Braziliýada geçiriljek Bütindünýä oýunlaryna gatnaşyjylaryň ýaşaýan ýeri bolan Olimpiýa şäherjiginiň merkezi meýdançasynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagy dabaraly ýagdaýda ýokary galdyryldy.
Biziň watandaşlarymyz we köp sanly tomaşaçylar dürli öwüşginli çykyşlaryň şaýatlary boldular. Ýaş brazil artistleri sazly çykyşlar hem-de tanslar bilen Latyn Amerikan halk döredijiliginiň döreýşiniň taryhyny we ösüşini beýan etdiler.
Soňra türkmen wekiliýeti baýdak sütünleriniň ýanyna geçdiler. Ýurdumyzyň milli Senasy ýaňlanýar we Türkmenistanyň ýaşyl Tugy öz mynasyp ornuny eýeläp, biziň ýygyndy toparymyzyň Olimpiadadaky resmi derejesine şaýatlyk etdi. Wekiliýetiň düzümine diňe türgenler däl-de, eýsem, Sport baradaky döwlet komitetiniň, Milli Olimpiýa komitetiniň hem-de Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetiniň wekilleri hem girdi.
Rio-de-Žaneýrodaky Olimpiadanyň başlanmagyna çenli sanaýmaly gün galdy. Türkmen türgenleri ýerli şertlere üstünlikli uýgunlaşdylar we türgenleşiklerini yhlasly dowam edýärler. Olaryň arasynda biziň boksçymyz Arslanbek Açilow 75 kilograma çenli argam derejesinde geçiriljek ýaryşlara düýpli taýýarlyk görýär. Şol ýaryşlarda medallar ugrunda ýiti göreşleriň bolmagyna garaşylýar.
Türkmenistandan bolan ýaş, ýöne geljegi uly türgen Ýer ýüzüniň baş ýaryşlaryna ýollanmany 100-den gowrak ýurtlardan 500-e golaý güýçli boksçylaryň gatnaşmagynda iýun aýynda Bakuwda geçen Bütindünýä olimpiýa saýlama ýaryşlarynda kümüş baýraga mynasyp bolup gazandy.
Şonda A.Açilow bilen bir agram derejesinde 50 türgen çykyş etdi. Olaryň köpüsi halkara sport äleminde ýokary üstünlikleri bolan meşhur ussatlardyr. Mysal üçin, Guançžouda (Hytaý) 2010-njy ýylyň Aziýa oýunlarynyň iň ýokary baýragynyň eýesi, dünýä we yklym ýaryşlarynyň baýraklaryna mynasyp bolan Hindistandan Krişan Wikas bar. Bu garşydaşdan üstün çykyp, watandaşymyz ýarym finalda ynamly ýeňiş gazandy. Şeýle hem ildeşimiz olimpiýa saýlama ýaryşlarynyň barşynda Taýpeýden, Şweýsariýadan, Italiýadan hem-de Täjigistandan bolan görnükli boksçulary altyn medal üçin göreşmek ugrunda ýaryşlardan çykardy. Ençeme hünärmenleriň pikirine görä, Arslanbek öz peýdasyna tamamlap biljek çykyşy bolan final tutluşygyny tötänlikde düşen şikesi sebäpli geçirmäge mejbur boldy.
...Biziň olimpiýaçymyz öz sport ýoluny Türkmenabat şäheriniň boks gurnagyndan başlady. Şol ýerde Mamujan Şaripow ýetginjegiň ilkinji halypasy boldy. Lebapdan bolan boksa gadam goýýan pälwan häzirki zaman boksunyň taktiki-tehniki aýratynlyklaryny örän yhlasly hem-de üstünlikli özleşdirdi. Ýöne onuň zehini Aşgabatda Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi, milli ýygyndynyň baş tälimçisi Şöhrat Gurbanowyň elinde türgenleşip başlanynda açyldy.
Häzirki tälimçi Arslanbegiň oňat beden taýýarlygynyň bolandygyny, ýöne meýdançada köp babatda ýeňiş gazanmaga ýardam berýän çydamlylyk, çeýelik we maýyşgaklyk ýaly häsiýetleriniň şol wagt ýetmeýändigini gürrüň berdi. Ýerine ýetirijilik Açilowyň tapawutly häsiýeti: tälimçiniň görkezmeleri neneňsi kyn bolsa-da, ol olary hökman doly ýerine ýetirýär. Wagtyň geçmegi bilen onuň zähmetsöýerligi we yhlaslylygy netijesinde okgunly we özüne ynamly ýigitden sowukganly, güýçli, tehnika we taktika taýdan sowatly boksçy kemala geldi. Ol ýaş türgenler üçin oňat nusgadyr.
Häzirki günde Milli sport we syýahatçylyk institutynyň 23 ýaşly uçurymy A.Açilow Türkmenistanyň 6 gezek çempionydyr hem-de ýurdumyzyň Kubogynyň eýesidir. Olimpidanyň barşynda biziň watandaşymyz ady belli garşydaşlar bilen agyr tutluşyklary geçirmeli bolar. Baýraga dalaş edýänleriň hatarynda dünýä ýaryşlarynyň çempionlary we finalçylary, halkara derejeli sport ussatlary bar. Ýöne bu ýagdaýlar ildeşimiziň aýgytly hem-de yhlasly ymtylmasyny hiç hili peseltmeýär. Türkmen boksçusy şeýle ýaryşlaryň, ilkinji nobatda, mundan beýläkki ýeňişler üçin uly we bahasyz tejribä eýe bolmakdygyny nygtaýar.
...Olimpiýa meýdançasynda çykyş etmäge agyr atletikanyň türkmen ussatlary Hojamuhammet Toýçyýew (105 kg-dan ýokary agram derejesinde) we Gülnabat Kadyrowa (69 kg çenli) taýýarlyk görýärler. Ildeşlerimiziň ikisi hem şu ýylyň aprelinde geçirilen Aziýa çempionatynda Olimpiada ýollanmalary gazandylar.
Şol ýaryşlarda H.Toýçyýew iki görnüşde: ştangany çekip galdyrmakda agramy 190 kilogram, itip galdyrmakda bolsa 237 kilogram agramdaky sport abzalyny galdyrmagy başardy. Bu netije oňa diňe Olimpiada ýollanmany gazanmaga däl-de, eýsem, nobatdaky milli rekordy gazanmaga mümkinçilik berdi.
Bu üstünlik Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi we milli ýygyndy toparyň uly tälimçisi Ikram Matkarimowyň 24 ýaşly şägirdiniň ilkinji üstünligi däldir. Mysal üçin, 2013-nji ýylda Kazanda (Russiýa) geçirilen Bütindünýä uniwersiadasynda Hojamuhammet bürünç medalyny gazandy. Şeýle hem şonda ol ýurdumyzyň rekordyny goýdy, şondan bäri şol görkezijini onuň özi eýýäm birnäçe gezek täzelemegi başardy.
Mary şäherinden bolan türgeniň heniz çagalyk wagty, şol döwürdäki käbir sebäplere görä, sportda uly geljeginiň boljakdygyna umyt bildirmeýärdi. Emma onuň janypkeşligi we yhlasy ýarawsyz bolan ýetginjegiň ykbalyny üýtgetmäge kömek edip, Türkmenistana zehinli agyr atletikaçyny bagyş etdi.
...Gülnabat Kadyrowa hem soňky iki ýylyň dowamynda öz ussatlygyny görkezmegi başardy. Ilkinji halypasy Zeripbaý Kurambaýew öz şägirdini sport kämilligini has-da ösdürmek üçin zenanlaryň milli ýygyndy toparynyň uly tälimçisi Ahmet Saryýewe ynanýança, ony Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje etrabynyň sport bölüminde ösdürip ýetişdirdi. Ussat türgen Aşgabada gelip, Milli sport we syýahatçylyk institutyna okuwa girenden soň, onuň öňünde täze mümkinçilikler açyldy. Rio şäherinde geçirilýän Olimpiada gatnaşmagy bolsa munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar.
Yklym derejesinde geçirilýän ýazky ýaryşlarda G.Kadyrowa agramy 93 kilogram bolan ştangany çekip götermekde bürünç medaly gazandy. Ýaryşyň iki görnüşinde Aziýanyň güýçli agyr atletikaçylaryň bäşisiniň hataryna girmek bilen, Gülnabat täze milli rekordy gazanmagy hem başardy.
22 ýaşly sport ussady özüniň mümkinçiligini gören hem-de saýlap alan durmuş ýolunda kömek eden ilkinji halypasyna örän minnetdardygyny aýdýar. Indi ol tälimçiniň we köp sanly janköýerleriniň umydyny ödemek üçin hemme başarnygyny görkezmeli bolar.