Halkara guşlar gününe gabatlanylan serginiň açylyşyna paýtagyň ylmy jemgyýetçiliginiň wekilleri, tebygy ylymlar mugallymlary gatnaşdylar. Häzirki wagtda Türkmenistanda soňky ýyllarda açylanlary, ozal ýurduň çäklerinde duş gelmedikleri-de hasaba alnanda guşaryň 436-dan gowrak görnüşi hemişelik ýa-da wagtlaýyn ýaşaýar. Muzeýde olaryň 120-ä golaý görnüşi görkezilýär.
Döwlet muzeýindäki sergiden ozal düşündiriş çäreleri geçirildi. Ornitologlar guşlaryň seýrek duşýan görnüşleriniň, şol sanda ötegçi we bizde höwürtgeleýän görnüşleriniň ýaşaýyş şertleri barada gürrüň berdiler. Çal durnalaryň göçüşi barada film görkezildi, bizde gyşlaýan çulugyň seýrek görnüşi—gara depeli tekejyllygyň uly sürüsiniň üstünden barlandygy barada gürrüň berildi. Dabara çagyrylan paýtagtdaky mekdepleriň biologiýa mugallymlaryna “Türkmenistanyň guşlary” atly suratly meýdan kesgitleýjisi sowgat berildi.
Duşuşykda akademik E.K. Rustamowyň “Türkmenistanyň haýwanat dünýäsi we olaryň goragy” atly awtoryň doglan gününiň ýüz ýyllygyna bagyşlanyp üsti ýetirilen we täzeden neşir edilen kitaby bilen tanyşdyryldy. Ol ak-gara we reňkli surat materiallary bilen üpjün edilen türkmen we rus dillerindäki oňurgaly haýwanlary öwrenmegiň taryhy, olaryň ýaşaýan ýerleriniň aýratynlyklary boýunça ekologo-faunistik maglumatlar toplumydyr. Monografiýa tebigaty goramak we awçylyk hojalyklaryny ýöretmek ulgamynyň hünärmenlerine, şeýle hem giň okyjylar köpçüligine niýetlenendir.Elguşçylar milli jemgyýeti tematiki serginiň guramaçylaryna elguş awynda ulanylýan esbaplary, şeýle hem wideomateriallary berdi.
Tematiki sergi tebigaty goramak çäreleriniň wajyplygyna ünsi çekip, ýurdumyzyň guşlarynyň köpdürliligi bilen tanyşdyrdy. Ýurdumyzyň guşlary barada fotomaterilalar we ylmy- populýar edebiýatlar, alym-ornitologlaryň portretleri sergide giňişleýin görkezilýär. Onuň bölümleriniň biri Türkmenistanda awifaunanyň ýitip giden görnüşleri bolan teňňeli daşdeşen, şeýle hem ýyrtyjylar- saskally garaguş we dazzarkel bilen tanyşdyrýar. Tebigat bölüminiň gaznasynda guşlaryň ýurdumyzda iň iri ylmy toplumy bolup, onda olaryň üç müňe golaý birligi bar. Ol XIX asyryň ahyryndan ýygnalyp başlanypdyr. Sergide goýlan üýtgeşik zat-dört million ýyl mundan ozal şu ýerlerde ýaşan düýeguşuň daşa dönen ýumurtgasydyr. Guşlaryň dürli görnüşleri halylalryň, žiwopis eserleriniň ýordumlarynda öz beýanyny tapypdyr. Sungat predmetleri--dürli serişdelerden, şol sanda gymmatly materilallardan ýasalan guşlaryň şekilleri tomaşaçylarda uly gyzyklanma döretdi.