Ï “Altyn asyr” AFK-nyň Kubogynda “Ahaldan” üstün çykdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Altyn asyr” AFK-nyň Kubogynda “Ahaldan” üstün çykdy

view-icon 1962
Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň Kubogyny almak ugrundaky bäsleşikleriň çäklerinde Balkanabatda toparlaýyn tapgyryň “D” toparynda geçirilen dördünji aýlawda türkmen futbol klublarynyň arasynda ikinji duşuşyk geçirildi. Onda “Altyn asyr” topary “Ahal” toparyny - 1:0 hasabynda sähelçe artykmaçlyk bilen utdy. Oýnuň birinji ýarymyna goşmaça goşulan wagtda paýtagtly toparyň oýunçysy Serdar Geldiýew pökgini derwezä saldy.

Ikinji ýarymda toparlar oýnuň barşyny üýtgetmäge çalyşdylar, ýöne oýnuň dartgynlylygy artsa-da, derwezelere gönükdirilen pökgüler netijesiz boldy.

Ýeňiş gazanan toparyň futbolçylary garşydaşlaryna ýiti we yzygiderli hüjüm etdiler.

Netijede, “Altyn asyr” 8 utuk jemläp, bäsleşiklerde oýna gatnaşmagyny dowam etdi. Toparyň öňdebaryjysy bolan Täjigistanyň “Istiklol” topary Gyrgyzystanyň “Alaý” toparyny oýnuň ahyrky minutlarynda geçiren pökgüsi bilen 3:2 hasabynda ýeňmegi başardy. “Ahal” topary bolsa toparda üçünji basgançagy eýeleýär.