guramasynyň agzalary bolup durýarlar. Olaryň önümleri çyzgy kodlar bilen belgilenýär, bu bolsa onuň dünýä farmasewtika bazarynda ýerlenilmegine ýardam berýär. Şunda her bir çyzgy –kodda dermanlaryň Milli kod sanawuna laýyklykda dermanyň belgisi saklanylýar.


Sport baradaky döwlet komitetiniň, Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek boýunça Ýerine ýetiriji komitetiň diwarlyklary hem sergä gelýänlerde uly gyzyklanma döredýär.

Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda gazanylýan ýokary sepgitleriň şertleriniň biri hem milli Liderimiziň başlangyjy bilen sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işleriň ýokary netijeliligini gazanmakdyr. Ilatyň saglygy, ýurdumyzda bedenterbiýe-sport hereketini ösdürmek, işjeň halkara hyzmatdaşlygy arkaly ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinsiliklerini durmuşa geçirmek -- hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň bu üç möhüm ugry Türkmenistan üçin örän uly ähmiýeti bolan “Aziada -2017” –de jemlenendir.

Sergide Aziada-2017-ä gatnaşyjy ýurtlaryň baýdaklary görkezilýär. Sergä gelip görýänler öňde boljak Oýunlaryň tassyklanan alawy, şaýlaryň nusgalary, sowgatlyklar, sport enjamlary, meýletinçileriň lybaslary hem-de beýleki nyşanlar bilen tanşyp bilerler, bularyň ählisi möhüm sport çäresine bagyşlanandyr.

Halkara hyzmatdaşlygy – innowasiýa lukmançylygyny ösdürmegiň ugurlarynyň biridir. Serşi dünýä derman senagatynyň häzirki zaman gazananlaryny görkezmek üçin ajaýyp mümkinçiliklir. Bu ýerde derman önümleriniň, iň täze lukmançylyk-anyklaýyş, barlaghana we bejeriş enjamlary, ýörite tehnika we mebel, dürli görnüşli gurallar, hyzmatlar, innowasiýa işläp taýýarlamalary görkezilýär, olar lukmançylygyň dürli ulgamlarynda ulanylýar.

Şu gezekki sergide ABŞ-nyň, Ýaponiýanyň, Germaniýanyň, Şweýsariýanyň, Beýik Britaniýanyň, Russiýanyň, Hindistanyň, Hytaýyň, Belgiýanyň, Niderlandalaryň, Awstriýanyň, Türkiýäniň, Wengriýanyň, Sloweniýanyň we Çehiýanyň lukmançylyk pudagynda işleýän kompaniýalarynyň gazananlary giňden görkezilýär. Munuň özi daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň Türkmenistan bilen uzak möhletleýin gatnaşyklary saklamaga gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklaýar. Lukmançylyk sergisine gatnaşýanlaryň hatarynda türkmen lukmanlarynyň öňden gelýän hyzmatdaşlary Germaniýanyň häzirki zaman lukmançylyk enjamlaryny we tehnologiýalary iberýän iri “Hoshitalia internatijnal”, “Duhion” “Wionoriсa”, “Сimenс” jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýetiň şahamçasy, “Berlin-Хemi AG” kompaniýasynyň wekilhanasy bar.


“Medtehlab” (Beýik Britaniýa), “Toshiba mediсal sistems” (Ýaponiýa), “Askin and Сo” (Ýaponiýa), lukmançylyk, seljeriş, barlaghana , ýörite enjamlary iberýän kompaniýalar, “Metiz impeks” (Russiýa), “Otto bosk” (Germaniýa), “Abbot nutrition” (ABŞ) çaga iýmiti kärhanalary we köp sanly beýlekiler öz gazananlaryny görkezýärler.

Däbe görä, “World Mediсine Limited” we “Rotapharm” (Beýik Britaniýa), “Unipharm Inс” (ABŞ), Belarus Respublikasynyň Borisowskiý lukmançylyk enjamlary zawody we “Minskinterkaps” kompaniýasy, “Astellas Pharva” (Niderlandlar), “Grindeх” (Latwiýa), “Himfarm”, “Dolсe-Pharm” we “Dosfarm” (Gazagystan), “Oхford” we “Ajanta Pharma” (Hindistan) “KPKA” (Sloweniýa), “Gedeon Rihter” (Wengriýa) öz önümlerini görkezýärler.

Russiýanyň “Mamako”, “Infaprim” kompaniýalary ilkinji gezek sergä gatnaşýarlar. Pudaklaýyn sergide Russiýanyň “Vital Development Сorporation” kompaniýasy enjamlary hem-de kliniki barlaghanalar üçin sarp ediş serişdelerini ibermek baradaky teklibini ýene-de beýan etdi. Çehiýanyň “Wonemiýa-Lazne A.S.”, Belarus Respublikasynyň “Bellakt” kompaniýalary türkmen bazarynda öz önümlerini ýerlemäge uly gyzyklanma bildirýärler.

Hindistanyň kompaniýalary türkmen bazaryndaky öz orunlaryny pugtalandyrýarlar. Sergä gatnaşýan täze hindi kompaniýalarynyň hatarynda “Medeor Life Сare LLP”, “Сureх Pharma Pvt. Ltd.”, “IBS Hospital”, “Unosourсe Pharma Ltd.” we beýlekiler bar. Türkiýe Respublikasynyň kompaniýalarynyň ençemesi ilkinji gezek sergä gatnaşýar, bu ýurt saglygy goraýyş ulgamynda ýurdumyzyň öňden gelýän hyzmatdaşlyrynyň biridir.

Ilkinji gezek gatnaşýan kompaniýalary üçin sergi olaryň öz mümkinçiliklerini hem-de geljegi uly türkmen bazarynda ornuny eýelemäge gyzyklanmalaryny bildirmek üçin amatly ýagdaýdyr. Sergide öz tekliplerini hödürleýän kompaniýalar iň täze lukmançylyk enjamlaryny, lukmançylyk desgalarynyň gurluşygy, innowasion häsiýetli ylmy işläp taýýarlamalaryny, lukmançylygyň dürli ugurlarynda ornaşdyrylýan ýokary kompýuter tehnologiýalaryny görkezýärler.

Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň okgunly ösüşini beýan edýän “Saglyk-2016” sergisi önümleriň ýerlenmegine, işewürligiň ösdürilmegine, bazaryň islegleriniň öwrenilmegine ýardam berýär. Şonuň üçin hem şu gezekki lukmançylyk gözden geçirilişine Türkmenistanyň Senagatçylyr we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolup durýan hususy kompaniýalaryň giňden gatnaşmagy kanunalaýyk ýagdaýdyr. Olaryň hatarynda “Ýowşan”, “Tebip”, “Aba jan”, “Dertdeş”, “Boý boýbodron”, “Dag oty”, “Dermanhyzmat”, “Saglyk” hojalyk jemgyýeti, “Hoş”, “EM” we beýleki hususy kärhanalar bar. Olar saglygy goraýyş ulgamynda döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmak bilen, türkmen bazaryna dünýä belli derman senagaty hem-de lukmançylyk enjamlaryny we gurallaryny öndüriji kompaniýalaryň harytlaryny getirýärler, maslahat beriş-anyklaýyş hyzmatlaryny, lukmançylyk enjamlaryna hyzmat etmegi amala aşyrýarlar.

Dürli bezegli neşirler, şol sanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Bagtyýarlyk saglykdan başlanýar”, “Türkmenistan –melhemler mekany”, “Çaý-melhem hem ylham”, şeýle hem “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy işleri, milli mirasymyza bagyşlanan kitaplar, Türkmenistanyň Döwlet neşirýat gullugynda çap edilen kitaplar bu ýerde guralan sergide görkezilýär. Şeýle hem Russiýanyň lukmançylyk kitaplary neşirýatynyň bölüminde lukmançylyk önümlerine degişli täze kitaplar bilen tanyşldyrylýar.

Günüň ikinji ýarymynda Söwda-senagat edarasynyň maslahat zalynda “Saglyk-2016” atly halkara ylmy maslahatynyň açylyşy boldy.

Ylmy foruma lukmançylygyň dürli ugurlary boýunça öňdebaryjy hünärmenler, dürli ýurtlardan dünýä derejesindäki alymlar gatnaşýarlar. Olaryň hatarynda iri halkara ylmy-klini merkezleriň, lukmançylyk edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem bilim we saglygy goraýyş pudagy üçin täze tehnologiýalary işläp taýýarlaýan kompaniýalaryň bilermenler we hünärmenleri bar. Alymlar we ylmy-kliniki merkezleriň hünärmenleri, ýokary we ýörite okuw mekdepleriniň mugallymlary, aspirantlary, şeýle hem birnäçe degişli ugurdaş guramalaryň wekilleri türkmen tarapyna wekilçilik edýärler.

Ylmy forumyň açylyş dabarasynda görnükli alymlar, Türkmenistanyň, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa buýrosynyň we BMG-niň Çagalar gaznasynyň, Germaniýanyň, Hytaýyň, Belarusyň, Russiýanyň we beýleki ýurtlaryň ylmy-barlag lukmançylyk merkezleriniň, wekilleri çykyş etdiler.

Olar öz çykyşlarynda Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň ýeten derejesini bellediler. Munuň özi milli Liderimiziň alyp barýan we durmuş ulgamyny nazarlaýan syýasaty netijesinde mümkin boldy. Bu syýasat dünýä bileleşigi, öňdebaryjy halkara guramalary, şol sanda BMG we onuň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy, Çagalar gaznasy, Ilat gaznasy ýaly iri düzümleri tarapyndan giňden ykrar edlýär. Ýurdumyz bu düzümler bilen indi köp ýyllaryň dowamynda işjeň we netijeli hyzmatdaşlyk edýär.

Daşary ýurtly myhmanlar soňky ýyllarda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylan giň möçberli özgertmelere mynasyp baha berdiler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan saglygy goraýyş ulgamynda döredilen milli nusgasyna aýratyn ähmiýet berildi. Onuň oňyn häsiýete eýedigini bellemek bilen, çykyş edenler ylmyň, bilimiň we saglygy goraýyş ulgamynyň iş tejribeleriniň utgaşdyrylmagy öz gezeginde lukmançylyk işinde iň öňdebaryjy tehnologiýalaryň we täzeçil usullaryň işjeň ulanylmagyny şertlendirýär. Bu bolsa hünär okuwynyň yzygiderli ösdürilmegine mümkinçilik berýär.

Ynsan saglygynyň goraglylygna gönükdirilen syýasat hökmünde ykrar edilen saglygy goraýyş ulgamyndaky hyzmatdaşlyga uly üns berilýär. Çykyş edenler Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan bu ugurda möhüm orun eýeleýändigini nygtap, ähli adamlaryň saglygyny we abadançylygyny üpjün etmek babatda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine taýýardygyny äşgär edýär we parahatçylyk, ösüş, döredijilik, ynsanperwerlik halkara bileleşiginiň degişli tagallalaryna laýyk gelýän ýörelgeler bilen baglanyşykly başlangyçlary öňe sürýär diýip bellediler.

Ertir maslahat öz işini bölümler boýunça dowam eder. Şonda lukmançylyk tehnikasy we tehnologiýasy, farmasewtika, sport lukmançylygy we doping gözegçiligi babatda täzeçil teklipler alymlaryň üns merkezinde bolar. Ara alnyp maslahatlaşylýan ugurlaryň hatarynda saglygyň tebigy çeşmeleri, saglygy goraýyş we bilim, şeýle hem dürli keselleri bejermegiň öňdebaryjy usullary ýaly ugurlar bar.

“Saglyk-2016” atly Halkara sergi we ylmy maslahat 22-nji iýula çenli dowam eder.