Ï Watanymyzyň ösüşiň täze belentliklerine çykmagynyň bähbidine
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Watanymyzyň ösüşiň täze belentliklerine çykmagynyň bähbidine

view-icon 709
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi mynasybetli brifing geçirildi. Foruma Mejlisiň, Daşary işler ministrliginiň, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň, milli we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlary hem-de talyplary, alymlar we hünärmenler gatnaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, 14-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Ýaşulularyň maslahaty möhüm taryhy waka – Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegine beslendi. Milli hukuk ulgamynyň daýanjy, kanunlaryň hökmürowanlygynyň, raýatlarymyzyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň, hakyky halk häkimiýetiniň ýörelgeleriniň mizemezliginiň kepili bolan Esasy Kanunymyz eziz Watanymyzyň döredijiligiň hem-de ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe gitmegini üpjün etmelidir.

Çykyş edenler konstitusion özgertmeleriň amala aşyrylmagynyň döwletiň ösüşiniň täze tapgyrynda hukuk özgertmeleri boýunça işiň esasy ugry bolup durýandygyny nygtadylar. Konstitusiýanyň aýry-aýry düzgünleri ýeterlik derejede durmuşa geçirildi. Döwlet ösüşiniň häzirki döwründe täze konstitusion ýörelgeleri hem-de kadalary işläp taýýarlamak zerurlygy ýüze çykdy.

Konstitusion toparyň kanun çykaryjylaryň, hukuk öwrenijileriň seljerme netijenamalaryny hem-de ýurdumyzyň raýatlaryndan gelip gowşan köpsanly teklipleri umumylaşdyryp, ägirt uly işleri ýerine ýetirendigi bellenildi. Bu işleriň ählisi Esasy Kanunyň rejelenen görnüşiniň gutarnykly taslamasy taýýarlanylmazdan öň amala aşyryldy.

Duşuşygyň barşynda ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşine girizilen üýtgetmeler teswirlenildi, ýurdumyzyň binýatlaýyn kanunynda döwletimiziň özygtyýarlylygynyň, hemişelik Bitaraplyk derejesiniň, dünýä bileleşiginiň doly hukukly subýekti hökmünde Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň aýdyň beýan edilendigi aýratyn nygtaldy. Ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesi BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen ykrar edildi.

Çykyş edenler Konstitusiýanyň rejelenen görnüşiniň döwlet häkimiýetiniň we ýerli öz-özüňi dolandyryşyň edaralarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, şahsyýetiň hem-de döwletiň özara jogapkärçiligini ýokarlandyrmak, milli ykdysadyýetimizi bazar ykdysadyýetiniň ýörelgelerine doly geçirmek üçin hukuk mümkinçiliklerini açýandygy bellediler. Onda beýleki käbir konstitusion täzelikler hem öz beýanyny tapdy.

Halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalary we dünýäniň ösen ýurtlarynyň konstitusion gurluşynyň öňdebaryjy tejribesi göz öňünde tutulyp işlenip düzülen Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gysga we çuň manyly «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarynda beýan edilen döwlet syýasatynyň esasy ýörelgesini has doly möçberde berkitdi. Onda adamy goramak we goldamak hem-de oňa hyzmat etmek döwlet häkimiýet edaralarynyň esasy wezipesi hökmünde berkidildi. Bu möhüm konstitusion kada Konstitusiýanyň Türkmenistanda adamyň hem-de raýatyň hukuklaryna, azatlyklaryna we borçlaryna bagyşlanan tutuş bölüminiň özgerdilmegine esas bolup hyzmat etdi. Bu bölümde Türkmenistanyň goşulyşan adam hukuklary babatda esas goýujy halkara konwensiýalarynyň kadalary nazara alnyp, onuň üsti täze maddalar bilen ýetirildi.

Konstitusiýanyň rejelenen görnüşine täze maddalaryň 28-si goşuldy, 107 madda üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi, täze bölüm peýda boldy. Esasy Kanunda döwrüň talap edýän hem-de köp partiýalylyga, gender deňligine, adam hukuklaryna we azatlyklaryna, ykdysady hem-de maliýe gatnaşyklaryna degişli üýtgetmeler berkidildi.

Duşuşykda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 25 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda Esasy Kanunyň kabul edilmeginiň jemgyýetimiziň we döwletimiziň bitewüligini alamatlandyrýandygy hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň kuwwatyny mundan beýläk-de artdyrmak, täze sepgitleri eýelemek üçin güýç-kuwwat berýän ägirt uly taryhy wakadygy aýratyn nygtaldy.