Ï Aşgabatda diplomatik wekilhanalaryň toparlarynyň arasynda sport ýaryşy geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda diplomatik wekilhanalaryň toparlarynyň arasynda sport ýaryşy geçirildi

view-icon 1699
Türkmen diplomatlarynyň hünär baýramyna bagyşlanyp, DIM-niň, şeýle hem ýurdumyzda ýerleşýän ilçihanalarynyň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň işgärleriniň gatnaşmagynda däbe öwrülen sport ýaryşy geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berlişi ýaly, 3х3 görnüşde basketbol ýaryşy Halkara gatnaşyklary institutynyň spor t toplumynda; 400 metre köpçülikleýin ylgaw Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň stadionynda; aň-paýhas bäsleşikleri Aşgabadyň ýörüteleşdirilen küşt mekdebinde geçirildi.

Basketbol ýaryşynda Belarus Respublikasynyň Ilçihanasynyň topary ýeňiş gazandy, ikinji ýeri –ABŞ-nyň Ilçihanasy, üçünji orny—russuýaly diplomatlar eýelediler.

400 metre köpçülikleýin ylgamakda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Ilçihanasynyň wekilleri öňe saýlandylar.

Küşt bäsleşiklerinde Russiýa Federasiýasynyň Ilçihanasynyň işgärleri 1 we 2-nji orunlary eýelediler, DIM-niň wekili üçünji orna mynasyp boldy.

Şaşka bäsleşiginde Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň işgärleri birinji we ikinji orny eýelediler, BMG-nyň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit Merkeziniň wekili üçünji orna mynasyp boldy.

Ýaryşda baýrakly orunlary eýelänlere Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň sowgatlary hem-de hormat hatlary gowşuryldy.

Bäsleşiklere gatnaşanlar sport baýramy ruhuny döredendikleri üçin onuň guramaçylaryna minnetdarlyk bildirdiler.