Miladydan öňki VI-V müňýyllyklarda Türkmenistanyň günorta-günbatarynda Ýewraziýada iň gadymy ekarançylyk medeniýetleriniň biri bolan Jeýtun medeniýeti kemala gelipdir. Hut şu ýerde, Aşgabatdan 30 kilometr töweregi demirgazyk-günbatarda Jeýtun diýlen oturymly ýeriň, şeýle hem Bamynyň, Çopandepäniň, Togalakdepäniň, Nusaýyň golaýynda gadymy döwürlerde ýeri ekişe taýýarlamagyň subutnamalary tapyldy.
Oturymly ekarançylygyň ilki başlan döwürlerinde Gün senenamasy boýunça ýylyň her paslyna bagyşlanan däp-dessurlaryň ilkinji dessurlary döräpdir. Ekarançylyk Ylahdan inen- ekinçiligiň piri bilen bagly saýylypdyr. Şeýlelikde, Nowruz ilkinji maýyl günler we tebigatyň oýanmagy bilen bagly baharyň gelmeginiň nyşany bolupdyr.
Gadym döwürlerde Nowruz entek baýramçylyk hökmünde bellenilmese-de, eýýäm şol döwürlerde belli bir däpler ýöredilipdir. Türkmenlerde şol döwürde-de suw uly gymmatlyk bolupdyr. Adamlar asmanda gaýyp ýören Burkut baba sürüme-ekine sahawatly garaýar diýip düşünipdirler. Oba ilaty meýdanda bir-biriniň üstüne suw sepip, onda ýagmyra garaşýandyklaryny yşarat edipdirler. Çagalar öýün-öýün aýlanyp, gazal aýdypdyrlar, öý eýesi olara suw sepip, süýji bir zat bermeli eken.
Türkmenleriň çörege-nana keramat hökmünde garaýşy bilen bagly ýene bir däp bolupdyr: her öýden bir gysym un alyp, ony ullakan çanaga salyp, jaýyň depesinde goýupdyrlar. Eger ýagyş ýagsa, oňa hamyr ýugrup, çörek bişiripdirler. Çagalaryň ýitije sesleridir dürli tagamlaryň ysy Burkut baba ýetmese, ýene bir ýol bilen ondan ýagmyr diläpdirler. Ýagny obanyň iň betgylyk hem iňirdi adamsyny, hamala, gurban berýänden bolup, aryga ýa-da ýaba zyňypdyrlar. Elbetde, birsellemjik taşlapdyrlar. Köplenç oba adamlarynyň höwesi bilen ýagyş ýagypdyr, bu bolsa meýdan işleri bilen baglanşykly däp-dessurlaryň köp ýyllar dowam etmeginiň girewi bolupdyr.
Ondan biraz soňrak Nowruz baýramyna semeni taýýarlamak däbi döräpdir. Şineläp biraz boý alan bugdaýyň suwuny sykyp, onuň bir bölegini derýa döküp, galanyna un goşup semeni gaýnadypdyrlar. Rowaýata görä, ony ilki bilen zenanlaryň howandary, Muhammet pygamberiň gyzy Bibi Patma (Äşe Patma) bişiripdir. Şu tagamy taýynlap, ony ýakynlarydyr goňşularyna dadyran türkmen zenanynyň niýeti bir ýylyň dowamynda kabul bolupdyr.
Ýurdumyzyň köp ýerlerinde häli-häzirem gadymy Nowruz baýramyna, meselem, däneli ösümliklerden ýedi tagam taýýarlanylýar. Mundan başga-da, aýry mejimede porsykertiň, almanyň çigidi, maňyz, zeýtun, sarymsak, şinelän bugdaý, şeýle hem sirke goýlupdyr, olar abadançylygyň, saglygyň, uzak ömrüň, şadyýan durmuşyň, bolçulygyň nyşany bolupdyr. Şeýle hem baýramçylyk desterhanyna süýt, süzme, peýnir, dürli miweler, hozlar, badam goýlupdyr. Saçakda hökman süýtdir ýag garylyp bişirilen külçe bolaýmaly. Onuň ortasyna erik maňzy ýa-da arassalanan pisse goýlupdyr, ol hem külçä üýtgeşik tagam beripdir hemem gallanyň we miweli ekinleriň bol hasyllylygyna kömek edýär diýlip yrym edilipdir. Tagam ilki bilen diňe maşgala agzalaryna berlip, soňundan dogan-garyndaşlardyr goňşulara hödür edilipdir.
Zeminiň baharda oýanyşy adam üçin hemişe täze durmuşyň döreýşi, ýagşy başlangyçlaryň başlangyjy bolup, şu şanly pursada üýtgeşik garaýşy kemala getiripdir. Şonuň üçinem gadym döwürlerden şu günlere çenli Nowruz milli oýunlar, gezelençlerdir aýdym-saz, gözbaşy gadymýetden gaýdýan tagamlar we sahawatly saçakly toý bolup, oňa uludan kiçi hemme kişi gatnaşýar.