Paýtagtymyzda köpgatly ýaşaýyş jaýlarynyň, şeýle hem durmuş düzümine degişli birnäçe desgalaryň açylyş dabaralary boldy. Ýüzlerçe maşgalalar Parahat—7 kiçi etrapçasynda we Abadan etrabynda gurlup ulanmaga berlen ýaşaýyş jaýlaryna göçüp geldiler. Şeýle hem paýtagtymyzyň Atatürk köçesiniň ugrunda şäheriň binagärlik keşbi bilen özboluşly sazlaşygy emele getiren çörek we çörek önümleri dükanynyň täze binasy hem gapylaryny giňden açdy.
Aşgabat şäheri gün-günden özgerýär we ol öz çäklerini yzygiderli giňeldip, dünýäniň owadan şäherleriniň hatarynda öz ornuny pugtalandyrýar. Şäher ilatynyň göwnejaý ýaşaýşy we döredijilikli zähmeti üçin ähli amatlyklaryň, oňaýly daşky gurşawyň döredilmegi, ilatyň wagtyny peýdaly geçirmegi ugrunda zerur amatlyklaryň üpjün edilmegi paýtagtymyzyň ösüşiniň möhüm ugry bolup durýar. Soňky ýyllarda Aşgabatda ähli durmuş üpjünçilik düzümlerini özünde jemleýän täze ýaşaýyş jaý toplumlary, seýilgäh zolaklary emele geldi. Ýüzlerçe desgalar guruldy. Olaryň hatarynda özüniň binagärlik we inženerçilik çözgüdi boýunça halkara derejesindäki abraýly bäsleşikleriň ýokary baýraklaryna mynasyp bolanlary az däl.
Şu ylyň ýanwar aýynda üç derejeli köp zolakly awtomobil köprüsi, paýtagtymyzyň N.Andalyp köçesiniň ugrundaky çatryklarda “Dowamat” we “Alaw” atly özboluşly binalar guruldy. Munuň özi paýtagtymyzyň ýol-ulag düzüminiň we binagärlik çözgüdiniň döwrebap derejede kämilleşdirilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr. Şeýle hem ýanwar aýynda Aşgabadyň günorta-gündogarsynda emele gelýän döwrebap zolakda Parahat—7 ýaşaýyş toplumynda dört sany köpöýli belent ýaşaýyş jaýlary, çagalar bagy bina edildi.
Şu gün bolsa Parahat—7 ýaşaýyş jaý toplumynda, şeýle hem Abadan etrabynyň çäginde nobatdaky täze binalaryň açylyş dabaralary Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň öňüsyrasynda ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk çärelerine utgaşdy.
Täze binalaryň öňündäki dürli şarlar, köpöwüşginli çykyşlar bilen bezelen meýdança paýtagtymyzyň we şäheriň etraplarynyň häkimlikleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar we Aşgabat şäheriniň köpsanly ýaşaýjylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri ýygnandylar. Paýtagtymyzyň döredijilik toparlary özleriniň joşgunly aýdym-sazly çykyşlary bilen täze jaýlara göçüp gelýän maşgalalaryň şatlyk-şowhunlaryny belende göterdiler.
Paýtagtymyzyň Parahat—7 ýaşaýyş jaý toplumynda dokuz gatly ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynda we olaryň enjamlaşdyrylyşynda, bezeg işlerinde iň häzirki zaman usuldaky çözgütler peýdalanyldy. Giň otaglary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň goşmaça kömekçi desgalarynyň hem bardygyny bellemeli. Öýleriň aşhanasy, eýwanlary, olaryň gurluşyk aýratynlyklary amatlylygyň ýokary talaplaryna doly laýyk gelýär.
Toplumda 54 öýi bolan ýokary gatly 4 we 36 öýli dört sany ýaşaýyş jaýlary bina edildi. Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmasy esasynda bina edilen jaýlaryň gurluşygyny “Mynasyp zamana”, “Altyn” we “Oguz ýol” hojalyk jemgyýetleri ýerine ýetirdiler. Olarda dünýäniň öňdebaryjy tejribeleri, täzeçil usullar we häzirki zaman tehnikalary peýdalanyldy.
Desgalaryň ýanaşyk ýerleri göwnejaý abadanlaşdyrylyp, ol ýerde çagalar üçin oýun we sport meýdançalary, medeni-köpçülikleýin çärelerini hem-de dabaralary geçirmäge niýetlenen ýerler, şeýle hem awtoduralga guruldy. Mundan başga-da, bu ýerde gök zolaklar döredildi, dürli güller ekildi, dynç almak üçin oturgyçlar ýerleşdirildi. Özboluşly yşyklandyryjylar bu künjegiň gijeki ýagtylygyny üpjün edýär.
Paýtagtymyzyň Abadan etrabyndaky Ahal köçesiniň ugrunda peýda bolan alty sany täze dört gatly ýaşaýyş jaýlary amatlylyk babatda ýokary ülňülere laýyk gelýär. Jaýlaryň gurluşygyny Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmasy esasynda “Aşgabatgurluşyk” önümçilik birleşiginiň gurluşykçylary ýerine ýetirdiler. Jaýlaryň her birinde üç we iki otagly, göwnejaý enjamlaşdyrylan 32 öý ýerleşýär. Binalaryň ýanaşyk ýerleri degişli derejede abadanlaşdyrylypdyr.
Täze ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabaralarynda çykyş edenler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ilatyň abadançylyk derejesiniň ýokarlanmagy hakyndaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini bellediler. Türkmenistanda ähli degişli düzümiň kemala gelmegine toplumlaýyn çemeleşmeleri üpjün edýän ýörelgeler halkymyz üçin ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy boýunça ýaýbaňlandyrylan ägirt uly durmuş maksatnamalarynda öz beýanyny tapýar.
Şeýle hem paýtagtymyzyň Atatürk köçesiniň ugrunda “Tagamly çörek” ady bilen emele gelen ak mermerli üç gatly dükan şäher ilaty üçin ajaýyp sowgat boldy. Şu gün täze dükan dabara gatnaşyjylary ýörite bölümde taýýarlanylan çörek önümleri bilen garşylady. Munuň özi diňe bir söwda bilen meşgullanman, eýsem önümçiligi alyp barýan ulgamyň döwrebap nusgasy bolup durýar.
Binanyň birinji gatynda günde 4,16 tonna dürli görnüşli çörek önümlerini taýýarlamaga ukyply kiçi kärhana hereket edýär. Onda ýokary tehnologiýaly we döwrebap enjamlar ornaşdyrylyp, olaryň güýji bilen önümi taýýarlamagyň ähli ulgamy ýokary derejede amala aşyrylýar. Önümçilik işine wagty, enjamyň gyzgynlygyny, önümiň çyglylygyny we tehnologiki ölçegleri kesgitleýän kompýuter arkaly gözegçilik ýola goýlupdyr. Bu ýerde türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilen bugdaýdan ýokary hilli önümleriň 50-den gowrak görnüşi taýýarlanylýar. Olaryň hatarynda dürli görnüşli çörek we bulka önümleri, bally hem-de gaýmakly bulkalar, berhiz saklaýanlara niýetlenen çörekler öndürilýär. Ýeri gelende aýtsak, bu ýerde külçe, petir, gatlama ýaly milli usullar arkaly taýýarlanylýan çörek önümleri hem bar.
Binanyň birinji gatynyň beýleki künjeginde dükan ýerleşip, onda söwda ulgamynyň häzirki zaman medeniýeti äşgär duýulýar. Munuň özi ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň bazarlarda azyk harytlarynyň bolçulygynyň üpjün edilmegine, täzeçil tehnologiýalaryň we dünýäniň öňdebaryjy tejribeleriniň ulanylmagyna gönükdirilen asylly işleriniň anyk netijeleridr. Bu ýerde dükanyň öz bölüminde öndürilen dürli görnüşli çörek we çörek önümleri däl, eýsem ilata un önümleri, unaşyň dürli görnüşleri hödürlenýär. Dükanyň süýji-köke bölüminde tortlaryň, dürli tagamly kökeleriň we süýjüleriň köp görnüşiniň söwdasy ýola goýulýar. Önümleriň hemmesi “Aşgabatçörek” önümçilik birleşiginde taýýarlanylýar.
Dükanyň ikinji gatynda 50 orunlyk çaýhana bolup, onda hyzmatyň ýokary derejesi ýola goýlupdyr. Bu ýerde dermanlyk ösümliklerden taýýarlanylan “Melhem çaýy” atly tagamly içgi we täze taýýarlanylan süýji kökeler hödürlenýär.
Söwda-önümçilik toplumynyň açylyş dabarasyna ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň, Aşgabat şäher häkimliginiň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, azyk senagaty pudagynyň işgärleri, paýtagtymyzyň köp sanly ýaşaýjylary gatnaşdylar.
Dabarada çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýaýbaňlandyrylýan giň möçberli özgertmeler ak mermerli paýtagtymyzda has-da batly depginlerde amala aşyrylýar. Özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi “Döwlet adam üçindir!” diýen şygary baş ýörelge edinýän döwlet syýasatynyň rowaçlyklara beslenýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr. Täze gurulýan binalar, önümçilik, medeni-durmuş, ylym-bilim maksatly desgalar, lukmançylyk we sport merkezleri, döwrebap ýaşaýyş jaýlary ýurdumyzyň baş şäheriniň gözelligini artdyrmak bilen bir hatarda, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagynda, ilata hödürlenýän durmuş hyzmatlarynyň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginde möhüm orun eýeleýär.
Şeýle hem şu gün paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň çäginde açyk görnüşli täze ulag duralgasy ulanmaga berildi. Mundan başga-da, şäheriň Berkararlyk etrabynyň çägindäki Kärdeşler arkalaşyklarynyň seýilgähiniň durky doly täzelenildi.