Ï Türkmenistanyň woleýbol ýygyndy topary Aziýanyň bäsleşiginde finala çykdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň woleýbol ýygyndy topary Aziýanyň bäsleşiginde finala çykdy

view-icon 2436
Dakka şäherinde (Bangladeş Halk Respublikasy) woleýbol boýunça Aziýanyň çempionatynda Türkmenistanyň ýygyndy topary finala çykyp, indi bäsleşigiň ýer eýeleri bilen duşuşarlar.

Türkmenistanyň ýygyndy topary Gyrgyzystanyň (3:0) we Özbegistanyň (3:1) ýygyndy toparlary bilen bolan oýunlarda ýeňiş gazanyp, “B” toparynda öň hatara çykdy.

Ýarym finalda biziň türgenlerimiz Nepalyň woleýbolçylary bilen duşuşyp, öz bäsdeşlerine hiç bir utuk gazanmaga mümkinçilik bermediler hem-de olary 3:0 hasaby bilen utdular.

Finalyň öňüsyrasynda biziň ýygyndy toparymyzyň 9:1 tapawudy bilen üç ýeňşi bar. Bangladeşiň ýygyndy topary bilen ýeňil bolmajak oýun 27-nji aprelde geçiriler.