Daşoguz welaýatynyň taryhy-ülkäni öwreniş müzeýinde geçirilýän medeni çäreler tapgyryny Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” kitaby esasynda tematiki sergi dowam etdi.
Muzeýiň içişiginde gurnalan sergide türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasyna, däp-dessurlaryna bagyşlanan işler goýlupdyr. Dürli žanrlarda we tilsimlerde ýerine ýetirilen žiwopis hem-de amaly-haşam sungaty eserleri tomaşaçylara geçmişe nazar salmaga mümkinçilik berýär. Sergide Türkmenistanyň Nakgaşlar birleşiginiň agzalary – belli žiwopisçiler B. Annamedowyň, Ý. Halbaýewiň, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri K. Töräýewiň we beýleki nakgaşlaryň suratlary goýlupdyr.
Tanymal nakgaş Merdan Kakabaýew sergä täze eserleriniň ýigrimisini hödürläpdir. Žiwopisçiniň aýtmagyna görä, “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” kitaby ony suratlar tapgyryny döretmäge ruhlandyrypdyr. Ýagly reňk ulanylyp çekilen suratlar Köneürgenjiň beýik geçmişi, ÝuNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen taryhy-medeni ýadygärlikler, arheologik tapyndylar barada gürrüň berýärler. Gündogar äheňine ýugrulan eserlerde ýüpek ýolunyň kerwen ýollary şekillendirilipdir. Sazlaşykly manzarlar we çeper natýurmortlar türkmen tebigatynyň gözelligini, baglarymyzyň we atyzlarymyzyň sahawatly miwelerini wasp edýär.