Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň milli baýramçylyklary täze mаny-mazmuna eýe bolup, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkymyzyň durmuş derejesiniň hem-de abadançylygynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen we olary täze ýeňişlere ruhlandyrýan giň möçberli özgertmeleriniň möhüm ugurlaryny äşgär edýär. Her ýylyň awgust aýynyň ikinji ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen gawunynyň güni munuň aýdyň subutnamasydyr. Ol türkmen halkynyň milli däp-dessurlaryny we ýurdumyzyň häzirki döwürde gazananlaryny özünde jemleýär.
“Asyrlarboýy dünýäniň ekerançy alymlarynyň, taryhçylarynyň ünsüni özüne çekip gelýän türkmen gawunlarynyň at-owazasy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda has-da belende göterilýär. Gadymy ekerançylygyň gülläp ösen mekany bolan türkmen topragyna bakjaçylygyň täze belentliklere göterilmegine döwletimiz tarapyndan geljekde ähli mümkinçilikler dörediler. Çünki, behişdi türkmen gawunlary halkymyzyň milli mirasydyr, rysgal-bereketli saçaklarymyzyň arzyly nygmatydyr” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ussat bakjaçylara we ähli oba hojalyk işgärlerine iberen baýramçylyk Gutlagynda belleýär.
Bakja önümi mynasybetli guralan çäreleriň maksatnamasynda paýtagtymyzyň “Parahat” medeni dynç alyş merkezinde geçirilen uly aýdym-sazly dabara hem bar. Şekillendiriş sungaty muzýinde suratkeşleriň we heýkeltaraşlaryň döredijilik işleriniň sergisi, Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda bolsa gawuna bagyşlanan kitaplaryň sergisi guraldy.
Türkmenistanyň Oba hojalyk toplumynyň mejlisler zalynda “Bekarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň bakjaçylygyny ösdürmegiň ylmy esaslary” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi, oňa Oba we suw hojalyk ministrliginiň düzümleriniň wekilleri, öňdebaryjy ekerançylar, belli seçgiçi alymlar hem-de obasenagat toplumynyň işgärleri gatnaşdylar. Maslahata gatnaşyjylar bakja ekinleriniň dürli görnüşlerini ylmy esasda mundan beýläk-de kämilleşdirmek meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Ýurdumyzyň bakjaçylygyny ösdürmek, bakja ekinlerini ýetişdirmegiň agrotehniki kadalaryny ýerine ýetirmk boýunça ilkinji nobatdaky wezipeler hakynda çykyşlar diňlenildi.
Dabara gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, ýurdumyzyň obasenagat toplumynda gazanylýan üstünlikler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň azyk bolçylygynyň üpjün edilmegine, bazarlarymyzyň dürli görnüşli we ýokary hilli oba hojalyk önümleri bilen baýlaşdyrylmagyna, mähriban Watanymyzyň degişli eksport kuwwatlyklarynyň artdyrylmagyna gönükdirilen giň möçbberli özgertmeleriniň netijeli durmuşa geçirilmegi bilen berk baglanyşyklydyr.
Ýurdumyzda bakja ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, gawunlaryň täze görnüşlerini çykarmak bilen meşgullanýan bakjaçylyk ylmynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Şöhratly pederlerimiziň oňyn ýörelgelerini häzirkizaman ylmynyň täze gazananlary bilen utgaşdyrýan ýurdumyzyň bakjaçylary, seçgiçileri, obasenagat toplumynyň işgärleri türkmen gawunlarynyň gadymky şöhratyny atdyrmak we dünýäde wagyz etmek boýunça maksatnamalaýyn işleri alyp barýarlar.
Türkmen gawunynyň güni mynasybetli ýekşenbe güni ýurdumyzyň ähli şäherlerinde we obalarynda mähriban topragymyzyň sahawatyny äşgär edýän giň möçberli sergiler we ýarmarkalar ýaýbaňlandyryldy. Meýdançalarda we seýilgählerde dürli öwüşginli gawunlardan döredilen şekiller gözüňi dokundyrýar. Olaryň ýanynda rejelenip goýlan garpyzlar we kädiler ýurdumyzda bakja önümlerine bolan hormat-sarpany alamatlandyrýar. Sahnalarda we açyk asmanyň astyndaky konsert meýdançalarynda döredijiligiň dürli ugurlarynda çykyş edýän artistleriň, folklor toparlarynyň, estrada aýdymçylarynyň çykyşlary baýramçylygyň bezegine öwrüldi.
Türkmen gawunynyň baýramy mynasybetli esasy dabaralar ýekşenbe güni agşam Aşgabadyň atçylyk sport toplumynyň ýanynda guraldy. Bu ýerde ýurdumyzyň obasenagat toplumynda öndürilen önümleriniň giň gerimli sergisi guraldy. Onda tagamy boýunça deňi-taýy bolmadyk gawunlar esasy orny eýeleýär, baldan süýji gawunlary ýetişdiren ekerançylar olary ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan paýtagtymyza getirdiler. Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda dünýä ylmynda bellige alnan gawunyň 1600 görnüşiniň 400 naýbaşy görnüşi türkmen topragynda ýetişdirilýär. Gawunlaryň şunun ýaly dürli görnüşleri bakjaçylaryň her bir täze nesli tarapyndan artdyrylýar, olar halk seçgiçileriniň, şeýle hem häzirkizaman ylmynyň tejribesine daýanyp, gawunyň täze görnüşlerini döredýärler.
Türkmen topragynda gawunyň irki, çalt ýetişýän, tomus ýetişýän, güýz-gyş pasyllary ýetişýän hem-de gyş gawunlary: waharman, gülaby, garrygyz, akmaral, samça, handälek, ak gürbek, gara gürbek we köpsanly beýleki görnüşleri ýetişýär. Örän süýji tagamly, hoşboý ysly, torly türkmen gawunlarynyň datly tagamyny bir gezek dadanlar ony unutmaýarlar – olar türkmen halkynyň milli baýlygy hem buýsanjydyr. Türkmen gawunlary aýratyn tagamy bilen tapawutlanýar, ol agzyňda ereýär diýip aýdýarlar.
Türkmen gawunynyň baý taryhy bar. Ony gadym döwürlerden bäri Amyderýa, Murgap, Tejen derýalarynyň ugrundaky ýaýlalarda ýetişdiripdirler. Gadymy Merwde we Köneürgençde geçirilen gazuw işlerinde ýüze çykarylan gawunlaryň tohumlary bu künjeklerde gadymy döwürlerde bakjaçylygyň ösendigine şaýatlyk edýär. Bu tagamly bakja önümini Türkmenistandan Beýik Ýüpek ýoly boýunça Ortaer deňziniň kenarlaryna, kerwenler bilen Uralyň hem-de Wolganyň aňyrsyndaky çäklere ýetiripdirler. Gawun gadymy greklere we rimlilere hem belli blupdyr. Ol arap halyflarynyň, hytaý imperatorlarynyň, hindi, eýran we ýewropa şalarynyň saçagyny bezäpdir.
Gadymy tebipler dürli keselleri bejermek üçin gawun iýmegi salgy beripdirler. Türkmen topragynda ýetişdirilýän tagamly gawunlar ähli döwürlerde hem belli alymlaryň, taryhçylaryň hem-de dünýäniň dürli künjeklerinden syýahatçylaryň ünsüni çekipdir. Gadymy ýazuw çeşmeleri türkmen gawunynyň tagamy baradaky öwgülere baýdyr. Gawun bilen türkmenleriň gadymy halk dessurlary, hekaýatlary, rowaýatlary we ertekileri baglanyşyklydyr.
Gawuny “bakjanyň soltany” diýip mynasyp atlandyrýarlar, ol datly tagamy, ýokumly hem-de bejeriji häsiýetleri, şeýle hem adam bilen tebigaty birleşdirýän, günüň jomart çogündan döreýän altyn öwüşgünli iýmit hökmünde-de bu derejä mynasypdyr.
“Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ussat bakjaçysy” atly däbe öwrülen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak türkmen gawunynyň baýramy mynasybetli guralan çäreleriň esasy dabarasyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan ýurdumyzyň iň gowy bakjaçylaryny hem-de seçgiji alymlaryny gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Ähli bakjaçylaryň hem-de tutuş türkmen halkynyň adyndan döwlet Baştutanymyza Kuwwatly atly mele ahalteke bedewi sowgat berildi.