Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň “Syýahat” žurnalynyň nobatdaky sany çap edildi. Ýöriteleşdirilen neşiriň her bir sany adatça ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamyny ösdürmek, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň pudagyň öňünde goýan wezipeleri bilen baglanyşykly meselelere bagyşlanýar, döwlet Baştutanymyz bu ulgama Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek strategiýasynda aýratyn ähmiýet berýär.
“Sport, ülkäni öwreniş we ekologiýa medeniýeti” atly sözbaşy bilen hem-de “Çagalar sagaldyş merkezleri ýurdumyz boýunça syýahatçylygy wagyz etmegiň merkezlerine öwrülýärler” diýen kiçi sözbaşyly makala neşirde ýerleşdirilen beýleki maglumatlaryň ugruny kesgitledi. Bu makala çagalaryň tomusky dynç alşyna bagyşlanýar, onuň guramaçylykly geçirilmegine döwletimiz tarapyndan uly üns berilýär.
Çagalarda sagdyn durmuş ýörelgesi barada düşünjäni kemala getirmek bu aladanyň esasy wezipeleriniň biri bolup, muňa sport-sagaldyş syýahatçylygy hem ýardam bermelidir. Jahankeşdeligiň bu görnüşi has netijeli sagaldyş ugurlarynyň biridir we ägirt uly ruhy-ahlak ähmiýete eýedir.
Çagalar-ýetginjekler syýahatçylygy sporty, ülkäni öwrenişi hem-de ekologiýa medeniýetini özünde jemlemek bilen, täze döwrüň durmuş alamaty hökmünde ösüp gelýän nesli terbiýelemäge, hemmetaraplaýyn kämil şahsyýetiň kemala gelmegine bildirilýän ýokary talaplara laýyk gelýär.
Ýurdumyzyň çagalar sagaldyş merkezlerinde guralýan tomusky dynç alşyň maksatnamasyna, şeýle hem ülkämiz boýunça gezelençler, taryhy hem-de tebigy gymmatlyklar, dag eteginiň hem-de derýa kenarlarynyň ajaýyp künjekleri bilen tanyşlyk çäreleri hem girýär. Şunuň ýaly pyýada gezelençler, şeýle hem çagalar merkezleriniň töwereklerine awtobusda gezelençleriň guralmagy terbiýeçiler tarapyndan çagalaryň tebigatyň ösümlik we haýwanat dünýäsi bilen tanyşmaklary, dünýewi ylymlaryň dürli ugurlary, biologiýa, botanika bilen gyzyklanmalaryny artdyrmak üçin peýdalanylýar.
Şunuň ýaly gezelençler obalaryň we şäherleriň taryhyny, arheologiýa hem-de binagärlik ýadygärlikleri, folklor, etnografiýa bilen baglanyşykly maglumatlary öwrenmäge hem ýardam berýär. Bularyň ählisi çagalaryň tebigy bilesigelijiligini peýdalanmak bilen mekdep okuwçylarynyň dürli bilimlere höwesiniň artdyrylmagyna gönükdirilendir.
Şeýle terbiýeçilik işleri Serdar şäherindäki “Dürdäne” çagalar sagaldyş merkeziniň “Ýaş jahankeşdeler” gurnagynda geçirilýär. Bu çagalar merkezi mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alşynyň öň ýanynda, 25-nji maýda açyldy, şol gün bu ýere körpeleri gutlamak üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özi geldi.
Täze çagalar merkezi 5 müň inedördül metr meýdany eýeleýär hem-de her çalşykda 300 körpäni kabul etmäge niýetlenendir. Amatly ýaşaýyş binalaryndan başga-da bu ýerde çagalaryň boş wagtyny peýdaly, aň-paýhasy ösdürmek we döredijilik bilen meşgullanmak üçin ähli şertler döredilendir.
Ýurdumyzda çagalar üçin tanyşlyk ýörişleriniň we syýahatçylygyň guramaçylarynyň köp sanlysy bardyr. Tomus paslynda olar çagalar sagaldyş merkezlerine ýöriteleşdirilen gurnaklarda işlemek hem-de körpeler bilen beýleki köpçülikleýin çäreleri guramak üçin çagyrylýar. Mekdep mugallymlary, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriň talyplary daşky gurşawy, ülkäniň taryhyny öwrenmek maksady bilen guralýan ýörişlere we gezelençlere işjeň gatnaşýarlar.
Şunda, mekdep okuwçylary diňe bir tebigy gözelliklere hem-de taryhy-medeni ýadygärliklere syn etmek bilen çäklenmän, olaryň suratyny çekýärler, surata düşürýärler hem-de wideoşekilleri ýazga geçirýärler, dürli tejribeleri geçirip, olaryň netijelerini öz gündeliklerinde belleýärler.
Şeýlelikde, çagalar we ekologiýa syýahatçylygynyň ösdürilmegini goldamak häzirki wagtda Türkmenistanyň syýahatçylyk ulgamynyň geljegi uly ugurlarynyň biri bolmak bilen çäklenmän, ösüp gelýän nesliň ruhy hem-de aň-paýhas ösüşine gönükdirilýän özboluşly maýa bolup durýar.
Ýurdumyzyň syýahatçylygy baradaky maglumatlara görä, Watanymyzyň dürli sebitleri boýunça gezelençleriň, döwlet we hususy syýahatçylyk kärhanalarynyň hyzmatlarynyň möçberi barha artýar.
Ozal habar berlişi ýaly, Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynyň başynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Parzdepe taryhy-medeni ýadygärligine baryp gördi we syýahatçylyk ulgamyna täze desgalaryň girizilmegi baradaky meseläni öňde goýdy. Şu maksat bilen, 2016-njy ýylyň aprel aýynda bu ýadygärlikler toplumynda ulgamyň kärhanalarynyň gezelençleri guraýjy – terjimeçiler üçin okuw maslahaty geçirildi. Ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar institutynyň hem-de Arheologiýa we etnografiýa institutynyň ylmy işgärleri bilermenler hökmünde olaryň öňünde çykyş etdiler. Mundan başga-da, “Türkmensyýahat” döwlet kärhanasy Köýtendagyň täsin künjeklerine, bu mekanyň barylmasy mümkin bolan gowaklaryna gezelençleri gurady.
“Ýurdumyz boýunça 500 günlük atly ýöriş — Aziada — 2017-niň ajaýyp wakasy” atly makalada sportuň ülkäni öwreniş işleri bilen sazlaşygy açylyp görkezilýär. Onda ýurdumyzyň meşhur taryhy ýadygärlikleriniň hem-de tebigy gymmatlyklarynyň ajaýyplyklary beýan edilýär, olaryň üstünden deňi-taýy bolmadyk bu ýörüşiň ugurlary geçýär. Ahal, Balkan welaýatlarynyň şäherlerinde we obalarynda ýörişe gatnaşyjylary garşylamak dabaralary milli däp-dessurlaryň hem-de gadymy ýörelgeleriň köp öwüşginli görnüşleri bilen utgaşýar.
Atly ýöriş dowam edýär. Balkandan soň olar Daşoguz, soňra Lebap welaýatlaryna baryp ýeterler. Ondan soňra bolsa ýörişiň ugry Mary welaýatyndan geçer. Bu ýerde dünýäde iň iri gaz känleriniň biri bolan “Galkynyş” ýatagynda Aziada — 2017-niň alawyny ýakmak dabarasy geçiriler. 2017-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda atly topar Aşgabatdaky Olimpiýa şäherjiginiň stadionyna gelip ýeter, onda sagat 17-de Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň dabaraly açylyşy bolar. Hemmeler bu uly sport baýramyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar, häzirlikçe bolsa biziň türgenlerimiz we meýletinçilerimiz 5-nji awgustda Rio-de-Žaneýro şäherinde badalga aljak Olimpiada —2016-a ugradylar.
Türkmen paýtagtynda Aziada — 2017-niň türgenlerini we myhmanlaryny garşylamak işlerine ýokary depginde taýýarlyk görülýär. Žurnalyň nobatdaky sanynda okyjylar Orta Aziýada iň iri Olimpiýa şäherjiginde bina edilen “Sport” we “Olimpiýa” kaşaň myhmanhanalar barada maglumatlar bilen tanşyp bilerler, bu binalar dünýä bileleşiginde Türkmenistanyň tutuş sebitiň hem-de yklymyň sport we syýahatçylyk merkezi hökmündäki keşbini äşgär etmelidir.
Şol bir wagtyň özünde hem tomus-güýz möwsümi ýetip gelýär, ýurdumyzyň ilatynyň aglaba bölegi bu döwri Hazaryň kenarynda, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçirmegi halaýar, bu ýerde dynç alýanlara bäş ýyldyzly myhmanhanalaryň, ähli amatlyklary döredilen kottejleriň giň we amatly otaglary, beýleki dürli görnüşli hyzmatlar – Awaza derýasy boýunça gämili gezelençler hödürlenilýär.
Ýakyn wagtlarda dünýä derejesindäki bu deňiz şypahanasynyň çäklerinde täze desgalaryň, şol sanda ýene bir ýaht-klubuň, Hazaryň kenaryndaky örän iri taslamanyň –dürli açyk we ýapyk desgalar toplumyndan, attraksionlardan, Okeanariumdan, suwuň düýbüne aralaşmagyň tilsimlerini öwredýän merkezden we beýlekilerden ybarat bolan Akwaparkyň açylmagy göz öňünde tutulýar. Bu zolakda dünýäniň dürli howa guşaklygynda ösüp ýetişýän tropiki “jeňňellikler” hem-de seýilgähler peýda bolar, derýajyklary we suw çüwdürimleri, köljagazlar... Awazanyň özboluşly bezegine öwrüler. Aýratyn başdan geçirilmeleri söýýänler üçin daglaryň kert gaýalaryna, wulkanlaryň dörän künjeklerine, gowaklara... gezelençler guralar.
Awazada deňizde suwa düşmek bilen işjeň gezelençleri utgaşdyrmak mümkindir, Kenarýaka sebiti taryhy-medeni ajaýyplyklara baýdyr, olar barada “Balkansyýahat”: Bir gezek gören ýagşy. Türkmen kenarynyň rowaýatlary we häzirki döwri” atly makalada gürrüň berilýär.
Jebel gowagy, Daşrabat gadymy şäher harabalygy siwilizasiýanyň iň gadymy ojaklarynyň biridir. Balkan dagynyň eteklerinde Garaçagyl tenekär tebigy çeşme ýerleşýär. “Mollagara” şypahanasy uly meşhurlyga eýedir, bu ýerde saglygy berkitmek üçin täsin kölüň bejeriş palçyklary netijeli peýdalanylýar.
Alpinizm bilen meşgullanýanlary Balkanyň deňiz derejesinden 1881 metr belentlikde ýerleşýän –Arlan depesi täsinliklere baýdyr. Sünt-Hasardag daglarynda ýerleşýän ajaýyp Aýdere, Çendir jülgeleri, Sumbaryň kenary jahankeşdeleri özüne çekýär. Bu behişdi künjekde seýrek duş gelýän agaçlaryň, hoz tokaýlyklarynyň, narlaryň, ýabany ösýän üzümleriň arasynda asyrlaryň şaýady bolan garry tutlar hem-de köp sanly beýleki ajaýyp we täsin zatlar bar.
Mundan başga-da, dynç alýanlaryň islegi boýunça sebitiň medeni, etnografiýa mirasy bu ülkäniň ýaşaýjylarynyň özboluşly däp-dessurlary, milli tagamlar bilen tanyşmak üçin ýörite gezelençler guralýar. Keramatly ýerlere zyýarat edip, gadymy rowaýatlary hem diňläp bolar. Gadymy Dehistanyň rowaýata öwrülen galyndylary jahankeşdelerde tolgundyryjy duýgulary oýarýar.
Türkmenistana gelýän daşary ýurt jahankeşdelerini diňe bir ýurdumyzyň taryhy hem-de goraghana künjekleri gyzyklandyrman, köpler üçin geň bolan hem-de milli medeniýetimiziň aýrylmaz bölegine öwrülen aw guşlary hem-de tazylar bilen aw etmek örän gyzyklandyrýar. Ata-babalarymyzyň daşky gurşawa aýawly çemeleşendikleriniň aýdyň nusgasyna öwrülen hem-de türkmen halky tarapyndan aýawly saklanylýan bu däp barada “Sazlaşykly jübüt” atly makalada gürrüň berilýär.
Daşary ýurtly jahankeşdeleriň hem-de hünärmenleriniň türkmen aw tazylarynyň aýratynlyklaryna haýran galýandyklarynyň mysallary az däldir. Muňa XIX asyryň aýagynda Germaniýada çap edilen şweýsar syýahatçysy Genriý Mozeriň “Merkezi Aziýanyň üsti bilen” atly kitabynda getirilen maglumatlar şaýatlyk edýär. Syýahatçy Türkmenistanyň çägi bilen syýahat edip, gören-eşidenlerini ýazga geçiripdir, ol ýol ýazgylarynda türkmen tazysynyň çeýeligini beýan edipdir.
XX asyrda itleriň görnüşleri görkezilýän sergilerde hem tazylar ykrarnama eýe boldular. 1927-nji ýylda Moskwada geçirilen şeýle sergileriň birine gatnaşan S.Potanin türkmen awçysynyň dört aýakly ygtybarly kömekçisi barada şeýle ýazýar: “Biz tebigatyň döreden naýbaşy jandaryny – tazy atly türkmen awçy itini ilkinji gezek gördük. Ol näzik, akylly we gadymy tohum bolup durýar. Bu itleriň çeýe hereketi, asylly gylygy özüne çekýär”. Tazylaryň şeýle görnüşiniň emele gelmegi aw guşlary we tazylar bilen bilelikde hereket etmegiň tilsimlerini asyrlaryň dowamynda kämilleşdiren ata-babalarymyzyň köp nesilleriniň zähmetiniň netijesidir. Laçyn bilen tazy sazlaşyk jübütde özleriniň iň gowy başarnyklaryny açýarlar.
Žurnalyň taryhy-medeniýeti öwreniş meselesine bagyşlanan bölüminde türkmen halylary, has takygy, olaryň yklymlar hem-de ýurtlar boýunça orta asyrlarda amala aşyran dabaraly “ýörişleri” barada gürrüň berýän makala çap edilýär. Şol döwürlerde türkmen halylary diňe patyşa maşgalalary hem-de ýokary derejeli din işgärleri üçin iberilipdir, has soňra bolsa halylar gurply gatlagyň beýleki wekilleri üçin hem elýeterli bolupdyr. Gurplulygyň nyşany hökmünde halylar şol döwrüň suratkeşleriniň eserlerinde aýratyn orny eýeläpdir. Türkmen alymlary –sungat taryhçylary we etnograflar italýan Gaýtadan döreýiş döwrüniň suratçylarynyň eserlerinde gündogar haly gölleriniň peýda bolmagynyň sebäplerini ýüze çykarmak üçin bu ugurda ençeme barlag işlerini geçirdiler.
Žurnalda türkmen alymlarynyň barlaglaryna, taryhy maglumatlara esaslanyp, okyjylara örän gyzykly çaklamalar hödürlenilýär. Hususana-da, italýan suratkeşleriniň eserlerindäki “türkmen äheňleri” bilen baglanyşykly işleriň göçürme nusgalary bu makalany bezeýär. Şunda, türkmen deňizçileriniň we täjirleriniň aýratyn orny bellenilýär, olar köplenç çeper eserleriň gahrymanlary bolmak bilen çäklenmän, meşhur edebi keşpleriň döredilmegi üçin hem esas bolupdyr.
Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň özüniň iki sany ajaýyp kitabyny bagyş eden türkmen halysy dünýä boýunça “gezelenjini” dowam edýär: Türkmenistana gelýän her bir syýahatçy iň bolmanda kiçijik haly sowgatlygyny özi bilen alyp gitmäge çalyşýar, ýogsam, Ýewropa ýurtlaryna halylar iri möçberlerde iberilýär we ol ýerde uly islegden peýdalanýar.
Häzirki döwürde sintetiki hem-de ýüň serişdeleri goşulan haly önümleriniň islendik möçberi söwda çykarylýar hem-de olar örän arzandyr. Emma, hakyky haly senetçiligi öz bahasyny ýitirmeýär. Çeper elli türkmen halyçy zenanlar uly sabyrlylyk hem kanagat bilen çitim yzyna çitim edip, çylşyrymly nagyşlary hem-de suratlary dokamak bilen, häzir hem bu sungata sarpa goýýanlary haýran galdyrýan, ajaýyp halylary döredýärler.
Okyjylar köpçüligine, özbaşdak gezelençleri guramagy söýýänler hem-de öz müşderileri üçin täze syýahatçylyk ugurlaryny işläp taýýarlaýan daşary ýurt syýahatçylyk kärhanalaryna niýetlenen, türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilýän “Syýahat” žurnaly diňe bir köp sanly suratlar bilen bezelen ýol görkeziji däldir. Onda ýurtlary öwrenmek boýunça maglumatlar getirilip, olarda taryhy künjekleriň hem-de ýadygärlikleriň beýan edilmegi bilen bilelikde türkmen halkynyň medeniýeti we däp-dessurlary, durmuş pelsepesi, sungaty, ýurdumyzyň şu günki güni, onuň häzirki zaman şäherleri we obalary baradaky gysgajyk habarlar bilen utgaşdyrylýar.
Çap edilýän habarlaryň ylmy –wagyz häsiýetli bolmagy, döwrebap bezegi öň özüne tanyş bolan islendik zatda ýene-de täze açyş etmegi başarýan, dünýä täzeçe garamagy halaýan okyjy üçin örän peýdaly gollanmadyr. Biziň dünýämiz bolsa gyzykly syýahatlar üçin heniz täsin syrlary açylmadyk künjeklere hem-de mümkinçiliklere örän baýdyr.