Gündogar ýyl senenamasy boýunça Maýmyn ýylynda gamadriller we pawianlar jübütlerinde çagalaryň dogulmagy oňyn alamat hasap edilýär. Olar howanyň gowy wagtlarynda ýataklarynyň daşyna çykyp gezelenç edýärler. Bu ýere gelýänleriň hemmesi bolsa olaryň asuda durmuşyna uly gyzyklanma bilen syn edýärler. Öz täze dogan çagalaryny söýýän ene maýmyn olara seresaplyk bilen garaýar, olaryň uly doganlaryny hem nazaryndan sypdyranok. Ata maýmynlar bolsa öz ýoldaşyna we çagalaryna aňrybaş üns berýär.
Janly tebigatyň milli muzeýine gelýänler bu örän çalasyn haýwanlary ýadygärlik surata düşürmek üçin ykjam telefonlaryny gözenegiň ýanynna eltýärler. Bu örän çalasyn haýwanlar olaryň el telefonlaryny alan wagtlalary hem az bolmaýar. Olar bu ýere äýnekli gelýänleri hem şeýden wagtlary boldy. Diýmek bu haýwanlar hem el telefonydyr äýneklere ýaly zatlara biperwaý garamaýarlar. Myhmanlary şular ýaly hadysalardan goramak üçin Muzeýiň işgärleri bir ýarym metr gorag haýatyny-gözenegi çekmeli boldular.
Ýabany pişigiň bäş çagasy boldy. Öý pişikleri ýaly, onuň çagalary dünýä kör bolup indiler. Ýöne olaryň on günden soňra gözleri açylandan soňra olaryň özlerini alyp baryşlary düýbünden üýtgedi: olar hoply dyrnaçaklap başladylar, özlerini hemmeleriň üstüne oklap başladylar, goranyp başladylar.
Tebigatda ýabany pişigiň çagalary bäşden hem köp bolýar, ýöne olaryň hemmesi ýaşap bilenoklar. Muzeýiň hünärmenleriniň öňünde olaryň hemmesini diri alyp galmaly – ýaşatmaly. Munuň üçin olar ene pişigiň iýmitine multiwitamin toplumyny goşup başladylar. Çaga pişikleriň iýmitine bolsa üçünji hepdeden ownuk çapylan et goşup başladylar. Bu iýmit ownuk ýyrtyjylaryň göwnünden turup, täze iýmiti olaryň hersi bir ýana äkitdiler.
Ýabany pişik gijesine işjeň ýaşaýyş durmuşyny alyp barýar, gündizine bolsa ýatýar. Çaga pişikler üçin bolsa demir gözenekli aýmançanyň içinde üsti ýapyk öýjagaz gurup berdiler. Bu ýerde çaga pişikleriň dördüsi gijeki durmuşa güýç toplamak üçin gündizine ukuda geçirýärler, bäşinji pişijek - iň güýçli we batyr bolsa ýolbaşçy hökmünde jaýjagazyň üçeginde ýatýar. Goňşy demir gözenekli teläriň üçeginde uly ýaşly ýabany pişikler dynç alýarlar.
Nutriýalaryň arasynda bolsa ýolbaşçy bolmak üçin uruşmagy gowy bilmeli. Bu derejäni almak üçin olar başa-baş söweşlerde tä gan çykýança uruşýarlar. Ýöne ol ýeňijiniň derejesini almak bilen beýleki ýeňillikleri hem alýar. Şeýle-de bolsa onuň töwereginde ýaşajyk gujurly bäsdeş ösüp ýetişip gelýär, şonuň üçin her bir ýolbaşçy özüniň ýolbaşçylygynyň wagtlaýyndygyna oňat düşünýär.
Günorta Amerika nutriýalaryň watanydyr, wagtyň geçmegi bilen olar Günbatar Ýewropa, Kawkaza we Orta Aziýa hem uýgunlaşypdyrlar. Biziň ýurdumyzda olar Murgap, Tejen we Garagum derýalarynyň kenarlarynda ýaşaýarlar. Derýa ýakyn bolmaklary nutriýalarda iki aýratynlygy ýüze çykardy – ol hem arassa bolmagy we işdäleriniň açyk bolmagydyr. Mundan hem başga bu alakapisint gemrijiler özleriniň ýüňlerini we penjelerin hemişe arassalap durýarlar, bu päkizeligi halaýan jandarlar, oty iýmezden ozal ony suwda ýuwýarlar.
Işdäniň açyk bolmagy – daşky görnüşiňe oňat täsir edýär. Sebäbi bedende ýag toplansa ýüňüň-sütügiň ýalpyldap durmagyna hem täsirini ýetirýär. Olar tebigatda ot we suw otlary bilen iýmitlenýärler. Muzeýde olaryň iýmitleri miweleriň we iýmişleriň hasabyna ep-esli baýlaşdyrylýar.
Nutriýalar çalt köpelýärler. Bu haýwanjyklar agaçdan ýasalan ýaşşikleri çaga dogrulýän öý hökmünde ulanýarlar. Häzirki wagtda şeýle ýaşşikleriň birinde ukraçy nutriýa özüni täze birbada dogran çagalarynyň altysy-onusy bilen ýaşaýar. Haçan-da nutriýalar ulalanda olaryň çagalar bagy diýlip atlandyrylýan – ýaşajyk haýwanlar üçin niýetlenen gözenekli aýmança geçirýärler. Olar bu ýerde geljekki durmuşa taýýarlanýarlar.