Ï Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasy Er-Riýadda kiçi futbol boýunça ýaryş gurnady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasy Er-Riýadda kiçi futbol boýunça ýaryş gurnady

view-icon 1574
Türkmenistanyň Saud Arabystanyndaky Ilçihanasynyň başlangyjy bilen Er-Riýadyň diplomatik şäherçesinde kiçi futbol boýunça ýaryş geçirildi.

Ýaryşa Er-Riýadda ýerleşýän ilçihanalaryň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň toparlary, şeýle hem bu ýerde ýaşaýan türkmenleriň wekilleri gatnaşdylar.

Ýaryşdan öň çärä gatnaşyjylara we onuň myhmanlaryna sport ulgamynda döwlet syýasatynyň esasy ugurlary, Türkmenistanda 2018-nji ýylda geçiriljek iri halkara ýaryşlary, jemgyýete sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işler barada habar berildi.

Soňra çekeleşikli futbol bäsleşikleri boldy. Ýaryşyň ýeňijilerine we onda baýrakly orny eýelänlere Türkmenistanyň Saud Arabystanyndaky Ilçihanasynyň baýraklary, oňa gatnaşanlaryň ählisine 2018-nji ýylyň “Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” nyşany bolan köýnekçeler gowşuryldy.

Oňa gatnaşanlar türkmen diplomatik wekilhanasynyň işgärlerine ýaryşyň dostluk ýagdaýynda guralandygy üçin minnetdarlyk bildiler.