Ï Hazaryň türkmen kenary guşlaryň gyşlamagy üçin amatly boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hazaryň türkmen kenary guşlaryň gyşlamagy üçin amatly boldy

view-icon 2769

Her ýylyň başynda Hazar deňziniň kenarynda gözegçilik alyp barýan ornitolog hünärmenler gyşlaýan suwda ýüzüji guşlaryň hasabyny geçirýärler, olaryň aglabasy halkara derejeli özi köpelýän biologik serişdeler derejelidir. Hazar deňziniň Türkmen böleginde däbe öwrülen 50-nji --ýubleý hasaba alyş işi geçirildi.

Gyşlaýyş şertleri biziň ganatly myhmanlarymyz üçin amatly boldy we olaryň köp sanly sürüsi iýme baý hem-de ýurdumyzyň myhmansöýer kenarlarynyň güýçli gomlardan goragly buhtalarydyr aýlaglaryna üýşdiler. Günbatar Ýewropada we Aziýa yklymynyň demirgazyk böleginde höwürtgelýän guşlaryň Hazar deňziniň töwereginde, Gyzyl deňizde, Afrikanyň, Aziýanyň, Indoneziýanyň, Awstraliýanyň, Täze Zelandiýanyň we Polineziýanyň günorta bölegindäki howdanlarda we kenarlarda gyşlaýan ýerlerine göçýän ýolunyň hut şu ýerden geçýändigini bellemek gerek.

Alymlar guşlaryň göçüşine syn edip, diňe bir olaryň sanawyny ýöretmän, eýsem guşlaryň jüýjelerini ýa-da ulularyny ýörüte duzaklar bilen tutup, olaryň penjelerine guşlaryň göçüne edil şol wagtyň özünde hemra nawigasiýasy arkaly gözegçilik etmäge mümkinçilik berýän özboluşly “guş pasporty” bolan demir halka, soňky ýyllarda ýörüte elektron enjam geýdirýärler.

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň Hazar tebigy goraghanasynyň Türkmenbaşy bölüminiň akwatoriýalarynda dürli ýyllarda guşlaryň dürli görnüşleriniň 13 müňden gowragyna halka geýdirilendigini bellemek gerek. Şwesiýanyň paýtagty Stokgolmdaky Halkara halka geýdirmek merkeziniň üsti bilen ýurdumyz bilen serhetdeş we ondan alysdaky ýurtlaryň 18-sinden gaýtaryp alynlamalar alyndy.

70-nji ýyllaryň başynda aram-aram suw alýan goragly adalarda dik goýlan uşak gözli torlara Sibiriň arktika tundralarynyň zolakçalarynda höwürtgeleýän, Sahara çölünden günortada, GAR-yň kenarlarynda gyşlanda halka geýdirilen gyzyl petekelije ownuk çuluk düşdi. Şeýlelikde, ötegçi guşlar ýaşaýyş aýratynlygy sebäpli serhetlerden arkaýyn aşyp, ençeme döwletiň üstünden geçip gelýärler. Olary öwrenmek, goramak, köpeltmek we awçylar jemgyýetleri tarapyndan netijeli ulanmak häzirki wagtda halkara Konwensiýalary we tebigaty goramak namalary bilen düzgünleşdirilýär, Türkmenisatn olaryň köpüsini tassyklady.

Geçen ýyl dürli derejeli guşlaryň 32 görnüşi gyşlaýan guşlaryň sanawyna alyndy. Gyzyl Kitap arkaly goralýan owadan gyzylinjikler has-da begendirdi, olaryň baş sany 1416-a ýetdi. Barlag geçirilen meýdanlaryň 17-sinde (47,2 %) höwesjeň awçylar üçin gyzyklanma döredýän suwda ýüzýän guşlaryň on bäş görnüşiniň sany jemi 178 müňe golaý boldy. Alnan maglumatlary Hazaryň beýleki meýdanlary babatda hem ulanyp hasaplanyňda aw guşlarynyň umumy sany 300 müňden az däl diýen netijä gelse bolýar, olaryň üçden biri sakarbalaklardyr.

Alnan maglumatlar işlenilip, ýarym asyr döwre gyşlaýan guşalra syn taýýarlamaga we aw guşlarynyň gorlaryna ylmy seljerme bermäge hem-de şu ýyl döredilen senesiniň segsen ýyllygy bellenilen

Türkmenawbalyktutmakbirleşiginiň dolandyryş edarasyna awçylyk hojalygyny ýöretmek babatda degerli maslahatlary bermäge mümkinçilik berer. Umuman alnan maglumatlar planetanyň biologik serişdeleriniň azalýan umumy dünýä derejesine laýyk gelýär, bu bosa, ilkinji nobatda, guşlaryň ýaýran sebitleriniň çäklerinde olaryň ýaşaýan ýerleriniň ählumumy üýtgemegi bilen baglanşyklydyr. Olaryň höwürtgeleýän we köpçülikleýin gyşlaýan ýerlerinde bu ýagdaý has ýiti duýulýar, olaryň ýagdaýy guşalryň sanyna güýçli täsir edýär.