Ï Türkmen paýtagtynda guşlaryň ondan gowrak görnüşi gyşlaýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen paýtagtynda guşlaryň ondan gowrak görnüşi gyşlaýar

view-icon 11651
Türkmen paýtagtynda guşlaryň ondan gowrak görnüşi gyşlaýar
Aşgabat çalt depginlerde ösýär, gözelleşýär, gök ösümlikli meýdanlaryň çäginiň giňelmegi bilen adam eliniň döreden gözel ýerlerinde guşlar çalt mekan tutýarlar. Olar eldeki we öý guşlaryna öwrülmese-de, adam bilen goňşuçylykda ýaşamaga öwrenişdiler. Häzirki wagtda guşlar biziň töweregimizde rahat gyşlaýarlar.

Türkmen paýtagynda esasan çal kepderi, müsür gumrusy, alagarga, meýdan serçesi we garasar ýaşaýar. Olaryň esasy aýratynlygy oturymly ýaşaýanlygydyr, iýmiti-de azyk galyndylarydyr. Guşlaryň bir görnüşi şäher binalarynda höwürtge tutunsa, beýlekileri seýilgählerdäki uly agaçlarda mekan tutýarlar. Munuň özi olaryň köpeliş biologiýasynyň düýpli üýtgemegine we höwürtge ýasananda antropogen serişdelerini ulanmagyna getirdi. Adamlar bilen “goňşy” ýaşaýan guşlar awtoulaglara-da, oba hojalyk we öý haýwanlaryna-da öwrenişdiler.

Onlarça ýyl mundan ozal olar iým tapmak aňsat bolan we ýyrytjy haýwanlardan goragly şaherlerde we obalarda mekan tutunyp başladylar. Mysal üçin, kiçi gumrylar adamlaryň öýlerinde ýaşap ugradylar. Ilkinji gezek bu kiçeňräk guşalr 1892- nji ýylda Amyderýanyň jülgelrinde, birneme soňrak Aşgabatda we Repetek stansiýasynda hasaba alyndy. Indi olar ir-iýmişli we üzümçilikli hususy ýaşaýyş jaýlarynda hem mekan tutýarlar. Uly gumry Türkmenistanda ilkinji gezek geçen asyryň birinji ýarymynda Bathyzda peýda bolup, soňra uly şäherlere we paýtagtan ýarap ugrady. Olar ýaprakly agaçlaryň depesinde, seýrek ýagdaýlarda jaýlaryň üçeginde höwürtgeläp, iýmitlenmek we suw içmek üçin ýere düşýärler. Çal kepderi bireýýämden bäri ilatly ýerlerde ýaşap, adamdan gorkmaýar. Yssy wagty olar kölegede gizlenip, ýanýodalardyr otly meýdanlardan iýmit gözläp, gün içinde alty sagat töweregi ýerde bolýarlar.

Gara garga paýtagtda gyşlaýan guşlaryň köp sanlylarynyň biridir. Ol bize, mümkin, Demirgazyk Gazagystandan we Günbatar Subirden gelýän bolmaly, olar Aşgabatda oktýabryň ortasynda peýda bolýarlar. Gündizlerine meýdanlaryň we seýilgäh zolaklarynyň bu sanitarlary dag eteklerine ýaýrap, meýdanlaryň zyýanly mör-möjeklerini ýok edýärler. Gijesine bolsa, süri-süri bolşup, şähere gaýdyp gelýärler-de, Botanika bagynyň belent başly daragtlaryna ornaşýarlar. Fewralda dogduk iline ýola düşýärler. Olaryň käbiri mart-aprel aýlaryna çenli bizde galýarlar.

Çal garga Türkmenistanda ilkinji gezek 1882-nji ýylyň maýynda Howdan şüherçesinde ( indi ol şäher içi ) peýda boldy. Soňra olar beýleki ilatly ýerlerde hem gabat gelen bolsa, indi şäher merkezindäki belent başly ajapýaprak we seniwer agaçlarynda höwürtgeleýärler. Ol höwürtgesini agaçlaryň depesinde gizlin ýerde gurýar, oňa aşakdan ýokaryk şahadan-şaha böküp barýar. Gije düşende olar seýilgählerde ýatýarlar. Garlawaç şäheriň imi-sala ýerelrini halaýar, ol bir gatly ýaşaýyş jaýlarynyň üçekleriniň ýa-da asma köpüleriň aşagynda höwürtge edinýärler. Martyň başynda ötegçi uzynganatlar Aşgabada gelýärler, olar iýunyň ahyryna çenli jüýjeläp, soňra süri bolşup, çagalary bilen uçup gidýärler. Olar mydama diýen ýaly ýokarda uçuşyp, hiç haçan ýere gonmaýarlar.

Dag geciguşy-da adamlaryň ýaşaýan ýerlerinde, üçeklerde, lagym desgalarynyň guýularynda, şeýle hem uly demir bölekleriniň içinde höwürtge tutunýar. Seýilgäh zolaklarynda we mele toprakly açyk ýerlerdäki hinlerde meýdan serçesi ýaşaýar, ol hem kowumdaşy hindi serçesi ýaly adamlaryň ýaşaýan ýerinde iýmitlenýär. Galmagalçy, üşükli we özüne ynamly garasar--hakyky sar- çalt ýaýrap, peýdaly giňişlikden beýelki “edepliräk” guşlary gysyp çykardy. Olar ilkinji gezek geçen asyryň başynda Amyderýa oazislerinde peýda bolup, ilatly ýerleriň üsti bilen Garagumdan aşyp Murgap, Tejen, Sumbar derýalarynyň jülgelerine ýaýrady. Garasar adamlardan gorkmasa-da, guşlaryň ählisi, hatda ýakyn gardaşy adaty sar bilen-de çaknyşyp, kowum-gardaşlaryny höwürtgeleýän ýewrlerinden gysyp çykarýar.