Ï Taryhy ýörelgäniň dikeldilmegi we täze mümkinçilikleriň açylmagy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Taryhy ýörelgäniň dikeldilmegi we täze mümkinçilikleriň açylmagy

view-icon 5908
Apreliň ahyry, maýyň başy ýurdumyzyň durmuşynda halkara jemgyýetçiligiň ünsüni özüne çeken taryhy wakalara baý boldy. Köp sanly daşary ýurtly myhmanlary, şol sanda onlarça döwletleriň esasy teleýaýlymlarynyň reportýorlaryny hem-de belli habarlar we ýöriteleşdirilen neşirleriň habarçylaryny ýygnan hem-de hemişe bolşy ýaly, giň gerimli dabaraly bellenilen Türkmen bedewiniň milli baýramy derrew beýleki giň dabaraly baýramlara ornuny berdi. Türkmenbaşy şäheriniň täze Halkara deňiz portunyň açylmagy uly dabaralaryň esasylarynyň biri boldy.

Aşgabatda ahalteke bedewiniň hormatyna geçirilen aýdyň, köp öwüşginli çäreler Hazaryň türkmen kenarynda ýaýbaňlanan dürli derejedäki ulag forumlarynyň mazmunly işjeň maksatnamalary bilen dowam etdi. Munuň, elbetde, 2018-nji ýylyň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly şygary bilen baglanyşykly özboluşly many-mazmun baglanyşygy bar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň şygar bilen atdaş kitabynda bu taglymy öňe sürmek bilen geçmişi, şu güni we geljegi bir bitewülige baglap, zamanalaryň we nesilleriň täze hilli gaýtalanmasyny doly derejede açyp, oňa taryhy many-mazmun berdi.

Gadymy döwürlerde hut türkmen bedewleri Ýüpek ýolunyň ösmeginde düýpli ähmiýete eýe bolupdylar. Düýe kerwenleri Garagumuň gözýetmez giňişliklerini bir şäherden beýleki şähere çenli ýuwaş-ýuwaşdan kesip geçýän mahallarynda ýyndam bedewleriň çapyksuwarlary eýýäm olaryň ýakynlaşyp gelýändigini habar berýärdiler. Ady rowaýata öwrülen ýoluň gyrasynda maglumat alyş-çalşygynyň işjeň ösdürilmegine we ýoluň ugurlarynyň we şahalarynyň kemala gelmegine kömek edip, özleri bilen möhüm habarlary getirýärdiler.

Mundan başga-da, merdana türkmen atly ýigitleri ýelden ýüwrük ahalteke bedewlerinde täjirleriň hem-de olaryň harytlarynyň howpsuzlygyny üpjün edipdirler. Bu barada milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda şeýle ýazýar: «Kerwenleri ugratmak, gymmatly harytlary goramak üçin köp sanly sakçylary bolan toparlar hem döredilipdir. Kerwenleriň goragçylarynyň toparynyň merdana türkmen gerçeklerinden düzüleni kem görülmändir. Hatda ol uly kerwenleriň baştutanlarynyň arzuw-matlabyna öwrülipdir. Munuň aňyrsynda türkmen ýigitleriniň merdanalygynyň şöhratynyň daglar aşandygy dur».

Häzirki wagtda milli Liderimiziň başlangyjy esasynda Beýik Ýüpek ýolunyň täze hilde — transmilli demir ýollar, awtomobil ýollary, howa we suw gatnawlarynyň ugurlary görnüşinde täzeden döreýän wagtynda atlaryň ornuna kuwwatly lokomotiwler we otlular, maşynlar we gämiler geldiler. Bedewler bolsa öz taryhy wezipelerini ýerine ýetirmek bilen, türkmen jemgyýetiniň hormat münberine galdylar.

Köp sanly daşary ýurt habar beriş serişdeleri Türkmenistanda bu ugurda geçýän dabaralary beýan edenlerinde, “Her ýyl türkmen ýurdunda ahalteke bedewleriniň şanyna adaty bolmadyk örän owadan baýramçylyk bellenilýär” diýip ýazdylar. Şonda olar “Bu esasy çärelere bedewleri örän içgin biliji we olara baha beriji, ýurtda atçylygy ösdürmäge hut özi ýakyndan ýardam beriji Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşýar” diýip belleýärler.

Internet-gazetler “Döwlet Baştutany atlara erk etmekde örän uly ussatlyk görkezdi” diýip ýazdylar hem-de häzirki wagtda gözelligiň we täsinligiň nusgasy bolan behişdi bedewleriň dünýädäki şan-şöhratyny mundan beýläk-de artdyrmakda Türkmenistanda uly işleriň alnyp barylýandygyny bellediler. Dürli ýurtlaryň milli teleýaýlymlary, şol sanda «RTR-Planeta», “Rossiýa 1” we habarçysy üçin bu günler örän şowly bolan “Rossiýa 24” ýaýlymlary Aşgabatdan täzelikleri we baýramçylyk reportažlaryny berdiler. Bu habarça duýdansyz ýagdaýda hormatly Prezidentimizden interwýu almak mümkinçiligi döredi. Bu söhbetdeşlik soňra köpmillionly tomaşaçylara bada-bat görkezildi.

Milli Liderimiziň beren interwýusynyň özi hem dünýäniň habarlar saýtlarynda şol bada ýaýran täzelik boldy.

«Rambler» media portaly hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen-rus gatnaşyklary, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hakynda aýdanlaryny beýan etdi. Ikitaraplaýyn gatnaşyklarda nebitgaz, gurluşyk, senagat pudaklaryndan başga-da, soňky döwürde ulag, üstaşyr geçelgeleriniň ösdürilmegine uly üns berilýär.

Şunuň bilen baglylykda, Hazarýaka döwletleriniň sammitinde Türkmenistanyň bir bitewi logistik merkezi döretmek, ýük gatnawlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça başlangyçlary öňe sürendigi ýatlanyldy. Russiýa bu başlangyçlary doly goldady. Täze ulag geçelgesi gämi gatnawlaryny, demir we awtomobil ýollaryny baglanyşdyrar hem-de Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikelder.

Mundan başga-da, «Rambler» milli Liderimiziň ýurdumyzyň ýaşlarynyň döwlet dilinden başga-da, birnäçe dili bilmegine uly gyzyklanma bildirýändigi barada aýdanlaryny teswirledi. Bizde üç dil — türkmen, rus we iňlis dilleri hereket edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Bütinrussiýa telewideniýe we radioýaýlymlar kompaniýasynyň Merkezi Aziýa sebit bölüminiň ýolbaşçysy Robert Fransew hormatly Prezidentimiz bilen guran gepleşiginde «SNG.TODAY» saýtynyň Aşgabatda bolan baýramçylygyň ähli öwüşginlerini owadan fotosuratlar bilen okyjylara ýetirendigini mälim etdi.

“MIR 24” hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça geçirilýän ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşigi, bedewiň çeper keşbini döretmek boýunça suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň we teleoperatorlaryň arasynda geçirilen döredijilik bäsleşigi hakynda habar berdi.

“Mir” döwletara teleradio kompaniýasy ahalteke bedewleriniň taryhy mekanynda atlaryň hormatyna guralýan dabaralar hakynda gepleşik taýýarlady. «National Geographic» saýtynda Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan makala ýerleşdirildi. Onda bedewiň türkmen üçin asyrlaryň dowamynda halkyň ganaty we wepaly ýoldaşy hasaplanandygy barada aýdylýar. Halkymyzyň durmuşynda bedew türkmeniň döreden gymmatlyklarynyň merkezi güýji hasaplanylýar. Bedewiň Türkmenistanyň Döwlet tugrasynda orun tutmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

“Ženmin žibao” gazeti 26-njy aprelde Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň VIII mejlisinde gozgalan meselelere ünsi çekýär. Bu guramanyň döredilmegi bilen dünýä ýüzünde arassa ganly ahalteke atlarynyň baş sanyny saklamak üçin pugta binýat döredildi diýip, neşirde aýdylýar.

Baýramçylyk mynasybetli paýtagtymyza gelen daşary ýurtly myhmanlaryň hatarynda Ýaponiýanyň «NHK» alnyp eşitdiriliş korporasiýasynyň surata düşüriji topary, Günorta Koreýanyň jemgyýetçilik teleradio kompaniýasynyň žurnalistleri, Kuweýtiň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň habarçylary we beýlekiler bar. Olar Aşgabat we Türkmenistan, ahalteke bedewleri we olaryň hormatyna guralýan baýramçylyk hakynda ýörite gepleşikleri taýýarladylar.

Bedew baýramçylygyndan soň köp wagt geçmänkä, dabaralar Awazanyň çäklerinde daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda dowam etdi.

2-nji maýda “Beýik Ýüpek ýoly — täze ösüşlere tarap” atly halkara forum tamamlanandan soň, habarlar agentlikleriniň täzelikleri ýaýrap başlady. “Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşynyň täze deňiz portunyň geosyýasy orny hakynda gürrüň berdi”, “Türkmen Lideri ulag syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi”, “Türkmenbaşy porty sebitiň deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlary üçin täze mümkinçilikleri açýar”, “Hazar sebitinde hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin iri binýat döredilýär”, “Türkmenistan Türkiýä çykalgasy bolan Merkezi Aziýa üçin Modal ýoly döretmek hakyndaky başlangyjy öňe sürýär”, “Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň we ESKATO-nyň ulag boýunça özara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge çagyrdy”, “Türkmenbaşynyň deňiz porty halkara sylaglara mynasyp boldy” ýaly, köp sanly beýleki habarlardan doldy.

“Hut ulag akymlarynyň köpugurly nusgasy, täze ugurlaryň döredilmegi ählumumy ösüşe zerur bolan durnuklylygy we goldawy bermäge ukyplydyr. Munuň özi häzirki döwürde dünýä ykdysadyýetinde emele gelýän çylşyrymly, kähalatda has kynçylykly ýagdaýlaryň çäklerinde aýratyn ähmiýetlidir” diýip, “Mir 24” we beýleki köp sanly habar beriş serişdeleri döwlet Baştutanymyzyň aýdanlaryny gaýtaladylar.

Hazarýaka döwletleriniň bilermenleri ulag babatda bäştaraplaýyn ylalaşygyň taslamasyny ylalaşdylar diýip, “Interfaks” Türkmenbaşyda geçirilen ulag maslahatynda Russiýa Federasiýasynyň ulag ministriniň orunbasary Wiktor Olerskiniň çykyşyna salgylanyp habar berdi.

“2015-nji ýylda Türkmenistanyň çuňňur hormatlanylýan Prezidenti jenap Berdimuhamedow Hazar deňziniň sebitinde ulag babatda hyzmatdaşlyk hakynda bäştaraplaýyn ylalaşygy işläp taýýarlamak boýunça örän wajyp başlangyç bilen çykyş etdi. Russiýa Federasiýasynyň ýolbaşçylary bu öz wagtynda öňe sürlen teklibi doly goldady” diýip, Wiktor Olerskiý nygtady.

Ol şeýle hem geçen hepdede Hazarýaka döwletleriniň bilermenleriniň bu möhüm resminamanyň ylalaşygyny tamamlandyklaryny belledi. Ony şu ýyl geçiriljek Hazar sammitiniň dowamynda gol çekmäge çykarmak meýilleşdirilýär. Hazaryň hukuk derejesi hakyndaky konwensiýanyň taslamasyna 2018-nji ýylda Astanada geçirilmegi meýilleşdirilýän Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitinde serediler.

...Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň ulanmaga berilmegi bilen, täze portdan taýýarlanylan telegepleşikler we reportažlar maglumat giňişliginiň üstüni ýetirdi. Daşary ýurtlaryň teleýaýlymlary bu babatda ilkinjileriň biri boldular. Olaryň hatarynda “Russia Today” telewizion kompaniýasynyň “Ruptly” wideoagentligi bar. Olaryň toparynyň taýýarlan wideogörnüşlerini Gazagystanyň “Astana” teleýaýlymy, Azerbaýjanyň «CBC TV», Russiýanyň 360, “Zwezda”, Owganystanyň “Arezo TV” teleýaýlymlary we beýlekiler alyp görkezdiler.

“Russia Today” saýty öz sahypalarynda “Hazarda iň uly: Türkmenistanda Halkara deňiz porty açyldy” ýaly wideoşekilli habarlary ýerleşdirdi.

“Azertaj” habarlar agentligi portuň açylyşy barada habar berip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu portuň Gara deňiz sebitlerine, Ýewropa, Ýakyn Gündogar, Günorta Aziýa we Aziýa — Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlaryna çykmak üçin amatly şertleri döredýän, giň möçberli ýük gatnawlarynyň ýoluny we wagtyny has gysgaldýan häzirki zaman deňiz gatnawlaryny döretmegiň möhüm bölegine öwrülendigi barada aýdanlaryny beýan etdi.

“Türkmenistan Ýewropa, Aziýa — Ýuwaş ummany we Günorta — Aziýa ykdysady ulgamlaryndaky özara gatnaşyklaryň yklymüsti ykdysady köprüsi bolup durýar. Hut şonuň üçin hem ýurdumyzyň dünýä ulag ulgamyna yzygiderli goşulmagyndan, “Gündogar — Günbatar” we “Demirgazyk — Günorta” ugurlaryndaky ulgamlary baglanyşdyrýan esasy ýollar boýunça milli düzümi giňeltmekden başga-da, has netijeli ulag ugurlaryny üpjün etmek, içerki, üstaşyr we eksport-import gatnaşyklaryndaky ahyrky bahalaryň ulaglara düşýän paýyny peseltmek boýunça degişli çäreleriň amala aşyrylmagyny nazarlaýar.

Azerbaýjan Respublikasynyň ulag, aragatnaşyk we ýokary tehnologiýalar ministri Ramin Guluzade çärede eden çykyşynda Beýik Ýüpek ýolunyň dostluk, hyzmatdaşlyk, medeni gymmatlyklary alyşmak, ykdysady hyzmatdaşlyk, ýurtlarymyzyň ösüşi üçin esas bolup köp asyrlaryň dowamynda hyzmat edendigini belledi. Türkmenbaşynyň portunyň açylmagyny Türkmenistanyň Beýik Ýüpek ýolunyň dikeldilmegine goşýan goşandy hökmünde ykrar etmek bolar.

Türkmenbaşynyň Halkara deňiz porty Türkmenistanyň ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini giňelder diýip, “SNG.TODAY” agentligi belleýär. Bu ulag logistik bölegi TRASEKA maksatnamasyny durmuşa geçirmekde möhüm tapgyra öwrüler. Ýewropa — Kawkaz — Aziýa ugrunyň söwda ýolunda ýerleşmek bilen, ol ýylyň ähli döwründe gämileri kabul etmäge we gije-gündiziň dowamynda ýük ýüklemek hem-de düşürmek işlerini amala aşyrmaga ukyplydyr. Port Merkezi Aziýa bilen Ýewropany baglanyşdyrýan deňiz derwezesi we sebitiň iri üstaşyr çatrygy bolup durýar.

“Hazaryň kenaryndaky Türkmenbaşy şäheriniň täze deňiz porty öz işine başlady. Onuň umumy eýeleýän meýdany 1,3 inedördül kilometre, gämi duralgalarynyň umumy meýdany 3,6 kilometre barabardyr diýip “Mir 24” ýaýlymyň habarçysy belleýär. Şeýle hem ol milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşyna salgylanyp, portuň ulanmaga berilmegi bilen Aziýanyň we Ýewropanyň ýurtlarynyň arasynda söwda boýunça gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam berjekdigini nygtaýar.

“Täze portuň işe girizilmegi bilen Aziýa we Ýuwaş ummany ýurtlaryndan Ýüpek ýolunyň ugry boýunça Türkmenbaşa gelýän ýükleri Russiýanyň, Azerbaýjanyň portlarynyň üsti bilen Ýewropa ýurtlaryna ugratmak üçin ägirt uly mümkinçilikler açylýar” diýip, “Trend” halkara habarlar agentligi belleýär.

Portda hereket edýän multimodal logistik merkez konteýner ýüklerini saklamak we olary toplumlaýyn işlemek boýunça hyzmatlary, awia, ulag we demir ýol ýüklerini gämilere ýüklemek we düşürmek babatda hyzmatlar toplumyny amala aşyrar.

Türkmenbaşynyň täze porty senagat we ulag düzüminiň ösüşine, maýa goýumlaryň çekilmegine, syýahatçylaryň sanynyň artmagyna kuwwatly itergi berer.

“Vch.ru” gümrük-logistik portalynyň habarynda Türkmenbaşynyň Halkara portunyň halkara logistikasynyň “altyn halkasy” bolup durýandygy bellenilýär. Şeýle hem ol Türkmenistanyň geoykdysady nukdaýnazaryndan örän amatly ýerleşendigi nygtalýar.

Hazaryň kenarynda gurlan Halkara deňiz porty milli ykdysadyýetimiz we tutuş sebit üçin deňiz derwezesi ähmiýetine eýe bolýar diýip, saýt ýazýar we ol portda 2500-den gowrak iş orunlarynyň döredilendigini habar berýär.

Bilermenleriň bellemegine görä, Türkmenbaşynyň porty Hazarýaka ýurtlarynyň arasynda söwdanyň işjeňleşmegine, Merkezi Aziýa sebitiniň üstünden geçýän üstaşyr akymlaryň köpelmegine oňyn täsirini ýetirer. Hazarýaka döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň diňe bir ykdysady ulgamda däl, eýsem, ynsanperwerlik ugrunda hem ösjekdigine ynam bildirilýär. Hususan-da, Türkmenistanda Russiýanyň kruiz ýüzüşini amala aşyrýan gämilerini garşylamaga taýýarlyk görülýär diýip, Astrahanyň «Kaspyinfo» täzelik portaly habar berýär.

Şeýle hem gürrüň ýakyn wagtda türkmen porty bilen Russiýanyň Olýa portunyň arasynda ulgamlaýyn gatnaşyklary dikeltmek hakynda barýar.

Astrahan oblasty bilen Türkmenistanyň arasynda gatnaşyklary ösdürmegiň köp ugurlary bar. “Sebit Hazarýaka ýurtlarynyň ählisi we esasan-da, Türkmenistan bilen uzak wagtdan bäri ysnyşykly gatnaşyklary ösdürip gelýär” diýip, Aleksandr Žilkin «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen geçirilen duşuşygynyň yz ýanynda «Rossiýa» federal telewizion ýaýlymynyň “Westi” gepleşigine beren interwýusynda aýtdy.

“Türkmenbaşydaky täze deňiz porty Astrahan oblasty üçin örän möhümdir” — ine, şeýle sözbaşy bilen «Astrahan — 24» saýtynda makala çap edildi, onda Astrahan oblasty bilen Türkmenistanyň arasyndaky daşary söwda dolanyşygy 2018-nji ýylyň birinji çärýeginiň jemleri boýunça 1,1 million amerikan dollaryna barabar boldy hem-de 2017-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, 95,5 göterim, ýagny iki essä golaý artdy.

Soňky birnäçe ýylda astrahanlylar biziň ýurdumyza, esasan, gara metaldan öndürilen önümleri, ýerüsti ulag serişdelerini iberýärler. Mundan başga-da, astrahanlylar goňşy Hazarýaka döwletleri üçin gämileri gurýarlar. Öz nobatynda Türkmenistandan Astrahan oblastyna dokma önümleri, miweler, hozlar we gök önümler äkidilýär.

“Anadolu” türk agentligi “GAP Inşaat” kompaniýasy bilen durmuşa geçirilen taslama hakynda gürrüň berip, täze portuň kuwwatyny görkezýär hem-de portuň ýylda 300 müň ýolagça hyzmat edip biljekdigini hem-de 75 müň ýük maşynyny geçirmäge we 400 müň konteýneri täzeden işlemäge ukyplydygyny görkezýär. Portuň umumy goýberiş ukyplylygy 17 million tonna ýüke (nebit önümlerini hasaba almazdan) barabardyr.

Portuň düzümine, şeýle hem «Balkan» gämi gurluşyk we gämi abatlaýyş zawody girýär. Kärhana ýylda 4 — 6 gämini gurmaga we 20 — 30 gämini abatlamaga ukyplydyr.

Agentlik hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň: “Täze ulag geçelgeleri bu ulgamda hyzmatlar bazaryny giňeltmäge mümkinçilik berýär. Bu bolsa öz nobatynda işjeň marketing daşary ykdysady syýasatynyň alnyp barylmagyny, halkara ulag geçelgelerine gatnaşyjy ýurtlar bilen nyrhlaryň ýagdaýyna seredip durmagy hem-de nyrh ýeňillikleriniň çeýe ulgamyny talap edýär” diýen sözlerini mysal getirýär.

“Bu giň möçberli düzümleýin taslama Merkezi Aziýa sebitiniň we Hazar deňziniň ýakasyndaky ähli ýurtlar üçin strategik ähmiýetlidir. Çünki, onuň durmuşa geçirilmegi Türkmenistany özara gatnaşyklary ösdürmegiň täze hil derejesine çykarýar. Olaryň halkara ykdysady gatnaşyklar ulgamyna işjeň goşulmagyna ýardam berýär, Türkmenistanyň örän möhüm üstaşyr geçelgeler merkezi hökmündäki ornuny beýgeldýär” — diýip, “Ženmin žibao” gazeti ýazýar.

Hazardaky täze kenar düzümi halkara ýük daşalyşynyň möçberini ösdürmegi üpjün eder, ýurduň eksport kuwwatyny artdyrmak üçin şertleri döreder. Orta Gündogar we beýleki sebitleriň ýurtlarynyň haryt we çig mal bazarlaryna iri möçberli üstaşyr ýükleri geçirmegiň ýoluny we wagtyny gysgaldar diýip, “Awesta” maglumatlar agentligi türkmen portunyň açylyşyny teswirleýär.

Bu wakalar barada, şeýle hem “Ritm Ýewrazii” saýty, “Newa.info”, “Morskiýe westi”, “Sudostroýeniýe.info” we beýlekiler täzelikleri habar berdiler.

“Çernomorskiýe nowosti” habarlar agentligi “Ukraina Türkmenbaşy portunyň üsti bilen ulag ugurlaryna goşulýar” diýip, bolup geçen wakalara seslendi. Agentligiň ýazmagyna görä, Türkmenistanda täze Türkmenbaşy deňiz portunyň açylmagy Ukraina Ýewropa bilen Pars aýlagynyň ýurtlary, Hindistan we Hytaýyň arasynda ýükleri daşamagyň goşmaça geçelgesine goşulmaga mümkinçilik berýär. Neşir şeýle hem transhazar halkara ulag ýoly täze Ýüpek ýolunyň ugrudyr diýip belleýär.

Internetde köp sanly çeşmeler Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň sebitiň deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar bilen hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça anyk gepleşikleri geçirmäge we Türkmenbaşy portuny peýdalanmaga taýýardygy baradaky sözlerini beýan edýärler.

Döwlet Baştutanymyzyň aýdyşy ýaly, portuň işi ulag-logistik ulgamda halkara hyzmatdaşlygy höweslendirmäge, onuň iş ugurlaryna täze giňişlikleri we ugurlary goşmaga gönükdiriler.

Dürli ýurtlardan gelen köp sanly myhmanlaryň we abraýly wekiliýetleriň gatnaşmagynda geçen dabara diňe bir giň maglumatlaýyn beýan edilme bilen çäklenmän, eýsem, ähmiýetiniň täze öwüşginler almagy bilen tamamlandy. Bu täze many-mazmun türkmen Lideriniň işjeň syýasaty hem-de özeninde döredijiligiň ägirt uly kuwwatyny saklaýan halkara başlangyçlary we öňdengörüji taslamalary esasynda sebit we sebitara mümkinçiliklere täzeden akyl ýetirilmeginden ybaratdyr.

Şu hepdäniň başynda ministrliklerde we pudaklaýyn edaralarda geçen iş maslahatlarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze mümkinçilikleri netijeli durmuşa geçirmekde ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň öňünde goýan wezipeleri hakynda gürrüň edildi.