Tebigatyň şu kysmy ýerleri diňe bi guşlaryňdyr biologik köpdürliligiň beýleki görnüşleriniň ýaşaýan ýeri bolman, eýsem suwly howdanlar, netijeli ekologiýa ylgamy, suw we howa şertlerini kadalaşdyryjylar hökmünde milli, sebit we ähliumumy babatda ähmiýetlidir.
1971-nji ýylyň 2-nji fewralynda Eýranyň Ramsar şäherinde suwda ýüzýän guşlaryň ýaşaýan ýeri hökmünde halkara ähmiýetli suwly-batga ýerler hakynda (Ramsar) Konwensiýasyna gol çekildi. 1997-nji ýyldan başlap oňa gol çekilen gün suwly-batga ýerleriň Bütindünýä güni diýlip yglan edildi we ol planetamyzyň tebigatynyň jandarlar dünýäsiniň durnukly ösüşi üçin bu ýerleriň gymmatyna ünsi çekmäge gönükdirilendir. Häzirki wagtda dünýä ýurtlarynyň 159-sy konwensiýanyň tarpdarlarydyr, dünýäde Ramsar ýerleriniň 2250-si hasaba alyndy, olaryň umumy meýdany 215 million gektardyr. Şu ýyl suwly-batga ýerleriň Bütindünýä güni „Suwly –batga ýerler heläkçiligiň döremek howpuny azaldýar“ şygar astynda geçdi.
Türkmenistan konwensiýa 2009-njy ýylda goşuldy, ýurdmyzda ýeke ramsar ýeri bar, olam Hazar deňziniň Türkmenbaşy aýlagydyr. Onuň meýdany 267 müň gektardan gowrak ýeri tutýar, aýlag 2009-njy ýylda ramsar sanawyna girizildi. Häzirki wagtda ol halkara ähmiýetli goraglylyk derejeli ýer bolup, ony dolandyryş maksatnamasy düzüldi. Indi Günorta Çeleken aýlagy bilen Ogurjaly aýratyn goralýan ýere,Türkmenistanyň beýleki suwly-batga ekologiýa ulgamlaryna gezek geldi. Ýurdumyzyň ýerleriniň 20 göterimine golaýy derýalyk jülgelere we oazislere degişli bolup, olarda ýaşaýyş şertleri ekologiýa ulgamynyň esasy bölegidir.Esasan-da Hazar deňziniň kenarynda şeýle ýerler kän.“Altyn asyr“ Türkmen kölüni, Garagum derýasynyň suw ulgamyny, Amyderýanyň, Murgap we Tejen derýalarynyň gollarydyr daşan ýerlerini hem suwly ýerler hasaplasa bolar.
Ransar konwensiýasynyň köp sanly maksatlarynyň arasynda goralýan ýerleriň sanyny köpeltmek, halk köpçüliginiň howdanlaryň, derýýalaryň, kölleriň we batgalaryň biologik köpdürliligi saklap galmak üçin ähmiýeti, örän wajyp ekologiýa ulgamy hyzmatlary, şeýle hem milli şertlere uýgunlaşdyryp olary aýawly dolandyrmaga çemeleşmeleri ösdürmek barada habarlylygyny ýokarlandyrmak ileri tutulýan ugurlardyr.
Konwensiýanyň çäklerindäki işiň esasy ugry—ýurdumyzda gyşlamaga galýan suwda ýüzýän guşlaryň her ýyllyk hasaba almakdyr. Dekabr-ýanwar aýlarynda Ramsar konwensiýasynyň iş toparynyň başlangyjy bilen Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri bardaky döwlet komitetiniň, Beýik Britaniýanyň guşlary goramak Korollyk jemgyýetiniň (RSPB), Awçylar we balykçylar milli jemgyýettiniň ýardam bermeginde Lebap welaýatynda –Amyderýanyň jügelerinde we Kelif Uzboýunyň eteklerinde, Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy adyndaky suw howdanynda, Watan, Gülistan, Tallymerjen oba hojalyk massiwlerinde, Soltandag we Gyzylburun köllerinde suwda ýüzýän we suwly-batgaly ýerlerdäki guşlaryň, şol sanda durnalaryň sanawy geçirildi.
Amyderýa goraghanasynyň işgärleri Soltansanjar we Düýeboýun suw howdanlarynyň kenarlaryna gitdiler. Daşoguz welaýatynda Zeňňibaba, Uzynşor we Atabaýşor köllerinde Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanasynyň, Mary welaýatynda--Hanhowuz suw howdanynda we Ahal welaýatyndaky howdanlarda Awçylar we balykçylar milli jemgyýettiniň işgärleri, Balkan welaýatynda Türkmenbaşy aýlagyndan tä Garabogaz kölüne çenli aralykda ýerli ornitologlar guşlary hasaba aldylar.Indi ýarym asyr wagt bäri her ýyl gyşlaýan guşlaryň sanawyny geçirmek Demirgazyk Ýewraziýada suwda ýüzýän we suwa golaý ýaşaýan ýerli, ötegçi we gyşlaýan guşlaryň sanyna gözegçilik etmegiň halkara maksatnamalarynyň möhüm bölegine öwrüldi.
Halkara hyzmatdaşlygyny netijeli utgaşdyrmak maksady bilen 2016-njy ýylda Merkezi Aziýa sebitindäki Ramsar konwensiýasynyň Sekretariatynyň başlangyjy bilen Merkezi Aziýa Ramsar sebit başlangyjy (MA RSB) döredildi. Onuň işine Türkmenistan, Gazagystan we Gyrgyzystan gatnaşýarlar, Täjigistan bilen Özbegistan hem oňa girmäge taýýarlyk görýärler. MA RSB bu ugurda sebit hyzmatdaşlygynyň netijeli gurallaryny işläp taýýarlamaga esas bolmalydyr, onuň ileri tutýan işleriniň arasynda--ýygnaklary, ylmy maslahatlary, okuw-maslahatlary guramak, öwrediji maksatnamalary işläp taýýarlamak, suwly-batga ramsar ýerleri öwrenmäge we olaryň çägini goňeltmäge ýardam etmek, dürli telekeçilik toparlary we guramalary olaryň goragyna çekmek, milli ekologiýa başlangyçlaryny goldamak ýaly çäreler bar.