11-nji awgustda Türkmenistanyň Saýlaw Kodeksine laýyklykda ähli saýlaw okruglarynda Mejlisiň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň, şeýle hem Halk Maslahatlarynyň we Geňeşleriň çykyp giden agzalarynyň ýerine geçiriljek saýlawlara on gün galanda ses bermek işleri başlandy.
Ady agzalan kodekse laýyklykda bu düzgün-kada ozaly bilen uzak wagtlyk iş saparyna ýa-da zähmet rugsadyna gidýän raýatlar, şeýle hem saýlawlar güni — 21-nji awgustda ol ýa-da beýleki sebäplere görä, öz saýlaw uçastogyna gelip bilmejek hem-de has mynasyp dalaşgär üçin sesini berip bilmejek raýatlar üçin göz öňünde tutulandyr.
Ähli saýlaw okruglarynda bir orna birnäçe dalaşgär hödürlenildi. Munuň özi saýlawlaryň giň bäsdeşligini üpjün edýär. Ähli dalaşgärlere we olaryň ynanylan adamlaryna wagyz-nesihat, saýlawçylar bilen duşuşmak, şol sanda saýlawlaryň öňüsyrasyndaky ýygnaklary, maslahatlary geçirmek, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş etmek üçin deň derejedäki mümkinçilikler döredildi.
Ýurdumyzyň iň mynasyp we köpçülik tarapyndan hormatlanylýan raýatlary saýlanmak hukugyna eýe bolup bilýärler. Olaryň hatarynda halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň öňdebaryjy hünärmenleri, jemgyýetçilik işgärleri bar.
Halkyň ynamyna mynasyp bolanlar ilatyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň berkemegine we onuň döredijiligiň we ösüşiň ýoly bilen ynamly gadam urmagyna gönükdirilen möhüm döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmek boýunça ägirt uly işleri alyp bararlar.
Saýlaw möwsüminiň barşy hakynda aýdylanda, şu günler ähli saýlaw toparlarynda uly işleriň geçirilýändigini bellemek gerek. Bu toparlaryň düzümine zähmetkeş toparlarynyň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň mynasyp wekilleri girdi.
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparda Döwlet habarlar agentliginiň — TDH-nyň habarçysyna habar berişleri ýaly, saýlaw möwsüminiň öň ýanyndaky ähli tapgyrlar öz wagtynda, hereket edýän milli kanunçylygyň we umumy kabul edilen halkara kadalarynyň talaplaryna laýyklykda guraldy. Ýurdumyzyň ähli saýlaw uçastoklary işe doly taýýar edildi.
Saýlawlaryň kanuna laýyk geçirilişine syn etmegi syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri we dalaşgärleriň özleri tarapyndan bellenilen milli synçylar amala aşyrýarlar. Olara öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde saýlawlaryň öň ýanynda hem-de gönüden-göni saýlawlar güni saýlaw uçastoklaryna baryp syn etmek mümkinçiligi berildi. Munuň özi saýlawlaryň mundan beýläk hem açyklyk, aýdyňlyk, giň demokratik esaslarda bäsleşik esasynda geçirilmegine özüniň oňyn täsirini ýetirer.
Dalaşgärler bilen duşuşyklar dowam edýär, olaryň barşynda saýlawçylar dalaşgärler, olaryň saýlawyň öň ýanyndaky maksatnamalarynyň düzgünleri, dalaşgärleriň şahsy we hünär derejesi, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan durmuş-ykdysady maksatnamalaryny we özgertmelerini mundan beýläk-de amala aşyrmak boýunça öz öňlerinde goýan wezipeleri bilen tanyşýarlar.
Şeýlelikde, Mejlisiň deputatlygyna, Halk Maslahatynyň we Geňeşleriň çykyp giden agzalarynyň ýerine geçiriljek saýlawlarda dalaşgärlere möhletinden öň ses bermegiň badalga alan tapgyry ýerlerde jemgyýetçilik-syýasy çäräni geçirmäge taýýarlygyň ýokary derejesini tassyklaýar. Bu çäre ýurdumyzyň ösüşiň demokratik ýoluna, türkmen halkynyň abadançylygynyň we rowaçlygynyň maksatlaryna üýtgewsiz ygrarlylygyň nobatdaky subutnamasy bolup durýar.