Ï Awazada Hazar deňziniň güni bellenilip geçildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Awazada Hazar deňziniň güni bellenilip geçildi

view-icon 844
>“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda bellenilen Hazar deňziniň güni ajaýyp baýramçylyk öwüşginlerine baý boldy.

Her ýyl geçirilýän çäre jemgyýetçiligiň arasynda Türkmenistanyň uzak möhletli, geljege gönükdirilen tebigaty goramak syýasatyny giňden wagyz etmäge, ekologiýa ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga we giňeltmäge, ählumumy durnukly ösüş üçin şertleri döretmäge gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, baýramçylyk Daşary işler ministrligi, Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasy hem-de Balkan welaýatynyň häkimligi tarapyndan guraldy.

Onuň maksatnamasynda “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy: Hazar deňziniň gurşawyny goramak ulgamynda gazanylanlar” atly ylmy-amaly maslahat, medeni-köpçülikleýin we sport çäreleri bar.

“Hasyl” myhmanhanasynda geçirilen maslahata ekologlar, tebigaty goraýyş düzümleriniň, işi Hazar deňzi bilen baglanyşykly pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri gatnaşdylar. Myhmanlaryň hatarynda Hazarýaka döwletleriň ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň hem-de halkara guramalarynyň, şol sanda BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM), Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň (ÝHGG), Bütindünýä bankynyň we beýlekileriň wekilleri bar.

Şu ýerde halkara düzümleriniň we diplomatiki toparlaryň şu çärä uly gyzyklanmasynyň diňe bir ýurdumyzyň Hazar boýunça ýokarda agzalyp geçilen wajyp meseleleri çözmekde ýurdumyzyň eýeleýän ornunyň möhümdigi bilen däl, eýsem, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sebit hem-de dünýä möçberinde Hazarýaka döwletleriň ählisiniň özara bähbitli geoykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň geljegi boýunça öňe sürýän başlangyçlarynyň strategiki ähmiýeti bilen hem düşündirilýär.

Hususan-da, esasy daşary ýurt hünärmenleriniň pikirine görä, türkmen deňiz ýakasynda kemala gelýän döwrebap ulag-logistiki düzüminiň tutuş Hazar sebitiniň multimodal merkezi bolmagy üçin ähli mümkinçilikleri bar. Güýçli depginde gurulýan, döwrebap tehnikalar bilen üpjün edilýän Türkmenbaşy şäherindäki täze Halkara deňiz porty Ýewropa ýurtlarynyň Ýakyn we Orta Gündogaryň haryt hem-de çig mal bazarlaryna we Hindi ummanynyň kenaryndaky döwletlere çykmagy üçin ähli amatly şertleri döredip, uly möçberdäki ýükleri daşamagyň ýoluny hem-de sarp edilýän wagtyny ep-esli gysgaltmaga mümkinçilik berer.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow diňe bir Hazarýaka sebitiniň ýurtlarynyň däl, eýsem, tutuş Ýewraziýa yklymynyň dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň kuwwatyny artdyrmak üçin Türkmenistanyň ulag-üstaşyr kuwwatyndan netijeli peýdalanmagyň ylmy-tehnologiki ugry hökmünde logistikanyň ösdürilmegine ünsi çekip, bu ulgama ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryny, iň döwrebap guramaçylyk hem-de usulyýet çemeleşmelerini ornaşdyrmak wezipesini öňe sürýär. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bazar bäsdeşligi şertlerinde hut ykdysady bähbitlilik, ýükleri daşamagyň tizligi hem-de harajatlaryň kemeldilmegi esasy artykmaçlyk bolup durýar.

Türkmenbaşy şäherindäki täze Halkara deňiz porty 1 million 400 müň inedördül metrden gowrak meýdanda ýerleşer. Ol özüne uzynlygy 3,8 kilometre barabar bolan duralgaly parom, ýolagçy we konteýner terminallaryny birleşdirer hem-de ýylda 300 müň ýolagça, 75 müň treýlere hem-de 400 müň konteýnere hyzmat etmäge niýetlenendir.

Häzirki wagtda aýlagyň akwatoriýasynda deňziň kenaryny we düýbüni berkitmek boýunça çylşyrymly inženerçilik-gidrotehniki işler alnyp barylýar. Bu işler kenarýaka zolagy berkitmegi, gämi duralgasyna hem-de portuň çägine barýan demir we awtomobil ýollarynyň topragyny berkitmek üçin drenaž guýularyny burawlamagy göz öňünde tutýar. Bu işlerde ulanylýan täze tehnologiýa örän netijelidir hem-de birnäçe aýyň dowamynda uly möçberli işleri amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Umuman, deňiz portunyň bu ägirt uly gurluşyk meýdanynda 2 müňden gowrak adam işleýär hem-de döwrebap tehnikalaryň we enjamlaryň 1 müňden gowragy hereket edýär.

Bu strategiki desga Türkmenistanyň sebitiň eksport-import logistiki ulgamyna mynasyp goşandy bolar. Multimodal logopark howa, awtomobil hem-de demir ýol ulaglary bilen getirilen ýükleri saklamak we olary işläp geçmek boýunça hyzmatlaryň toplumyny amala aşyrar, olaryň suw ulaglaryna ýüklenmegini üpjün eder. Portuň düzümine awtoulag ýollarynyň 4 kilometre golaýy hem-de demir ýollaryň 30 kilometre golaýy girer.

Täze deňiz porty ýük daşalmagynyň howpsuzlygyny we netijeliligini üpjün etmek hem-de daşky gurşawy goramak üçin zerur bolan iň öňdebaryjy programma — enjam toplumlary bilen üpjün ediler. Bu ýerde ýangyna garşy göreşmegiň hem-de himiýa howpsuzlygynyň kadalary berk berjaý ediler, lukmançylyk, karantin we gümrük gözegçiligi gulluklarynyň işi kadaly ýola goýlar, maglumat-aragatnaşyk ulgamy sazlaşykly işlär.

Mundan başga-da, diňe bir şu günki foruma däl, eýsem, Awazada geçirilýän beýleki köpsanly halkara derejeli çärelere hem gatnaşýan daşary ýurt guramalarynyň we diplomatiki wekilhanalaryň wekilleri bu ýerde gurlan hem-de bina edilýän desgalaryň giň möçberlidigini öz gözleri bilen görüp bilýärler. Ýurdumyzda golaýda gurlan hem-de gurulýan täze demir ýollaryň we awtomobil ýollarynyň türkmen deňiz ýakasynyň ulag düzümi bilen utgaşýandygyny nazara almak bilen, sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmekde bu täze desgalaryň kuwwaty birnäçe esse artýar. Şol ulag ýollary biziň ýurdumyz arkaly — Demirgazyk — Günorta, Gündogar-Günbatar ugurlary boýunça möhüm sebit we sebitara ulag geçelgelerini emele getirýär.

Çykyş edenler gün tertibiniň esasy meselelerine degip geçip, daşky gurşawy goramagyň hem-de tebigatdan rejeli peýdalanmagyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygyny bellediler. Türkmenistan BMG-niň esasy Konwensiýalaryny — biologik köpdürlülik hakyndaky, çölleşmä garşy göreşmek boýunça, howanyň üýtgemegi hakyndaky, ozon gatlagyny goramak hakyndaky, serhetýaka suw akabalaryny hem-de halkara kölleri goramak we ulanmak hakyndaky Konwensiýalary tassyklap, öz üstüne alan borçnamalaryny yzygiderli ýerine ýetirýär, bu ulgamda beýleki döwletler hem-de iri halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Baştutanynyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, BMG-niň Durnukly ösüş boýunça “Rio+20” atly maslahatynda we beýleki iri maslahatlarda öňe süren halkara başlangyçlarynyň möhümdigi nygtaldy. Şol başlangyçlaryň hatarynda Aşgabatda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini açmak baradaky, Hazar deňzinde ekologiýa we tehnogen howpsuzlygy üpjün etmek üçin hyzmatdaşlygyň köptaraply gurallaryny döretmek hakyndaky teklipler bar. Hazar deňziniň täsin tebigy toplumy tutuş adamzadyň gymmatlygy bolup durýar.

Türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň teklibi boýunça möhüm halkara resminamalary işlenip taýýarlanyldy. Olaryň hatarynda Hazar deňziniň biologik serişdelerini aýawly saklamak we rejeli ulanmak hakyndaky Ylalaşyk hem-de Hazar deňzinde adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we aradan aýyrmak ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşyk bar. Türkmen tarapy Hazar deňziniň gidrometeorologiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky ylalaşygyň gutarnykly ylalaşylmagyna ýardam etdi. Şol ylalaşyk boýunça işler Türkmenistanyň Hazar deňziniň gidrometeorologiýasy we hapalanmagyna gözegçilik etmek boýunça utgaşdyryjy komitetine başlyklyk eden döwründe tamamlandy.

Şunuň bilen birlikde, ýurdumyz Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýanyň taslamasyny işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşýar. Bu binýatlaýyn resminama Hazarda halkara hyzmatdaşlygynyň hukuk çäklerini bellemelidir. Şunuň bilen baglylykda, Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň Aşgabatda, Tähranda, Bakuda we Astrahanda geçirilen duşuşyklarynyň ähmiýeti bellenildi. Şol duşuşyklaryň her biri Hazarýaka ýurtlarynyň bäşisiniň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilen bilelikdäki tagallalary mundan beýläk-de ilerletmekde möhüm tapgyr boldy. Bu ugurda gazanylan öňegidişlikler sebitiň ýurtlarynyň Hazar deňzini dostluk we ylalaşyk deňzine öwürmek baradaky meýilleriniň birdigine hem-de özara ynanyşmak esasynda netijeli gatnaşyklary giňeltmäge taýýardygyna şaýatlyk edýär.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan beýleki Hazarýaka döwletleri bilen bilelikde Hazar ekologiýa maksatnamasyny (HEM) durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşdy. Onuň çäklerinde Hazar deňziniň gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýa taýýarlanyldy. Ol Hazarda tebigaty goramak işiniň hukuk esaslaryny goýdy. Bu Konwensiýa Hazarýaka döwletleriň ählisiniň parlamentleri tarapyndan 2006-njy ýylyň 12-nji awgustynda tassyklanan badyna güýje girdi, şondan bäri bu gün Hazaryň Halkara güni diýlip resmi taýdan yglan edildi. BMG-niň Daşky gurşaw baradaky maksatnamasynyň (UNEP) başlangyjy boýunça bu gün Hazarýaka ýurtlarynyň ählisi tarapyndan bellenilýär.

Hazar deňziniň ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegine berilýän möhüm ähmiýet, ilkinji nobatda, Hazaryň aýratyn derejesi bilen şertlenendir. Bu deňiz tebigatyň örän baý hem-de köpdürli ösümlik we haýwanat dünýäsi bolan hakyky merjeni bolan, dünýä ummanyndan aýratynlykdaky Ýer ýüzüniň iň iri içerki deňzidir. Şonuň bilen birlikde, häzir Hazar sebiti Ýewraziýa giňişliginde möhüm geosyýasy we ykdysady merkezleriň biri bolup, kuwwatly energetika, ulag we aragatnaşyk halkasydyr.

Deňiz kenarýakalarynyň okgunly özleşdirilmegi, nebit we gaz senagatynyň ýokary ösüş depginleri, sebitiň ykdysady ösüşi bilen bagly bolan turbageçirijileriň we ulag ýollarynyň artmagy bu ýerde anyk hukuk kadalaryna, Hazarýaka döwletleriniň ählisiniň deňhukuklylygynyň hem-de bähbitleriniň nazarda tutulmagyna esaslanan ylalaşylan halkara hyzmatdaşlygynyň ýola goýulmagynyň zerurdygyny ýüze çykardy.

Geçen döwür içinde bioköpdürlüligini gorap saklamak boýunça, Hazar deňzini ýerüsti çeşmelerden hem-de gury ýerde alnyp barylýan işleriň netijesindäki hapalanmalardan goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýanyň durmuşa geçirilmeginiň netijeli guralyny üpjün etmäge gönükdirilen Teswirnamalara gol çekildi. Serhetüsti ibermek bilen baglylykda, daşky gurşawa täsir edilişine baha bermek boýunça teswirnama işlenilip taýýarlanylmagynyň tapgyrynda dur.

2014-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda Astrahanda (Russiýa Federasiýasy) bolup geçen dördünji Hazar sammitinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow resminamalaryň ikisini: Hazar deňzinde ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygy hem-de Hazarýaka döwletleriniň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşygy işläp taýýarlamak baradaky başlangyç bilen çykyş etdi. Türkmen tarapy bu resminamalaryň taslamalaryny işläp taýýarlady hem-de olary Hazarýaka döwletleriniň degişli bilermenleriniň ylalaşmagy üçin kabul etmäge taýýar.

Şu ýylyň iýul aýynda nebit bilen hapalanmagyndan ýüze çykýan hadysa mahalynda sebitleýin taýýarlyk, täsir etmek we hyzmatdaşlyk hakynda ozal gol çekilen teswirnama kenarýaka ýurtlaryň ählisiniň goşulmak işi tamamlandy.

Häzirki maslahatyň barşynda Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri barada döwlet komitetiniň we beýleki döwlet düzümleriniň kenarýaka zolagyny durnukly dolandyrmagy üpjün etmek boýunça alyp barýan işleriniň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Guşlaryň mesgen tutýan möhüm ýerleri hökmünde (Ramsar Konwensiýasy) halkara ähmiýetine eýe bolan peýdalanylýan suw-batgalyk ýerlerini gorap saklamak boýunça Konwensiýany durmuşa geçirmegiň geljegine aýratyn üns berildi. Bu Konwensiýanyň aýratyn sanawyna Hazar döwlet goraghanasynyň çäkleri bolup durýan Türkmenbaşy aýlagy goşuldy. Häzirki wagtda peýdalanylýan milli suw-batgalyk ýerleriniň tükelleýiş barlagyny geçirmek, Günorta Çeleken aýlagy bilen birlikde, Ogurjaly adasyna, Esenguly etrabyndaky çäklere, “Altyn asyr” Türkmen kölüne, Sarygamyş kölüne we şuňa meňzeşlere şonuň ýaly halkara derejesini bermek üçin resminamalary taýýarlamak boýunça işler dowam edýär.

Hazar deňziniň kenarynda dünýä derejeli dynç alşynyň — "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň deňsiz-taýsyz taslamasyny döretmegiň ekologiýa düzüm bölegi maslahata gatnaşyjylaryň ýokary bahasyna mynasyp boldy. Täze häzirki zaman we “ýaşyl” tehnologiýalar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän ägirt uly pikiriň berjaý edilmeginiň zerur şerti bolup durýar.

Hazaryň kenarynda gurulýan döwrebap saglygy dikeldiş merkezleriniň we myhmanhanalaryň, senagat kärhanalarynyň esasy alamatlarynyň biri olaryň ekologiýa howpsuzlygynyň halkara ölçeglerine laýyk gelmegidir. Kenarýakalarynda alnyp barylýan uly möçberli bagy-bossanlyga büremek işleri hem ekologiýa ýagdaýyndan ugur alýar. Şol ýerlerde el bilen döredilýän hemişelik gök öwüsýän tokaýlyklar ösüp ýetişýär, täze seýilgäh zolaklary peýda bolýar, dynç alýanlaryň saglygyna oňat täsir edýän has amatly howa ýagdaýy döredilýär.

Häzir Hazaryň ummasyz tebigy baýlyklary, ekologiýa taýdan arassa gurşaw, altynsöw çägeli kenarlar, ýumşak howa, deňiz tebigatynyň gözelligi hem-de onuň kenarynda döredilen sagaldyş toplumlary we çagalar sagaldyş merkezleri bolan ýokary derejeli myhmanhanalar bu künjegi diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, daşary ýurtlaryň köpsanly syýahatçylaryny hem-de işjeň dynç almagy halaýanlary bu ýere çekýän şypahana merjenine öwürmäge mümkinçilik berdi.

Munuň özi ýurdumyzda meşhur ökde hünärli fotohabarçylaryň düşüren suratlarynda beýanyny tapdy. Olaryň işleriniň sergisi myhmanhananyň eýwanynda ýaýbaňlandyryldy. Şeýle hem bu ýerde ýaş suratkeşleriň —amaly-haşam sungatynyň ussatlarynyň tebigy serişdeleri — daşlary, balykgulaklary, çägäni, perleri peýdalanmak bilen döreden ajaýyp işleri görkezildi.

Baýramçylyga gatnaşyjylar Türkmenbaşy şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň gaznasynyň gymmatlyklary bilen uly gyzyklanma bilen tanyşdylar. Göçme sergide amaly-haşam sungatynyň hem-de däp bolan halk senetçiliginiň köp dürli önümleri görkezildi. Olar halk ussatlarynyň başarnykly elleri bilen taýýarlanan meşhur türkmen halylarydyr, milli egin-eşiklerdir, saz gurallarydyr. Türkmenleriň özboluşly milli medeniýetiniň ösüşiniň maddy subutnamalary bolan olar halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden geçip gelen gözelligini we kalbynyň çuňlugyny hem-de aýawly saklanan baý ruhy däpleri özünde jemleýär.

Şeýle hem “Daýanç” çagalar sagaldyş merkeziniň çäklerinde futbol w1e woleýbol, tennis boýunça ýaryşlar hem-de deňizýaka şäheriniň mekdep okuwçylarynyň we dynç alýan ýaşlaryň gatnaşmagynda beýleki sport ýaryşlary geçirildi.

Baýramçylyk çärelerine gatnaşyjylaryň hemmesi — ulular hem, ýaşlar hem günüň ikinji ýarymynda “Daýanç” myhmanhanasynyň maslahatlar zalyna ýygnandylar. Bu ýerde iň gowy işleri döreden çagalara sylaglary gowşurmak dabarasy boldy. Çagalaryň şol işlerinde mähriban tebigatymyzyň Hazaryň deňiz giňişliginiň gözelligi hem-de adamyň goramagyna mätäç bolan deňizde mesgen tutan janly-jandarlaryň gaýtalanmajak dünýäsi ajaýyp şekillendirilýär.

Deňizýaka kenarynyň çagalar döredijilik toparlarynyň konserti baýramçylyk agşamynyň jemleýji bölegine öwrüldi. Onuň esasy maksatnamasyny Hazarýaka ýurtlarynyň halklarynyň milli tanslary we aýdymlary düzdi.

“Awazadaky” duşuşyklar Hazar deňziniň güni mynasybetli baýramçylyga gatnaşyjylara we myhmanlara täze ýatdan çykmajak täsirleri bagyş edip, Ýer ýüzüniň bu täsin tebigy merjenini gorap saklamagyň bähbidine raýdaşlyk hyzmatdaşlygynda ýene bir ädime öwrüldi.